12:32 Sogabyň dowamat kanuny | |
SOGABYÑ DOWAMAT KANUNY
Filosofiýa
"Bilip bolmaz Hakyň dosty kaỳsydyr, Alkyşy köp alsaň işiň oň bolar." Magtymguly Pyragy Tebigy uglewodorod hazynasyna baý eziz Watanymyz, Baky Bitarap, Garaşsyz Türkmenistanymyzyň bagtyýar halky uglewodord çig malyny—nebiti, tebigy gazy we olardan öndürilýän elektrik togyny dünýä boýunça iň arzan bahadan ulanýar. Onuň berýän hümmeti bimöçberdir. Aşhanamyzyň gaz ojagynda gije-gündiz lowlap duran mawy ýangyjymyz we ondan önýän elektroenergiýa çaýymyzy gaýnadyp, naharymyzy bişirýär, öýlermizi gyş ýyljajyk, tomsuna salkyn saklaýar. Awtoulaglarmyza guýýan benzimiz maşynymyzy herekete getirip, bizi islän ýerimize äkidýär; ýurdymyzyň egsilmez baýlygy—tebigy gazdan elektroenergiýa öndürýäris, polietilen, polipropilen önümlerini ýasaýarys. Ýerasty gorunyň milliardlarça tonnadyr, kubometr basyrylgy ýatan tebigy energiýany başga, durmuşa oňaýly görnüşine öwürip, eşretini görüp gelýäris. Mekdep ýyllaryndan bilşimiz ýaly, energiýanyň başga görnüşe geçmegi—energiýanyň we maddanyň saklanmak kanunyna laýyklykda, ösümlikleriň ýapraklaryndaky hlorofiller Günüň fiziki energiýasyny himiki energiýa öwürýär, şeýlelikde, ösümlikler ýapraklary arkaly atmosferadan siňdiren kömürturşy gazyny (CO2), köki bilen sorup alan suw bilen mineral maddalaryny garyşdyryp özlerine “nahar bişirinýärler”—uglewod polimerlerini: polisaharidleri, krahmallary öndürýärler, hem-de şonuň bilen birlikde miwesiniň düwünçegini düwýär, adamzat, haýwanat üçin zerur kislorody howa boşlugyna “üfläp” goýberýär—janly-jandar we ösümlik dünýäsi ylalaşykly, bir-birine garaşly we ysnyşykly, mäkäm ýaşaýşy müňlerçe asyrlar boýy dowam edip gelýär. Ýokarda agzalan hadysalaryň hemmesi Tebigatyň energiýanyň we massanyň (maddanyň) saklanmak (ýitmezlik) kanunyna boýun egýärler, ýagny: tebigy gaz ojagymyzy ýyladanda, benzin awtoulagymyzy hereketlendirende, iýmit janly organizmde himiki energiýä öwrülende, Gün şöhlesi ösümlikleriň ýapraklarynda iýmit we kisloroda öwrülende, hiç bir zat: ne madda (jisim), ne-de energiýa yok bolup gidenok, ýa-da isrip bolanok—olar bir-birine öwrülýärlär. Bir hilli energiýa ýitmän, başga hala öwrülýär, başga görnüşli energiýa-da, isripsiz täze hadysalaryň döremegine sebäp bolýar. Bu hadysalar dünýä döräli bäri, milliardlarça ýyllar dowam edip gelýär. Fizikadan, himiýadan mysallary getirip, awtor näme hakda söhbet etjek-kä diýen sorag ýüze çykmagy mümkin. Adam energiýany iýmitiň üsti bilen alýar. Iýmit adamyň iýmit siňdiriş agzalarynda dargansoň, iýmit ülüşleriniň maddalary gan ulgamyna düşüp, edil akar suwuň ýapraklary saralyp sülleren bagy janlandyryşy ýaly, iýmit maddalarynyň zerreleri adam süňňüne siňip, himiki energiýa öwrülýär, organizme kuwwat berýär, zähmet çekmäge güýç berýär—ýaşaýşyň bökdençsiz, yzygiderli dowamlylygyna goldaw berýär. Ynsan doglandan ömrüniň ahyryna çenli ýaşamak üçin iýýär. Iýmit adam durmuşynyň esasy bölegini tutýar. Bäbeklide iýmit ýetmezçili sebäpli çaga göýdük bolýar, ulalansoň keselbent bolýar. Ýokumly (rasional) iýmit göwreli gelinlere, emdirýän enelere, ösýän organizme—çagalara has hem zerurdyr. Diňe biohimiýa nukdaý nazaryndan seljersek, adam organizmini misli ullakan bir energiýa sarp ediji kiçeňräk himiýa zawodyna çalymdaşragam. Ýöne, adam ilki bilen jemgyýetiň agzasy, onuň biologik ýaşaýşy sosial durmuşy bilen jebisleşendir. Adamzat oglunyň haýwanatdan tapawutlandyrýan gylygy empatiýa duýgysydyr, ýagny ynsanyň ynsana bolan howandarlyk-hossarlyk duýgusydyr. Akyldarmyz Magtymgulynyň “Adam ýaradylmyş belentli-pesli” diýişi ýaly, Ýaradan her bir ynsany birmeňzeş hüý-häsiýetli, her bir adamy sagdyn, gujur-gaýratly, güýç-kuwwatly we hemme kişini deň derejede yrsgal-döwletli etmändir. Kime bol berse, kimiňki egsigräk düşüpdir. Ynsan döräli bäri her bir jemgyýetde bol-telki ýaşaýanam bar, mätäçlik çekýänem. Her bir döwletiň ykdysady-durmuş ýgadaýy, belentli-pesliligi, onuň tutýan meýdany, ýaşaýan ilat sany, maddy, tebigy baýlygy bilen ölçelinmän, döwlet gurluşygynyň özeni bolan, ynsanperwerlik gatnaşyklary bilen kesgitlenýär. Gadymy pederlermiziň, nesilbaşymyz Oguz hanyň miras goýup giden wesýetlerine eýeren Gorkut atanyň, Görogly begiň, Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligi, halal zähmedi, agzybirligi, ynsanperwerligi ündän parasatly sözleriniň, päk ahlakly ynsana mahsus gylyk-häsiýetleri özüne jemlän eziz türkmen halkym mätäç-mazlumlara saýa bolup, ýetim-ýesirlere hossar çykyp gelýär. Hoşniýetli beýik türkmen halkym dogan-garyndaşyny ýeg edip, goňşy-golamyny ýat goýan däldir. Mätäje nan hem berendir, entäne hemaýat hem edendir, ejize howandar hem çykandyr. Bu asyllylyk asyrlar boýy dowam edip gelýär. Elbetde, durmuşda “dokuzy düzüwli” adam seýrek däl, ýöne agdyklyk hem edenok. Her bir jemgyýetde ejizem, mätäjem, naçaram, pukara-da, baý hem bar. Çaganyň enä, hassanyň lukmana garaşly bolşy ýaly, pukara-da barlynyň hemaýatyna mätäçdir. Garyp gün-güzaranyndan doly derejede hoşal bolman takdyra ten berip, şu günine şükür edýär, ýagşy geljegine umyt bilen sabyrly garaşýar. Güýçliniň mertligi ejizi öz derejesine çekip, ýakynlaşdyrmagynda mälimdir. “Baýlar ýaraşygy haýr-u sahawat” diýilşi ýalyy, barly adam jöhitligi ret edip, elaçyklyk bilen gallaçlara wagtal-wagtal ýardam edip dursa ýagşy. Baýyň beren artykmaç “energiýasy”—sadakasy başga energiýa—sogaba öwrülýär: pukaraň maşgalasy açlykdan saplanýar, maşgala agzalarynyň ýüzleri nurlanýar, ruhlary galkynýar, ýaşaýşa bolan ynam-höwesini berkidýär. Käbir okyjylaryň “Pakyra ýardam berip, onuň eklenç etmek hyjuwyny gylawlandyrman, onuň zähmede bolan höwesini kemeltmegi mümkin” diýmekleri ähtimal. Ynsanyň howandarlyk duýgylarynyň iň naýbaşysy—kyn günde birek-birege hossar çykyp, goldaw bermekdir. Biz bir ýagşy niýetli etmeli borjumyzy—aýny wagtda, mätäje zerur kömegimizi bereli, ondan galanyny, elbetde, durmuş görkezer. Ata-babalarmyzyň: “Garybyň baýyň malynda göniden-göni özüne ýetýän haky bardyr” diýen paýhasly jümleleri hakykat. Mätäç pukaralygy üçin barlydan sadaka alanyna kemsinmeli däldir, baý bolsa jomartlygy üçin gedemsiremeli däldir. Beren el alan elden sahawatly bolsa, alan el beren elden keramatlydyr. Sebäbi mätäç barlynyň beren sadakasyny minnetdarlyk bilen alkyş aýdyp, doga okap, ýagşy dilegler edip yzyna gaýtaryp berýär. Günleriň bir güni pukara-da gezekli çemçe ýeter we ol hem “şir dek” bolar. Onuň hem nesibesi çekip bir gün baýamagy mümkin. Müdimilik ýok, dünýäniň gurluşy şeýle. Näsagy berhiz bilen bejermeklik, derman bilen deň derejede geçirilýän bejergi. Lukmanlar näsaglaryň bir bölegine ýokumly iýmitlenmegi ündeseler, beýlekisine iýmitiň möçberini hem naharlanmagyň ýygylygyny seýrekletmegi maslahat berýärler. (Alymlaryň aýtmagyna görä sagdyn adam diňe suw içip, üç aýlyk açlyga çydap bilýärmiş. Lukmanlar näsagyň razylygy bilen ýigrimi dört günlik açlyk berhizini şu günlere çenli ulanyp gelýärler). Birnäçe aý berhiz saklap artykmaç agramdan saplanan adamlar ýeňil goýarlar, işjeň, şadayýan, şähdaçyk bolýarlar. Olar indi öňküler ýaly betgelşik garyn göterenoklar, “haş-haşlap” daljygyp, on-on bäş ädimden säginenoklar; gije rahat ýatýarlar; bir topar kesellerini bejertmek üçin o hassahanadan, o hassahana selpäp ýörenoklar; hossarlary oňa daşyndan guwanýarlar. Eger-de, artykmaç semizlikden dynmaklygy ýüregine düwen adam birnäçe aýlap iýjek owkadyny mäteje berse nähili ajap bolardy—bir ajy doýuryp sogap gazanardy. Magtymguly, ger doýursaň bir ajy, Mälimdir tapar sen bu ýerde hajy. Dok açdan wagtly-wagtyna habar tutyp dursa ýagşy. Ýagşyzadanyň kalbyndaky rehimdarlyk uçguny hiç mahal öçmeýär. Ol entäne-de hemaýt bolar, naçara-da hossar çykar, ýetime güler ýüzem, tagam-duzam berer. Geliň päk ahlaklylygy tug tutynyp, birek-birege hemaýat edeliň, ýekä howandar, ýetime hossar çykalyň! Ýagşy niýet bilen beren sadakalarmyz özümize saýa bolup, bela-beterden gorar, agzymyzy bir eder, asuda durmuşymyzyň rahatlygyny berkider. Gahryman Arkadagymyzyň öz zähmet hakynyň ýarsyny döwletimiziň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçirmegi we mundan başga-da onuň alyp barýan köp sanly haýyr-sahawat işleri nusga alarlyk göreldedir. Goý, onuň il bähbitli, döwlet ähmiýetli ýagşy niýetli tutumly işleri rowaç alsyn! Goý, onuň özüni, maşgalasyny we kowum-garyndaşlaryny Allatagala öz penasynda saklasyn! Kakajan BALKANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |