02:23 Siññin söýgi | |
SIŇŇIN SÖÝGI
Goşgular
Göze-başa düşmediler hiç-haçan, Siňňindiler, ýiti gyzyl däldiler. Ömür boýy bir-birine wepadar Aşyk bolup, magşuk bolup galdylar. Arzuwlary hasyl boldy esasan, Ogullary boldy, gyzlary boldy. Elbetde olaryň durmuşynda-da Gyňyr gyşy boldy, ýazlary boldy. Uzynly gün gepleşmänem oňdular - Bolgusyz zat üçin sözler azaşdy. Ýöne boluşlary öýkeläne däl, Bir-birinden utanýana meňzeşdi. Soň-soňlaram gyzarardy ýüzleri Aşa agyr geçen şol güni ýatlap. ...Bir günüň içinde dünýäden ötdi Ikisem ýetmişden aňyrrak ätläp. Olaram özümiz ýaly adamdy Özgelerden ala-böle däldiler. Täsin ýeri söýgiň nemedigine Il içinde mysal bolup galdylar. * * * Men bir dana bilen gürrüňdeş boldum. Dost hakynda boldy başky sowalym. Dana muňa geňirgenip, özümden Dostuňyzam barmy? - diýip sorady. Geňräk görenmi aňyp ýüzümden Diýdi: eziz myhman, bagyşlaň meni, Siz maňa geň-taň bir sowal berdiňiz, Sowala göräräk gaýtardym jogap Şindi şindem çyn dost tapýan bolsaňyz, Onda tüýs bagtyňyz çüwene meňzeş. Ýa şeýledir, ýa-da diýseň mönesiň, Ikisiniň birden biri bolmaly. Sebäp çyn dost bu dünýäde adama Berilýän bar bagtyň ýary bolmaly. Oturdym bir sellem dodagy dişläp, Bir haýukdan soňra özüme geldim. Oňa derek şindem hamhyýallykda Öz özümi aldap ýörenim bildim. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Musanyň kelamy / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |