12:02 Söýginiň gözlenişi | |
SÖÝGINIÑ GÖZLENIŞI
Goşgular
![]() Kän görsem-de gözel-gözel adamy, Belki görmedim men daşdanam boýuň. Bilmesek-de kimdigiňi, adyňy, Eýýäm bezäp goýduk ýaşajak öýüň. Dostumyň salgyndan seni gözleýän, Alysdan, alnymdan seni gözleýän. Bu gözel dünýäniň gözel ýerinde, Bilýärin, gezýärsiň sen meni gözläp. Biriniň bakyşy syrly göründe, Gozgalaň tapýansyň gyzlardan gizläp, Menem ilden gizläp saňa garaşýan, Menem gözläp-gözläp saňa garaşýan. Gaýnyňam aýap ýör gowja zatlary, Diýip: “Sowgat bolar gelnime, guzym” Näbelli gyz bilemizok razmeriň, Belki, dar, gysga bor, belki-de uzyn. Enem saňa diýýär: “Şol meniň ertäm” Enemiň ertesi haçan gelerkäň. Gelsene aýlardan, ýyllardan aşyp, Ýyllar seni juda haýal getirýär. Gel, bu ojak saňa ozaldan aşyk, Onda saňa duş gelmedik mähir bar. Geljegim seň bilen bile gelmeli, Gel gyz, sen barybir bize gelmeli. Italmaz AKMYRADOW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||