12:34 Söýgi şäheri | |
"Lýubow Turbina 1942-nji ýylda Aşgabatda eneden dogulýar. 1956-njy ýyldan bäri Minskide ýaşaýar. Ilki Belorussiýanyň W.I.Lenin adyndaky döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetini, soňra bolsa gaýybana okap, M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynyň poeziýa bölümini gutarýar. häzir ol BSSR YA-nyň genetika we sitologiýa institutynyň ylmy işgäri. Onuň goşgulary "Неман", "Подъем" žurnallarynda, kollektiwleýin ýygyndylarda, şeýle-de respublikan gazetlerde çap edildi".
Goşgular
Men şu maglumatlary şahyr gelniň Minskide çap edilen "Çagalygymyň köçesi" diýen kitabyndan aldym. Ine, saňa: fizik hem lirik! Bir tarapda Eýnşteýn, ikinji tarapda şygyr senediniň müdimi gizlin syry - Puşkin. Şeýlelikde, Lýubow Turbinanyň goşgulary iki sany uly akabadan gözbaş alyp gaýdýar. Fizika siňdirilen höwes lirika berlen yhlasyň goşa ganatyna öwrülip, onuň şygyrlarynyň süňňüne hem-ä sadalyk, hemem näziklik ornaşdyrýar. Beýik Watançylyk urşunyň iň gazaply günlerinde olaryň maşgalasy Moskwadan Aşgabada göçüp gelýär. Lýubowyň kakasy Nikolaý Wasilýewiç Turbin Aşgabatdaky botaniki bagda ylmy işgär bolup işleýär. Doktorlyk dissertasiýasyny ýazyp gutarýar, biologiýa ylymlarynyň doktory bolýar. Häzir ol görnükli alym, WASHNIL-iň hem-de Belorussiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi. Ejesi Tatýana Wladimirowna - gidrogeolog. Üstümizdäki ýylyň oktýabrynda Lýubow Aşgabada, Ylymlar akademiýasynda geçirilen ýygnaga geldi. Aşgabatda ýaşan öýlerini gözläp tapdy. Köwata baryp gördi. Men oňa gadymy Nusaýy, Garagum kanalyny, Gurtly kölüni görkezdim. Ýakynda ol maňa hat ýazypdyr. Şonuň bir ýerinde şeýle diýilýär: "Mähriban Aşgabadyma baş egýärin". Ajaýyp duýgy! Şahyrlar toprak bilen duza golaý duranda, gowy şygyrlar dünýä inýär. Şu goşgularyny türkmen okyjysyna hödürlemek bilen men alym hem şahyr gelne, öz ildeşimize fizikada-da, lirikada-da şowlulyk arzuw edýärin. Baýram JÜTDIÝEW. * * * • SÖÝGI ŞÄHERI Bir pursatlyk gaýdyp geldim gujagňa, Höwürtgäm, bulutdan saýawanlydyň. Gijä galyp, dolandym men geçenme, Uzakda mährinde saýalanymsyň. "Ah, Aşgabat..." Ejem aýtman yzyn - Dymdy. Ýöne gözler baryny diýdi. ...Söýgi şäherinde dogulan gyzyň, Adyna, elbetde dakarlar Söýgi! oktýabr, 1982 ý. * * * Galam - guşuň ýeleginden. Kagyzymyz - agaçlardan. Arzuw - ýazlaň bulagyndan, Owazymyz - gamyşlardan. Gaýgyň-şatlygyň aýdyma, Toýy-ýasy bilen girsin! Ýöne ilkinji ädime, Gaýraty alarsyň nirden? Hawa, ädýäň. Ganat açýaň, Ikarada ýatyr - uçut. Ýaýdanýaň, ýykylýaň, gaçýaň, Bir gün... Guş sen, gidýäň uçup. Şeýleräk sözüň ykbalam - Etmeseň süýegňi lerzan. Gidýäň köňle salyp talaň, Uçup bilýän sözi görmän! galam - guşuň ýeleginden, Gaýrat - meniň ýüregimden. Arzuw - ýazlaň joşan ýeri, Didelem - söýgi depderi... * * * Bes indi, ýöwselligim, çekinjeňlik - gutarsyn! Bilýän, öz hamyrymy, erkin ýeliň gudratyn. Onuň göwün islegni nädip beräýdim ýele, Jogap ber: asylly gyz, ýuwaş gelin, ýaş ene... Täsin adamlar bilen sözleşseň, many seçseň, Düşünseň, düşündirseň, ili hem özüň açsaň. Dana kişini diňläp, agşam otursaň ümsüm, ...Goňşym ýene başlady - diwar basaýjak üstüň. Ýyllara, gijelere öz meýline çüý kakýar, Diwaryna, ynsabyna hem beýniňe çüý kakýar. Turmaly, sylatmaly, gaýra tesmän eňmeli, Ýalňyşyňy, gowşaklygňy, ýöwselligi ýeňmeli. Düýşümde däl, huşumda, açaga-da işigi, Goý, bilsin, gaty gitse, sograýjagmy dişini! Bir gezek ýerimden turup, dalap ala gözleri, Aýtmaly özüme çenli aýdylmadyk sözleri. • MART Ýazyň başy. Töwerek çygly hem-de ümürli, Reňki gözüňe meňzeş, ysy dodaklaryňky. Bir täsin syr, seretseň, sarsdyryp dur ömrüňi, Soňra ýuwaş-ýuwaşdan ýakýar ýaňaklaryňy. beýik hüjüm duýulýar gökden, baglardan, ýerden, Gysylyn puržiniň bar - buzlaň bagryny dilýän. "Meni unut!" diýipdiň, başym atypdym, bilseň, Ýaşap ýörjek ýalydym, seniň barlygňy bilsem. Bir görsem, şäher - özüň, günäm nämemiş eýse, Ýazyň çap-çal säheri, pyntygy, aýdymlary. Wah, janym, gelin solar bagtdan kemsinip, köýse, Biz entek kän söýülmeli, döwranda aýdylmaly. "Edebiýat we sungat" gazeti, 24.12.1982 ý. | |
|
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Eý, aşyklar, eý, aşyklar mezheb-u din yşkdyr maňa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Musanyň kelamy / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Saçynyň söwdasy düşdi başyma, başdan ýene... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Öwütlerim / Goşgular - 10.06.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |