19:37 Söýgüde serhet ýok -14/ romanyñ soñy | |
5.
Romanlar
EPILOG Erkin baradaky bu gussaly hekaýatymyň üstüni doldurmak isledimmi ýa onuňam öz äri baradaky gutarnykly pikirini bilesim geldimi, ýa şeýtmesem bu üçburç şekilli geň söýgüniň bir tarapy tagaşyksyzrak görner öýtdümmi, merhumyň aşy-suwy sowlandan soň mende baryp Aýlarhan bilenem edil, Jemal bilen gürleşişim ýaly açykdan-açyk gürleşip görmeli, şeýtibem, bu ýatlamanyň «Aýlarhan» atly üçünji bölümini ýazmaly diýen pikir döredi. Çünki, goý, şowsuz bolsun, goý, dawalar içinde geçen bolsun, her niçik hem bolsa ol onuň bilen tutuş ömrüni geçirdi ahyryn. Ýöne bu gün-bu gün, erte-erte bilen Aýlarhanyň ýanyna gidýänçäm: «Asla men ondan näme soramaly? Sorap biler ýaly men näme oňa näbeletmi? Onuň kimdigini, Erkin baradaky içki pikirleriniň nähilidigini, onuň bilen nähili ýaşaşandygyny men näme bilmän durunmy, Erkiniň durmuşyny näme ondan sorap ýazdymmy», diýen başga bir pikirem kellämde köwsarlap başlady. Galyberse-de, onuň keşbi meniň Erkiniň ömrüni beýan edýän baplarymyň içinden eriş-argaç bolup geçdi ahyry. Şonuň üçinem, bu kyssanyň dowamy hökmünde, «Aýlarhan» atly ýörite bölümi ýazmaklygyň geregi ýok, diýen netijä geldim. Kyssa iki adam – Erkin bilen Jemal ikisi barada, goý, şonlugyna-da galsyn. Edil şol günleriň birinde-de, kabinetimde ýeke özüm işe güýmenip otyrkam, açyk duran gapymyň agzynda Aýlarhanyň çepiksije göwresi peýda boldy. Ýüzi-gözi solgun. Görnüşi öňküsindenem ejirli. Gabaklary börtülip dur. Maňlaýy edil Erkin bilen uruşan pursatyndakysy ýaly eplem-büklem. Gaşlary çytyk. Edil iki kesewiniň ujuny biri-birine söýäp goýan ýaly. Men ol ýarawsyzdyr-da, saglygyna seretdirmek üçin haýyş bilen gelendir öýtdüm. Erkin barada ýatlama ýazyp ýörendigimi eşidip nägilelik bildirmäge gelendir diýen oý hem serime gelmän duranok. Emma uzaga çekmedik saglyk-amanlykdan soň ol meni haýranlar galdyryp, özüniň Erkin babatdaky gelen soňky netijeleri barada gürrüň bermäge başlady. – Aýtmasam-a ynjalyp bilemok, ýüregimden daş asylan ýaly bolup dur. Senden başga-da aýdara adam ýok. Sen onuň iň ýakyn dosty – diýip, ol söze başlady. Tisgine-tisgine uludan sowuk demini aldy. – Ol seni juda gowy görýärdi. Şonuň üçinem men muny saňa hökman aýdaýmaly... – Ol her bir sözüni özüne mahsus bolmadyk rahatlyk bilen, sallarlap-sallarlap aýdýardy. – Soňky günlerde men juda köp oýlandym. Ölçerdim, dökdüm. Köp zatlara göz ýetirdim. Käbir ýalňyşlyklaryma-da düşündim. Umuman: «Işigiňden akan çeşmäniň gadry ýok» diýenleri dogry ekeni. Bu giň dünýäniň içinde ýalňyz galandygyma men ony ymykly ýitirenimden soň düşündim. Ata-enäň, dogan-garyndaşyň, ogul-gyzyň orny bir başga, ýanýoldaşyňky bolsa düýbünden başga ekeni, Nepes. Rakybyň gepine gidip, gabanjaňlyk belasyna garagymy gapdyrmak bilen, ömrümi düňlelik dünýäsinde geçirendigime-de, şol zerarly ýoldaşymam, özümem durmuşyň mazasyndan mahrum edendigime-de indi-indiler düşünýän. Öz ýüregimiň «gürsüldisine» gümra bolup ýörşüme onuň ýüregine düşünjegem bolmandyryn. Tutuksy häsiýetini, är hökmünde edýän belliklerini, duýduryşlaryny göwniböleklige ýorupdyryn. Başga biriniň arzuwyny çekýändir, meni aýryp şony aljak bolýandyr, hut şol sebäplem yrsraýandyr, öýdüpdirin. Başda kimdir biriniň ýaman niýet bilen atan töhmedini gyzyla gaplap boýnumdan asypdyryn. Şeýdibem duşmany begendiripdirin. Öz elim bilen durmuşymy çaýkapdyryn. Atam-enem, dogan-garyndaşlarym näme, şolaryňam hajyk-hujuklaryna gulak asmaly däl ekenim. ine, ýeke galdym welin, şu wagt ýanymda şolaryň birem ýok. Ölen-ä öldi, galanlaram... – Aýlarhan bir zatlary ýadyna saljak bolýan ýaly sag eliniň aýasyny kükregine goýup petige seretdi, gözüni ýumup diňşirgendi. – Seňňem habaryň ýog-a däldir welin..., meň üçin bize Erkinlerden öňem gudaçylyga gelenler köp boldy. Men olaryň hiç birine-de göwnemedim. Edil Erkinleriň gelerine, garaşyp oturdym diýsem-ä ýalançy, ýöne şonda göwnüm ýogam däldi, şonuň üçinem men olara razylyk berdim. Ana, şonam öňki gaýtarylanlaryň biri ýokuş gören bolmaly. Erkine ýamanlyk etjek bolupmy ýa maňa ýamanlyk etjek bolupmy, ýa şeýtsem Aýlarhan ondan däner, maňa ýeter diýen niýet bilenim, garaz, kimem bolsa şolaryň biri şonda şol hereketi etdi. Özem juda ökdelik bilen etdi. Ýöne, ol wagtlar mende o hereket ýamanlyk bilen edilendir diýen düşünje ýokdy. Gaýtam gowy niýet bilen şeýdýändirler öýdýärdim. Aýlarhan bir salym böwrüni diňläp oturdy. – Ýöne, şonuň kimdigin baryp-ha şo wagtlaram güman-a edýädim welin, elbetde, aýdara-diýere, garşysyna galkynara Hudaý dili-zyban beren däldir-dä. Şeýtan berkräk işländir-dä. Seniň munuň töhmet, sen içigara bigaýrat diýäge-de, işige oklan hatynam, suratynam maňlaýyna urup gaýdybermäge gaýratym çatmandyr-da. Şeýdibem ol-a maksadyna ýetdi, atan şyltagam maňa ömürýoldaş boldy. Oky nyşana degdi. Şonuň ömürboýy daşymdan gülüp gezendigini men indi duýýan. Süňňüm bilen syzýan. Häzirem şol, bisyrat ýeňsämde syrtarylyp duran ýaly. – Aýlarhan ýaşa dolan ullakan ala gözlerini tegeläp ýüzüme seretdi. – Erkiniň o-ol, birwagtlarky, okap ýören döwürleri sataşan söýgülisiniň taryhyny dagy men ýaňy-ýaňylar eşitdim-ä... Ol ana, şony gözlän ekeni. Eger-de turuwbaşdan şol gyzyň ornuny tutup, söýgüsini gazanyp bilen bolsadym, onda Erkin belki, ýitiren söýgüsini başga ýerden gözlemezdem. Menden gitmezdem. Dogry, bu barada senem maňa ençeme gezekler maslahat beripdiň, ýöne, men ol wagtlar saňa-da ynanmaýardym, senem onuň tarapyny tutup, tilkilik edýänsiň, ikiňizi dil birikdirip meniň üstümden gülýänsiňiz öýdüpdim. Şu wagtky gelne sataşandan soň-a Erkiniň hiç haçanam düzüw gezmändigine, özümiňem ony ömürboýy ýöne ýere gabanyp gelmändigime öz-özümi doly ynandyrdym. Ýöne, ol gelni Hudaý oňa başky söýgüsiniň öwezini dolmak üçin, meniň eýeläp bilmedik ornumy eýelemegi, üçin beripdir. Ol gelni men öň üigrenýärdim, indi bolsa onuň tutan ornuny wagtynda özümiň eýeläp bilmändigim üçin kemsinýän. Onuň gölegçileriň öňünden çykyp, Erkin bilen uly iliň öňünde hoşlaşandygynam eşitdim, ýöne ynan, Nepes, muny indi gabanjaňlyk duýgusy bilen aýdamok. Söýmegiň söýülmegiň nämedigini hut şonuň tymsalynda görendigim üçin aýdýan. Käte öýüne baraga-da, şol gelin bilen gujaklaşyp aglaýasym, meniň ýanýoldaşy bolup berip bilmedik mährimi berip, onuň bu dünýeden söýgüsiz gitmezligini gazanandygy üçin minnetdarlyk bildiräýesim gelip dur... – Aýlarhan iňňäm naýynjarlyk bilen ýüzüme bakdy. Soňam çekine-çekine: – Sen Erkiniň gapdalyndan bir adamlyk ýer goýdurybilmezmiň, Nepes... – diýdi. – O nämä gerek? – Gerek. Maňa gerek. Bu dünýäniň-ä mazasyny bilip bilmedik, o dünýäde bir bileje rahat ýataly. Ner niçik hem bolsa, men onuň kyýamatlyk ýanýoldaşy ahyry... – O diýýeniň-ä dogry welin, ýöne, ol, ýer diýeniň bolmaýmasa, Aýlarhan... – Näme üçin? – Aý, o zatlaram bu wagt hökümediň özi tertipleşdirýär-dä... Ýer nobatma-nobat tertip bilen birsydyrgyn gazlyp gidip otyr... – Sen tanalýan adam, Nepes. Saňa işi düşýän köp. Sen diýseň ýok diýmezler. Näme bermeli, goýmaly bolsa-da aýdaýsynlar, irikgä etmen. Onuň çynydy. Iň bolmanda baky uka gidenden soň bir ýan ýoldaşy bilen tä, ýer çepbe çöwrülip kyýamat ahyr bolýança bir ýerde, ýanaşyp bile ýatasy gelýärdi. Şol pursat meniň oňa iňňän nebsim agyrdy. Çünki, meniň alnymda sähel zat üçinem nadaralyk edip, başyndan saman sowrup, agzyndan ot saçyp, ömrüni äri bilen barlyşyksyz söweşler içinde tutluşyplar geçiren, ýowuz häsiýetli Aýlarhana derek, kerwenden galyp ýolundan azaşan mysapyr bendä meňzeş bir biçäre maşgala egnini gysyp, mugryljyrap otyrdy. Ol indi söweşijä däl-de, ýaradar bolup ýesir düşen, indem ýagdaýdan çykalga gözleýän ýadaw esgere meňzeýärdi. Onuň şol ejiz halda oturşyny Erkin ömründe iň bolmanda ýekeje gezek görenem bolsa, ony ol agyr ahwalatdan halas etmek üçin ähli zatdan, hatda söýgüsindenem geçerdi. Bu ýagdaýda elbetde, menem onuň raýyny ýykyp biljek däldim. Şonuň üçinem aňrujy mümkinçilik dörese haýyşyny bitirjekdigime söz berdim. Aýlarhan ýene bir zat diýjek boldy. Ýöne, birdenkä bokurdagy doldy-da, gepläp bilmedi. Gözýaşyny gizlemek üçin ýüzüni kese sowup, usullyk bilen ýerinden turdy. Haýaljak ýöräp, çalaja-da çaýkanjyrap gapa bardy. Tutawaja elini ýetirip, egniaşa bärsine öwrüldi. Hamsygyp durşuna ysgynsyz seslendi. – Bar zady başdan başlardym welin, arman, yza ýol ýok-da... Şeýdibem çykyp gitdi. Men ýerimden turdum ýuwaşja ädimläp penjiräniň öňüne bardym. Aýlarhanyň yzyndan seretdim. Ol edil hasasyny elinden aldyran kör ýaly agyr howsala hem hasratlar içinde elleri bilen howany sermeläp gidip barýar. Göwresi welin öňküsindenem kiçelen ýaly. Şo-ol, birwagtlarky Aýlarhan diýseň ynanar ýaly däl. Iň ýamanam bolup barşy barmaly menzilini takyk bilmeýän awara meňzeýär. * * * Men onuň haýyşyny ýerine ýetirdim. Örän kynlyk bilenem bolsa, Erkiniň gapdalyndan bir adamlyk ýer goýdurdum. Şondan soň her hatyra günleri, aýtda, baýramda, gurbanlykda Erkiniň mazaryna menem barýardym, çagalary bilen bilelikde Aýlarhanam barýardy, Jemalam barýardy. Jemal mümkingadar Erkiniň çagalary bilenem, Aýlarhan bilen gabatlaşmazlyga çalyşýardy. Şeýle-de bolsa gabat gelýän gezeklerem az bolmaýardy. Şolar ýalyda Aýlarhan özi üçin goýlan boş ýere barýardy-da, hamala ony Jemaldan gysganýan ýaly tä, gaýdýança şol çäkden çykman, töwereine howsalaly garanjaklap, delmuryplar durýardy. Jemala tarap käte bir gözüni aýlap goýberişinden men onuň içinden: «Arkaýyn bol, iň bolmanda şu ýeri-hä saňa bermen» diýýändigini aňýardym. Jemal welin oňa ünsem berenok. Gelşi ýaly, Erkiniň mazarynyň başujyny dörjeläp, şol ýerde birwagtlar gömüp goýan el telefonyny emaý bilen eline alýar-da, ilk-ä kümüş ýüzükli, kösük deý akja barmaklary, aýalary bilen, soňam ýörite getiren gara mahmal bölejigi bilen onuň daşynyň gumyny süpürişdirýär, pisse ýaly çyzylyp duran pökgüje dodajyklaryny çommaldyp üfleşdirýär, hatda gulagyna-da tutup görýär, diňşirgenýär, ahyram uludan demini alýar-da, öňki ýerinde goýýar, üstüne gum sürýär. Soňam sumkasyndan suwly plasmas mytara çykarýar-da, ozaldanam suwdan doýgun, eýýämhaçan şahalaryny mazaryň üstüne ýaýyp, Erkini ýelden günden gorap oturan dört düýp agajyň düýbüne suw guýýar. Şeýdibem bir gyra çekilýär. Aýlarhan ikisiniň arasynda hiç hili duşmançylyk ýa basdaşlyk duýgusy duýlanok. Erkiniň çagalary bolsa asla hiç zada üns bermezlige çalyşýarlar. Olar baranlaryndan tä gaýdýançalar mazara serenjam bermek bilen meşgul. Elbetde, ýaş ir gitjekmi ýa garry ir gitjekmi ol belli däl. Ýöne, wagt geçer, günlerde bir gün biziň barymyzam Erkiniň yzyndan gideris. Oýundan çykarys. Erkini heýjana salan galagoply ýyllaryň beýanam biz bilen gider. Soňky nesiller o zatlary bilmezler. Şondan soň biziň üçin wagt durar, heňňamyň ölçegi ýiter. Ýöne, kyýamat-maşgar güni diýilýäni bar bolsa, welin, biz öz döwürdeşlerimiz bilenem, bizden öňki gidenler we soňky gitjekler bilenem şol ýerde duşuşarys. Ine, şol gün men ak meýdanda, Allanyň dergähinde dik durup, ölmeziniň öň ýany aýdyp ýetişmeddik sözümi – Jemalyň päkdigini, söýgüsine hyýanat etmändigini, şonça wagtlap, şonça gezekler ony bor-bolguzsyz adamlardan nähak gabanyp gezendigini Erkine aýdaryn. Güwä geçerin. Ynandyrarynam. Ýöne, meni biynjalyk edýän zat – Biribar şol gün Jemal bilen Aýlarhanyň haýsy birini Erkiniň kyýamatlyk ýoldaşy diýip ykrar ederkä? Mesele nikalylyk nukdaý nazaryndan çözülmeli bolsa, onda Erkin Bakyýetde Aýlarhan bilen bolmaly. Ýöne, yşk diýibem bir zat bar. Özem ol ylahy zat. Allatagalla-da jümle-jahany yşk bilen ýaradypdyr. Öz yşky bilen älemiň ümmülmez künçlerinde ol heniz-henizem täze-täze dünýäleri döredip gidip otyrmyşyn. Jemal bilen Erkiniň arasyndaky söýgünem men ylahy söýgi hasap edýän. Çünki olary şondan başga baglanyşdyrýan zat ýokdy. Erkinde söýgüden başga ne pul, ne wezipe hiç zat ýokdy. Jemalam ondan şondan başga zat talap etmeýärdi. Şu zatlardan çen tutsaň, yşk nikadan güýçli bolmaly. Nika yşkdan kän-kän soň, adamlaryň birek-birege agzeki ynamlary gaçyp, yşklary gaýra tesip ugrundan soň, olary bir-birine emeli ýol bilen baglamak üçin dörän bolmaly. Şonuň üçinem başy bu ýagty ýalançyda başlanyp, soňy magşar meýdanynda, Hakyň dergähinde tamamlanjak, ölini-dirini, ulyny-kiçini telbe ediji şol gyzgyn söýginiň bu üç ynsanyň haýsy biriniň peýdasyna çözüljekdigini şol gün diňe Biribaryň özi kesgitläp biler. Aşgabat – 2007-2011ýý. | |
|
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -30: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Dumanlar, gümanlar... - 11.06.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |