18:16 Solženysin: Ýekeje dogry söz dünýäni yzyndan kökermäge ýetýär | |
SOLŽENYSIN: ÝEKEJE DOGRY SÖZ DÜNÝÄNI YZYNDAN KÖKERMÄGE ÝETÝÄR
Edebi makalalar
Boris Pasternagyñ 1958-nji ýylda "Doktor Žiwago" romany üçin berilen Nobel baýragyndan ýüz öwürmäge mejbur edilmeginden soñ baýrak SSSR üçin şeýle bir uly ähmiýet gazandy welin, Mihail Şolohowyñ 1965-nji ýylda Nobel baýragyny almagy üçin ähli lobbiçilik kanallary ulanylypdy. Şwed akademiýasy edebiýat boýunça üçünji rus ýazyjysyna bu baýragy 1970-nji ýylda berdi. "Iwan Denisowiçiñ bir güni" powesti üçin Nobele mynasyp görülen Aleksandr Solženysiniñ baýragy almaga gitmegine rugsat berilmedi. Ýazyjy dört ýyllap agyr basyş astynda ýaşamaly boldy. 2002-nji ýylda oglunyñ toýunda Russiýanyñ döwlet ýolbaşçtsy (howpsuzlyk gullugynyñ polkownigi) Wladimir Putine "dükandan arak almaga gidende KGB-niñ işgärleriniñ duýdansyz yzdan gelip, bildirtmän iññe sanjyşlaryny we iki sagatdan soñ essinden aýylandygyny" gürrüñ berýärdi. Aleksandr Solženysin Munuñ iñ geñ ýeri-de, SSSR-de basyş astynda ýaşaýarka KGB-niñ käbir ýokary wezipeli işgärleriniñ onuñ bilen gatnaşykda bolmagy we 24 ýyllyk emigrasiýadan gaýdyp gelenden soñ Wladimir Putiniñ oña aýratyn göz bilen seredip, oglunyñ toýuna gatnaşmagydy. Aleksandr Solženysin SSSR-iñ dargamagyna sebäp bolan dissident ýazyjylardanmydy? Bu soragyñ jedeli şu günüñ Russiýasynda kän edilýär. Solženysine bolan sowet döwrüniñ köptaraply garaýşy biziñ günlerimiziñ Russiýasynda-da dowam edýär. Ony gahryman hasaplaýanlaryñ bolşy ýaly, "demagog ruhly gowşak ýazyjy" hasaplaýanlaram bar. Bu jedellere girip-girmezlik okyjynyñ öz işi. Emma her niçik-de bolsa Aleksandr Solženysini "ýalana garşy çyny bilen göreşen ýazyjy" hökmünde ýatlamazlyk we SSSR-de segseninji ýyllaryñ ikinji ýarymyndan soñ çap edilip başlanan eserlerini okaman ol barada pylan zat diýmek adalatsyzlyk bolar. Okyjylarymyza Aleksandr Solženysiniñ Nobel baýragyny gowşuryş dabarasynda sözlän gysgajyk sözüni dykgatyñyza ýetirmek bilen ýalansyz ýaşaýyş ugrunda ömrüni bagyş eden ähli ýazyjy-şahyrlara hormat bilen baş egýäris. Ýazyjynyñ baýragy alanda sözlän sözüniñ giñişleýin tekstini ýene bir gezekde dykgatyñyza ýetireris. Hormatly alyjenaplar, Onuñ alyhezretleri patyşa, Hanymlar we jenaplar! Bu zalda siziñ öñüñizde bu baýraga mynasyp bolan birnäçe ýazyjy gürländir. Emma Şwed akademiýasy we Nobel fondy mende bolşy ýaly hiç kim bilenem beýle kelleagyryny başdan geçiren däldir. Hakykatda bolmandygyna garamazdan, men eýýäm bir gezek bärde boldum we hormatly Karl Ragner Girow meni görüp gitdi. Ahyrsoñunda men öz gezegim däldigine garamazdan, artykmaç orun basyp almaga geldim. Maña üçje minutlyk söz berilmegi üçin dört ýyl geçmeli boldy. Akademiýanyñ sekretary şol bir ýazyjy bilen eýýäm üçünji nutugyny sözlemeli bolar. Size şular ýaly bökdençlik berendigim sebäplu meniñ ötünç soramaly ýerimde, 1970-nji ýylyñ baýrak gowşuryş dabarasynda patyşañyzyñ we hemmäñiziñ meniñ boş ornumy tutanýerli alkyşlamagyñtz üçin aýratyn minnetdarlygymy bildirmeli bolýaryn. Emma baýraga mynasyp bolan üçinem munuñ añsat bolmandygyny bilmegiñizi isleýärin: üç minutlyk nutugymy dört ýyllap öz ýanyñda göterip gezmek... Ilkinji gezek siziñ ýanyñyza gelmäge taýýarlananymda ilkinji azatlyl kürsüsinden sözlejek sõzlerim üçin hiç hili batyrgaýlyk, hiç hili kagyz sanawy ýeterlik däldi. Azat däl ýurduñ ýazyjysy üçin ilkinjj kürsi we ilkinji nutuk dünýädäki hemme zat bilen baglanyşykly, ýurdunyñ ähli hupbatlaryna degişli nutukdyr. Şeýle pursayda baýrak gowşuryş dabarasynyñ ýatdan çykarylmagynyñ, gatnaşyjylaryñ sanawynyñ we dabaranyñ bulgurlaryna gussanyñ çökmeginiñ bagyşlanmagy gerek. Emma men şol ýyldan bäri şu ýerik gelmezden öz ýurdumda pikir edýän her bir zadymy aç-açan aýtmagy öwrendim. Sürgün edilip, Günbatara geçenimden soñ bu ýerde-de ähmiýet berilmeýän näderejede geplemek, nirede geldi geplemek ýaly utanma duýgusyndan saplanan endik edindim. Ýagdaýa asla kybap däl şertde meniñ bu gysgajyk sözüme goşmaça many-mazmun ýüklemegimiñ hajaty ýok. Emma Nobel baýragynyñ dört ýyl geçenden soñ maña berilmegine jogap bermegi artykmaç mümkinçilik hasaplaýaryn. Mysal üçin aradan geçen dört ýylda bu baýragyñ indi durmuşymda nähili rol oýnaýandygyny synap gördïm. Meniñ durmuşymda örän uly roly bar eken. Baýrak maña rehimsiz yzarlamalara ýan bermezlik mümkinçiligini berdi. Baýrak menden öñ muña mynasyp bolanlaryñ sesiniñ eşidilmeýän we onlarça ýyllap düşünilmeýän ýerinde meniñ sesimiñ eşidilmegine ýardam etdi. Baýrak ýazmazdan meni güýçsüz galdyryp biljek zadymy içimde döretmegim ücin maña ýardam etdi. Şwed akademiýasy meniñ bilen baglanyşykly seýrek ýagdaýlarda edýän kadadan çykmalarynyñ birini edip, baýrahy orta ýaşymda berdi. Meniñ açyk edebi döredijiligimiñ bolsa; hatda çagalyk döwründe: diñe sekizinji ýylynda. Bärde akademiýa üçin uly howp bardy: çünki şol wagt meniñ ýazan kitaplarymyñ azajyk bölegi çap edilipdi. Belki-de her bir edebi we ylmy baýragyñ iñ gowy wezipesi herekete ýoldaka goldaw bermegi bolsa gerek. Men Şwed akademiýasyna 1970-nji ýyldaky gelen netijesi bilen meniñ döredijiligime beren adatdan daşary goldawy sebäpli tüýs ýüregimden çykýan minnetdarlygymy bildirýärin. Batly ses bilen özüni eşitdirmegi gadagan edilen, ýazan we hatda okan kitaplary üçin yzarlanýan bolsa-da, üstüni basyryp bolmaýan ajaýyp Russiýanyñ adyndan-da minnetdarlyk bildirmäge het edesim gelýär. Hamana bu baýragyñ syýasy bähbitlere hyzmat edýändigi barada aýdylýan gep-gürrüñler bilen Akademiýanyñ salgysyna köp tankydy bellikler edilýär. Emma muny başga hiç hili bähbidi bolmadyk pessaý sesler aýdýardy. Ýöne biz siziñ bilen dörediji adamyñ gurluşynyñ beýle çig syýasy ýöntemlige ýerleşmejegini gowy bilýäris. Hem jemgyýetçilik hakydamyzy hernäçe öñe tutmak isleýändigimize garamazdan, ähli durmuşymyzam onuñ içinde batyp galmaýar. Maýis ALIZADE. Ýekşenbe, 04.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |