01:42 Söýgüde serhet ýok -3/ romanyñ dowamy | |
3.
Romanlar
...Şondan soň bir ýyllap Jemally gürrüň galdy diýen ýaly. Ol äriniň ýasyny tutdy. Gara lybas geýindi. Toýa-tomga gitmedi. Hatda öz işleýän edarasynda geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna-da gatnaşmady. Kyrkyna çenli her juma gijesi aýat okatdy. Ýylyna çenli her aýda ýogalan gününi belledi. Kuran çykartdy. Garaz, musulmançylyk däbine görä, ähli tertip düzgünleri berjaý etdi. Bir ýyllap Erkin bilen tirkeşmedi. Duşuşmady. Diňe işde görüşenleri bilen oňdular. Söhbetdeşliklerem saglyk-amanlyk soraşmakdan aňry geçmedi. Erkin hiç ýere çykman, ünsüni başga zada sowman işledi. Özem gowy işledi. Bendäniň ýyly geçenden soň welin, olar assa-ýuwaş ýene-de tirkeşip ugradylar. Ýöne indi olaryň ikisiniňem biri-birine bolan garaýşy başgaça-dy. Güljemala meňzeşdigi sebäpli Erkin-ä ozaldan bäri Jemalyň aşygydy, Jemal bolsa indi başy boş maşgalady. Biri ýanyp duran ot, beýlekisi däridi. Ot bilen däriniň tutaşman, ýarylman bir ýerde uzak ýatmagy bolsa mümkin däl. Ol hökman göçäýmeli. Erkiniň gürrüňlerine görä, olaryň öz barýan ugurlaram hut şol tarapa. Oduň därä golaýlaşmagyna, däriniň «gümpüldäp» göçmegine az wagt galypdy. Bu hut şeýle hem bolaýmalydy, şeýle hem boldy. ... Bir gün Erkin agşamaralar jaň etdi-de: – Ýaryldym-m... Eşidýäňmi, Nepes, men ýaryldym-m!.. – diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy. Nämäniň nämedigine bada-bad düşünenem bolsam, bilgeşländen düşünmezlige saldym. Näme, ýarylar ýaly bir ýakmaz zat iýdiňmi?.. «Tiz kömek» çagyrmalymy? -Seň ýadyňa oýun düşýä, men bolsam düýbünden başga zat barada... Görýän welin, ikimiz bu wagt telefonda düşünişip biljek däl öýdýän, hany, gowusy sen öýe gel-de, bar zady dilden düşündirsene. «Hä» diýmän ol meniň gapymda häzir boldy. Özüniňem erni bir ýere gelenok. Iç işikde duran ýerinden ellerini hereketlendirip bir zatlar diýjek bolýar. Men onuň egninden tutup töre geçirdim. Öňden taýynlap goýan düşekçämiň üstünde oturtdym. – Ine, indi näme diýjek bolsaň, howlukma-da aýdyber. – Şu gün kafe gitdik. Ikiçäk oturdyk. Boljak gürrüňi öňünden duýan ýaly ol gyzjagazlarynam ejelerine iberipdir... – diýip, Erkin demi-demine ýetmän gürläp başlady. – Men onuň bilen çynlakaý gürrüň etdim. Seni öň bir gezek ýitirdim, soňam köp gözledim, örän köp gözledim, ömürboýy gözledim, ine indem otuz ýyldan soň täzeden tapdym diýdim... – Kime diýdiň bu sözleri sen, Erkin, sen kim bilen kafe gitdiň, kim bilen gürleşdiň? – diýip, men ony gižželemek üçin düşünmediksiräp ýene-de keçje sorag berdim. Erkin bady alnan çaga ýaly ýüzüme nägile seretdi-de, öňküsine görä birneme köşeşibräk gürledi. – Ýa, senem-aý, kime bor öýdýäň, Jemala diýdim. Şoň bilen kafe gitdim... – Şondan soň ol ýene-de howlukmaç gürläp başlady. – Men diýdim, seni görenimden gowy gördüm diýdim. Sebäbi sen Güljemal diýdim. Ol meniň näme üçin beý diýýändigime düşünmän: «Ýok, men Güljemal däl, Jemal» diýdi. Jemalam bolsaň meniň üçin Güljemal, diýdim... – Güljemal kim – diýip soramadymy? – Sorady. – Näme diýdiň? – Bar zady bolşy ýaly gürrüň berdim. – Näme diýdi? -Gynandy. Nebsi agyrdy. -Kime nebsi agyrdy? Saňamy ýa Güljemalamy? – Ikimize-de. «Bolmandyr, ykbalyňyz keç bolupdyr, täleýiňiz ters gelipdir» diýdi. Meni gowşaklykda aýyplady. «Söýgiň üçin göreşip bilmänsiň, bu gowy däl» diýdi. – Dogry aýdypdyr. – Menem şeý diýdim. Dogry aýdýaň diýdim. Bu meselede diňe men günäkär diýdim. Ýöne sen şoňa şeýle bir meňzeş, hiç aýdyp diýer ýaly däl diýdim. Şondan soň ol az-kem oýurganyp oturdy-da, aşaklyk bilen ýüzüme garap bir geňsi ýylgyrdy. Gaşlaryny gerip gözlerini güldürdi. «Sen meni diňe şoňa meňeşligim üçin gowy görýän bolaýma» diýende ýüregimiň üsti süýjäp, süňňüm gowşap gitdi. Ýok, diňe onuň üçin däl, bu bir sebäp. Onsoňam ikä böler ýaly ol ikiňiziň araňyzda hiç hili tapawut ýog-a, ol-a edil sen, senem ylaýyk şol diýdim. Ýeke bir daş keşbiň däl, sesiňem, hatda dem alşyňam, aýak basyşyňam şoňky, tanyş, mähirli, mylaýym, ine, hut şonuň üçinem sen Güljemal, birwagtky elimden gideren Güljemalym. Men indi seni ikinji gezek golumdan giderip biljek däl diýdim. Bu sözleri saňa başda-da aýdybilerdim, ýöne adamyň bolansoň aýtmadym, neresse sag-aman aýak üstüne galyp giden bolsa, men bu sözleri entegem aýtmazdym, hiç haçanam aýtmazdym. Ýöne nätjek, neressäň täleýi şeýle boldy. Indi men muny aýtman durup biljek däl, sebäbi muny saňa men aýtmasam başga biri aýdar, başy boş maşgala göz gyzdyranam, lak atanam tapylar, indem söz senden, diýdim. Ol uzak wagtlap dymdy. Menem howlukdyrmadym. Goý, pikirlensin, ölçersin, döksün diýdim. Şol wagt ol: «Maňa oýlanar ýaly birküç aý möhlet ber» diýenem bolsa ylalaşardym. Ýöne ol meni uzak garaşdyrmady. Kükregini ýelden dolduryp uludan demini aldy-da: «Ýeri, bolýa-da, goý, Güljemal bolsam, Güljemal bolaýyn» diýdi. Hatda şundan şuýana öz aramyzda öz adyny Güljemal diýip tutmagyma-da rugsat berdi. Şondan soň men oňa ýene bir zady aýtman durup bilmedim, ýagny, Jemal, seniň başyň ýaş, aratapawudymyz uly, sende täzeden durmuş gurmaga mümkinçilik bar. Eger-de, heran-haçan güzeranyňa garaşyk eder ýaly göwün diýen adamyňa duşup, onuň bilen öý-işik bolaryn, diýseň, men päsgel bermerin diýdim. Şolar ýaly niýet şolar ýaly adam meýliňde şu wagt bar bolsa, onda onam aýt, men gaýdyp şu gürrüňi seniň ýanyňda gaýtalamaýyn, bar zat öňküligine galar, dostlarça gatnaşybereris, men şoňa-da kaýyl diýdim. Jemal ýene-de oýa batdy. Çalaja ýylgyrjak ýaly etdi, soňam çynlakaý sypata girdi-de: «Şu wagt-a göz öňünde tutýanym ýok, asla ýaňadan durmuşa çykmak niýetimem ýok. Ärim bilen ýaşaşan dokuz ýylym meni bijaý ýadatdy. Indiden soň özümi ýene-de şolar ýaly gowga salyp biljek däl. Men indi erkin ýaşajak. Guwanar ýaly iki çagam bar, şol maňa bes. Dogry bir oguljygam göwnüm küýsemän duranok, ýöne nätjek, Allanyň bermedik zadyny el bilen düzedip bolýamy... – diýdi. Gülgün reňk çaýylan kümüşsow, uzyn, ýiti dyrnaklarynyň ujy bilen öňündäki içi kofeli gyzylala gülli akja çaşkanyň gyrasyny dyrmalap oturşyna uludan demini aldy. – Galyberse-de: «Başkym ýazgydym, soňkym görgüdim» diýipdirler. Indikiniň nähili boljadygyny görüp gelen barmy... Ýöne, gizläp oturmaýyn, ýeke-de ýaşap biljek däl. Maňa är ornunda durup hemaýat edibiljek hossar gerek. Şol adamyň ornuny tutup biljekdigiňi bolsa sen görkezdiň. Hiç bir tamakinçiliksiz şunça wagtlap kömek etdiň. Şonuň üçinem men seniň bilen ýakyndan aragatnaşyk saklamana garşy däl. Menem seni hiç zada borçly etmen. Senem özüňi erkana duýup bilersiň. Islän wagtyň gidibem bilersiň... – Jemal ýüzüme gyýa garap syrly ýylgyrdy. – Ýaşyňam näme, o hiç. Ol meniň gözüme görnenok. Bildirenok. Men mähre, ruhy goldawa mätäç. Maňa söýgi gerek. Söýgüsiz durmuş adamy edil suwsuz agaç ýaly guradýan ekeni. – Ol arkan gaýyşdy-da, birinji gezek görýän ýaly ýüzüme üýtgeşik bir hyrydar duýgy bilen garady. – Umuman, sen öz ýaşyňdan ýaş görünýäň. Güýjüň, kuwwatyň ýerindedigem görnüp dur». Men aýamy onuň ýumşajyk, ap-akja eliniň üstüne goýup, Jemal, men seni öňem gowy görýädim, häzirem gowy görýän, mundan buýana-da gowy görerin, hiç tarapdan nägile-de etmen, sebäbi meniňem söýesim, söýlesim gelýär, menem şu ömrümi söýgüsiz geçirdim, bir maşgala bilen baş goşup, bir ýassykda başlaşanyň, öý-işik, çaga-çuga bolanyň bilen söýgi bolmaýar ekeni, söýgi düýbünden başga zat ekeni diýdim. «Menem şol pikirde - diýip, Jemal nazaryny näbelli bir nokada dikip oturşyna aýtdy – Menem edil seniňki ýaly söýgüsiz durmuşy başdan geçirdim. Şonuň üçinem, indi äre çykasymam gelenok... – Ol birdenkä çynlakaý sypata girdi. Gözlerime dikan garady. – Ýöne bir haýyşym bar, o-da men zerarly maşgalaňy taşlama. Öýüňi, durmuşyňy bozma. Çagalaryň gözünden düşme. Başarsaň bildirmejek bol... Şondan soň men oňa maşgala durmuşym barada gysgajyk gürrüň berdim – diýip, Erkin sözüni dowam etdirdi. – Menem öz durmuşymdan ýadadym diýdim. Dogry, bu ýaşdan soň aýrylyşyp, bozluşyp ýörmek niýetimde ýok, şunça çydan bolsam ýene-de çydaryn, ýöne galan ömrümi söýüp, söýülip ýaşasym gelýär. Maňa-da mähir, söýgi gerek. Dogrusy men söýgimi bireýýämler duşumdan geçirendirin öýdüp ýördüm, gaýdyp oňa sataşarynam öýdemokdym. Emma şunça ýyllardan soň sen meniň öňki söýgüm bolup gaýdyp geldiň, kalbymdaky köräp duran ody oýardyň, täzeden ýakdyň, tutaşdyrdyň diýdim. «Menem öň bir gezek saňa sulh berip, sulh alan ýaly bolup durun – diýip, Jemal meniň sözümi alyp göterdi. – Özüňi alyp barşyňdan gepiň, sözüňden gowy görýändigiňi men başda-da aňdym. Daşymdan syr bildirmesemem, her gün işe gidenmde baryp seni görjekdigime begenýärdim, howlukýardym. Hemişe sähelçe wagtyň içinde geçýän ýolum örän uzak bolup görünýärdi, ýöne syrymy pynhan saklamaly bolýardym. Başym boşamadyk bolsa menem bu sözleri saňa aýtmazdym. Ömürlik dost hökmünde, arassa gatnaşyk edip ýörmäne menem ak ýürekden kaýyl bolardym...» Men ýerimden turdumda, Jemalyň goşaryndan tutdum, eglip ilki ýaňagyndan, soňam dodagyndan ogşadym. Ol Güljemalyňka meňzeş gözlerini süzdi-de, aşak bakdy. Ýylgyrdy. Men onuň bu hereketini gutarnykly suratda razylyk berendiginiň alamaty hökmünde kabul etdim... Erkin şatlygyny paýlaşyp bolandan soňam gürleşip ep-esli oturdyk. Ýöne ol barybir Jemally gürrüňden gaty bir daşlaşyp bilmedi. Öwran-öwran şoňa dolandy durdy. Şol gezek hoşlaşanymyzda gije ýarymdan agyberen ekeni. Şondan soň Erkin Jemal bilen ýygy-ýygydan duşuşyp başlady. Hakyky söýgi başlandy. Wagtal-wagtal ýanyma gelip Jemal bilen geçirýän ýakymly pursatlary barada, özüniň diýseň bagtyýardygy barada Erkin maňa süýjüdip-süýjüdip gürrüň berýärdi. Özüni giç hem bolsa söýgä sataşdyrandygy üçin Biribardan müňde bir razydygyny aýdýardy. Onuň iň gowy görýän tagamy çişlik – diýip, birnäçe gezek duşuşanlaryndan soň, ol bir gün maňa öýde otyrkak gürrüň berdi. – Özem doňzuňky, içgisem şo-ol, täze ýyl gijesi aýdyşy ýaly «Spraýt». Humarly içgi içenok. Ol içmänsoň, menem içemok. Ikimiziň bar keýpimiz biri-birimize bolan söýgimiz. Mähirimiz. Şol dem biz bar zady unudýas. Ol pursatlaryň sapasyny men hiç zat bilen deňäp biljek däl. Men onuň hylwat jaýymyza seýkin basyp, tez jeren ýaly töweregine howatyrly garanjaklap gelşini penjireden synlamany gowy görýän. Gapydan girişi ýalam garbap alyp bagryma basýan welin, özümi edil ýedinji asmanyň üstünde ýaly duýýan... – Gürrüňiniň şu ýerine ýetende Erkin ýüzüme seredip süýjümtik ýylgyrdy. – Men şu wagt dünýäde iň bagtly adam, Nepes. Sebäbi men söýýän, söýülýän. Kimdir biri üçin men gerek. Jemal meniň juwanlyk söýgim bolup gaýdyp geldi. Maňa ruh berdi. Güýjüme güýç goşdy. Ýaşaýşa bolan höwesimi artdyrdy. Döredijiligimi ilerletdi. Men häzir özümi edil, ýigrimi bäş ýaşly jahyl ýaly duýýaryn, öňkimdenem has öndümli işleýärin. Jemalam şeýle. O-da meni gowy görýär. O-da mensiz oňup bilenok. Duşuşyga höwes bilen gelýär, gidende gyýlyp gidýär. «Ýanyňdan gidesim gelenok» diýip, bosaganyň agzynda oýurganyp kän durýar. Ikimiziňem biri-birimizi bir wagtyň özünde ýatlap, bir wagtyň özünde biri-birimize jaň edip ugraýan wagtlarymyzam az bolanok. Ah, dostum, Nepes, söýmek, söýülmek diýlen närsäniň şeýle süýji zatdygyny öň bilen bolsadym!.. Ine, hut häzirem meniň oňa jaň edesim gelýär, diýmek, o-da meni küýsäp ugrandyr. Nirä gitdikä diýýändir, gözleýändir... Edil aýdyşy ýaly boldy. Hut şol wagtyň özünde Erkiniň el telefonyna jaň geldi. Ekrana seredip, gülümjiräp oturşyna: «Ine, gördüňmi, men aýtdym-a, şol jaň edýä» diýen manyda ýüzüme şelaýyn bakdy. Jemal bilen gürleşdi. Meniň ýanymdadygyny basym menem bilen özi tanyşdyrjakdygyny aýtdy. Birnäçe süýji söz bagyşlady. Şolar ýaly sözleri özem eşiden bolsa gerek, iki ernem gulaklaryna ýetäýjek boldy. Dynç güni duşuşmagy wadalaşybam hoşlaşdy. Telefonyny jübüsine salansoň ýüzüme seredip ýylgyrdy. Onuň şeýle bagtyýardygyny görüp menem begendim. Çünki, onuň uçursyz ýygralygy, içgussalygy, dymmalygy meni hemişe darykdyrýardy. Bolup ýörşüne daşyndan gynanmakdan ýaňa yzalar çekýärdim. Student döwürleri Güljemalyň ýanyna baryp bilmän, ýanyp-bişip ýörşi bilen deňeşdireniňde, bu wagtky bolup oturşy düýbünden başgaça. Men muny onuň özüne-de aýtdym. Şonda ol şeý diýdi. – Howwa, men bagtyýar. Özem iki taraplaýyn bagtyýar. Olaryň biri Güljemal, beýlekisi döredijiligim. Häzir olaryň ikisem oňuşýar. Aslyýetinde welin, döredijilik gelin-gyzlardanam beter gabanjaň. Ol seni ähli zatlardan gabanýar. Ol diňe özüne üns berilmegini, seniň diňe iş stoluňa örklenip oturmagyňy isleýär. Ünsüňi sähelçejik gowşatdygyňam öýkeleýär. Daşlaşmak bilen bolýar. Şonuň şol öýkesini wagtynda duýup, yzyna gaýtarmasaň welin gidýär. Onda senň döredijiligiňden ymykly aýra düşäýmegiňem mümkin. Indi-indiler seredip otyryn welin, meni ýaşlykda söýgüden sowanam, çagalykdan özümi ilden çeke tutup, düňle ýaly içimi hümledip ýörmegim sebäp bolanam şol bolmaly. Ol maňa: «Kalbyňda men bardyryn, başga hiç kimi, hiç zady ýanyma goýberäýme, diňe meniň bilen bol diýýän ekeni. Ýöne bir çetinde söýgem bolmasa, kalbyňda yşyk ýanmaýan ekeni, ýansa-da, köregräk ýanýan ekeni, çyragsyz öý ýaly garaňky bolýan ekeni. Men muny öňräk duýdum. Döredijiligime nämedir bir zadyň ýetmeýändigini, hut şonuňam setirlerimi agsadýandygyny, büdredýändigini aňdym. Şol ýetmezçiligiň söýgüdiginem tutuş süňňüm bilen syzdym. Söýgüsiz geçen ömrüme gynandym... Dogry, ýanmadyk adam şahyr bolmaz, diýýäler, ýöne ýanmak üçinem, söýgi, söýmek, söýülmek gerek ahyry... Indi mende şol zat bar. Öň meniň döredijilik ganatym birdi. Men hatda ýerläbem uçup bilemokdym. Jemala sataşanymdan soň ol iki boldy. Şol goşa ganat indi meni öňküdenem has galkyndyrýar, asmanda ganat ýaýdyrýar. Meni bagtyýar edýän zat ana, şol! Sözüniň gury bolmazlygy üçin ol şonda maňa iň soňky ýazan goşgularyndan üç-dört sanysyny okap berdi. Goşgular dogrudanam gowudy, öňkülerinden göz-görtele tapawutlanýardy, döredijilik meýdanynda täze bir ugra gadam basandygy mesaňa mälim bildirip durdy. Men muňa begendim. Ýöne, bu ýagdaý uzaga çekermikä? Erkin bir elde iki garpyzy uzak saklap bilermikä? Çünki edebiýat ýaly söýgem özbaşyna bir sungat. Erkiniň öz aýdyşy ýaly o-da eýesini özünden başga ähli zatlardan gabanýar. Meni, ine, şu mesele iňkise goýdy. Eger-de, ol söýgä ýan basyp, döredijiliginden daşlaşsa, men gynanjak. Meniň pikirimçe, ol ýa söýgini, ýa döredijiligini pida bermelidi. Ikisinden birini saýlamalydy. Şony edip bilmedik ýagdaýynda ol ikisiniň biri beýlekisini alyp ýataýmalydy. Meniň pikirimçe, onuň öňki gelşi dogry ýalydy. Her niçik hem bolsa, onam, özümem umytdan düşürmezligi ýüregime düwdüm. Çünki Erkini bagtyýar halda görmeklik meniň üçinem bagtdy. Meni ýene bir ynjalykdan gaçyrýan zat: ol özüniň giç gelen söýgüsini maşgalasyndan ýaşyryn saklap bilermikä? «Temeni haltada gizläp bolmaz» diýlişi ýaly, bir gün o-da birwagtlarky, kimdigem belli bolmadyk iki çagaly gelniň dawasy kimin, Erkiniň başyndan täze bir apy-tupan bolup inäýermikä? Bu bolup biläýjek zat. Çünki henize çenli söýginiň äşgär bolman galan ýeri ýok. Ol, gör, kimleri ryswa etmändi! Kimleri atadan-eneden jyda düşürmändi! Kimleri ilinden-gününden siwa etmändi! Eýsem-de bolsa Şaapbasyň altmyş ýaşdan soň aklyny çaşyryp: «Bir ýaman söwdaga düşüpdir başym» diýdiren yşk dälmidi! Şyh Sanana ahyr ýaşynda täji-tägtyny terk etdirip, şalygy gedalyga çalyşdyran, çöl-beýewanlara çykaryp, ormanda doňuz bakdyran yşk dälmidi! Aşyk Aýdyň piriň sary gaçan ýüregini heýjana getiren, ýetmiş ýaşly Şabendä «Gözelimi» goşduran, ýow güni ýagynyň öňünde ýaýaplamadyk serkerde şahyr Seýdä: «Siz görüp, siz sakgalymyň agyny, onuň üçin hapa boldum, gelinler» diýdiren, goja Keminäniň hassa göwnüni galkyndyran yşk dälmidi! Ömrüniň öýlän çaglary Şeýdaýa ýaş gelin söýdüren, gabanjaňlyk zerarly gepe gidip ony öýünden kowduran, soňam eden işine puşman etdirdip öňünde dyzyna çökeren, sagatsaýy gözünden ýaş akdyryp: «Köne döwran yzlaşaly söwdügim» diýdirdip, magşugyna ýalbardan yşk dälmidi? Yşkdy! Söýgidi! Dertdi! Ýanar otdy! Ne ýer, ne gök, ne daglar, ne derýalar, hiç biri çekip bilmänden soň, Allatarapyn adamzadyň boýnuna atylan şol dert, ine, indi nijembir möwritdir seniň ýaşyňam bilenok, garryňam. Şahyňam bilenok, gedaňam. Baryňy bir uçdan öz oduna ýakyp, ýandyryp, eňter-pelegiňi öwrüp gidip barýar. Wezipäňe-de, käriňe-de ylmyňa-da, derejäňe-de parh goýanok... Hiç kimem ony gursagynda gizläp bilenok. Çünki ol ynsany düýpgöter üýtgedýär. Serhoş edýär. Däli edýär. Adatdaky ýagdaýyndan çykarýar. Iň bolmanda öýüne girip-çykyşyny, wagtynda gelip-gidişini, hatda gepini-sözüni, ýüzüni-gözünem özgerdýär. Çünki ol hiç kimden gizläp bolmajak agyr derde duçar bolýar. Guş kimin aglaýar, gurt kimin eňreýär. Ony öňi bilenem ýanýoldaşy duýýar. Käbiri muny öz söýgüsiniň pet edildigi, ömürboýy edip gelen hyzmatynyň, hezzetiniň, hatyrasynyň äri tarapyndan ýere çalyndygy hasap edýär we gazaba galýar, öz äri, öýi üçin göreşýär, özem adalatly göreşýär, hälem bolsa ärini aklyna aýlanmaga umytly ojagyny terk etmezlige öýüni dargatmazlyga, çagalaryny ýetim goýmazlyga çagyrýar. Şeýdibem ol öz ojagyny, maşgalasyny goraýar. Ojagyny ýykmajak, içiniň oduny söndürmejek bolýar. Ine, şu babatda hem meniň bar zatdan beter gorkýan ýagdaýym boldy! Özüni hernäçe seresaply alyp baranam bolsa, Erkinem öz ýagdaýyny maşgalasyndan gizläp bilmedi. Ondaky emele gelen üýtgeşikligi Aýlarhan gaty basym aňdy. Haýsy ýol bilen nädip tapdy, ony Erkinem bilenok, maňa-da mälim däl, ýöne, megerem gije-gündiz, ir ertir giç agşam, ýadaman, ýaltanman eden gözlegleriniň, yzarlamalarynyň miwesi bolsa gerek, ol Jemalam tapdy, üstesine onuň öýünem tapdy, gyzyny ýanyna alyp üstüne-de bardy, gapysynda durup garpyşdy. «Meň ärimden başga är tapmadyňmy? Deň-duşuň gyryldymy?» – diýip, gygyrdy. Jemal bilen «saçýoldy» oýnaşardan gyzy ikisiniňem ejizdigi sebäp boldumy nämemi, hernä çaknyşygyň çägi şondan aňry geçmedi. Ýöne Aýlarhan üçin şonuň özem ýeterlik. Ol ömürboýy edip gelen arzuwyna ýetdi, Erkiniň hiç haçanam düzüwli adam bolmandygyny, özüniň ýöne ýere ömürboýy müňkürlik edip gelmändigini ile-güne, çagalaryna subut etdi. Şonuň üçinem bu ýagdaýa ol gynandy diýsek ýalňyş bolar. Tersine, begendi. Ol öz begenjini agşamlyk hemmeleriň öýe ýygnanan wagty çagalary bilenem paýlaşman durup bilmedi. «Sen öňem oň däldiň, häzirem oň däl. Öň oň bolan bolsaň bu ýaşdan soň beýdip, öz çagaň ýaly biri bilen çörňeşip, göze-başa düşüp ýörmezdiň» diýip, äriniň üstüne gygyrdy. Soň ogly bilen gyzyna ýüzlendi: «Gördüňizmi? Bildiňizmi indi ata diýip ýören adamyňyzyň kimdigini? Ejeňiziň şu çaka çenli nägünleri başyndan geçirip gelendigini aňdyňyzmy? – O ýene-de dabara bilen ärine, hemle atdy. – Bar, indi, alyber şonyňy!.. Men etjegimi etdim! Perdäňi ýüzüňden syrdym!...» Göwniň islegine görä, onuň şol sözlerinden soň ýeke bir çagalary-ha däl, hatda il-günem, tutuş şäher, ýurt Erkinden ýüz öwürmelidi. Goşgularyny çap etmeg-ä beýle-de dursun, metbugatda onuň ahlak taýdan azgyndygy barada ulydan-uly makalalar ýazylmalydy. Okyjylar ony şahyr hökmünde ret etmelidiler. Iş gozgap ýyl kesäýseler-ä temmi hasam ýerine düşjek. Günäsini geçip ärini jezadan ýulmalymy ýa ýok, ine, ol welin, Aýlarhanyň öz işi. Ýöne, isleg-islegligine, arzuw-arzuwlygyna galýar. Hernäçe geň galsa-da, Aýlarhanyň o diýenleriniň birem bolmady. Hatda onuň oglundanam garaşýan tamasy çykmady. Ol edil uýasy ýaly ejesi bilen bir perdeden gopubermedi. Gaty bir unap barmasa-da, garaz, kakasynyň ýüzüne gelmekden saklandy. Eden hereketleri garaşylan netijäni bermänden soň, Aýlarhan juda pes hereketlere ýüz urdy, gyzy bilen dil birikdirip, ärini çaýdan, çörekden kesmek arkaly jezalandyrmaklygy ýüregine düwdi. Agşamlyk gelende öňünde hiç zat goýmady. Gelnine-de: «Sen goşulaýma şu zatlara» diýip, sargady. Başda Erkin muny saý-sebäp bilen bolan zatdyr, ýatlaryndan çykarandyrlar öýtdi. Tä ýatýançalar garaşdy, özi bireýýäm sowap galan nahardan guýunyp iýdi. Ertesi welin ol içi naharly gazany aşhanadan tapmady. Sowutgyçda-da ýok. Şonuň üçinem, saçakdan nan alyp suw bilen iýdi. Muny bilen Aýlarhan ertesi saçagam bukdy. Erkin diňe şondan soň bu zatlaryň ýörite edilýändigini aňdy. Özbaşyna getirip iýmäge ýa bişirinmäge bolsa çekindi. Çünki Aýlarhanyň: «Ärim öýüň naharyna kanagat edenok, özbaşyna dükandan getirip iýýär» diýip, gep ýaýratjakdygyna Erkiniň gözi ýetip dur. Umuman, şol ýagdaýdan çykalga tapman Erkin kän kösendi. Ýanyma gelip maslahat sorady. «Kimem bolsam men olaryň atasy ahyry! Musurmançylyk kadasy boýunça-da täze düzgün boýunça-da meniň aýrylyşmaga-da, başga aýal almaga-da hakym bar, emma men ony edemog-a! Öýümden çykyp gidemog-a! Gidäýenimde-de, nirede bolaýanymda-da atalary hökmünde sylagym bolmaly ahyry. Ejede bar ýüregiň atada-da bardygyna olar düşünmeli ahyry...» diýip, çagalaryndan zeýrendi. Şol gezegem men oňa näme maslahat berjegimi bilmän, kän kösendim. Aşak bakyp başymy ýaýkap oturmakdan başga edibilen zadym bolmady. Dogry, «Juda bolmasa agşamlyk meňkä çyk-da şu ýerden iýibersene» diýäýeýinem bir diýdim. Ýöne ol barybir Erkiniň etjek işi däldi. Onsoňam biz ol dört diwara nä günlik bilen ýetdik. Oňa nijembir höwes, yhlas siňdirdik. Nijembir ýyllap nobata garaşdyk. Gaty bir gyssanan wagtlarymyz nobatymyzyň süýşürilmegini sorap ýokarlardan-ýokarlaryk arzalar ýazypdyk. Nobatymyza garaşyp galyňdan-galyň, berkden-berk gapylaryň agzynda durupdyk. Ine, şolar ýaly görgi baryny görüp alan jaýynda indi Erkin artykmaçlyk edýär. Her niçik hem bolsa, «saçakly» mesele Erkiniň oglunyň ara goşulmagy bilen düzeldi. Ol ejesine gaty-gaýrym aýdybilmese-de, gelnine: «Günde üç wagt nahar adam öldürip türmä düşene-de berilýä, bu bolsa biziň atamyz ahyry, haýal etmän kakama naharam beriň, çaýam beriň, eşiklerinem ýuwuň, beýdip ýörseňiz siz öýden gitmejegem giderersiňiz» diýdi. Bu zatlary men, biraz soňrak, biziň öýümizde çaý içip otyrkak Erkiniň öz agzyndan eşitdim. Şonda ol: – Elbetde, men Aýlarhanyňam ýagdaýyna düşünýän. Onuň ýerine kimem bolsa şeýderdi. Ärini gowy görse-de ederdi, görmese-de ederdi. Ýöne, ine, seredip otyryn welin, şol iki çagaly gelni başda maňa tapyp berenem şonuň özi bolup çykýa – diýdi. – Şol ýa-da şolar! Şonuň hossarlary! – O nahili? – diýip, men ör-gökden geldim. – Nähilisi şol oň. Kimdigi näbelli, baryp-ha şo wagtlar üstüme howaýy, töhmet görnüşde atylan gelin şu bolmaly... – Jemalmy?.. – Howwa... – Dur entek, dur entek.. – diýip, men onuň başlan gürrüňini takyklamak üçin sözüni böldüm. – Sen näçe ýaşyňda öýlendiň? – Ýigrimi dört ýaşymda. – Öz-ä senden ýigrimi dört ýaş kiçi bolsa, senem ýigirimi dört ýaşyňda öýlenen bolsaň... O gelinli gürrüň bolsa sen öýlenmeziňdenem öň, ýaňy bir guda bolan döwürleriňiz çykdy... – Howwa, Jemal o wagtlar entek dünýede-de ýok, ýöne, olaryň oňlap tapan gelinlerem şol wagt dünýede ýokdy ahyry. Ony hiç kim bilmese-de, ikimiz gowy bilýärdik. Ýöne görşüň ýaly şunça ýyldan soň bar zat şolaryň oýlap tapyşlary ýaly bolup çykdy. Çaga sanam, ýaşaýan ýerem edil şolaryň salgy berişleri ýaly. Olar munuň diňe adyny bilmändirler. – Erkin uludan demini aldy. – Göwnüme bolmasa şu meselede adatdan daşary bir syr bar ýaly bolup dur... – Dogrudanam... Ilk-ä munuň Güljemala meňzeş bolup çykmagy.. Indem o-ol gelniň salgysyna laýyk gelmegi... Dogrudanam bu ýerde bir syr-a bar... Erkin barmagyny dik ýokaryk çommaltdy: – Has dogrusy gudrat bar. Gudrat bolmadyk bolsa munça ýyldan soň bu zatlaryň barysy beýle takyklyk bilen gaýtalanmazdy. – Ol gudrat – Allanyň gudratydyr.– Menem şeýle pikir edýän. Ýöne nädip? Näme üçin? Nähilelik bilen? – Welilig-ä satyp biljek däl, welin meniň pikirimçe Biribaryň saňa birwagtky söýgüňi gaýdyp beresi, boş geçen ýaşlygyň öwezini dolasy gelipdir. Yhlasyň köýmesin, diýipdir. Jemalyň syratyna Güljemalyň keşbini, kalbyna ruhyny salyp zemine ýollapdyr, saňa duşurypdyr. Men muny başgaça düşündirip biljek däl. – Onda bu ikara Aýlarhanyň näme dahly bar? Biribaryň gudraty bilen Aýlarhanyň garyndaşlarynyň maňa atan töhmetleriniň arasynda nähili arabaglanyşyk bar? – Bilýäňmi näme – diýip, men barada öz pikirini aýtmak üçin howlukman söze başladym. – Türkmenlerde: «Öz ýakaň özüňe ýakyn» diýen bir söz bardyr. – Howwa. – Ana, şol söz birek-birege atylýan nähak töhmet, gargynç bilen baglanyşykly. Ýagşy bolsun ýaman bolsun, tapawudy ýok. Her bir söz agyzdan çykyşy ýaly ýyldyrym çaltlygynda uç-gyraksyz asman giňişligine tarap atylyp gidýär we şol ýerden öz obýektini gözleýär. Üstünde işleýär. Çünki, ýedi gat asmanyň her gatynda biziň her birimiziň ykbalymyz barada maglumatlar hazynasy saklanýar. Birinde gazanan günälerimiz, beýlekisinde eden ýagşylyklarymyz, ýene birinde indiki etsem-goýsamlarymyz, ýagşu-ýaman niýetlerimiz, köýlerimiz, şol ýerden öz eýesini tapsa aýdylan söz tassyk bolsa, ol yzyna gaýdyp gelýär we göni salgy boýunça gargalan aýdylan adamyň başyndan towky bolup inýär. Egerde tassyk bolmasa töhmet bolup çyksa, onda ol söz gaýdyp gelýär-de şol sözi aýdan adamyň öz ýakasyndan ilýär. Netijede jezany gargynç edilen ýa töhmet atylan adam däl-de, gargynç edeniň, töhmet atanyň özi çekmeli bolýar. Bu zatlaryň barysy Allatarapyn bolup, egerde, ol kimdir birini şol jezadan halas etjek bolsa, onda onuň kimdir birine atan töhmedini hasyl edýär. Şu nukdaý nazardan seretseň, seniň ýaňky aýdyşyň ýaly şu gelni saňa tapyp beren hakykatdan-da ilk-ä Aýlarhanyň garyndaşlary, soňam özi bolup çykýar. Egerde ol şol töhmeti atyp, seniň öňüňde kyýamat günäsini gazanmadyk bolsady, onda seniň öz Güljemalyňa munça ýyldan soň gowuşmazlygyňam mümkindi. Biribar özüniň geçirimliligi bilen Aýlarhanyň saňa atan nähak töhmetini hakykata öwrüp onuň özüni-hä agyr jezadan ýulupdyr, seni bolsa söýgüden näumyt geçmeklikden halas edipdir. Birmahalky ýitiren söýgüňi gaýdyp beripdir. – Bu zatlaryň ylmy esasy barmy ýa bir ýerde okap eşiden zadyňy aýdyp otyrmyň? – Bar. Ylmy esasy bar. Özem bu iňňän ir dörän taglymat. Gadymy hindi «wedalary» hut şuny öwredýär. Belli bir döwürde ünsden düşürilenem bolsa, adamzadyň ýüzi häzir şoňa tarap. Şol ylmy özleşdirmezden durmuşa düşünip bolmajakdygyna ol indi akyl ýetirdi. Ýeke bir ýer ýüzünde däl, külli jahanda sebäpsiz çöp başy gymyldamaýar. Älem-jahandaky barça zatlar biri-biri bilen bagly. Sada söz bilen aýtsak, şu ýerde bir büräniň aşgazany agyrsa, mundan millionlarça ýagtylyk tizligi uzaklykdaky galaktikalaryň janly-jandarlary, hatda ösümlikleri hem şol yzany duýýarlar. Güljemalyň ykbalam, Jemalyň ykbalam, Aýlarhan ikiňiziň ykbalyňyzam bir hatara düzülen zynjyr halkalary ýaly biri-biri bilen berk bagly. Meniň şol sözlerimden soň Erkin uzak wagtlap aşak bakyp, oýa batyp oturdy. Soň arkan düşüp gözüni petige dikdi. Ýöne, uzak ýatmady. Dikeldi. Käsesindäki häliden bäri sowap duran çaýyny bir demde başyna çekibem ýerinden turdy. Hoşlaşdy. Gepleşip geçiren üç-dört sagadymyzyň içinde, ol hatda Jemala jaňam etmedi. Ýöne, öýden çykyşy ýaly telefonyna ýapyşanyny welin gözüm bilen gördüm. Howwa, her niçik hem bolsa, Erkin şol wagtlar bagtyýardy. Söýýändigi, söýülýändigi üçin bagtyýardy. Bagtyýardygyny ol soň-soňlaram her gezek sataşanymyzda tekrarlady ýördi. Şonda ol agzy-agzyna ýetişmän gürleýärdi. Mundan beýläk Jemalsyz ýekeje gün hem oňup bilmejekdigini, häzirem günde üç-dört gezek dagy görüp gaýdýandygyny aýdýardy. Umuman, maşgalasynda bolup geçen şojagaz çaknyşygy hasap etmeseň ol bagtly. Bir wagtkysy bilen deňeşdireniňde düýbünden başga adam. Şähdaçyk. Ýüzi-gözi gülüp dur. Işläp bilýär. Şol wagtlar men onuň şeýle bagtyýar, döredijiliginiň şeýle öndümli çaglarynyň hiç haçan gutarmazlygyny isleýärdim. Ho-ol günki başynda görnen goňrumtyl hem bozgunç goýy dumanyň bolsa, howaýy alamat bolup çykmagyny, başyndan sowulmagyny dileýärdim. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -10: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Gala -4: Ömrüň beýany - 11.02.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş - 10.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |