17:45 Skleroz | |
SKLEROZ
Goşgular
- Aý-u, eglendiňle beýle, otagdan çykman, Aýdyp otur, hany, nä diýdi lukman? - Aý, keýwany, oň-a iki aýdan zady bar, Bir ýakymly, birem ýakymsyz habar. Haýsyndan başlaýyn, sen aýt, ilki, Duýgydaşlyk edip bilersiň belki! - Ýakymsyzyn ilki aýt bakaly, Ne bela ol, külpetli ýa hataly?! - Skleroz diýilýän kesel sataşan, Ýatkeşlik ýok, damarlarym bitişen. - Lukmansyzam bilýäs ýatkeş däldigiň, Bol, aýt indi hoş habaryň nädigin! - Aýtsam neme diýdi, neme, soň ýene... Wah, näme-daý, ýada düşse diýsene! Bolmaz indi oýlap azap çekenim, Ýakymlydan başlamaly ekenim! 2017 ý. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |