23:56 Söýgüde serhet ýok -10/ romanyñ dowamy | |
Ikinji bölüm
Romanlar
JEMAL «...Yşk bir gün geler-de, hemmeleri, hatda özünden gaçyp gutulmak üçin ýeriň ol ujuna gaçyp gidenlere çenli dolap alyp, öz goýnuna dykar». Möwlana Jelaleddin Rumy. 1. Hassahanadan çykyp gaýdanymda ýaňy bir daň saz berip ugran ekeni. Oba ýeri bolan bolsady, onda ondan-mundan horazlaryň daňy buşlaýan, itleriň üýrüşýän sesleri eşidilerdi. Onda-munda sygyrlar molaşardy. Bu ýerde bolsa eýýämhaçan bir ýerlere howlugyşyp barýan maşynlaryň «güwwüldisinden», uçurgäh tarapdan uçmana hyýallanýan äpet uçarlaryň «arryldysyndan», demirýol tarapdan gelýän, ýaňlary ýagly agaç şpallaryň üsti bilen ep-esli ýere çenli uzalyp gidýän «şakyrdydan» başga hiç zat eşidilenok. Şol wagt men zähmet rugsadyndadym. Şonuň üçinem barşym ýaly ýerime geçip, isledigimçe ýatyp, ukumy alyp biljekdim. Şeýle hem etdim. Günortanlar oýandym. Turşum ýalam hassahana jaň edip, Erkiniň halyndan habar aldym. Öten agşamky nobatçylyk eden hekimiň öýüne jaň edibem soradym. O-da, hassahanadakylaram: «Şol bir ýatyşy» diýip, jogap berdiler. Soň öýüne jaň edip Aýlarhana göwünlik berdim. -Çagalaryň-a ikisem şol ýerde. Gelişleri ýaly ynjalman ýene yzlaryna gitdiler – diýip, ol ýadaw ses bilen ysgynsyz gürledi. Men oňa: -Beýdip, hemmesi heläk bolup ýörmesinler, ýeke-ýekeden habar tutubersinler – diýdim. Aýlarhan aglady. -Wah, özüň aýdaýmasaň, jan Nepes... Maňa gulak asanoklar-a. Barybir nepimiň degmejegini bilsemem, şondan soň menem hassahana gitdim. Ýene-de hekimleri gördüm. Olaryňam eginlerini gysyp, ellerini ýaýmakdan başga diýen zatlary bolmady. Soň men Erkiniň çagalarynyň ýanyna bardym. Olar Erkiniň ýatan otagynyň äpişgesiniň öňündäki bagyň aşagynda gyzylt-ýaýyrt bolşup oturan ekenler. Men olara-da Aýlarhana aýdanymy aýtdym. Ýöne, barybir netije bolmady. Gozganmadylaram. Şondan soň men olara bu barada hiç zat diýjegem bolmadym. Onsoňam ol ýerde goş basyşyp oturanlar ýeke olar däldiler. Bir gowwy zat, gyşyň günüdigine garamazdan howa maýyl. Hoştap. Hä diýmanem iş wagty gutardy. Men Erkinden ýene bir gezek habar tutdum-da, Jemalyň yzyndan gitdim. Ol köp garaşdyrman çykdy. Gaýtdyk, «Aýsberge» bardyk. Howa maýyl bolansoň daşardaky dalbaryň aşagynda ikibir-üçbir piwo süzüşip oturanlaram az däl. Ýöne, biz içeri giräýenimizi kem görmedik. Çünki, bize ol wagt emin-erkin gürleşer ýaly goh-galmagalsyz, asudaja ýer gerekdi. Daşarda bolsa adamyň köplüginden başga, ses güýçlendiriji enjamlardan çykýan gopgundan ýaňa-da ses-üýn alşar ýaly däldi. Entek bosagadan ätlemänkäk, Jemal içeride oturyp iýip-içmekligiň daşara görä ýigrimi bäş prosent gymmatdygyny aýtdy. Men: zyýany ýok, diýen manyda elimi silkdim. Pessejik hem kiçijik, ýöne owadan bezelen, naşyja jaýjagazlaryň birine girdik. Onuň içinde bary-ýogy dub agajyna meňzedilip ýasalan iki sany ýalpyldawuk gara stol bar. Her stoluň başynda reňki stol bilen kybapdaş, arkasy beýik dört sany stul. Stollaryň üstünde içi owadan, ýöne ýasama gülli, nepis güldan dur. Jaýjagazyň burçlarynda-da şolar ýaly içi ýasama gülli güldanlar goýlupdyr. Petikde çyra ýok. Ýöne dört diwaryň hersinde iki sany, barokko äheňinde ýasalan şem sypatly çyrajyklar berkidilen. Olaryň hersi bir dürli öwsüp, jaýyň içine rahatlyk röwüşini çaýýarlar. Gözüňe düşüp, beýniňi gyjyndyryp baranoklar. Biz ýylgyrjaklap ýanymyza gelen, aýagy butlaryna dyrtaşyp duran gök jinsi balakly, keltekjik ak köýneginiň giň ýakasyndan göwüsleriniň ep-esli bölegi, aşagyndan bolsa ysyrga gysdyrylan göbegi görnüp duran, dodaklary tümmül bolan böwrek ýaly garagözelek, bolaýsa on dokuz ýaşlaryndaky hyzmatkär gyza iki sany çişlik, iki sany lüle kebap, «oliwýe» saladyny hem-de alma şiresini buýurdyk. Men gürrüňi nämeden başlajagymy bilmän ýaýdandym. Ýöne, Jemal işimi aňsatlaşdyrdy. – Köp babatda Erkin ikimiziň häsiýetimizem, ykbalymyzam meňzeş bolup çykdy. Ikimizem tiz gahar. Öýkelek. Ýöne, soňumyz ýok. Tersleşsegem derrew ýaraşara bahana gözläp ugraýas. Men-ä dogrusy aýal kejirligini edip esli mahal ýaraşasymyň gelýändigini bildirmän gezýän welin, bu meselede Erkin has durumsyz. Öýkämi ýazmasa ynjalyp bilenok, – diýip, çişlik gelmezden öň alma şiresini içip oturşyna ol menden soraga-da garaşman özünden-özi söze başlady. Birdenem gussaly ýylgyrdy. – Bilýäňizmi, ol ikimiziň hatda ýylymyzam bir-dä... -Näme, sizem itmi? -Howwa, menem it. Ýöne esasy meňzeşligimiz welin, ikimiziňem ýaşlygymyzy söýgüsiz geçirenimizde. Dogry, kimdir birini daşyndan gowy görmek, gaýybana aşyklyk diýen zat mende-de boldy, onda-da bolupdyr, ýöne, ol entek söýgi däl. Ynanýaňyzmy, men hatda adamyma-da söýgüsiz çykdym. – Oňa çenlem çişlik geldi. Assa-ýuwaş iýip başladyk. – Gowusy men size muny başdanaýak gürrüň bereýin – diýip, şondan soň Jemal gürrüňini dowam etdirdi. – Ilkinji söýgüm klasdaşym Döwran... Men ony hemişe hormat bilen ýatlaýaryn. Ol klasymyzda iň görmegeý, iň daýaw, inçemik ak ýüzli, syrdam boýly, şakäse ýaly ullakan gara gözleri oýnaklap duran oglandy. Hemişe şylgyrar ýörerdi. Baý ýeriň çagasy bolansoň uly arakesmä çykanymyzda klasdaşlarymyzyň hersine bir doňdurma alyp bererdi. Belki şonuň üçindir, gyzlaryň hemmesi oňa hyrydardylar. Ol meniňem şolar ýaly özüne hyrydar bakmagymy, daşyndan pyrlanmagymy, ony alyp bersene, muny alyp bersene, diýip özelenmegimi isleýärdi. Men muny aňýardym, şonuň üçinem, özümi bilgeşländen çeke tutýardym. Ýönekeýje sürüjiniň gyzy bolsamam, özümi ministriň ýa baý ýeriň çagasyndan kem saýmaýandygymy oňa bildirmek isleýärdim. Söýgümi pynhan saklaýardym. Maňa bolan söýgüsini puly bilen däl-de, adamkärçiligi bilen gazanmagyny isleýärdim. Ýöne onuňam kiçelesi gelmeýärdi. Söýgüniň güýjüniň ýönekeýlikde däl-de, puldadygyna öz-ä bir ynanýardy, bize-de şony subut etmek isleýärdi. Men gurply maşgaladan, şonuň üçinem sähelçe yşarat etdigim islän gyzym yzyma düşüp gidibermelidir, diýen düşünjesi bardy. Şonuň üçinem hernäçe gowy görse-de maňa üns bermediksirän bolýardy. Şol ýagdaý altynjy klasdan başlap tä, onunjy klasa çenli dowam etdi. Iň bolmanda gutardyş agşamynda-ha söz gatar, içini döker öýtdüm, emma ol tamam çykmady. Hatda hoşlaşmadam. Şeýdip herimiz bir ýana dagadyk. Men Halk hojalygy institutynyň hasapgärçilik bölümine okuwa girdim. Döwran bolsa Aşgabadyň dünýä ýurt dilleri institutyna girdi. Mekdepde bolşy ýaly men institutda-da gowy okaýardym. Ikinji kursda bolsa eýýäm studentler sowetiniň başlygydym. Şol döwürler beýleki fakultetleriň birinde okaýan Aman atly bir oglan maňa yssy mähir bilen bakyp başlady. Men onam erbet göremokdym, ýöne, entek Döwrandanam tamamy üzmändim. Göwnüme bolmasa ol bir gün yzymdan geläge-de: «Şunça wagtlap näme üçin sesiňi çykarmadyň? Men saňa garaşdym ahyry», diýäýjek ýaly boldy durdy. Şonuň üçinem, Amana sowuk-salarak garaýardym. Berýän syrly soraglaryna özündenem has syrlyrak, gümürtigräk jogap berýärdim. Birden Döwran göräýmesin, diýen gorky bilen köçede bile ýöremekdenem saklanýardym. Ugratmaga garşylamaga rugsat bermeýärdim. Aňlyşyma görä onuňam ata-enesi gurply adamlardy. Okuwa maşyn münüp gelýärdi. Özüni alyp barşy Döwrana görä-de has gopbamsyrakdy. Döwranyňky ýaly: sähelçe yşarat etdigim islendik gyz yzyma düşer, diýen pikir onda-da bardy. Üstesine okaýşam gowşakdy. Mydama ekzamenlerden ýykylyp soň kakasynyň üsti bilen düzetdirer ýörerdi. Üstesine gepi-sözem zoňtarrakdy. Kellesine näme gelse, birdenkä aýdyp goýberiberýärdi. Ol bir gezek okuwdan çykyp öýe barýarkam duralgada yzymdan ýetdi-de: «Men saňa öýlenjek, toý şaýyňy tut» diýdi. Menem özüne görä jogap gaýtardym: «Bolýa, ýöne sen şu tomus ähli sapaklaryňy bäşlige tabşyr, bolmasa-da bagtyňy başga ýerden gözle» diýdim. Ol ilk-ä ör-gökden geldi, ýüzüme aňkarylyp ep-esli durdy, soňam hezil edil güldi-de: «Ýok, gyzjagaz, seň diýeniň bolmaz, meň diýenim bolar», diýdi. Şeý diýäýmese başga alajam ýokdy. Sebäbi barysyny-ha däl, ýekeje sapagam bäşlige tabşyryp bilmejekdigine gözi ýetip durdy. Hut şeýle hem boldy. Ýöne öýlenmek meselesinde welin gepinde berk durdy. «Sen bolmasaň, Senem jan», diýenlerini etdi-de, «şark-şurk» başga birine öýlendi oturyberdi. Daş gulakdan eşidişime görä, şol tomus toý meselesi onuň öňünde atasy enesi tarapyndan çürt-kesik orta goýlan ekeni. «Ýa özüň tap, bolmasa-da özümiz tapýas, diýlipdir. Şeýlelikde, Amanly mesele birýüzli boldy. Ýöne şonuň yz ýany kölege ýaly bolup, ýolugra başga bir bela sataşdy. Ol bir tär bilen öňürt-ä meniň awtobusa münýän, düşýän ýerimi, soň ýaşaýan ýerimi, ondan soňam okaýan ýerimi bilipdir. Ýolda-yzda gözüme köp ilýänem bolsa ilki-ilkiler men oňa kän bir ünsem bermedim. Ol welin kem-kemden ýakynlaşdy, soň lak atdy, ýöntemrägem bolsa birki ahyz gürleşdi, üç aý töweregi şeýdip, degdim-gaçdym oýnansoňam öýmüze çenli gapdalym bilen ýöräp gitmäni çykardy. Onuň meni gowy görýändigi çynydy. Çünki, aýdýan sözleri ýürekden çykýardy. Iki elinem kükregine goýup: «Men üç aýlap diňe daşyňdan guwanyp gezdim, ýoluňy öwrendim», diýende dagy gözlerine hakyt ýaş aýlanýardy. Ýöne, görmegeý däl. Iki sany alyn dişi öňe çykyp, ýokarky dodagyny ep-esli galdyryp dur. Gürlän mahaly şol dodak öňküsindenem beter çommalýar-da, agyzndan tüýkülik syçradýar. Şonuň üçinem yzly-yzyna ýalmanýar. – Jemal göz öňüne bir zatlar getirýän ýaly hezil edip güldi. – Boý-a uzyn, özem eglibräk ýöreýär welin ýagyrnysy hükgerilip, hamala gapdalym bilen iki ýaşar köşek barýan ýaly bolup dur. Şeýle-de bolsa yhlasyny syladymmy, nämemi, ýüzüni almaga ynsabym çatmady. Gaty bir ýüzem beremok, kowamogam. O-da şo-ol gatnap ýör. Görüp otursam ol Aşgabada golaý dag eteginde oturan obalaryň birinden ekeni. Bir günem okuwdan gelsem öýde iki sany del daýza ejem bilen derçireşip çaý içişip otyrlar. Men gapydan girenimden daýzalaryň ekabyrragy, tegelek ýüzli, gök ýüň gyňaçly daýza «şumy» diýen manyda gaşlaryny gerip ejemiň ýüzüne seretdi. Ejem baş atandanam ýerinden turdy-da, maňa tarap abşanaklap gaýtdy. Her biri tulum ýaly göwüslerem her ädiminde iki ýna hallan atýar. Gelip gujaklady. Ogşady. «Gurgunmysyň gyzym, men Begliniň ejesi», diýdi. Şeý diýenden men onuň elinden sypdym-da, urdurylyp törki jaýa girdim. Yzymsüre ejemem girdi. «Näme, tanamaýan adamyňa söz berdiňmi», diýip, ýüzüni çytdy. «Ýok, eje, söz beremok, baryberiňem diýemok, ýöne, ýolugra tanyşdyk, başga aramyzda bolan gürrüň ýok, salgymyzam yzarlap bilipdir, gaýtarasyňyz gelse gaýtaryberiň», diýdim. Ejem: «Gaýtarmaly bolsa özüň gaýtar, çykjak sen, enedirin-ow, diýip, men seniň bagtyňy garaldyp bilmen, ýöne, sähelçe göwnüň bar bolsa aýt, men olaryň öý-ojaklaryny, öwzarlaryny, gün-güzeranlaryny bir görüp gaýdaýyn soň «wah» diýäýmäli» diýdi. «Barlasaňyz, barlaýyň» – diýdim. Ejem çykyp gitdi. Hä diýmänem myhman daýza meniň oturan gapyma boýnuny uzatsy-da, «Bor gyzym, sag oturyň, biz-ä gitdik, işalla ger durarys», diýdi. Indiki dynç güni ejem olaryň obasyna gidip geldi. Ýüzüni aktam edip durşuna demi-demine ýetmän gürledi. «Olar-a towuk ketegi ýaly hütdüjegiň içinde otyrlar, gyzym, özlerem üç-dört dogan dagy bar, ikisem öýlenen, düýnkiň ýany bilen gelen gelnem uly gelni ekeni. Men-ä şolaryň şonça adam bolup, şojagaz dar howlynyň içinde hajatlaryny nirä artýandyklaryna, haýsynyň nirede ýatyp, haýsynyň nireden turýandyklaryna-da haýran...» diýdi. Ozaldanam alagöwün bolup duramsoň darka ýaryldym: «Eje! Gidip-geleniň gowy bolaýdy. Aýdyp bilmän durdum. Men ol oglana barjak däl. Men ony göwnämok. Jaýlary gowy bolaýanda-da, gurply bolaýanlarynda-da razy däl», diýdim. «Onda öň aýtmaly ekeniň-dä şeý diýip. O bendeleri tamakin etmeli däl ekeniň-dä... – Ejem birbada ynjyly gürlänem bolsa kem-kemden köşeşdi. – Bolýa-da gyzym. «Hiçden giç ýagşy» diýipdirler. Seň sözüň şu bolsa galany biz bilen...» Ol daýzanyň welin bizden el çekesi gelmedi. «Gyzym göwnänok», sözüni eşidenden soňam: «Ýene bir oglum bar, belki şoňa göwnär, şu gyzy elimden çykarasym gelenok, belki görer, halaşar» diýip, şo-ol, gatnady ýördi. Men elbetde, onuň beýleki ogluny görmäne gitmedim. Çünki, bir söý bilen görüp göwnäýenimde-de baraýanymda-da, aga bilen ininiň arasyna sowuklyk düşjekdi, gelşiksiz boljakdy. Soň-soňlar gulagymyza dgşine görä, men zerarly ol ikisiniň arasyna barybir öýke-kine düşüpdir. O niýetleriniň gowulygyň üstünden eltmejekdigine özlerem düşünendirler-dä, ol daýza kem-kemden gelmesini seýrekledip başlady. Iň soňky gezek gelende welin ejemiň aýagyna ýykylyp aglady. «Jan dogan, men bir bagtygara ekenim. Şu gyzy bir wagtlar özümiňki hasaplapdym, birine göwnemese birine göwnär öýdüpdim, emma bolmady, boljagam däl ekeni. Giň dünýäniň içinde meniň söýen gyzymdan başga gyz tapmadyňmy, şony sen alyp şu howla getirseň meň nä günlere sataşjakdygymy bilmediňmi» – diýip, Begli jan inisi bilen erbet tersleşdi. «Gaýdyp ýüzüňi görmen» diýip, öýden çykyp gitdi. Men guraýyn sizem kyn güne goýdum. Özümem şol güne düşdüm. Ylaýym Jemal janyň bagty açyk bolsun, ýamanlyk ýüzüni görmesin... Hoş, men indi gelmen», diýdi. Meniň oňa nebsim agyrdy, ýöne, edibiljek zadym ýokdy. Begli welin şondan soňam birki gezek ýolumy kesdi. Edil öňküleri ýaly öýe çenli gapdallap gaýtdy. Ýalbardy. Guluň bolaýyn, depäme täç edeýin, bir ýyla ýetirmän özbaşyma jaý edineýin diýdi. Men ol gezegem oňa gaty-gaýrym aýtmadym. Netije bolmajagyna sypaýyçylyk bilen düşündirdim. «Söýgiňe ynanaýan, Begli, ýöne, söýgi ikitaraplaýyn bolmaly, sen, şuňa düşün, men özüme zorluk edip bilemok» diýdim. Galdy. Ýöne, eňräpler galdy. Men onuň halyna-da gynandym. Telim günläp ol görgülini ýatlap, hapa bolup gezdim. Döwran welin hiç ýadymdan çykanokdy. Durmuşyň haýsam bolsa bir öwrüminde ol maňa duş geläýjek ýalydy. Duýgym meni aldaman ekeni. Dördünji ýyl okap ýörkäm, bir gün okuwdan çykyşym ýaly oňa pete-pet gabat geläýdim. Bu tötänlikden boldumy ýa özi çykýan wagtymy peýläpdirmi, bilemok, ýöne ikimizem birhili bolduk. Tas, köne gedemligimiziň ugruna gidip, biri-birimiziň duşumyzdan salamsyz geçipdik. Hernäçe kynam bolsa, agyram bolsa, meniň-ä şeýdäýmegim gaty ahmaldy welin, ýöne öňküsine görä akyllyanypmy ýa hakykatdan-da ýöriteläp gelipmi, Döwran gabat – garşyma geçdi-de: «Jemal, salam, gurgunmysyň...» – dipdi. Menem sakga saklananymy, tolgunmakdan ýaňa sojap durşuma:»Şükür, gurgun, özüňem gurgunmy, Döwran» diýip guraksy hem aljyraňňy seslenenimi bilmän galypdyryn. Üzlem-saplam hal-ahwal soraşyp durşumyza men assa-ýuwaşdan öz barýan ugruma tarap gidiberdim. O-da meniň bilen egin deňläp ýöräberdi. Kem-kemden gürrüňimiz gyzyşdy. Mekdep ýyllarymyzy, çagalyk dostlarymyzy ýatladyk. Birdenem ol maňa bakyp ýylgyrdy-da: «Sen ýaman gyňyr gyzdyň» – diýdi. «Senem kemje-kerdem däldiň-le, – diýdim. Soňam: – Ýöne, meniň şu wagtam şol gyňyrlygymdyr» – diýip, sözümiň üstüne goşdum. Döwran ýeserlik bilen gözlerini güldür-de, ýüzüme gyýa bakdy. «Onda sen henize çenli durmuşa çykan däl bolmaly» «Dogry. Men henize çenli durmuşa çykamok». Ol uludan demini aldy: «Ine, bu habaryň gowy habar. Örän gowy habar... Şu habaryň bolmadyk bolsa meniň gelenim biderek bolardy...» Menem uludan demimi aldym. Diýmek ol meniň üçin ýörite gelipdir. Tä, öýe çenli pyýadalap baranymyzam bilmän galypdyrys. Şondan öň şeýle bolan ýeri ýokdy. Men hemişe awtobusly gatnaýardym. Şol günden soň Döwran her gün şol bir wagtda, şol bir gabat gelen ýerinde meni garşylady durdy. Meniň okuwy ir gutarýan, giç gutarýan wagtlarym bolýardy, Döwran welin haçan çyksam öňümde häzir bolup dur. Diýmek, onuň elinde meniň raspisaniýam bar bolmaly. Biz käte bir, juda gyssanan günümiz awtobusa münäýmesek, edil birinji gezekimiz ýaly, tä öýe barýançak pyýada gidýärdik. Ýol welin uzakdy. Günorta çetinden tä demirgazyk çetine çenli geçmelidi. Bir gün ol maşynly geldi. Men ondan dagy-duwwara yzymdan maşynly gelmezligini haýyş etdim. «Bor» diýdi. Sözünde durdam. Tomus golaýlaberendenem toý tutmaklygy teklip etdi. Dogrymy aýtjak, men muňa diýseň begendim. Çünki, ençeme ýyl geçenem bolsa men ony ýüregimden çykaryp bilmändim. Şol söze bolsa gör näwagtlardan bäri garaşyp ýördim. Men ony on alty ýaşly ulugyz wagtym, ömrümiň ilkinji tämiz söýgüsi bilen söýüpdim. Şonuň üçinem, Döwranyň teklibini men ýitirilen bagtymyň dolanyp geldigi, hasap etdim. Habarymy ejeme-de buşladym. Saklanyp bilmänem agladym. «Deň-duşlaryňdan gaslaýma, garrygyza dönäýme», diýip, gijee-gündiz gulak etimi guradyp ýören ejem meniň o habaryma özümden beter begendi. «Hern-ä bagtyň açyldygy bolsun-da gyzym», diýip, gujaklady. Döwran uzaklaşdyrman sawçy iberdi. Ejesi gelmedi. Sebäbi, ol bende birnäçe ýyl bäri bir tarapy ysman düşekde ýatan ekeni. Ana, onuň şol derdem biziň bagtymyza kest etdi. Gudaçylyga gelenler meniň okuwy taşlamalydygymy, soňam hiç ýerde işlemän, gije-gündiz öýde oturyp gaýyn eneme seretmelidigimi öňümde şert edip goýdular. Muňa menem razy bolmadym, hossarlarymam. Bu habary eşidip Döwran oda-köze düşer, iki ýana urnar, çykalga gözlär, iň bolmanda: «Ýok! Olaryň diýeni bolmaz. Men seniň munça ýylky azabyňy köýürip bilmen, juda bolmasa olardan aýra ýaşaryn welin, senden aýra düşmen», diýer öýtdüm. Emma ertesi gün yzymdan gelende o-da sawçylaryň diýenlerini gaýtalady. «Nädeýin, ejem-dä, oňa seredere adam ýok-da», diýdi. Näme, sen meni diňe hyzmatkär ornunda ulanmak isleýäňmi», diýdim. «Aý, ýok-la beýle däl-le... Ýöne, olar beý diýip durkalar men başgaça bir zat diýip biljek däl-dä...» diýip, gitdigiçe naçarlaberdi. Şol wagt ol birwagtky dabanyndan dogum ody syçrap duran Döwrana düýbünden meňzemeýärdi. Meniň erbet gaharym geldi. Entek ýoluň ýarysynam geçmedik bolsak-da, sakga saklandym-da, onuň iki gözüniň içine seredip: «Gal, Dwran! Indi ikimiziňki gutardy. Seniň maksadyň maňa belli boldy. Şu wagt öz öýüňde gepiňňi gögerdip, öz bagtyň ugrunda göreşip bilmeýän bolsaň, hiç wagtam ol öýde gepiň ýöremez. Äriniň ygtyýary ýok öýde aýalyň-a asylam gadry bolmaz. Men ömürboýy seni höwes edipdim, ýöne, beýle durmuşy höwes etmändim, seni gowy görüpdim, ýöne, edil beýlesiň öýtmändim. Hernäçe agyram bolsa ikimize hoşlaşmak gerek! Hoş!» diýdim. Öwrülibem gitdim. Yzyma garamadym. Garamasamam tä, garam ýitýänçä Döwranyň yzymdan garap durandygyny welin duýdum... – Jemal alma şiresinden owurtlady. Gyrmyzy reňke boýalan ösgün dyrnaklary bilen bulguryň gyrasyny dyrmalady. Hamala onuň içinde Döwranyň suraty görünýän ýaly gözüni süzüp onuň içine seretdi. – Şeýdibem aýrylyşdyk. Haýsymyz ýalňyşdyk, haýsymyz dogry etdik ony men bilemok, ýöne nätjek, başga alaç galmady. Döwran söýgüsi üçin göreşip bilmese-de, men öz bagtym üçin göreşmelidim... – Ol şo gidişine gitdimi? Soň köwlenmedimi – diýip, gürrüňe başlaly bäri men Jemala megerem ilkinji gezek sprag berdim. – Ýok, Köwlenmedi. Şol gidişine gitdi. Ýöne... – Jemal aşak bakyp gurak-gurak ýuwdundy. – Mundan ýyl ýarym ozal ol ýogaldy. Ony eşidip men erbet boldum. Çünki, her niçik hem bolsa men ony söýüpdim ahyry. – Jemal näme üçindir esli wagtlap sesini çykarman oturdy. – ... Geçen ýylky hatyra gününde ejem, Erkin üçümiz öwülýä gitdik. Kakamyň, adamymyň mazaryna gül goýduk, aýat okadyk. Men şonda täze mazarlaryň arasyndan gözläp Döwranyň mazaryny tapdym... Birmeýdan erbet bolup durdum. Soň oňa-da aýat okadyk. Rahat ýatmagyny, menden razy bolmagyny diledim. Şol wagt mazarlaryň arasyndan assa-ýuwaş ýöreşip özara hümürdeşip ýören Ejem bilen Erkinem ýanyma geldi. Deň-duş bolansoňlar olaryň mydama gepleri alyşýardy. Biri-biriniň aýdanlaryny tassyklaýardylar, makullaýardylar. Ejem köplenç Erkiniň arkasyny alýardy. Ikisi birigip garşyma giden gezekleri welin men garaçynym bilen gaharlanýardym, ikisindenem öýkeleýärdim. Şol gezek olar golaýyma geldilerem welin men uludan sowuk demimi aldym-da: «Ine, bu meniň ilkinji söýgüm», diýdim. Guburyň başujyndaky ýazgyny okap olaryň ikisem gürrüiň kim barada gidýänini aňdylar. Çünki, ejem-ä o zatlardan habarlydy, Erkine-de özüm gürrüň beripdim. Erkin aşak bakyp bir zatlar barada oýlanyp durdy-durdy-da: «Erte meniň mazaryma geleniňde bolsa: Ine, bu meiň iň soňky söýgülim, diýersiň» – diýdi. Elbetde, ol muny bilniksiz degişme bilen aýdypdy. Umumanam onda şolar ýaly häsiýet bardy. Käte oýun edýämi ýa çynymy bilibem bolmaýardy. Şol gezegem onuň ýarym degişmesine men düşündim, emma ejem düşünmedi. Şonuň üçinem, Erkiniň şol sözüniň aňyrsynda degişmäniň ýatandygyny men ejeme gaýdyp gelýärkäk, ýolda düşündirmeli boldum. Häliden bäri birhili bolup gelýän ejem diňe şondan soň açylyşdy. Birdenem: «Wah, şeý diýsene! Näbileýin-dä... Menem näme üçin bu beý diýdikä, diýip, garajanym galmady» diýdi-de, jak-jak güldi. Erkiniň şol sözüni ol soň-soňlaram ýatlap güldi ýördi. – Jemal oturan oturgyjynyň arkasyna ýaplandy-da, uludan demini aldy. – ...Howwa Döwrandan ymykly tamamy üzenimden soň, esli wagtlap güň ýaly bolup gezdim. Hatda öýdäkiler bilenem düzüwli gepleşmedim. Okuwa gidýän, gelýän, öý işlerini edýän, kir ýuwýan, nahar bişirýän, şeýdibem wagtymy geçirýän. Käte ejemiň işleýän edarasyna barýardym. Tikin fabrigi bolansoň ol ýerde işleýänleriň aglabasy aýal-gyzlardy-da, ol ýerde meniň joralarym bardy. Ýöne, gapynyň agzynda oturýan, ejem deň-duşurak Arzygül atly bir aýal welin her gezek meni ýitirip tapan ýaly garşylaýardy. Özüne gelinlik edinesiniň gelýändigini aýdýardy. «Şu gyzyňy maňa beräý, jan dogan» diýip, ejemiňem gulak etini guradýardy. Ejemem: «Özüni göwnet-de alyber, men garşylygym ýok» – diýýärdi. Maňa-da: «Ogluny gör, halasaň bar, gyz maşgala uzak otursa gelşiksiz bolýandyr» – diýip, hemişekije aýdýan sözlerini aýdýardy. Men bolsam: «Sen näme meni öýden kowjak bolýaňmy» – diýip, ondan gaty görýärdim. Arzygül eje-de meni ogly bilen duşuşdyrjak bolup şunça jan edýärdi welin, elbetde, nesibe çekýän däldir-dä, ýa meň boş wagtym onuň oglunyň boş wagtyna gabat gelmeýärdi, ýa-da onuň boş wagty meň boş wagtym gabat gelmeýärdi. Şeýdip, ýörkäk bir gün hemişekim ýaly fabrige bardym welin, orta boýly, ala gözli, sähleçe-de burunlagrak, buýra saçly, owadan bir ýigit sehlere aýlanyp surat alyp ýör. Dogrymy aýtjak, görenimden ýüreim gobsundy. Düýbünden zerurlyk bolmasa-da, menem surata düşdüm. Haçan taýyn boljagyny soradym. Ol «Indiki hepde getirin, haýsy sehde işleýäň» diýdi. Men bu ýerde işlämok, ejem işleýä, şoňa beräý, diýdim. Ejemiň kimdigini aýtdym. «Wiý, sen şoň gyzymy» diýip, ýigit berenaýy ýylgyrdy. Surat almak üçin o ýere häli-şindi gelip-gidip duransoň ejemi gowy tanaýandygyny, hatda birki gezek öýmüze-de baryp gaýdandygyny aýtdy. Ol diýen wagtynda suratymy ejemden iberdi. Şol ýylam instituty tamamlaýardyk-da, barybir biz «uçurym» suratyny taýýarladar ýaly ökde suratçy gözläp ýördük. Men muny ejeme aýtdym. Kyn görmese instituta barsyn, suratymyzy alsyn, diýdim. Barmaly wagtyny aýtdym. Bardy. Suratlarymyzy aldy. Gowy edip taýýarladam, kursdaşlarymyzam ondan köp hoşal boldular. «Kärine ökde ekeni, gowy çykarypdyr», diýdiler. Surat albomlarymyň doly taýýar bolýança men ol oglan bilen telim ýola duşuşmaly, gürleşmeli maslahatlaşmaly boldum. Bir görsem sözümiz alşyp barýar. Maňa bolan garaýşam biperwaý däl ýaly. Her gezek duşuşanymyzda ýene-de gelere bahana gözleýär. Tapýaram. Onuň şol bolşy maňa-da ýakman duranok. Garaz, ysnyşdyk. Soňabaka ýeke bir iş-dert meselesi bilen däl-de, ýörite-de duşuşyp ugradyk. Şol ikiarada ol birnäçe gezek öýümize-de geldi. Jigilerim bilen surata düşmek bahanasy bilen ony men özüm çagyrdym. Özi welin agras. Şalt-şulty ýok. O ýerimden bu ýerimden tutjak bolup ölüp – öçüp baranok. Görüp otursam onuň bu agraslygynyň aňyrsynda başga bir zat bar ekeni. Bir gün ol ýüregini bire baglap maňa bar zady bolşy ýaly aýtdy. «Men maşgalaly, ýöne, ýaşaýşymyzyň ugry ýok. Aýalym bilen aramyz sowuk. Men onuň bilen barybir uzak ýaşaşyp bilmen, maňa özüň ýaly özüm bilen göwündeş maşgala gerek, sen şoňa razymy», diýdi. Men kyn güne galdym. Çünki, boý gyz halyma telpegi agan adama durmuşa çykmak meniň üçin masgaraçylykdy. Ýöne, ol ýigit maňa ýüregindäkini aýdypdy. Razylygymy sorapdy. Hiç hili zorluk ýa mejburlyk ýokdy. Meni hakykatdan-da söýýändigine bolsa ynanmazlyk mümkin däldi. Öňi-soňy aýaly bilen aýrylyşjagy çyn bolsa onda onuň maşgala durmuşynyň bozulmagynda-da meniň günäm boljak däl. Ýöne, indi ýagdaýy hossarlaryma duýdurmalydym. Men muny ejemden başladym. Ol uzak wagtlap ýüzüme seredip oturdy-da: «Oglan gowy, oňa söz ýok. Öňi-soňy aýrylyşjak bolsalar... ýöne, muňa onuň öz hossarlary nähili gararlar? Her niçik hem bolsa onuň bilen men özümem bir gürleşip göreýin», diýdi. Gürleşdem. Elbetde, düşünişendir-dä, ejem bir gün maňa özüniň şol oglana çykmagyma garşy däldigini aýtdy. «Hossarlary bilenem özi gürleşäýen ýaly-la» diýdi. Indiki mesele kakama baglydy. Onuň bilenem ejemiň özi gepleşdi. Göräýmäge bar zat ugruna ýalydy. Men şeýle gowy ýigide sataşandygyma begenýärdim.şol çaka çenli hiç kime durmuşa çykman oturandygym üçin ykbalyma minnetdarlyk bildirýärdim. Ýöne, birdenkä bar zat çepbesine çöwrüldi duruberdi. Öň meselänihossarlary bilen doly bişirmänmi ýa diňe özi çözüpmi, ol oglan bir gün maňa hossarlarynyň başdaşyny taşlap maňa öýlenmegine düýbünden garşy çykandyklaryny, egerde aýdanlaryny etmän, öýüni bozsa, galan ömrüne ýüzüni görmekden boýun towlaýandyklaryny aýtdy. Özem birhili hiç zada umyt, çykalga ýok terzde, iň soňky sözüni aýdýan, hoşlaşýan şekilde, aýtdy. Bu dogrudanam şeýle ekeni. Ol şol gün meniň bilen hoşlaşan ekeni. Belki, şonuň üçindir, ömür etmedigini edip gujaklady. Özem emaý bilen, usullyk bilen gujaklady. Emaý bilenem ogşady. Ilki iki ýaňagymdan, soň iki gözümden soňam dodagymdan ogşady. Şonda meniň süňňüm gowşap gitdi. Özümi birhili asmandan asylan ýüpsiz sallançagyň içinde ýaly duýdum. Kimdir birem yralaýan ýaly. Soň görüp otursam şol pursat meni söýgi yralan ekeni. Söýgi diýlen zady, ilkinji alamatlaryny men şonda duýdum. Çünki, şol meniň ömrümde ilkinji gezek gujaklaşyp, ogşaşyp görşümdi. Onuň gujagyndan çykanymdan soňam men esli wagtlap gözlerimi ümezledip durdum. Başymyň aýlanmasam wagty bilen galmady. Ahyram ol: «Bar indi git», özüňem tä garaň ýitýänçä yzyňa garama...» diýdi. Hemişelik hoşlaşýandygymyzy men şonda-da bilemokdym. Ony men soň bildim. Çünki, şondan soň ol gaýdyp gara bermedi, çagyrmadam, çakylygyma-da jogap bermedi. Edil guýa gaçana döndi. Gizläp nädeýin dogan jan, gynandym. Gaty gynandym. Telim günläp agladym. Ýönbe, barybir ýürekde dag galdy. Şol dag henizem kalbymyň bir ýerinde kebir baglap dur. Men ony heniz-henizlerem ýatlaýan, ýöne, hiç ýerde, hatda ýolda-yzda-da gabat gelemok. Daş gulakdan eşidişime görä, ol agzyny hapalanmyşyn, öýi bolsa barybir bozulanmyşyn. Men onuň öýüniň bozulandygyna ynanýan, çünki, munyň şeýle boljakdygyny ol maňa birwagtlar aýdypdy, ýöne, olar ýaly oglanyň agzyny hapalap biljekdigine welin ynanyp bilemok. Galanynam Hudaý bilsin, durmuşy çaýkanan, göwün-islegine ýetip bilmedik adam özüni islendik ýola urup biler. Şol ýagdaýda bir ýyl geçenden soň, ejemiň fabrikde bile işleşýän maňa öňden bäri göz gyzdyryp ýören jorasy gudaçylyga geldi. Ejem maňa onuň ogluny görmekligi maslahat berdi. «Ol-a seni görüpdir, «bolýa» diýipdir, senem gör-de, öz pikiriňi aýt», diýdi. Gördüm. Daş sypaty hiç neneň däl. Döwrebap geýnen, daýaw, eginlek, tegelegräk ak ýüzly, murtlyja görmegeý oglan. Gepi-sözi ýerinde Türkmençede bilýä, ýöne köplenç orsça gepleýä. Umuman, göwnüm ýetmän durmady. Üstesine ejemem: «Birine gaýky diýdiň, birine küýki diýdiň, ýigrimi dört ýaşadyň, ýa galan ömrüňem ataň öýünde müjerret geçiräýjekmi» diýip, girsem-çyksam gulagymy gazap ýörensoň razylyk berdim. Ýöne, bir ýa iki gezek şähere çykan bolaýmasak, toýdan öň tirkeşdik, gol tutuşdyk, suwjaryşdyk diýsem ýalançy. Bizi baglanyşdyran bir zat bardy, o-da meniň-ä iru-giç durmuşa çykaýmalydygym, onuňam iru-giç öýlenäýmelidi. Guda bolanlaryndan soň uzaklaşdyrman toý tutduk. Şeýdip men gyzlyk dünýäm bilen hemişelik hoşlaşdym. Nätanyş, maşgala durmuşynyň çetinden girdim. Ýüregedüşgünç, birsydyrgyn geçip duran içgysgynç günler başlandy. Birbada biri-birimize erbet görünmedigem bolsak, düýbünden aýry-aýry adamlardygymyza bile ýaşap ugran döwrümiziň ilkinji günlerinden başlap adamym ikimizem düşündik. Ol maňa turuwbaşdan üns bermedi. Iň bolmanda çagamyz bolýança-da yzyna tirkäp ne toýa, ne hudaýola, ne dogan-garyndaşlarynyňka, ne-de kafe, hiç ýana äkitmedi. Pylan ýere bile gidäýeli, diýip, özüm teklip etsemem etmedi. Hatda ejemlere-de bile gitmedi. Netijede biz ysnyşmadykda, gaýtam gün-günden daşlaşdyk. Sowaşdyk. Men welin ýaşlygymda hiç kimden görmedik mährimi şondan görjekdim, ýitiren söýgümiň öwezini doldurjakdym, söýjekdim, söýüljekdim, emma bolmady. Çünki, bir zat bolmajak bolsa bolmaýan ekeni, hiç zady el bilen düzedip bolmaýan ekeni, Allanyň eçilip bermedik zadyny diläp ýa zor bilen alyp bolmaýan ekeni. netije-de meniňem kejirlik duýgum oýandy-da: «Seň ýüzüň aňryk bolsa meň ýüzüm bärik», diýen netijä geldim. Ýöne, hyzmatyny etdim. Eşiklerini ýuwdum, ütükledim, wagtly-wagtynda naharyny-çaýyny berdim, yzyna adam tirkäp gelse gaşymy çytmadym. Soň maňa onuň biri bilen gezýändigini aýtdylar. Gykylyk ederin, goh galdyraryn öýtdüler. Öýümizde dawa bolaryna, ärim bilen tersleşerime garaşdylar. Men welin olara gulagam gabartmadym. Gepe gitmedim. Aýdylan söze ynanamaýandygym üçin däl-de, duşmany begendirmezlik üçin şeýtdim. Käbir ýaş zenanlar şular ýaly ýagdaý ýüze çykandda ärlerinden ar alýarlar. – Gezýälermi – diýip, men Jemalyň ýüzüne soragly seretdim. – Howwa – diýip, ol sowuk hem biperwaý seslendi. – Gezýäler. Ýöne, men ol ýoly saýlap almadym. Çünki, aýal erkek däl. Erkek adamyň näme gep gelse özüne gelýär. Ähli ýazyk öz boýnuna, ynsabyna düşýär. Ol ahlak taýdan bozuklyk etse başga bir bendäni namysa goýýar, emma maşgalasyna goh-galmagaldan başga getirýän zyýany ýok. Hatda öýüni bozaýanda-da düzgünden çykma hasap edilenok. Ol köne düzgünde-de, täze düzgünde-de bar zat. Aýal bilen welin bu mesele düýbünden başgaça. Ol aýagyny gyşyk bassa ýeke bir özüne, öýüne ýa adamsyna däl-de, eýsem, külli tohmuna-tijine, düýp babasyna hatda tutuş obasyna namys getirýär. Ýüzigara edýär. Şonuň üçinem, men ol ýoly saýlap almadym. Hossarlaryma şikaýatam etmedim. Siz meni şu güne saldyňyz, şony maňa tapyp beren siz, diýip, gyjalatam bermedim. Meniň kysmatakaýyllyga salanymy bilip adamym hasam beleň aldy. Dogry, urdy, sökdi, gorkuzdy diýip biljek däl, ýöne, öýe gelmesini azaltdy, käte hepdeläp gelmeýän wagtlaram boldy. Çünki, ol toýlarda saz çalýardy we köplenç gije işläp gündiz ýatýardy. Şonuň üçinem, öýe geläýende-de hepdeläp, aýlap görüşmeýän wagtlarymyz bolýardy. Men işden gelemde-hä ol öýde ýok, eýýäm gidipdir, ol gelende-de men uklap ýatyryn, irden turamda-da ol ýatyr. Naharyny ýahdana salyp, çaýynam termosa demläp gidýän. Bir zat diýjek bolsamam hata ýazyp stoluň üstünde goýýan. O-da şeýdýär. Ýöne, biz, elmydama ähli zatda diňe erkekleri günäkärläp öwrenişipdiris. Men welin, bu babatda başgaça pikir edýän. Belki, günä meniň özümdedir. Belki, men onuň göz öňüne getiren, höwes eden gyzynyň ornuny tutup, söýgüsini gazanyp bilen däldirin, göwnüni awlamak üçin ýeterlik göreşen däldirin, gyňyrlyk edip onuň bilen bir hörpen gopan däldirin. Belki-e ol yşga düşendir. Menden tapmadyk mährini başga birinden tapandyr. Bu durmuşda bolup biläýjek zat diýip, oýlanýardym. Şonuň üçinem, günde-günaşa gulagyma gelip duran gybat-gürrüňler üçin goh galdyrmasamam, günlerde bir gün adamymyň özi bilen egri oturyp dogry gepleşdim. «Sen maňa söýgi-hä bermediň, ýöne, öýümiň bir mazasyny alma juda uwnup-çydamaýan bolsaňam edýän zadyňy ile-güne bildirmän et, diýdim. «Ýalandyr, o gürrüňlere ynanama», diýdi. Ýöne, gulagyma gelýän gepler ynanamazlyga ýol goýanokdy. Hatda: «Häzir seň şonyň pylan ýerde pylany bilen ýatyr, ynanmasaň bar-da göräý», diýip, jaňam edýärdiler. Galyberse-de hakykat barybir bir gün ýüze çykýa. Temen haltada ýatanok. Iň ýaman ýeri bir gezek iş bilen goňşy welaýata iş saparyna giden wagtym ol şonsuny öýe-de getiripdir. Onam maňa gözi bilen gören goňşularym aýtdylar. Özem olar muny maňaduşmançylyk üçin däl-de türkmençilige sygmaýan zadyň öz goňşularynyň öýünde bolup geçýändigini ýokuş görýändikleri üçin aýtdylar. «Ýetişip gelýän çagalarymyz bar, gözleriniň ters görelde görmeklerini islämizok, ýaramaz zat bolsa ýokuşagan bolýa, onda-da şäher ýerinde», diýdiler. Ine, şol gezek welin men adamym bilen öňkimdenem has çürt-kesik gürleşdim. Meniň bilen ýaşaşyp bilmeýän bolsaň, başga birini göwnüň küýseýän bolsa gel, aýryşaly, biri-birimizi gynap ýörmäli gaty daşlaşmankak ýalňyşymyzy düzedeli, diýdim. Şol wagt Zübeýda göwrämdedi. Kada-kanundan çekindimi ýa hakykatdan-da aklyna aýlandymy, şondan soň ol az-kem köşeşdi. Wagtynda geldi, wagtynda gitdi. Çagasy bolansoň-a hasam öýdeçil boldy. Gep-gürrüň galyşdy. Şeýdip üç ýyla golaý asuda ýaşadyk. Şol aralykda Jeren janam dünýä indi. Öýüň keşigi, hojalyk aladalary, iş-güýç bilen öňki näsazlyklar unudylyberdem. Bar zat ugruna gidip barýan ýalam boldy, şol gidişine gidiberen bolsa ugruna bolardam, ýöne, ýaňky diýşim ýaly, bolmajak bolsa bolmaz ekeni, birdenkä adamymyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp başlady. Kem-kemdenem egbarlady. Düşege ýykyldy. Başyny ýassyga goýdy. Üsgürdi. Ilki-ilkiler men oňa adaty dümewdir ýa öýken sowuklamasydyr, öýtdüm, emm ol wagty bilen aýňalmady. Üsgülewügi bolsa gitdigiçe güýjerledi. «Koň-koň» edip sarsgyny has aňyrlardan gelip ugrady. Şol bolşy bilenem gijeden-gije işine gitjek bolýar. Asyl, ara-çola gidýärem. Sebäbi, gazançsyz ýatyşyna namys edýär. Ýöne, soňabaka halys tapdan düşdi. Hiç zada ýaramady. Öňki bile işlän sazanda, aýdymçy ýa-da çüýşedeş ýoldaşlary ilki-ilkiler gelip halyndan habar tutanam bolsalar soňabaka gelmelerini goýdular. Ol diňe şondan soň öz öýünden başga berk galanyň, öz aýalyndan, çagalaryndan başga hossarynyň ýokdugyna düşündi. Gije-gündiz gözüni petige dikip, içini hümledip ýatyşyna pikir etdi. Ölçerdi, dökdi. Oýlandy. Bir günem meni gapdalynda oturtdy-da: «Sen meni bagyşla, Jemal, men seni köp ynjytdym, göwnüňe degdim, emma meniň hakyky hossarym sen ekeniň...» diýdi. Ertir aýak üstüne galdygy birigün ýene-de öňki baran gapylaryna tarap ylgajakdygyna, «Düýn Ýurik öýlendi, öňňin Şurik doglan gününi belledi» diýen ýaly bahanalar bilen ýene-de hepdeläp aýlap öýüne köwlenmejekdigine,gazananja pulunyň barysyny çagalarynyň, halalynyň agzyndan kesip, gör kimlere harç etjekdigine gözüm ýetip duranam bolsa: «Bolýa, men senden gaty göremok, kine-de saklamok, esasy zat seniň basymrak aýak üstüne galyp gitmegiň», diýdim. Etmişini ýüzüne basmadym. Öý bejergileri netije bermänden soň mahal-mahal keselhana ýerleşdirip başladym. Soňabaka ony hasaba aldylar we hassahana girmeli wagty özleri çakylyk etdiler. Ýöne, daşyndan satyn almaly dermanlaram az däldi. Özem iňňäm gymmatdy. Bu meni aljyradýardy, dogan-garyndaşlar diýlenini bolsa özüňiz bilýäňiz, hemişe hersiniň öz aladasy özüne ýetik. Ine, hut şol döwürlerem meniň durmuşymda Erkin peýda boldy. Ýaş tapawudymyzyň uludygyna garamazdan, meniň ony turuwbaşdan sulhum aldy. Men onda, mähir gördüm. Ömürboýy gözläp ýören adamyma duşan ýaly boldum. Ol her bir sözüne agram salyp, oýlanyp gepleýärdi. Käbir ýeňles adamlaryňky ýaly kelç-külçi ýokdy. Aýtjak sözüniň saňa etjek täsirini öňünden kesgitlemekçi bolýan ýaly sözleşmezden öň esli wagtlap ýüzüme seredip oturýardy. Köp-köp sözleriniň manysyny men oýlanyp, pikirlenip bilmeli bolýardym. Syrly jümleleri kän aýdýardy. Aýlawly sözleriniň manysyna düşünibilmän kösenýän, ahyram alaç tapman özünden soraýan gezeklerimem az bolmaýardy. Ol maňa kyn günlerimde ruhy goldaw berdi. Ýagdaýynyň ýetdigine görä maddy kömeginem gaýgyrmady. Ýöne, şol döwür onuň öz ömrüniňem iň bir kyn pursatlaryna gabat geldi. Ol köplenç işsiz galýardy, pulsuz bolýardy, üstesine syrkawçylygam tapyndy-da, käte derman üçin pul tapman kösenýän wagtlaram bolýardy. Şonuň üçin menem onuň eline garap duramokdym. Ýöne, ruhy goldawyň adama maddy kömekdenem has zerurdygyna men şonda göz ýetirdim. Adamym hassahana düşen gezeklerem ol şol ýere ir diýmän, giç diýman meniň bilen deňine gatnady. Özem şol zatlary göwnüne garalyk getirmän, hiç zat hantama bolman, ak ýürekden etdi. Özüniň Güljemal atly bir ýagşy gyzy gidirendigini, oňa-da özüniň günäkärdigini öwran-öwran aýtdy. «Sen şonuň bilen edil bir almany iki bölen ýaly» diýdi. Gatnaşygymyz şeýle çynyrgar, söýgä öwrüler diýip, welin ýadyma-oýuma-da düşenokdy. Egerde adamym sag-aman aýak üstüne galyp giden bolsady, onda bar zadyň öňki-öňküligine galjakdygyna, gatnaşygymyzyň adamkärçilik duýgularynyň çäginden aňryk geçmejekdigine şek-şübhe ýokdy. Ýöne habaryňyz bardyr, ärim ýogalandan bir ýyl geçensoň ikimizem biri-birimize bolan gatnaşygymyza başgaça garap başladyk. Özem bu edil, bişen çybanyň ýarylyşy ýaly birden boldy. Şondan soň biz öz meýillerimizi biri-birimizden gizlejegem bolmadyk. Çünki, başy boş aýal bilen erkegiň arasyndaky yssy gatnaşyklar wagtyň geçmegi bilen barybir yssy-yssy ysnyşyklara öwrülýän ekeni. Şeýdibem biz duşuşyp başladyk. Ol barada men ejeme-de aýtym. Bu meniň öýümi bejerdip ýören döwürlerimdi. Ejem şonda öňi bilen: «Näçe ýaşynda», diýip sorady. Aýtdym. «Wah, kakaňdanam-a bir ýaş uly ekeni», diýip, aglady. Atamdan ulam bolsa bolýa şol maňa, diýdim. «Ýeri bolýa-da, öz göwnüňe jaý bolsa bolýa», iýdi. Soň ol ikisini tanyşdyrdym. Şol wagt ýaz aýlarydy. Tomus düşdem welin elbetde eline bir ýerden bäş manat düşendir-dä, Erkin ejem ikimizi gyzlarym bilen bilelikde Pöwrize jülgesindäki sanatoriýalaryň birine üç-dört günlik dynç almaga alyp gitdi. Başda ýaş tapawudymyzyň uludygyny ýokuş görenem bolsa, ejem Erkini halady. «Agras, gowy adam ekeni» diýdi. Ol ikisi gözlüje ýaşyt bolup çykdylar. «Öň iki itdik, indi üç it bolduk» diýşip, bir gün üýşüp çaý otyrkak gülüşdik. Muňa meniň gyzjagazlarymam gülüşdiler. Erkin ikimizem maşgala gurmak, nikalaşmak barada dil ýarmaýardyk, biri-birimiziň öňümizde hiç-hili borç goýmaýardyk. Çünki, ikimizem maşgala durmuşyndan ýadapdyk. Şol ýadawlykdan soň maňa-ha ärli bolmak, oňa-da aýally bolmak juda ýokuş degýärdi. Biz biri-birimiziden nika ýa möhürli kagyz däl-de, yssy mähir isleýärdik, ömrümiziň söýgüsiz geçen çaglaryny, kalbymyzyň haňlap ýatan boş bölegini süýji muhabbetler bilen doldurasymyz gelýärdi. Başda hut şeýle hem boldy. Ikimizem şol arzuwlarymyza ýetendiris öýtdük. Hakykatdan-da söýgüniň lezzetini duýduk. Nirelerdedir bir ýerde onuň ezýetem ýatandyr öýtmedik. O zatlaram elbetde siz Erkinden eşidensiňiz, ýöne, biz o wagtlar o zatlaryň diňe bir tarapyny görýän ekenik. Erkiniň gabanjaňlyk keseline uçramagy bilen biz onuň has howply, gorkunç taraplarynyňam bardygyna göz ýetirdik. Ana, şondan soň bar zat çepbesine çöwrüldi. Lezzetli sagatlar ezýete, söýgi bolsa jebre, jepa öwrüldi. Munuň şeýle bolmagyna bolsa men özüm günäkär. Dowamy bar >> | |
|
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Dirilik suwy -25: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Söz bilen işiň arasynda dag ýatyr - 05.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -11: romanyñ dowamy - 04.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Duman daganda: Peýdasyz perişde kime derkar!? - 10.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |