19:23 Söýgüde serhet ýok -12/ romanyñ dowamy | |
3.
Romanlar
– Şol iki wakadan soň ol barybir aýňalyp bilmedi. – diýip, Jemal az salymlyk ara düşen dymyşlykdan soň sözüni dowam etdirdi. – Meniň her bir ädimimi yzarlady ýördi. Iňňän uzaga çeken hupbatly ýyllar başlandy. Söýgüniň humaryna gark bolan lezzetli günler gutardy. Men özümiň iňňän uly hata goýberendigime, Erkinem, özümem öz elim bilen çoçgara çolaşdyrandygyma düşündim. «Men indi diňe Erkiniň akyl-paýhasyna bil baglap biljekdim. Ýöne, bar zat tersine boldy. Ol aklyndan asgyn çykdy, «was-wasa» ulaşdy. Däliredi. Bäş minut ýerimde tapylmasam, meni gözläp, hars urup başladym... Şol wagtam hyzmatkär gyz geldi. Boşan gap-gaçlary, galan-gaçanlary ýygnaşdyrdy. Ýene näme isleýändigimizi sorady. Men: özüň aýdaý, diýen manyda Jemala yşarat etdim. Ol aşak bakyp oturşyna gyza tarap nazarynam aýlaman: – Ilki, kofe, soňam doňdurma getiräýiň – diýdi. Men kofe içemokdym. Şonuň üçinem, hyzmatkär gyzdan berkje demlenen gök çaý getirip bermegini haýyş etdim. Onuň giderine mähetdel Jemal: – Howwa, şeýdip ol durmuşdan ýadady. Özem men zerarly ýadady – diýdi.– Şolar ýaly pähimli, paýhasly adamy yşk bozdy. Aşyklyk onuň ömrüni zaýalady. Häsiýetini üýtgetdi. – Jemal ýene-de bir nokada bakyp ep-esli dymdy. – Şondan soň köp wagt geçmänkä meni öz edaramyň üsti bilen iki aýlyk Moskwa okuwa iberdiler. Entek öňki urgudanam doly açylyp ýetişmedik Erkin muňa erbet gynandy. Ýöne, bu gezek maňa ynanmazçylyk edýändigi üçin däl-de, iki aýyň aýraçylygyna döz gelmekligiň kyn boljakdygy üçin, gidýändigimi aýdanymdan dik duran ýerinden aşak çökdi-de, içini tutdy oturyberdi. Çünki, ol meni örän gowy görýärdi. Esasy betbagtçylygam şondady. Şol iki aýy aýralykda geçirmek meniň üçinem kyn boldy. Erkinsiz ýaşap bilmejekdigime menem şonda ymykly göz ýetirdim. Elbetde, Moskwa şagalaňly, owadan, köp adamly uly şäher. Üstesine biz her dynç alyş günleri Moskwadan çykyp Tula, Rýazan, Wladimirsk ýaly gadymy şäherlere syýahata gidýärdik. Bir gezeg-ä hatda trustlere goşulyp Peterburga hem gitdik. Emma o zatlar meniň gözüme-de görünmedi. Göz öňümde hemişe Erkiniň aladaly, ýadaw keşbi gaýmalaklady durdy. Hamala ol gapdalymdan syn edip duran ýaly, birdenkä gapdalymdan «zompa» çykaga-da: «Näme işläp durduň muň bilen», diýäýjek ýaly, bir adam bilen bäş minutdan artyk gepleşip durup bilmedim. Sähelçe aýralyk ara düşenden Erkini beýle küýsärin diýip dagy ýadyma-oýuma-da düşenokdy. Ahyram saklanybilmän Aşgabada öýüne jaň etdim. Ýadyma düşýä, günortan çaglarydy, çak edişime görä Erkin şol wagt öýde bolmalydy. Çünki, o döwrem onuň işsiz oturan wagtlarydy. Diýşim ýalam boldy. Trubkany özi aldy. Ýöne, sesi diýseň solgun çykdy. Sebäbi, aýaly öýde ekeni. ol muny maňa aýlawly sözler bilen düşündirdi. Özüm gepledim, özüm goýdum. Ýöne, şondan soň az-kem köşeşdim. Ýüregim ýerine gelen ýaly boldy. Aşgabada gaýdyp gelenimde ol meni uçargähde garşylady. Iliň gözüniň öňünde gujaklaşyp görüşäýmekden zordan saklandyk. Şähere gelýärkäk maşynyň içinde men oňa aýlanan şäherlerimdäki Peterburgdaky we Moskwanyň özündäki düşen suratlarymy görkezdim. Gören zatlarymy gürrüň berdim. Ertesi hylwat jaýymyzda duşuşmagy wadalaşybam hoşlaşdyk. Men öz öýümiň deňinde düşüp galdym. Gatnaşygymyz gün-günden gowulaşyp, deňiz, ak maşyn zerarly ara düşen doňaklyk kem-kemden eräp ugrady. Ikimizem ýene-de başkymyz ýaly ýalykda duşumyzdan geçip, indem ömrümiziň ikinji bahary hökmünde gaýdyp gelen söýgümiziň hözürini görýärdik. Lezzet alýardyk. Men mümkin boldugyça onuň gaharyny getirmejek bolýardym, gabanjaňlyk duýgularyny oýaryp bilaýjek hereketleri etmejek bolýardym. Şeýle-de bolsa, meniň ýalňyşym zerarly, ýene bir gezek aramyza sekiz aýyň aýraçylygy düşdi. Erkin meni adamym ýogalandan soň, tä ýyly geçýänçä aýadyny-töwürini sowup beren garyndaşyndan gabandy. – Habarym bar, o zatlardanam habarym bar, – diýip, men Jemalyň sözüni bölmezlik üçin iňňän seresap gürledim. – Ýöne men bir tarapyny bilýän, siz tarapyny eşitmek bolsa meniň üçin has möhüm hem gyzykly. – Men ol adamy öň bir gezegem görmändim. Ol meniň durmuşymda adamym ýogalandan soň peýda boldy. Özüni onuň garyndaşlarynyň biri diýip tanatdy. Şonuň üçinem, men ony turuwbaşdan maşgalamyzyň hossary hökmünde kabul etdim. Dogrusyny aýtsam nirede oturtjagymy bilemokdym. Edýän hyzmatlary üçin berýän aklyklarymdan, düwünçeklerimden kes-kelläm boýun gaçyrýandygy üçin men onuň hakyky hossardygyna ynanýardym. Ol her gezek: «Ýok, ýok, men sizden zat almaly däl, gaýtam bermelikömek etmeli», diýýärdi. «Jigijiklerim...» diýip, gelende-gidende gyzjagazlarymyň başyny sypalaýardy. Ýaňajyklaryndan ogşaýardy, odur-budur zatjagazlar äberýärdi. «Menem sizden az iýemok şu öýden», diýip, käte bäş-üç kilo kartoşkajyk, sogan, pomidor ýaly önümlerem getiräýýärdi. Dogry, getirýän zatlarynyň hili pes, bazardaky iň arzan harytlar, şeýlede bolsa nätjek biziň üçin, şolam uly kömekdi. Büý-ä bir tüýs, köne düzgüni, inüw-çykuwy ýagşy bilýän hakyky türkmen ekeni-ow, diýip, öz ýanymdan oňa köp-köp minnetdar bolýardym. Dogry, käte ol ýanymda oturyp aýalyny ýamanlaýardy. «bir amatlyja maşgala tapsam şonymy täzelejek» diýýärdi. Men bolsa şonda-da göwnüme zat getirmän: Aý, şu çaka çenli oňuşan bolsaňyz oňuşyberseňizläň, diýip, oňa göwünlik berýärdim. Adamymyň ýyly geçenden soň, ol ymykly gider, hossarsyz galaryn, diýip, dogrusy soňabaka darygyp ugradym, emma ol gitmedi. Öümiň odur-budur hyzmatyny edip geziberdi. Özüniň welin elinden gelmeýän zat ýok. Ökde ussa. Demir bolsun, agaç ýa aýna bolsun, tapawudy ýok, daş edýä. Öýçülikde-de näme, erkege bagly iş gytmy. Bir gün suw kranyň döwülýä, bir gün turbaň deşilýä, ýene bir gün gapyň ýarsýa, aýnaň çat açýa, penjiräň petlesi süýşýä, iň bärkisi lampaňy, rozetkalaryňy çalyşmaly bolýa, garaz, hysyrdysy ýetik. Şol zatlar üçinem men öňi-soňy kimem bolsa birine ýüz tutmaly. Erkin-ä öýe getiribilemok, getiräýenimde-de o zatlardan baş çykaryşy meňkiden öwerlikli däl. «Hossar» bolsa baýaminnet eip ýör. Juda iş bolmasa bir ýerlerden tapyp getiren uzyn saply bozagan sübsesi bilen men işe giden wagtym howlyny süpürýä welin boş oturanok. Yzyndanam gowy suwlaýa. Haýyş eden wagtym gyzlarymam okuwa äkidip getirýä. Ine, adamymyň sakydy sowulandan soňam onuň şeýdip ýörşi Erkine ýaramady. «Edil eýäň ýaly howluňa arkaýyn girip çykyp ýör. Bu gowy däl. Hernäçe garyndaşsyrasa-da niýeti düzüw däl, hälem bolsa wagt bar, egleme-de kow», diýdi. Men muny gaty gördüm. Sen meniň bähbidime çapaňok, bileniň biteniň gabanjaňlyk» diýip, öýkeledim. Şol ikiarada-da karz-kowal edip gapymda gazly suw budkajygyny açdym. Satyjy gözledim. Ýene-de dadyma molla garyndaşymyz ýetişdi. «Satyjy tutsaň puluň bibereket bolar, men özüm ýörederin, näme düşse-de, gylyny gyşartman eliňe bererin, maňa hiç zat gerek-gä, saňa kömegim degse bolýa şol», diýdi. Men muňa öňkümdenem beter begendim. Şondan soň her gün işe gidenimde öýüň açarynam oňa goýup gitdim. Sebäbi günuzyn şol ýerde bolansoň arasynda namaz okamaly, täret etmeli, iýmeli içmeli bolýardy. Men oňa günortan iýeri ýaly nahar edip, sowutgyja salyp gidýärdim. O zatlary bilensoň-a jan dogan, Erkin halys gyzyl däli boldy. «Hä-ä, açaryňam berdiň dälmi, öýüňe-de goýberdiň dälmi, goşuňyzam birikdirdiňiz dälmi, indi ikiňizem allanäme bir gapydan girip çykýaňyz dälmi, diýen ýaly henize çenli aýtmadyk sözleri bilen halys gulak etimi guratdy. Men ýene-de oňa gulak asmadym. Pitiwa bermedim. Sebäbi, şol adamyň hossarçylygy bilen meniň ýeke bir öý işlerim däl, eýsem telekeçilik işimem ýöräp durdy. Bir günem men işde wagtym Erkin öýe gelipdir-de, eýlesinden bir baryp, beýlesinden bir baryp ony gepledipdir. O-da: «Men Jemala ony äberdim, muny äberdim», diýen ýaly ýalan – ýaşryk gepler bilen munuň ýüregini çişiripdir. Bu-da onuň aýdan zatlarynyň ählisini bir kagyza ýazypdyr-da, sanaw düzüpdir. Şeýdibem şol günüň özünde günortanyň öň ýany jaň etdi, «çyk, seň bilen gürrüň bar», diýdi. Çykdym. Haty berdi. Şol aralykda: «Ýeke bu-da däl, ol seň bilen nikalaşmak barada hem gürrüň gozgaýarmyşyn, sen bolsaň: O zatlara entek howlukmaly diýýärmişiň» diýen sesem gulagyma geldi. Ozaldanam-a ýarylaýasym gelip durdy welin, ony eşidib-ä hasam erbet boldum. Erkin şol wagt meniň gözüme gabanjaňlyk zerarly mettebesini ýitirip özüni halys aýak astyna taşlan, nalajedeýin, gowşak biçäre adam bolup göründi. Şeýle-de bolsa, bolup durşy menden ymykly elini üzene meňzeýärdi. Ýöne, men oňa barybir hiç hii düşündiriş bermedim. Özümi aklajagam bolmadym. Içi ýananyň ýylgyryşyny edip durşuma hatly kagyzyny eline gaýtaryp berdim-de, öwrüldim ötägitdim. Birki agyz ajy söz aýdan bolaýmagymam ahmal. Erkini unutmak maňa başda juda kyn düşdi. Ýatsam-tursam göz öňümden aýrylmady. Girsem-cyksam gapdalymda bar ýaly boldy durdy. Hatda köçede barýarkam, göwnüme ýoluň o tarapynda maňa gözüni dikip duran ýalydy. Gijeler gyzjagazlarym ýatandan soň ýeke özüm oturyp aglaýardym. Sahabyna goluny çekip, ýadygärlik ýazgy ýazyp beren goşgular kitabyny çykarýardym-da, gyýa garap oturan, ösgün saçly suratyna seredip: «Özüňden gör, Erkin, öz «was-waslygyňdan gör, men nädeýin, halys uwnup-çydar ýaly etmediň-ä, gara günüm, bähbidim üçin edýän hereketlerimem ýaramazçylyga ýorduň-a...» diýerdim. Şonda, kitabyň sahypalary meniň göz ýaşlaryma ezilerdi. Men bolsam ýene-de onuň suratyna bakyp: «Eýsemde bolsa biz indi hiç haçan görüşmerismi? Duşuşmarysmy?» – diýip, sorardym. Ýene-de öňküleri ýaly jaň etmegini, ýaraşmak üçin ir ertir, giç agşam gapymyň agzynda, penjirämiň öňünde köwejeklemegini, ýalbar-ýakar etmegini isleýärdim. Hudaý meniň dilegimi kabul etdi. Arasyna on-on bäş gün salyp, Erkin, iki gezek, bir gezeg-ä öýden çykyp işe barýarkam, bir gezegem işden çykyp öýe gelýärkäm öňümden çykdy. Onuň ýüzi-gözi argyn, ýadaw görünýärdi. Ejir çekýändigi bildirýärdi. Ony ömürlik ýitiräýmändigime begenenem bolsam, gyňyrlygymyň ugruna gidip ýüz bermedim. Gaýtam ýüzüni aldym. Öýe baranymdan soň welin, eden işime ökündim. Gynandym. Doňýüreklik edip Erkiniň ýüküne ýük urandygym üçin puşman etdim. «Gelmen» diýip gitse-de, honha, gelipdir-ä, durup bilmändir-ä, sen bolsaň onuň salamynam almadyň, gedemligiň ugruna gidip öz göwün küýsegiňden ýüz öwürdiň, diýip, öz-özüme käýindim. Şeýle-de bolsa öz ýanymdan günäniň ondadygyny terkarlaýanymy kem görmedim. O-da soň ondan artyk gadryny gaçyrjak bolup durmady. Gelmesini kesdi. Şeýdibem, sekiz aýa çeken aýralygyň jebirli günleri başlandy. Ýöne, Erkiniň çakynyň çyn ekendigine men şondan soň aý ýarym hem geçmänkä göz ýetirdim. Görüp otursam ol bende Erkine aýdan sözlerini ýanyna gelene aýdyp ýören bolsa nätjek! Bu zatlar maňa kem-kemden aýan boldy. Şeýle-de bolsa men belli bir karara gelmäge howlukmadym. Takyk anygyna ýetmän, şonça wagtlap hyzmatyňy edip ýören adamy ur-tut kowup goýberäýmegem birhili. Oňa-da delil gerek. Tutaryk gerek. Ol eý diýdi, bu beý diýdi bilen etseňem onda meňkem Erkiniňki ýaly howaýy bir zat boljak. Ýöne delil üçin uzak garaşmaly bolmady. Tutarygam tapyldy. «Her zadyň öz wagty bar» diýlişi ýaly şondan soň uzaklaşdyrman, mollanyň özünden-özi syryny açdy oturyberdi. Perdesini syrdy. ...Şol gün anna günüdi. Öýlänaralar molla dükanda işläp otyrka ejem görme-görşe geldi-de, agşamlyk yzyna gidende gyzjagazlarymam ýany bilen ýatymlyk alyp gitdi. Muny molla-da gördi. Şol pursat birhili içiniň gülendigini men onuň gözleriniň ýyltyldysyndan aňdym. Inimem bir zat syzan ýaly boldy. Hä, indi gitmez-ow şü, gitmeli wagtynda, diýip, elewräp ugradym. Edil pikir edişim ýalam boldy. Budkany ýapandan soňam gitmedi. Eýwandaky agaç sekiniň üstüne çykdy-da: «Öli aýatdan doýmazmyş, gel, Jemal senem otur şu ýerde ylaýyk juma gijesi bendä degsin edeli diýip, şo-ol, süre yzyna süre, aýat yzyna aýat okady oturdy. Ellerimi serip dik oturmakdan ýaňa biloňurgam ýazara geldi. Onuň bolsa öwrenenje käri, göwni bir ýaly. Hä diýmänem ýassy namazynyň wagty geldi. «Öýe barýançam wagty geçer, şu ýerde okaýaýyn-la» diýip, onam okady. Gitmäge welin hyýalam edenok. Eýesiz maşgalanyň öýünde, gijäniň bir wagtyna çenli somalyp oturmaga özem ejap edäýmeli ýaly welin, piňine-de däl. Şol wagtam Erkiniň baýaky: «Ussany gijäniň bir wagtyna çenli öýüňde saklapsyň» – diýip, meniň bilen käýinişeni ýadyma düşýä. Hä, dogry aýdan ekeni-ow, daşyndan seretseň gelşiksiz ekeni-ow, diýip, onuň bilen şunça wagtdan soň ylalaşýan. Ugradara bahana gözleýän. Ahyram: ejeme jaň etsem-ä bir zat bolaýdymyka ddiýip gorkar, diýdim-de, iki çagaly özüm bilen dertdeş, deň-duş adamsy bilen aýrylyşyp ýeke ýaşap ýören Senem atly joram bardy, ine, şoňa jaň etdim. Çagalaryňam al-da, ýatymlyk gel, özüňem çalt gel, eglenme, diýdim. Ukudan oýaran bor-a çemelim, «A gyz aklyň bir ýerindemi eýýäm gije sagat on ikiniň ýary boldy, çagalaram ýatyr» diýdi. Senemiň sesi garjaşyk, gorkuly çykdy. Sagat ýüz bolanam bolsa gel, gep gutardy, çagalaryňam turuz, özüňem şu wagt zat sorama, sebäbini gelensoň aýdaryn, diýdim. Ýarym sagat geçip-geçmänkä ýetip geldi, henizem ukudan doly açylmadyk çagalarynyň elinden tutup. Üçüsem aýak aldyklaryna pallaýarlar. Ýüzleri ýelli, gabaklary pökgerişip, kirpikleri biri-birine çolaşyp dur. Senem aşhanada aşak bakyp, içini hümledip oturan mollany görüp: «Munuň näme gyz» diýýän manyda gözlerini tegeläp ýüzüme seretdi. Men sesimi çykarman ony çagalary bilen törki jaýa geçirdim. Öňlerinde çaý, süýji, köke goýdum. Usuljyk bilen Seneme näme üçin çagyrandygymyň sebäbini aýtdym. Ol: «Entek diýen zady, eden hereketi ýok dälmi» – diýdi. «Ýok, enteg-ä bolan zat ýok, ýöne, gorkym bar, hemişe budkany ýapdygy gidýädi, bu günki bolup oturşy welin göwnüme jaý däl, Erkiniň aýdanlary dogry bolup çykjak öýdýän, asyl şu gün ýüzi-gözem öňküsi ýaly däl» – diýdim. «Biderek howsala düşýänsiň-le, jan jora, öz-ä molla adam, üstesine-de äriň garyndaşy bolsa... Aý, ýok, belki ýarawsyzlyk dagy tapynandyr-da...» diýip, Senem göwünlik berdi. Ýöne, onsuzam ol geleli bäri biraz arkaýynlaşypdym. Gider, gitmese-de ýeke däldigim üçin batyrnyb-a bilmez, galanynam görübermeli bor-da, diýen netijä gelipdim. Ol welin, şonda-da gozgananok. Bir görsem Senemiň çagalar-a oturan ýerlerinde sermagallakdan gaýdypdyrlar-da, ellerini serşip, agyzlaryny açyşyp ýatyrlar, özüniňem gözleri süzülip ýere siňip barýar. Men olara düşek salyp berdim. Ýatyrdym. Özümem ýüregimi bire bagladym-da, aşhana baryp: «Molla aga gaýdyň, giçden soň beýdip oturmaň, bizem ýatmakçy, egerde ýaramaýan bolsaňyz, şu ýerde düşek ýazyp beräýeýin» – diýdim. Ol başyny galdyryp maňa seretdi. Ýylgyrjak bolan bolsa gerek, galyň dodaklary müňküldedi, ýöne, çyzylmady. Hemişeki, sähelçe bahana bolsa syrtarylyp çykýan sargylt dişleri bu gezek görünmedi. Birdenem ol ellerini ýere diräp ýerinden turdy-da, leňňerli ädimler bilen maňa tarap ýöneldi. Golaýlady. Gelşi ýalam owsun atdy-da, garsa gujaklady. Ilk-ä gollaryny gollarymyň aşagyndan geçirjek boldy, o başa barmansoň boýnumdan dolap aldy, ogşajak boldy. Şol wagtam burnuma ýap-ýaňyja soýlan goýnuň içegeleriniňmi, kelle-aýagyňmy ýa çig deriniňmi ýürekbulanjy agyr ysy urdy. Şol ys onda hemişe-de bardy, gapdalymdan eýläk-beýläk geçende aňrym bärime gelýärdi, «Şol porsy ysy bilen şony nädip öýüňde saklaýaň» diýip, ejemem häli-şindi käýeýärdi, ýöne, bulr ýaly ýakynlaşyp görmämsoň nägerek-eýle çydajak bolýardym. Şol gezek welin bar aladam onuň özündenem beter ysyndan dynmak boldy. Men «pü-üwf...» etdirip bir elimiň aýasy bilen burnumy tutdum-da, beýleki elim bilen onuň döşünden itdim, ýüzünden penjeledim, garaz, golaýyma goýbermedim. Şol aralykda-da: Şumy seň maňa hossarçylyk edişiň? Niýetiň-päliň şumydy asyl seniň – diýmäge ýetişdim. Goňşy-golamlaryň ýanynda eden gürrüňlerinem ýüzüne basdym. Haýalçyramakdan geçen gaýtam ol ýüzüni erbet bir eňşetdi-de: «Jögüsireme! Sen näme şu çaka çenli bileňokmydyň meň nämüçin şeýdip ýörenimi? Biz eýýäm bir ýyl bäri bir öýden bile girip-çykyp ýörüs. Ony uly ilem bilýä. «Bize indi diňe nikalaşaýmak galdy» – diýdi. Şondan soň meniňem ýüzüm ýyrtyldy: «Bäş wagtyna namaz okap ýörsüň, özüňi bize hossar, ärime garyndaş saýyp ýörsüň, bir ýyl bäri duzumy iýip ýörsüň. Ilden-günden utanaňokmy? Hudaýdan gorkaňokmy, nikalaşar ýaly näme bolupdyr ikimiziň aramyzda – diýip, sesime bät berdim. Ol mendenem beter gygyrdy. «ýok! Çekinemok! Utanamok! Ilden utanýan bolsam bir ýyllap gapyňda gul bolmazdym. Hudaýdan gorkýan bolsam sen zerarly çagalarymdan jyda düşmezdim. Gazananjamyň gylla ýaryny seň içeriňe siňdirmezdim». Şeý diýdem welin ganym depäme urdy: «Näme siňdirdiň sen meň içerime? Näme getirip berdiň sen maňa? Äberdim diýip iliň ýanynda sanan zatlaryň-ňa barysy meň öz satyn alanlarym. Ýöne, şu öýe aýak seken günüňden bäri ýekeje sogruntgy getirenem bolsaň hasapla-da aýt, baryny tölejek. Okan aýat-gurhanlaňňam goş şo zatlaryň üstüne. Karz diýip berenleriň-ä ertiriň özünde gaýtaryp bererin... Suw satanyňa näme düşýän bolsa onam hasapla. Beýle bet niýetiň bardygyny bilen bolsam başda goýbermezdim men seni gapymdan. Aç ölsemem iýmezdim men seň bir döwüm nanyňy. Çagalaryma-da iýdirmezdim. «Hossar men, hossar men», diýen bolup asyl seň hossarlygyň aňyrsynda munça-munça bet niýetler ýatan ekeni-ow» diýdim. Soňam holodilnigiň üstünde ýatan keltejik, ýogyn oklawymy aldym-da, gara gürji ýaly garşymda «jöw-jöw» edip duran mollanyň depesinde dalawladyp başladym, «Ýok bol! Namart! Nalajedeýin! Ýüregi ýüzünden, ýüzi ýüreginden beter gara päliýaman! Umytly ojagymyň içinde oturyp seň üçin eden dogaýy dileglerim gözüňi tutsun! Törüme geçip okan namazlaryň syh-syh bolup böwrüňden çyksyn» - diýdim. Oňa çenlem: «A gyz, näme bold-a» – diýip, Senemem içki jaýdan tasap çykdy. Oňa gözi düşenden molla ajy ýylgyrdy. Şonda onuň gözünde ölügsi uçgun, sowuklaç ýalyn göründi. Ol dodagyny dişläp başyny ýaýkady-da, gapa tarap ýöneldi. Geýmäge-de howlugyp köwşüni eline aldy. Daş çykdy. Howlynyň derwezesinden çykansoň oturyp geýdi. Ýerinden turup üsti-başyny kakyşdyrdy. Ugrady. Garaňka siňip barýarka yzyna garap bir zatlar diýdi, ňöne, näme diýenini aňşyrmadym. Şol gijäni Senem ikimizem çirim etmän geçirdik. Ýekelikden, başyboşlukdan, keç ykbalymyzdan naladyk. Nädip nalamaly jan dogan! Başyň boş bolsa öňýeten saňa bişen aş, miwe, aw hökmünde garaýar. Her kim senden datjak, doýjak, awlajak, Erkiniň aýdyşy ýaly parçalajak. Iň bolmanda aýal üstüne aljak, oýnaş edinjek, islän wagty dostlary bilen öýüňe gelip, iýip-içip, mes bolup agynap ýatjak, keýp çekjek garaz, Erkiniňki ýaly ýürekden söýen adamyňy tapaýmak kyn. Olar ýalynyňam gadryny diňe ýitirenimizden soň bilip galýas. Ah urup arman çekýäs, ýöne, giç bolýar. Umuman, men Erkine gulak salman, köp ýalňyşdym. Käbir adamlara tanap-tanamankam ýüz berdim, ynandym, golaýyma goýberdim, niýetini aňanymdan soňam sag-aman sypjak bolup görgi ýamanyny gördüm. Deňizde, «Başlyk» bilenem, sürüji – söwdagär ýigit bilenem, molla bilenem şeýle boldy. Şol günüň ertesi ejem geldi. Gyzlarymam getirdi. «Hany bi, suwçyň görnenok-la» – diýdi. Men ony kowandygymy aýtdym. Ýöne, sebäbini aýtmadym. «Aý, hasabym dogry çykanok şoň üçinem bir bahana tapdym-da sypaýyçylyk bilen ugradaýdym», diýdim. «Gowy edipsiň, gyzym, indi bir muňa gyz ýa aýal maşgala tapaly, gapyňda del erkek görünmese gowy» – diýdi. Bu sözi mundan iki gün öň aýdan bolsa Erkinden gaty görşüm ýaly men ejemdenem gaty görerdim, asyl şu meselede onuň bilen öňem telim gezek dagy tersleşipdim. Sebäbi, edil Erkin ýaly şol mollany ejemem biziň gapymyzda peýda bolan gününden bäri halanokdy. Ýöne, şol gezek welin ondan gaty görmedim, sebäbi, onuňky dogrudy. Howwa, Erkiniň meni goraglap aýdan zatlary bu gezegem dogry bolup çykdy. Ýöne, bu barada men oňa jaň edip aýdyp bilmedim. Gelinlik buýsanjym ýol bermedi. Ýöne barybir ony küýseýärdim. Ýaraşmak üçin gelen gezeklerinde ýüz bermändigim üçin özümi günäkärleýärdim. Çünki, puly, baýlygy bolmasa-da, maňa onuň söýgüsi, «däliligi» gerekdi. Eli ýuka bolsa-da, Erkiniň ýüregi söýgä baýdy. Yşky bimöçberdi. Ol nähili hereket etse-de, meni gowy görýändigi üçin edýärdi. Söýgüniň ornuny hiç bir zadyň tutup bilmejekdigine, onuň ýok ýerinde adamyň birek-birekden juda basym ýadajakdygyna men şonda ýene bir gezek göz ýetirdim. «Düýe azaşmasa semremez», diýlişi ýaly, adamyň şol zatlara düşünmegi üçin, şolar ýaly aýralyklar belki hökmany şert bolup durýandyr? Ine, şu zatlary serimde aýlabam aý ýarym dagy gezdim. Ahyram çydam käsäm doldy-da, Erkine jaň etdim. Dogry, ýüz bermez, gepleşmez diýen gorkymam ýok däldi, şeýle-de bolsa bagtymy synap görmelidim. Iň bolman-da ýalňyşandygymy boýnuma alyp, ötünç soramalydym. Her niçik hem bolsa Erkin gaýra gaýyşmady. Gaýtam begendi. Mollaly meseläniň öz çak edişine görä bolup çykandygyny, meniň ötünç soraýandygymy eşidib-ä hasam açylyşdy. – Egerde, şol aýralyk döwri göwnüňizden turaýjak biri maňlaýyňyzdan çykan bolsa, maddy taýdanam doly üpjün etmeklige söz beren bolsa, siz Erkinden ömürlik gidermidiňiz? – Şeýle bir wariantyň bolup bilaýmegi mümkindi, eger-de Erkiniň ömürlik gidendigine göz ýetiren bolsam. Emma, hernäçe özüne zor salsa-da, ol entek menden gutarnykly el çekmändi. Muny onuň ýaraşmak üçin ýanyma telim gezek gelip gidendigem subut edýä. Üstesine meniň özümem ondan doly el çekmändim. Asla el çekmändim. Çünki, beýle ýagdaý bizde öňem az bolmandy. Şolar geçdi, bu-da geçer, diýip garaşýardym. Ýöne näçe garaşmaly boljakdygyny welin bilmeýärdim. Onsoňam birine garaçynyň bilen beren ýüregiňi yzyna alyp başga birine berip bolmaýan ekeni, Nepes. Seni diňe bir adam söýüp bilýän ekeni. Senem diňe bir adamy söýüp bilýän ekeniň. Ýüregi ikä bölüp ýa haýsydyr bir başga ýürek bilen çalşybam bolmaýan ekeni. Kimde-kim mundanam gowy birine sataşaryn, diýip, söýgülisini taşlasa ýalňyşar. Egerde şeýdip bolýan bolsa, onda ol söýgi däldir. Şuňa meniň aklym ýetdi. Ýene bir akyl ýetiren zadym-söýgüde bähbit aramak, baýlyga ymtylmak, tamakinçilik atmek bolmaýar. Şol zatlaryň başlanýan ýerinde söýgi gutarýar. Baýlyk – bu ruhy baýlyk. Söýmek we söýülmek. Erkinem ruhy taýdan baý, aňy-düşünjesi zyýada adam. Ol biziň bu görýän adamlarymyza meňzänok. Onuň kalby hyjuwdan doly. Ony telim ýyllap ret etdiler, iş bermediler, eserlerini çykarmadylar, emma ol ruhdan düşmedi. Ýykylsa ýene galdy. Turup ýene ylgady. Öýkeniniň demi ýetmese bagry bilen süýşdi. Elliden geçip altmyşa ser urandygyna garamazdan meni juwanlyk söýgüsi bilen söýdi. Onda-da kirsiz-kimirsiz söýdi. Mendenem şony talap etdi. Men indi ony bu dünýede-hä däl, o dünýede hem unudyp bilmerin. Hiç kime çalyşmaryn. Heniz-henizlerem her gezek telefon «jyňňyrdasa» şolmuka, diýip, böküp ýerimden turýan. Şonuň sesine garaşýan. «Ýaňy jaň etdim welin ýok ekeniň, nirä gitdiň...» diýip, gyssaberjek ýaly sandyraklap ugraýan. – Jemal azajyk arkan gaýyşdy, dodaklaryny süpürdi. – Howwa dogan, şeýdip ýene-de ýaraşdyk. Bir ýyla golaý aramyzda söýgüden, mähir-muhabetden gaýry hiç hili gep-gürrüň bolmady. Günler, aýlar edil ýag bilen ýüpek deý biri-birine çyrmaşyp, geçip barýardylar. Oňa bolan söýgümiň gün-günden güýçlenýändigini üçin göwnümemi ýa hakykatdanam şeýlemi, Erkin birhili ýigdelýän ýalydy. Gyzjagazlarymam indi oňa gowy öwrenişipdiler. Ony edil öz ýakyn adamlary kimin sylaýardylar, bäş-üç gün gara bermese ýa jaň etmese bizok bolýardylar. «Ýa ýene-de tersleşdiňizmi» – diýip, çekinjeňlik bilen soraýardylar. Bir gezek biz täze ýyl baýramçylygy gijesi çagalaram alyp, şäheriň merkezi meýdançasyna «salýut» görmäge gitdik. – Jemal gözlerini tegeläp ýüzüme seretdi. – Ýogsa-da siz şolar ýaly salýudy golaýyndan synlap görüpmidiňiz? – Ýok, göremok, ýöne, telewizorda görýän. – Telewizorda düýbünden başgaça. Baryp görseň welin... – Jemal bir zada begenen çaga ýaly elini çarpdy. – Eý, Huda-aý... Özüňi edil, jadyly dünýä düşen ýaly duýýarsyň. Yşyk bilen garaňky asmanyň ýüzünde şonça nagyş, şonça şekil çekip bolar diýseler ynanar ýaly däl. Özem her dürli öwüşginli. Bütin şäheriň baýramçylyk dabarasyny, şowhunyny artdyrýar, görküne görk goşýar. – Jemal birdenkä çynlakaý sypata girdi. – Men esasy gürrüňimizden daşlaşaýdym öýdýän... Howwa... Neme... Meniň ýene bir aýtmak isleýän zadym, erkin pikirli döredijileri gysaşyň içinde saklan döwlet baştutanynyň aradan çykyp, onuň ornuna täze ýolbaşçynyň gelmegi bilen, bilşimiz ýaly ýurduňam, döredijilik işgärleriniňem, şol sanda Erkiniňem ýagdaýy gowulaşdy. Işe-de ýerleşdi. Ýokary okuw jaýlrynyň birinde mugallym boldy. Onda-munda goşgulary çykyp ugrady. Radio ýaýlymlarynda okaldy. Telewizorda ol hakda gepleşikler gurnaldy. Neşirýatlarda kitap çykartmak mümkinçilikleri döredi. Garaz, güzerany gowulaşdy. Hatda ulagam edindi. Şeýle bir gowy, umytly günleri başdan başdan geçirip ýördük welin, birdenkä edil tomsuň güni asmanda ýyldyrym çakan ýaly boldy-da, bar zat çepbesine çöwrüldi duruberdi. Şol gezek men özümden kiçi erkek doganymyň doglan gününe gitdim. Şenbe güni bolansoň başky hyýalym gündiz baryp, agşamlyk öýüme gaýtmakdy. Ýöne, keýpi kök boldy-da, jigim hiç birimizem goýbermedi. «Hemmäňiz galyň, men agşamlyk çişlik bişirjek, özli-özümiz bolup oturalyň», – diýdi. Menem Erkine jaň edip, galmaly bolandygymy aýtdym. «Bolýa» diýdi. Doglan gününi bellän doganymyň arka ýüzünde iň uly agamyz ýaşaýardy, adam köplügi zerarly men şonuňkyda ýatmaly boldum. Günuzyn hyzmat edip ýadandyryn-da, ertesi on bire çenli ýatypdyryn. Şol aralykda-da haýsydyr bir emel bilen Erkin jigimlere jaň edipdir. Meni sorapdyr. Telefony alan meniň agamlarda ýatanymdan bihabar «ýok» diýip jogap beripdir. Megerem ol şol gün ir bilen öýe gelen myhmanlaryň biri bolsa gerek, «Asla ol agşamam bu perde bolmady» diýip jogap beripdir. Turup çaý-çörek iýýänçäm sagat on iki boldy. Öýe ugrajak wagtymam Erkine jaň etdim. «Men ejemlerde, häzir öýe barýan, diýdim. Erkiniň sesi edil bir wagtlar däliräp, yzymdan kowalaýan döwründäkisi ýaly howsalaly çykdy. «Aý, ýok, sen ejeňlerde-hä däl». Asla sen, agşamam şol ýerde bolmansyň!» – diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy. Bu onuň maňa: «Agşam nirä gitdiň? Kim bilen bolduň?» – diýdigidi. Elbetde, boljagydyr-da, muňa meniňem jynym atlandy-da: Sen näme ýene-de gabanyp başladyňmy? Ýene-de meň beýnimi iýip ugradyňmy? – diýdim. «Nähili düşünseň şoň ýaly düşün» – diýende onuň sesi hasam gazaply eşidildi. Menem sesime bat berdim: «Onda meni ýatdan çykar!» Jogaba garaşmanam trubkany goýdum. Ýaňky sözi gaharyma aýtsamam-a aýtdym welin, Erkin ony şol durşuna kabul eder, menden ömürlik ýüz dönderer, öýdüp kelläme-de gelmändi. Öňki düzgünimiz boýunça ol gahary ýatyşansoň ölçerip-döküp, öz ýalňyşyna şol gün agşamlyk, aňry gitse ertesi jaň etmelidi. Ýaraşmalydy. Emma birigünem, soňky günem, soňkusy günem ondan ses çykmady. Meni haýranlar galdyryp dymdy. Üç aý geçdi, emma ol meni idemedi. Diýmek, ol hakykatdan-da şol gije başga biriniň ýanyna gidendirin öýdüpdir. Biwepa hasap eipdir. Öz hyýalatyna özi ynanypdyr. Ýok ýerden özüne jelepçilik ýapylsa, aýal adam asylam halamaz weli, iň ýakynyň saýyp, ýüregiňden orun berip ýören adamyň gaýa-gopuz ýok ýerden şeý diýip üstüňe dübläberse juda erbet bolar ekeni. şeýle-de bolsa men onuň jaňyna kän garaşdym. Bagyşlasym, ýaraşasym geldi. Sebäbi onsuz meniň günüm-aýym kyn geçýär. Köçä çyksam gözüm töweregimde, öýe girsem gapyda. Göwnüme ol ýüzüni sallap geläýjek ýaly bolup dur. «Men ýokkam Erkin daýyňyz jaň eden-ä däldir-dä» – diýip, gyzjagazlarymyňam gulak etini guradýan. Şeýdip ýörkäk, bir gün ol «Aşgabat» seýilgähiniň gabat garşysyndaky duralgada troleýbusa münjek bolup durkam pete-pete gabat geläýdi. Ýüregim näler towsup duranam bolsa oňa gülüp bakmaga, salam bermäge kejirligim ýol bermedi. Duşundan ötüberjek boldumam, welin ol çalarak ýylgyryp durşuna elini emaý bilen egnime goýdy-da: «Jemal gurgunmysyň» – diýdi. Men çalarak baş atdym-da, sesimi çykarman troleýbusa girdim. O-da girdi. Ýöne, menden ýüz tapmansoň indiki duralgada düşdi. Pursady goldan berenim üçin özümi bagyşlap bilmedim. Saklanybilmänem agşamlyk jaň etdim. Ol muňa begendi. – Jemal Erkin bilen hut şu wagt ýaraşan ýaly bir enaýy ýylgyrdy. – Ine, şeýdibem dört aýdan soň täzeden ýaraşdyk. Şondan soň men ony birahat etmezlik üçin duýdurman, gitjek ýerimi aýtman ýerimden ýarym sagatlygam gozganmadym. Meniň şol bolşum oňa hoş ýakýardy, özüni parahat, sowukganly alyp barýardy. Çaga ýaly sähelçe zada-da kejigibermesi galypdy. Ozalkylary ýaly howsala düşmesinem, sorag etmesinem, birden däliräbermesinem goýaňkyrlaberipdi. Ýöne, hernäçe seresaply bolsamam, ahyry bir gün ýene-de säwlik goýberdim. – Jemal sözüni kesdi-de, sumkasyndan kiçijik, akja ýaglygyny çykaryp gözüni süpürdi. Soň ony yzyna saldy. – Dynç günüdi. Duşuşykdan soň Erkin meni öýe eltdi. Düşjek wagtym men oňa: «Bu gün senem ýadansyň, bar-da, ýat irgözünden», – diýdim. Şolar ýaly zat diýseň öjükýänini bilýänem welin, nätjek, agzymdan sypdy-da! Görgüliň ýüzi üýtgäp gitdi. Içinden: «Hä-ä... meni ýatyryp bir hyýala münen bolsaň gerek» diýip oýlanýanyny aňdym. Aýdyşym ýalam bolupdyr. Agşam sagat ona çenli zordan çydapdyr-da, maňa jaň edipdir. Şol töwereklerde ol hemişe-de jaň edýärdi. Şol gün welin içiňi ýakaýyn diýen ýaly sagat sekiz bolandan, nämälim bir ýaş oglan jaň eip halys ýürege düşdi. Özem her gezek «Miwe bamy» – diýip soraýa. Ýok, beýle gyz bu öýde ýok, belgisini ýalňyşansyň, diýýänem welin: «Ýok, ýalňyşamok! Miwe bolmaly! Çagyr şony!» diýip, hakyt üstüme gygyrýa. Soňabaka hapa-hapa sözlerem aýdyp ugrady. Menem ahyry telefony sogurmaly boldum. El telefonymyňam batareýi çöküpdir. Uzynly gün giň howluda çagalar bilen oýnap ýadansoňlar gyzlarymam ir ýatypdylar. Olar ýatansoňlar meniňem oturyp wejim bolmady. Ýatdym. Şeýlelikde men Erkiniň ýekeje jaňyna-da jogap berip bilmändirin. Şeýle-şeýle ýagdaý, men telefonymy öçürýän, ynanmasaň gel-de göräý, diýip, ýatmazdan öň jaň edäýen bolsam boljagam ekeni welin, onam edäýmändirin-dä. Şol gün asyl bar zat tersine bolaýypdyr. Erkin welin jaň bilen alyp bilmänsoň, gijäniň ýary boluberende maşynyna münüp, gyzyl ot ýaly göni gaýdypdyr, ýarym sagat ýaly gapymy kakyp durupdyr. Ahyram lapy keç bolup gidipdir. Barybam ýene-de hem elime, hem öý telefonyma, tä daň atýança yzyny üzmän jaň edipdir. Ertesi el telefonymy görsem otuz sekiz sany jaň gelen ekeni. Ir bilen öý telefonymy nokadyna çatdym. Çatyşym ýalam jaň geldi. Erkiniň sesi trubkany ýaraýjak bolýar. Näme diýýänine welin, düşer ýaly däl. Howlukýar, daljykýar, dyňzap gelen gaharyna bäs gelibilmän aýtjak sözlerini bulaşdyrýar. Men ahyry onuň özümi ýene-de bozuklykda aýplaýandygyna düşündim-de, agşamky bolan işleri birin-birin aýdyp berdim. Onuň welin diňläsem gelenok. «Sen hiç haçanam düzelmersiň! Ýöne, men özümiň binamys däldigimi subut ederin!..» diýibem, indi senlik gürrüň gutardy, diýen manyda trubkany taşlady. Bu onuň iňňän aýgytly netijä gelendiginiň alamatydy, çünki, gatnaşykda bola döwrümiziň bütin dowamynda ol ýekeje gezegem trubkany menden öňürti goýmandy. Her hili ýagdaý bolanda-da, ýaraşara sähelçejigem bolsa yş goýýardy. Ýene-de uzak wagtlyk aýralygyň ara düşjekdigini men elbetde aňdym, ýöne, bular ýaly ýagdaý ara düşer öýdüp welin oýuma-da getirmändim. Göwnüme ol ikimiziň öňümizde entek ellenmedik ençeme ýyllar biri-birine kaklyşyp ýatan ýalydy. Biziň ýene-de ençeme gezek tersleşip, ençeme gezek ýaraşara wagtymyz bolmalydy. Çünki, biz oňuşmaýardygam, biri-birimizsiz oňubam bilmeýärdik. Bu gün bolmasa ertir, ertir bolmasa birigün, gaty gitse bir aýdan iki aýdan, ýa-da öňki ýaly dört aýdan, sekiz aýdan ýaraşjakdygymyza men bütin durkum bilen ynanýardym. Hemişe bolşy ýaly ol bu gezegem pikir ede-ede ahyry öz ýalňyşyna düşüner, yzyna gaýdýan ýola düşer, ol ýol bolsa ony bigüman meniň ýanyma getirer diýip oýlanýardym. Ýöne, Erkin erjellik bilen dymdy. Menem şolar ýaly agyr sözleri eşidenimden soň öňürti jaň etmäge ejap etdim. Öňküsi agşamam şol wagtky ýaly erbet düýş gördüm. Ýöne, bu has aýylganç. Bu gezegem ol edil öňküsi ýaly çukura gaçýar. Men ylgap barýan-da, oňa elimi uzadýan. Erkin bu men ber eliňi, diýip, gygyrýaryn. Ol elini uzadýar. Ýöne, eli elime ýetenok. Özem edil haýalladylan kino ýaly ýuwaşlyk bilen aşak süýşüp barýar. Ýarpy göwresi gara tümlüge siňenden soň men çirkin gygyrdym. Onuň bolsa göwni bir ýaly. Hatda ýüzem üýtgänok. Soň onuň egninden aşagy, ahyr soňunda ýüzem tümlüge siňip gitdi. Diňe bäş penje galdy, kem-kemden o-da ýitdi. Birdenem ol çukur guýa öwrüldi-de, agzyndan goýy, goňrasdan gelen çal tüsse çykyp başlady. Gelip bokurdagyma doldy. Garykdyrdy. Üsgürtdi. Men hatda oýananymda-da üsgürip oýandym. Agzymyň içinde ajy tüssäniň tagamynam duýdum. Şondan soň welin saklanyp bilmedim. Näme bolsa şol bolsuna saldym-da, Erkiniň işleýän kwartirasyna jaň etdim. Emma ol o ýerde ýok ekeni. öýüne jaň etmäge bolsa töwekgellik edip bilomedim. Ertire çenli zordan çydadym-da, işe baramsoň işdeş oglanlaryň birinden haýyş edip öýüne jaň etdirdim. Ol ýerde-de ýok ekeni. Ýüregim erbet bir zady syzan ýaly howpugap ugradym. – Şol gün ol meniň ýanymdady. Uzynly gün içini döküp gidipdi. Baryşy ýalam... – Howwa... Barşy ýalam ýykylypdyr. – diýip, Jemal meniň sözümi gaýtalady. Men ony köçä çykyp, ötegçi bir oglana el telefonym arkaly öýüne jaň etdirenimden soň bildim. «Şeýle-şeýle» diýdiler. Ynansaň, jan dogan imanym göçdi. Ysgyn-mydardan aýryldym. Ähli öýke-kine barysy ýatdan çykdy. Çünki, gören düýşümiň oraşan çykaryndan gorkdum. Men ondan häzirem gorkýan. Howa ýetmän demigip durşuma özümi öýe atdym. Gapydan ätleýşim ýalam: Alla jan, öň-ä ýan ýoldaşymdan aýrylyp ýaş başyma ýeke galdym, indi muny bir alma, demine degme, uruşsagam, sögüşsegem bolýa şu maňa...» diýipdirin-de, özümden gidipdirin. Şol halda näçe ýatanymy bilemok, özüme gelsem gyzjagazlarym ýüzüme suw sepişip, aglaşyp otyrlar. Zübeýdanyň: «Eje, näme boldy, ýa ýaraňokmy, dogtor çagyraýynmy...» diýýän sesi gulagyma gelýär. Men bolsam gepläp bilemok. Diňe: Gerek däl, diýen manyda başymy ýaýkaýan. Erkin daýyňyz ýaraman hassahana düşüpdir, ýagdaýam agyrmyşyn, diýip bolsa aýdyp bilemok. Erbet gynanarlar öýdüp gorkýan. – Jemal sözüne dyngy berdi. Guraksy ýuwdundy. Alma şiresinden owurtlady. Ýene-de sumkasyndan ýaglygyny çykaryp, gözlerini süpürdi. Başyny çalarak silkip, ýüzüne düşüp duran alyn saçlaryny arkan taşlady. – Ine, indi siz men barada ähli zady bilýäňiz. Sag-aman aýak üstüne galyp gitse, hem dosty, hem psihoanalitik hökmünde oňa hakykaty düşündirersiňiz öýdüp umyt edýän. – Jemal boýnuny burup ýüzüme naýynjar garady. – Indi bolsa gideliň. Maňa öýde gyzjagazlarym garaşyp oturandyrlar. Gaýrat ediň-de, meni öýe taşlaň. Men hyzmatkär gyzy çagyryp hasaplaşanymdan soň Jemal ýerinden turdy. Menem turdum. – Daş çykdyk. Gün ýaşypdyr. Agşamyň adaja aýazy azajyk iniňi tikenekledýär. Müşderiler welin gündizkisindenem has köpelipdir. Şonuň bilen birlikde çişlikçileriň maňgallarynyň üstündäki et düzülgi çişlikleriňem sany artypdyr. Hyzmatkär gyzlar üstüne birnäçe bokal piwo ýa çişlikli yhlar goýlan ullakan hem tegelek mejimelerini bir ellerinde dik ýokary tutuşyp, syrtjagazlaryny moýmuldadyşyp iki baka «ýelk» ýasaýarlar. Käbirleri bolsa täze gelen müşderileriň buýurmalaryny depderçejiklerine ýazmak üçin galamlaryny çoçjaýdyşyp stollaryň gapdalynda dim-dik bolşup durlar. Näme üçindir olaryň hemmesiniň dodaklary galyň. Pökgi. Edil böwrek ýaly. Ylaýtada aşaky dodaklary. Maşyna münmezimiziňden öň «Aýsbergiň» girelgesiniň golaýyndaky hususy dükanjykdan Jemalyň çagalary üçin süýji, köke, şokolad, koko-kola satyn aldym. Olary ýüzüne sary saçlary gerdenine dökülip duran owadan ýewropaly bir ýaş zenanyň suraty basylan gyzyl pakede salyp Jemalyň eline tutdurdym. Ine-de biz Jemalyň gapysynda durus. Maşyndan düşjek wagty ätiýaçdan men onuň öýüniň telefon belgisini aldym. – Erkin huşuna geldigi, özüm habar ederin, oňa çenli azara galyp gatnap ýörmäň – diýdim. Ejeleriniň gelenini duýan gyzjagazlaryň ikisem bökjekleşipjik gapa çykdylar. Maňa tarap çekinjeňlik bilen seredişdiler, çekinjeňlik bilenem salamlaşdylar, soňam hersi ejesiniň bir ýan tarapyndan aslyşdylar duruberdiler. Jemal ilk-ä maňa ýüzlenip: – Ine, bular meniň gyzjagazlarym – diýdi. Soňam gyzlaryna degişli edip: – Bu adam bolsa Erkin daýyňyzyň garyndaşy Siziň ýagdaýlaryňyzy soramaga gelipdir – diýip, her eli bilen bir çagasynyň başyny sypalady. Olar gözjagazlaryny ýyltyldadyp, maňa tarap mähirli seredişdiler, biliner-bilinmez ýylgyryşdylar. Olar Erkiniň gürrüň berişi ýaly akyllyja tertiplije, ýuwaşja görünýärdiler. Özlerini myhmana görkezmäge däl-de, gaýtam tersine, gizlemäge çalyşýardylar. Jemal meniň bilen hoşlaşdy-da, çagalarynyň elinden tutup, demir gözenekli ýaşyl derwezäniň kiçi gapysyndan aňryk ätledi. Basgançaklar bilen öýüniň işigine çykdy. Bile biten ýaly bolup barýan üç göwre jaýyň açyk duran goňrumtyl, demir gapysyna zordan sygdy. Sähelçe pursatlygam bolsa men daş-töwerege ser salmaga ýetişdim. O zatlaram edil Erkiniň öz gürrüňlerinde beýan edişi ýaly. Men hamala diýersiň öň bir gören kinomy indi ikinji gezek görüp duran ýalydym. Men yzyma öwrüldim. Tä öýe gelýänçäm jemalyň beren gürrüňleriniň täsirinden çykyp bilmedim. Ýöne, Erkiniň öňünde onuň hiç hili ýazygynyň ýokdugyna welin, ýene bir gezek ymykly göz ýetirdim. Şu çaka çenli şeýdäge-de onuň bilen ýüzbe-ýüz gürleşmändigime gynandym. Özüne geldigi men Erkine: «Sen indi hiç ýana-da gitme. Çünki Jemal seniň bir agyz sözüňe garaşýar. Ol seni söýýär. Gaýdyp ýaraşman diýse-de, ol seni bireýýäm bagyşlapdyr. Ol päk... Ol seni hiç haçan aldamandyram, saňa ikiligem etmändir» diýerin. Ol maňa ynanar. Ömürboýy ynanyp gelipdi, bu gezegem ynanar. Mundan buýana gümanlar içinde gorsanyp gezmez. Şeýtanyň ugruna gitmez. Iň bir esasy zadam – ejir çekmez. Özüni erkin duýar. Döredijiligini dowam etdirer. Dowamy bar >> | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |