09:27 Soltan Osman II-niñ arynyñ alynmagy: Osmanlyda ýanyçar awy | |
SOLTAN OSMAN II-niñ ARYNYÑ ALYNMAGY: OSMANLYDA ÝANYÇAR AWY
Taryhy makalalar
Wakaýy-Haýryýe Taryhçy Reşat Ekrem Koçunyñ aýtmagyna görä, Ýanyçarlar ojagy (merkezi) sandan çykandan soñ näderejede ogry, ganhor, diýdimzor, pisleşen we ýoldan çykan adam bar bolsa, şol ýere üýşüpdir. Şeýlelikde döwletiñ iñ esasy goşun bölümi Stambuly ýesir alyp, guramaçylykly jenaýatçy banda öwrülipdir. Döwlet işgärlerini sylamazlyk we halkyñ emläginiñ talanmagy gündelik pişä öwrülipdir. Şondan öñ ýanyçar goşun bölümleriniñ öñünden ulamalardan, wezirlerden biri ýa-da şäheriñ sylanýan, sarpalanýan bir adamy geçende, ýanyçarlaryñ aşpezleridir ýönekeý nökerleri eger gapynyñ öñünde bolup, olara gabat gelseler, tä geçýänçäler dik durup, hormat bilen salam beripdir. Gürrüñi edilýän döwürde bolsa, goşun bölümleriniñ öñünde aýbogdaşyny gurup oturan ýa-da düşek ýazyp, aýagyny uzasyp ýatan ýanyçarlar ertirden agşama çenli tambura çaldyryp, dessan-gazal aýtdyryp ýatyşlaryna, öten-geçene ör turup salam bermek beýlede dursun, gaýtam üstünden gülerdiler, ýañsylardylar. Hatda agşamyñ garañkylygynda we gijeleýin goşun bölüminiñ öñünden azyp-tozup geçäýseñ dagy: "Senden şübhelendik, bärlerde näme işläp ýörsüñ, ýanyñy barlamaly boljak!" diýip, zor bilen içerik salyp, ýanyñda derege ýarar ýaly nämäñ bar bolsa alardylar. Talanan biçäre muny daýzasynyñ fidýesi hasaplap, demini çykarman giderdi". ("Taryhymyzda geñsi wakalar"). Ýanyçarlar diñe musulman halka ezýet bermändir. Olar hristian we ýehudy jemagatyny-da hyraja baglapdyrlar we aýratynam dini günlerde musulman dälleriñ ýaşaýan ýerlerine gidip, baýramçylyk günleri üçin taýýarlanan azyk-owkatlaryny we içgilerini dannaman el urupdyrlar. Kazyýetiñ öñlerini-de özlerine mesgen edilen garakçylar alan para-peşgeşleriniñ öwezine arz edenleri zor bilen arzasyndan el çekdirerdiler we hukuk kanunlarynyñ ýerine ýetirilmegine-de päsgelçilik dörederdiler. • Portlar ýanyçarlaryñ gözegçiligi astynda Portlaryñ gözegçiligini ellerine alan garakçylar bütin Stambulyñ söwda ýollaryna gözegçilik edýän gyrga dönüpdiler. Ýanyçar hülgentleri Stambul portuna gelen ähli harytly gämilerine kontrolluk etmegi pyvagyñ güýji bilen gysymlaryna alypdylar. Porta gämi gelip, labyryny atan badyna gämä böküp, goşun bölüminiñ nyşanyjy we öz adyny göterýän ýazgyny gäminiñ burnundan asypdyr. Gäminiñ näme ýüki bolanda-da, harydyñ eýesi we gäminiñ kapitany ýük daşama we satuw işine goşulyp bilmändir. Talañçy muny öz ülpetleri bilen zorlukly amala aşyrypdyr we girdejiden islän paýyny alypdyr. ("Taryhymyzda geñsi wakalar"). Söwda portlarynyñ ýany bilen ir-iýmiş, gök önüm ugry hem ýanyçar hülgentleriniñ kontrollygyna giripdir. Bu ýagdaý Stambulda düýpli azyk ýеtmezçiliginin döremegine we zähmetkeşlerdir telekeçileriñ batmagyna sebäp bolupdyr. Stambulyñ gök önüm we ir-iýmiş söwdasyna musallat bolan diýdimzorlar hasam öte geçip, özleriniñ nyşanyny we belgilerini göterýän hususy küfeleri ýasadypdyrlar, bulaey şähere gök önüm we ir-iýmiş getirýän Mermer deñziniñ priçallaryndan peýlän ýerlerine ugradypdyrlar. Miweli baglaryñ we bakjalaryñ eýeleri önümlerini bu küfelere ýükläp, ýanyçar diýdimzorlarynyñ ugratjak puluna kaýyl bolmaga mejbur edilipdir. Hatda bir gezek ýanyçar hülgentleriniñ biri Garamürselli daýhanlara hat ýollap: "Ýüküñiz şunçarak kem çykdy, şunçasy çüýräpdir, ýûk daşama we ýerleşdirme çykdajysy pylança boldy, gaýry çykdajylaryñ we küfelerimiziñ kireýtölegi şunça, maña-da palança bergiñiz bardy" diýip ýazypdyr. Daýhanlaram bu haty başgalaram görsün diýip, Garamürseldäki çaýhananyñ diwaryna asyp goýupdyrlar. ("Taryhymyzda geñsi wakalar"). • Iñ gorkunç eden-etdilikleri: Ýangynlar Ýanyçarlaryñ girişen iñ gorkunç eden-etdilikleri ýangynlardy. Gurlanda wezipesi ýangynlary söndürmek bolan "Tulumbaçylar" gullugy ýangyny çykarýan galtamanlara öwrülipdiler. Bu ýangynlarda bigünä halkyñ mal-mülki, emlägi, gymmatbahaly zatlary talanypdyr, bir ýandanam çaga-çugalar, garry-gurtylar, aýal-ebtatlar heläk bolupdyr. Şol döwürler ýygy-ýygydan döreýän ýangynlaryñ birnäçesini ýanyçar hülgentleriniñ bilkastlaýyn edendigi aýdylýar. Her bolýan uly ýangyn bular ýaly garakçylara talañçylyk etmäge bahana bolupdyr, mundan ötri ýangyna "gyzyl baýram" diýlipdir. Ýanyçar tulumbaçylary (ýangyn söndürijileri) barada aýdanda bolsa, ýangynlarda diñe özlerine has köp pul tölemegi wada beren baýlaryñ jaýlaryny gorap, ýangynyñ öñüni aljagam bolmandyrlar, otdan uzak bir ýerde garaşyp durup, ýangyn howpy abanan garyp-gasaryñ çatmasyny göz-görtele söndürjegem bolmandyrlar. ("Taryhymyzda geñsi wakalar"). Meşhur syýahatçy Turnefor hem Stambulyñ gara tegmili bolan ýangynlary şeýle sözler bilen beýan edipdir: "Gury ýere aýak basan ýerimiz Galatadaky öýler pessejikdi, köpüsi agaçdan we kerpiçden gurlan jaýlardy. Şonuñ üçinem ýangyn dörände bir günde olaryñ müñlerçesi ýanyp kül bolýardy: Talañçylyk etmegi netlerine düwen esgerler ýa-da düşeklerinde kalýan çekip ýatan türkler bu ýerde kämahal ýangyn döredýärdiler. Janlaryny halas edip, diñe öýlerinden jyda düşenler azajygam bolsa özlerine göwünlik berýärdiler, çünki öýleri örän arzan gurup bolýardy. Garadeñiziñ kenarlary gerek bolanda her ýyl tutuş Stambulyñ täzeden gurulmagyna ýetjek derejede daş bilen üpjün edip bilýänem bklsa, hojalyklaryñ köpüsi tüwmaýak galandyklary üçin hallary teñdi. Eger ýanan 2-3 müñ öý bilen çäklenýän bolsa, munuñ gürrüñini edip oturmagyñ geregi-de ýokdy: Ýangyn 200 ädim çemesi golaýlanda, üstesine türkleriñ "garaýel" adyny beren demirgazyk-gündogar şemaly guduz açan ýaly öwüsýän bolsa, öz öýüñ ýykylşyny we talanyşyny görmegiñ gynanjy ýygy-ýygydan başyña inýärdi". (Turneforyñ "Syýahatnamasyndan"). Ýanyçarlar diýlende, birinji ýada düşýän eden-etdilikleri gazany tersine öwürmekdir. Ýogsam bolmasa, ýanyçarlar taryhymyzdaky iñ uly jenaýatçy banda öwrülipdir. Olar portlara, gök önümdir ir-iýmiş satylýan bazarlara, garyp zähmetkeşleriñ söwda-satygyna bela bolup inipdiler. Munam az görýän ýaly talañçylykly çozuşlary guraýardylar ýa-da kazyýet edaralarynyñ öñünde hukuk kanunlaryna goşulýardylar. Söwda bilen meşgullanmaklary gadagandygyna garamazdan ýa çaýhana açyp şolar ýaly ýerlerde her dürli erbetligi edýärdiler ýa-da öñden ýöräp oturan dükana "şärikdeş bolduk" diýip el urýardylar. Ýanyçarlaryñ zulum-sütemi gündelik durmuşyñ bir bölegine öwrülenem bolsa, käbir eden bidüzgünçilikleri taryhda-da, halkyñ wyždanynda-da ullakan ýaralary galdyrypdyr. Bu edilen iñ aýylganç bidüzgünçilikleriniñ başynda 1622-nji ýylda Soltan Osman II-niñ tagtdan inderilenden soñ wagşyýana öldürilmegi gelýärdi. Ýaş Osmanyñ öldürilmegi Osman II "Ajaýyp asyr. Kösem" teleserialynda / Taner Ölmez Soltany tagtdan indermegiñ we öldürmegiñ ýany bilen bu tüýsibozuk banda gorkunç gynamalary etmekden we her dürli paýyş sözleri aýtmakdan gaýra durmandylar. Erzurumyñ häkimi Abaza Mämmet paşa bedibagt soltanyñ gözgyny akybetinden soñ Osmanlynyñ söweşjeñ mahluklary hökmünde tanalýan Ýanyçarlar gwardiýasyna garşy söweş yglan edipdir. Sekbanlary ýanyna alan Abaza paşa ilkinji nobatda Erzurumdan başlap ele salan ýanyçarlaryny ýekän-ýekän öldüripdir. Paşa yzyndan ýüzüni günbatara öwrüpdir we ilki bilen Siwasy eýeläpdir. Yzyndan Ankara ýönelip, ol ýerdäki galany gabaw astyna alypdyr. Erzurumyñ häkimi Abaza Mämmet paşa Abaza Mämmet paşa "Ajaýyp asyr. Kösem" teleserialynda / Ismail Filiz Abaza paşanyñ hereketi Stambulda-da jogabyny tapypdyr we Soltan Mustapa III-i tagtdan indermegiñ bäriýanyna gelipdir. Stambuldan gelen delegasiýa gozgalañ hereketleriniñ togtadylmagy we gozgalañçy birlikleruñ Erzuruma çekilmegi talap etmekçidi. 1624-nji ýylda bu gozgalañ wagtlaýyn hem bolsa basylyp ýatyrylypdy, ýöne Abaza paşanyñ 1626-njy ýylda gaýtadan orta çykmagy mundan beýläk Stambuly-da beter ynjalykdan gaçyrýardy. Galyberse-de, Eýran serhedindäki hereketlilik nazara alynanda, bu gozgalañ howpsuzlyk taýdan uly howpa öwrülipdi. 1628-nji ýylda Sadrazam Hüsrew paşa Abaza paşany ele salyp Stambula getirdi. Abaza paşa Stambula getirilende, onuñ derhal öldüriljekdigi pikir edilýärdi. Ýöne munuñ tersine Hüsrew paşa oña halat-serpaý geýdirip, gös-göni öz ýanynda saklamak bilen mertebelendirýärdi. Müñlerçe ýanyçary öldüren paşa Stambulda tussagdan zyýat ýeñiji serkerde kimin garşylanýardy. Abaza paşa Stambula getirilende tagtda Myrat IV bardy we onuñ gozgalañ meselesinde rehim-şepagatsyz soltandygyny bilmeýän ýokdy. Myrat IV Myrat IV "Ajaýyp asyr. Kösem" teleserialynda / Metin Akdülger Bütin bu üýtgeşmelere garamazdan Abaza paşa öldürilmeli ýerde Bosniýanyñ häkimligine bellenip, umuman ýanyçarlara güýçli signal berilýärdi. Abaza paşa Rumelä aýak basan badyna gazaply dolandyryş sistemasyny ýola goýupdyr. Ol häkimlik süren gysga wagtynda Osmanly bilen Lýahystany (Polşa) urşyñ bäri ýanyna getirdi. Lýahlar Myrat IV-e ýazan hatynda urşuñ ýeke-täk sebäpkäri hökmünde Abaza paşany görkezýärdiler: "Parahatçylyga garşy we herekete geçmäge Abaza paşa sebäp boldy. Emma ol parahatçylygy bulap, ýurdumyzyñ pakyr-pukarasyna juda ýaramaz işler eýledi we ilçimizi ep-esli wagt güýmäp, Baş wezirlige giç baryp ýeter ýaly etdi. Ol gadymdan bäri ilçilere berilip gelnen ýeñillikleri depgiläp, wezirlikden jogap almazdan muña het edip bildi. Ahyrsoñunda ar alma gezegi ýanyçarlara gelip ýetipdir. Abaza paşa gojaman döwleti ýok ýerden urşa sokmak bilen aýyplanypdyr. Umuman alanda bu sebäp doly gyrylan ýanyçarlaryñ aryny almaga bahanady. Myrat IV mhndan öñ Abaza paşany ýanyçarlaryñ elinden halas edipdi, emma bu gezek onuñ özüniñ nyşana alynmagy daşda däldi. Şonuñ üçin Osman II-niñ aryny almagy bilen meşhur paşany öz eli bilen ýanyçarlara tabşyrypdyr. Paşa hernäçe wagşyýanalyk bilen öldürilenem bolsa, patyşa onuñ üçin dabaraly jynaza namazyny gurapdyr we möhüm döwlet işgärlerinden Guýujy Myrat paşanyñ ýanynda jaýladypdyr. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Duşenbe, 21.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |