00:27 Sowaly jogaply goşgy | |
SOWALY JOGAPLY GOŞGY
Goşgular
![]() Neçün ýaş dilenýär uzakdan uzak, (Ýürege-de düşdüm, ýazyp kän gezek) Gaty giden ýaşam dälmidir güzap?! Heňňam üýtgär durar, çalşar nesilem, Utar, artyk berilmeden kesilen. Garantgy deý bir eňňere bakjada Galmanyň kem dälmi, bijäň çyksada?! Ýat sürä goşulan goýun mysaly Ýa özgäň ýaşyny karz alan ýaly. Ekip bilmeseň ýa orup bilmeseň, Daşy daş üstünde goýup bilmeseň, Gatyrdadyp alma iýip bilmeseň, Yşkyň joşup ýary söýüp bilmeseň, Turaňda hasaňy alyp gelseler, Halyňa rehm edip ýa-da gülseler, Töwerek deň-duşsyz çolap galansoň, Uzak ýaşam hezil däldir, ynansaň! Şony dilemänden gowsy ýok onsoň. 2022 ý. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |