23:56 Söýgüde serhet ýok -6/ romanyñ dowamy | |
Şeýdip, ol gitdi. Men galdym. Ýöne yzyma dönmedim. Yzlaryndan garap durdum. Jemal iki tarapam bag bilen bürelgi garaňky ýanýoda bilen gyzjagazynyň elinden tutup barýar. Ýanýodanyň aňrybaşy ýagty bolansoň olar aňyrsynda yşyk görünýän ullakan turbanyň içi bilen ýöräp barýan ýaly. Şol yşyk olaryň ikisinem gara siluet edip görkezýär. Daşlaşdyklarysaýy siluetleriň ikisem kiçelýär. Baglar şemalyň ugruna şahalaryny ýaýan wagty trotuaryň ýüzi edil, kümüş apbasy sepilen ýaly tegelek ýagty tegmillerden dolýar. Ýöne, gara asfalt özüniň ol baýlygyny uzak saklap bilenok. Indiki öwsen ýel olary «şowurdadyp» syryp alýar-da äkidip ho-ol aňyrlarda bir ýere «şagyrdadyp» dökýär.
Romanlar
Ine-de, Jemalyň berdaşly göwresi kiçele-kiçele sapagyna ökde okuwçynyň ak kagyz üzre goýan ýüzlenme belgisine, Zübeýdanyňky bolsa kiçijik nokada öwrüldi. Şondan soň olar «turbadan» çykyp saga öwrüldiler. Şol ýerde Jemalyň öýi bar. Ýöne ol öýüne barmazdan öň, çörek we beýleki gerekli zatlaryny almak üçin çep tarapdaky azyk dükanyna sowlar. Soň baryp, bakjadan kiçi gyzyny alar. Şondan soň menem yzyma dolandym. Şol bir bagtyýarlygym bilenem öýe geldim. Ýolboýy aýagym ýere degmedi. Göwräm edil guş ýaly ýeňil gopdy. Arasynda uçan bolaýmagymam ahmal. Ýöne, dördünji gata çykyp, gapynyň tutawajyna elimi ýetirdimem welin: «Ahow, onuň seni şol ýerden gördük diýýän duralgasyndan meniň ýaňky oturan ýerim görünmeli däl-ä... – diýen pikir bir ýerlerden ýel ýaly «şuwlap» gelip kelläme doldy. – Ol meniň oturan ýerime çenli kimdir biriniň maşynynda gelip, meni görendenem düşendir, maşynam yzyna ugradandyr... Ahmal... Ýöne muny barlap görmek gerek... aldan bolsa ertire-de goýman, häziriň özünde jaň edip ýalanyny ýüzüne basmak gerek...». Aň ýene-de bulaşdy. «Şuwlap» gelen tupana öwrüldi. Kalbymy howsala gaplady. Ýürek urmasyny güýçlendirdi. Sançdy. Myjady. Dessine elimi tutawaçdan aýyrdym-da, ýapyrylyp aşak eňdim. Basgançaklar bilen ylgaşlap bir demde aşak düşdüm. Jemalyň diýýän duralgasyna bardym. Şol ýerden özümiň ýap-ýaňyja oturyp geçýän maşynlary synlan ýerime seretdim. Aý, ýok, görnenok! Hatda çala-çula-da görnenok! Düýbünden görnenok. Iň bärkisi ötügiň özem görnenok. Jemalyň sözüniň çyn bolup çykmagyny isläp, duralgadan ötüge çenli ep-esli süýşübem görýän. Barybir bolanok!.. Diýmek, aldapdyr. Ýalan sözläpdir. Bu gezegem menden ökdelik bilen sypypdyr... Hernäçe çemelensemem, agşamlyk jaň edip bilmedim. Sebäbi men şol gün öýdedim. Goh edip çagalarymyň arasynda masgara bolarymdan çekindim. Bolýan kwartirama bolsa gidesim gelmedi. Uzynly gijäni gorsanyp geçirdim. Ertesi irden işe baranymdan soň işine jaň etdim. Agşamdan bäri göwnümde dykyn bolup duran gümany öňüne dökdüm. Haýygar öýtdim. «Nädip, bildiň» – diýip, meniň bilgirligime haýran galar öýtdüm. Ol welin turuwbaşdan üstüme hüjüm edip başlady. «Iň, bolmanda özüňe haýpyň gelsin, Erkin! Goý, şo gylygyňy. Agşamky bolup durşuň hiç diýsem indikiň näme? Görünýä... Görnenok. Görünse görünsin, görünmese görünmän geçsin. Bar, aňyrdan görnenokmyşyn, üstüňe baransoň näme? Bar, men duralgadan gördük, diýenmişim-dä, diýemde näme? Hiý, beýle-de bir jikme-jik sözme-söz, ädimme-ädim yzarlap ýörmek bolarmy? – diýip, gygyrdy. Soňam azajyk dymdy-da, öňküsindenem beter azmly gepledi. – Beýdip ýörşüňe ahyr bir gün bir ýerde ölüp galarsyň...» Bir zatlar diýjek boldum, ýöne sesim içimden çykmady. Çyksa-da sapagyny bişirmän gelendigi üçin mugallymynyň öňünde özüni aklamakçy bolýan okuwçynyňky ýaly naýynjar hem ynamsyz çykdy. Şonda men nalajedeýinligim üçin özümi ýene bir gezek ýigrendim. Has dözümliräk gepläýin-le, özüm hüjüm edeýin-le diýen niýet bilen sesime ýaňadandan bat berdim welin, öňküçe-de bolmady. Ertire çyksam bolýa, ýüregini ýararyn diýip, uzynly gijäni ýolbars ýaly arlap geçiren adam, ine, indi elim trubkaly ezilen towuk ýaly süllerip otyryn. Agzyma ýeke agyzam söz gelenok. Jemal bolsa henizem azgyrylyp gidip otyr: «Bir wagt bolan zady şeýdip, ömürlik baýdak edinjek ýörjekmi? Erkek diýeniň mert bolmazmy? Ýarynyň ýagşysyny ýaýyp, ýamanyny bukmazmy? Onsoňam men-ä bir ýaş maşgala tejribäm az, ýalňyşmaga-da, goýberen ýalňyşymy düzetmäge-de hakym bar. A sen näme? Sen ýaşyny alan adam ahyry. Durmuş tejribäňem meňkiden köp. Özüňem şahyr. Ile-güne akyl berip ýörsüň. Onsoňam bilip goý, başga biri bilen baş goşjak bolsam men ony senden bukulyp etmen, göni ederin. Gönem aýdaryn. Bu barada ikimiz başda gepleşipdik ahyry. Ýöne beýdip günüň-gününe yzarlap, hiç zat ýok ýerden iňirdäp bizar edip ýörjek bolsaň welin, men dogrudanam uzak çydaman...» Şeý diýibem trubkany goýdy. Men aňalyp galdym. Hatda wagty bilen trubkany ýerinde goýmanam unudypdyryn. Üstüne küpürsemeli halyma gaýtam özümiň gep eşidendigimi hiç içime sygdyryp bilemok. Täzeden jaň edip, täze güýç bilen üstüne gygyrmaga bolsa gaýratym çatanok. Has takygy esas ýok. Tutaryk ýok. Düýbi boş salgym. Şonuň üçinem gürläbilemok. Agzyma söz gelenok. Dogrudanam, şol duralgadan ötük görnenok diýip ony ogry tutunmak akylly-başly adamyň etjek işi däl ahyry. Edil şolar ýaly dara-direlige dirän wagty men dogrusy aklyma gelýänem. Bolup ýörşümiň telekdigine-de düşünýän. Tä täzeden ýaraşýançak mumly ýüplüge dönýän, ugruny tapjak bolup üzeňňisinden üç geçýän, niçikmi, ýaraşyp öňkimiz ýaly gatnaşyp ugraýasam welin, ýene-de bir ýerden şol, alasarmyk pikirler peýda bolýa-da, gidiberýän Şeýtanyň görkezen ugruna tarap. Howa, şol gezegem öýkesini ýazýançam görgimi gördüm. Gaýdyp betgümanlyk etmejekdigime söz beribem ýaraşdym. Ýöne soň bir gün ýene-de Şeýtan üstün çykdy. Dogry, men ony edil öňkim ýaly ertir, giç agşam ýa günüň-gününe bolmasa-da maý tapdygymdan «merkeze-de, işine-de, öýüne-de äkidip getirýärdim. Ýöne arasynda işden sypybilmän ýa başga bir sebäp bilen ugradyp bilmeýän waglarym welin, ynjalyp bilmeýärdim. Şolar ýalyda bir gün howsalam has artdy-da, işiň gutarmagyna ýarym sagat galanda, ýagny, Jemalyň gyzynyň yzyndan gidýän wagtyny peýläp, «merkeze» bakan eňdim. Barjagymy welin duýduramok. Sebäbi, men ony «güpbasdy» etmeli. Duýman durka üstüni basmaly. Tutmaly. Çünki, Şeýtanyň kalbyma salan howsalasyna görä, men ýok wagtym ony ýa-ha şo-ol, ak maşynly ýigit, ýa-da başga biri «merkeze» gatnadýan bolmalydy. Gyş aýlary bolansoň, barýançam garaňky mazaly gatlyşdy. Men indi Jemal çagasyny alyp çykan wagty görmez ýaly bukyrak ýerde durmalydym. Çünki meni görse ol münýän maşynyna münmez. Ony bir yşarat bilen ugradar. Şonuň üçinem bukurak ýer gözläp başladym welin, haýsy ýerde dursam göwnüme Jemal göräýjek ýaly bolup dur. Şüý-ä garaňkyrak ýer ekeni-ow diýip barýaň welin, ýagtylýa gidiberýä. Ondan oňa ylgaşlap ýörşüme köpçüligiň gözüne düşerimdenem çekinýän. Sebäbi, «merkez» gelim-gidimli ýer. Özem dört gatly ýaşaýyş jaýynyň teýzemininde ýerleşensoň daş-töwerek durşuna göz. Üstesine üç-dört sany täjirçilik dükanjyklaram teýzeminiň girelgesiniň çat maňlaýynda ýerleşýär-de, gaýda-gaýmalaşygyň yzy üzülenok. Jaý günbatara bakyp dur. Uly köçe onuň arka ýüzünde. Ata-eneler çagalaryny teýzeminden basgançaklar boýunça ýokaryk alyp çykýarlar-da, köplenç çepe sowulýarlar we jaýyň düýbi bilen gyrmyldaşyp, maşyn tutmak üçin gündogardan günbatara tarap uzap gidýän uly köçä çykýarlar. Çagalarynyň yzyndan öz ulaglary bilen gelýänlerem maşynlaryny şol ýerde goýýarlar. Çykyp saga sowulýan az. Öň köp gatnandygym sebäpli bu zatlara men belet. Şonuň üçinem, ilki sag tarapda, «merkezli» jaýa ýanaşyk duran başga bir jaýyň burçunda durdum. Şeýtsem Jemal çykyşy ýaly çepe sowlar, menem garba-gara yzyna düşerin, şeýdibem tutaryn diýdim. Ýöne o duran ýerimem göwnüme jaý bolmady. Çünki basgançakdan çykyşy ýaly Jemalyň birdenkä saga seredäýmegem ahmal ahyry. Gabat garşysynda dursaňam... Onda-ha hökman görer. Çep tarapda durmak barada-ha pikirem etmeli däl. Mahlasy haýsy ýere barsam beýleki bir ýer has ähtibarlyrak ýaly bolup dur. Şeýdip, iki baka elewräp ýörkämem ata-eneler çykyşyp ugradylar. Muny görüp men hasam aljyradym. Olaryň käbirleriniň maňa tarap geňgalyjylykly nazar bilen seredýändiklerini bilýän. Käbirleri bolsa ep-esli ýere çenli maňa tarap gaňryla-gaňryla gidýär, ýanyndaka bir zatlar diýýär, soň o-da öwrülip maňa seredýär, birdenem olar çalt-çaltdan ýöräp başlaýarlar. Başga biri bolsa «Bu nädip ýör» diýýän ýaly gorkuly nazaryny maňa dikip, üşerilip durýar. Birdenem bir zat ýadyna düşen ýaly o-da çagasynyň elinden tutup ýaňkylaryň yzy bilen ýola bakan haýdap başlaýar. Hä diýmän Jemalyňam çykmagy mümkin. Şonuň üçinem ylgaşlap gitdim-de, ata-eneleriň çykýan gapylarynyň gabat garşysyndaky çal reňkli demir garažyň aňyrsyna geçdim. Ol ýerde dursam, Jemal meni görmez, ýöne, menem ony görmen. Men bolsam ony görmeli, yzarlamaly, haýsy maşyna münýä, kimiň maşynyna münýä, bilmeli, soň subut eder ýaly maşynynyň nomerini, kysmyny reňkini belläp almaly. Şol sebäpden men islesem-islemesem ol ýerden çykmaly boldum. Ýöne çykaryma mähetdel bir jyrk sary, saçy-sakgaly ösgün, syh-syh murtlary agzynyň üstünden sallanyşyp duran orta ýaşlaryndaky ors adamsy ylgaşlap geldi-de: «Hä-ä... Ýene geldiňmi? Ýene bir zat gerek boldumy? Arak puluň gutardymy?..» diýip, tutdy ýakamdan. Südürledibem bukymdan çykardy. Meniň bolsa iki gözüm çykalgada. Jemal çykaýmasyn, göräýmesin, diýip, gara janym galanok. Emma içiňi ýakaýyn diýen ýaly ol edil şol wagt çykdam, meni gördem, tanadam. Gönem bize tarap gaýtdy. Gelşi ýalam ors adamsyndan azm bilen: «Dawaňyz näme?» – diýip, sorady. Soň nazaryny maňa dikdi. – Näme boldy?» Görüp otursam, ýaňky adam garažyň eýesi ekeni. Dek-düýnüň özünde-de onuň garažyny açyp, içindäki gorluk şaýlaryny alyp gidipdirler. Ol menem şol niýet bilen «köw-söw» edip ýören ogrularyň biridir öýdüpdir. Jemal oňa: «Bu siziň diýjek adamyňyz däl» – diýdi-de, elimden tutup idirdedip ugrady. Ýola çykyp maşyn tutýançak sesini çykarmady. Ýolboýam sesini çykarmady. Ötükden ötüp öýüne golaýlaberimizde welin, henizem nazaryny öňe dikip, ýüzüni aktam edip oturşyna sowuklaç, ýuwaş, ýöne, pert-pert gepledi. «Däli bolsaňam, sag bolsaňam, Ştirlisň ýa doktor Zorge bolsaňam seniň bu tükeniksiz betgümançylyklaryňdan ýadadym – diýdi. – Mundan artyk çydap biljek däl. Bar, men bir gezek ýalňyşypdyryn, ters hereket edip seniň ýüregiňi çişiripdirin diýeli, ýöne o zatlar birmahallar duşdan geçdi ahyry. Onsoňam bagyşladyňmy – bagyşla! Bagyşlap bileňokmy – hoşlaş! Özüňem horlama, menem...» Ýerden ses çykdy, menden çykmady. Hatda «bagyşla» diýmäne-de bognum ysmady, ýöne näçenji gezekdigini Hudaý bilsin, gaýdyp şular ýaly hereket etmäýin diýip, öz-özüme söz welin berdim. Birnäçe wagtlap öz pendime wepaly bolup gezdimem. Ýöne nätjek, gün kän, aý kän, wagt geçip dur, Şeýtanam hernäçe kowsaňam ara-çola gelip senden habar tutup dur, kem-kemdenem beýniňe ymykly aralaşýa, kalbyňa howsala salýa, gümanyňy artdyrýa, özüne çekýä, ahyram alyp ýatýa. Şeýdibem, derdiňi täzeleýä. Aldap ýörenini bilýänimi bir bildireýin şuňa dünýeden bihabar salpygulakdyr öýtmesin, diýen pikirem meni golumdan tutup köçä çykarýa, tur, bar, barla, diýip, ýeňsämden itekleýä. Şol gün men işine ony jaň edip ýerinden tapybilmedim. «Ýaraman öýüne gitdi» diýdiler. Ýöne beýle bolsa ol meni «was-wasdan» goramak üçin aňryujy ýagdaý bolsa nirä gitjegini aýdyp gider ahyry. Jaň edip öýüne gidýändigini duýdurardy ahyry. Göwnüme güman gelmez ýaly ederdi. Şeýle-de bolsa giňlige salyp öýüne jaň edýän. Hiç kim alanok. Öwran-öwran edýän. Ýok! Diýmek, öýünde-de ýok. Birdenem şol bir lenç bolan pikir kelläme doldy-da, beýnimiň içi tozap gitdi. Damarlarda ganym at salyp başlady. Ýürek atygsap agzymdan çykara geldi. Aňymda bolsa edil kompýuteriň ekranydaky ýaly aýdyň ýazgylar peýda boldy. «Gidendir. Biri bilen gidendir. Işdenem ýaramok bahanasy bilen rugsat alandyr-da gidendir. Özem ony şu gezek alyp giden «ak maşyn» däl-de, deňizdäki duşan adamydyr, ol Aşgabada komandorowka gelendir. Şu gezek men ony günäsiniň üstünde tutaryn we biwepalygyny subut ederin. Onuň üçinem öňürti öýüni barlamaly. Gapysyny kakmaly, goňşularyndan sorag-ideg etmeli. Sebäbi, onuň biri bilen öýüne girip, gapynam içinden temmeläp oturan bolmagy, jaňlara jogap bermeýän bolmagy mümkin. Gitdim. Öýüne barýançam içimi it ýyrtdy. Taksiçi näçe gaty sürse-de, tizligi gözüme az göründi. Öýüniň deňine baranymdanam maşyndan atylyp çykdym-da, eňdim gapylaryna tarap. Tomus aýlary bolansoň aşaky gatda ýaşaýanlaryň köpüsi daşarda, gapylarynyň agzyndaky agaç sekiniň üstünde çaý içişip otyrlar. Dynç alyp ýatanlaram bar. Görsem... Görsem Jemalam eýwandaky sekiniň üstünde birenaýy bolupjyk uklap ýatyr. Ýüzi maňa tarap. Maňlaýy burçak-burçak der. Egninde öýde geýýän ýaşyl halady. Ujy towarlanyp duran gara saçlary bir ýerlerden gelýän asuda şemalyň ýelginine kä ol ýaňagynyň kä bu ýaňagynyň üstünde towsaklaýar, oýun edýär, boýnuna çolaşýar, haladyň giň ýakasyndan girip, göwsüniň görünýänje ýerlerini gyjyklaýar, birdenem bir ýere çogdamlanýar-da, tutuş ýüzüne çaýylýar, ýukajyk gara perde bolup jemalyny örtýär, maňlaýyndaky dere ýelmeşýär. Ýene-de meniňki gury güman bolup çykdy. Ýene-de begendim. Bir demde bar dertden aman boldum. Açylyşdym. Ýüregim joşup: «Wah, bolup ýatyşjygyňa döneýin, mähribanym, men bolsam sen hakda gör nämeler pikir edipdirin, bu ýerde ýatyşyňa içki jaýdaky telefonyň jaňyny eşitmersiň ahyry... Wah, men guraýyn...» diýip, pyşyrdanymam bilmän galypdyryn. Bir görsem biri gapdalymda somalyp dur. Bir zatlar diýýänem ýaly. Seretsem hälki münüp gelen maşynymyň sürüjisi. «Agam, bizem keýpine şeýdip ýöremzok, şojagaz arabaň üstünden gün görýäs... çaga ekleýäs... Daşyňyzdan seretseň-ä medeniýetli adam ýaly... Beýdip gaçyp ýörşüňiz bolsa...» diýýändigini dodaklarynyň gymyldysyndan aňdym. Diýmek, men onuň bilen hasaplaşman gaýdypdyryn. Näçedigini bilemok, jübümden çykaryp pul berdim. Ötünjem soradym. Puly bermelisinden artygrak beren bolsam gerek, sürüji görgüli esli ýere barýança götinjekläp, alkyş aýdyp gitdi. Ol gidenden soň alnymda ýatanyň hakykatdan-da şoldugyna ýene bir gezek göz ýetirmek üçin Jemalyň ýüzüne seretdim. Özem köp seretdim. Doýmanlar, ganmanlar seretdim. Seretdigimçe-de seredesim geldi. Men entegem oňa seretjek durjakdym, ýöne töwerek-daşdan çekindim. Onsoňam tebigatyň kanunyna laýyklykda, ýüzüne seredip köp dursaň uklap ýatan adam nazaryňy duýýar we oýanýar. Munuň şeýledigine özümem birnäçe gezek göz ýetirdim. Şoňa görä şol wagt Jemalyňam ýalpa gözüni açaga-da: «Wiý, bu senmidiň?» diýip, ýerinden turmagy, meniň o ýerde näme işläp ýörenimi soramagy ahmaldy. Şeýle bolsa men ýene-de kyn ýagdaýa düşerdim we aljyrardym. Jemal meniň ýene-de özüni aňtap gelenimi aňardy, gaharlanardy. Iň bolmanda gaty görerdi. Öýkelärdi. Ýöne bagtyma ol oýanmady. Netijede men käýinçden gutuldym. Ýöne şol günüň agşamy telefon arkaly gürleşenimizde ol: «Şu gün, düýşümde biri uzak wagtlap ýüzüme seredip durdy. Menem: «Näme beýdip jiňkerilip dursuň, bar, ýok bol, git!» diýýän welin, piňine-de däl. Öz-ä tanyş ýüze-de meňzeýän ýaly. Golaýda bir ýerde senem-ä bar ýalydyň...» diýdi. Soňam ýaraman gaýdanyny duýdurmandygy üçin ötünç sorady. Aýtmagyna görä, günortandan soň onuň birdenkä gan basyşy galypdyr. Ýüregi bulanypdyr, ýüzi aktam bolup ysgyndan gaçypdyr. Işdeş ýoldaşlary «tiz kömegi» çagyraly diýseler etmändir. «Öýe bir baraýyn, onsoň görübirin» diýipdir-de, rugsat alyp göni öýüne gaýdypdyr. Derman içibem ýatypdyr. Maňa habar edere dagy ýagdaýam bolmandyr. Elbetde, şol hereketim üçin men şol gezegem öz ýanymdan erbet utandym. Jemalyň oýanmanyna, barlamaga baranymy bilmänine müňde bir şükür etdim. Gel, şundan soň bir goýaýyn şu häsiýetimi diýip, gör indi näçenji gezekdir, öz-özüme söz berdim. Ýöne ikimi ýa üç hepde geçenden soň, ýene bir gezek şolar ýaly güne düşdüm. Şol günem çäş wagtlary jaň etdi-de, garyndaşlarynyň biriniň hudaýoly edýändigini, arakesme-de şoňa baryp gaýtmaly boljakdygyny aýtdy. Men: «Bolýa, olar ýaly bolsa göni birde ýola çyk, men maşyn tutup bararynam, äkiderinem, getirerinem diýdim. Ol: «Ýok, ýok, gerek däl» – diýip, kes-kelläm garşy çykdy. – Men uýam bilen gidýän. Ol adamsynyň gulluk maşyny bilen yzymdan gelýä...» Men howsala düşüp başladym: «Haçan gelersiň?» «Üçüň ýaryna» diýip, ol birhili sesini pessaýladyp, ynamsyzrak jogap berdi. Bu meniň howsalamy hasam artdyrdy. Ýöne razylaşaýmakdan başga alaç galmady. Üçüň ýary bolandanam jaň edip ugradym. Ýok. Gelenok. Tä dördüň ýaryna çenli aýladym oturdym. Onda-da ýok. Şondan soň ýene-de kellämde: «Biri bilen duşuşyga gidendir, özem ol haýsydyr bir ötermen, howlukmaç adam bolmaly, özem myhmanhanadan otag alandyr-da, Jemalam şol ýere äkidendir». Şu oýlara gümra bolup oturşyma dörde golaýladam welin, özi jaň edäýdi. Sesi dury. Şadyýan. Badyhowa. «Hä-ä awuň oňan bolaýsa gerek» diýip, içimden gyjynýan. Onuň ýap-ýaňyja-da arassa otagyň içinde arassa düşekleriň üstünde kimdir biri bilen dalaş gurandygy gara zülplerini onuň ýüzüne dökendigi, döşüne gysmyljyrandygy, süýjüden-süýji sözler aýdyşandygy göz öňüme gelende namysdan ýaňa ýarylyp öläýjek bolýan. Ýöne gepläp bilemok. Näme diýjegimi, haýsy sözi gepbaşy etjegimi, nämäni tutaryk edinjegimi bilmän kösenýän. Ol bolsa meniň içki harasadymdan bihabar yzyny üzmän gürläp dur. Hudaýýola ejesiniňem barandygyny, şonuň üçinem köpräk oturmaly bolandygyny, eger-de telefon erkek adamlaryň oturan jaýynda bolmadyk bolsady, onda jaň edip, eglenmeli boljakdygyny maňa hökman duýdurjak ekendigini, gaýdyşyn ejesi bilen taksili gaýdandygyny, puly ejesiniň töländigini, şeýlelikde, iki ýüzüne-de mugt gidip gelendigini uly joşgun bilen gürrüň berýär. Göwnünde güman bolup, onam aýdybilmese, üstesine-de aýdara tutarygy, subutnamasy bolmasa, adam pahyr gaty kyn güne galar ekeni. «Barmagymyň ujunda aýlap ýörin welin, syrtam duýanok» diýmesin, iň bolmanda aýdyp bir galaýyn, näme edip ýörenini bilýänimi bir bilsin, diýen şo-ol köne düşünje-de bir tarapdan böwrümi gyjyklap dur. Umuman, şol günem şol düşünje alyp ýatdy. Ökde çykdy. Gümanymy aýtdym. Eşitjek geplerimi eşitdim. Ol telim günläp gepleşmän gezdi. Soňam garagym akan ýaly özüm ýaraşmaly boldum. Şol gezek onuň hakykatdanam hudaýýola gidendigine meni aldamandygyna bolsa men bir ýol bilen, biraz soňrak göz ýetirdim... – Erkin sözüne dyngy berdi-de, uludan demini aldy. – Munça bolanyna görä, men saňa Jemal bilen aramyzda bolan çaknyşyklaryň ýene birini aýdyp bereýin, Nepes. Şonuň bilenem boldum edeýin. Ýogsam senem ýadatdym. – Ýok, ýok, men asla ýadamok. Aýdyber. Aýtsaň derdiň ýeňlär – diýip, men howlukmaç gepledim. Çünki men hakykatdan-da ýadamandym. Gürrüň bolsa gyzyklydy. Täsirlidi. – Aýtsam... şol çaknyşyk ähli çaknyşyklaryň iň ulusymyka diýýän... – diýip, Erkin gözlerini süzgekledip oturşyna sözüni dowam etdirdi. Günlerde bir gün Jemal jaýyny remont etdirmekçidigini aýtdy. Hem ökde, hem arzanrak ussa tapyp bermegimi haýyş etdi. Bir kärine ökde tanyş ussam bardy. Şoňa diýdim, o-da iki sanysyny tapdy, şeýdibem üç bolup işläp bşladylar. Olar meniň çakymdanam has amatly, oýlap tapyjy bolup çykdylar. Öň Jemalyň iki gapysy bardy. Biri içki, umumy girelge tarapda, beýlekisi eýwan tarapda. Ussalar umumy girelge tarapdaky gapyny aýyrdylarda, ýerine kerpiç ördüler. Ýapdylar. Ortarada somalyp duran hajathanan-a ýapylan gapynyň ýerine aşhananam eýwana geçirdiler welin, bir otagly jaý gözümiziň öňünde iki otagly jaýa öwrüldi duruberdi. Üstesine hersi ýüz dollarlyk iki sany demir gapylaryňam birini satyn almasyz boldy. Muňa Jemal diýseň begendi, mendenem, ussalardanam köp-köp hoşal boldy. Iş şeýdip, öz maýdalyna gidip barýardy. Birdenem ýoldaşlary bilen sözi azaşdymy, ýa başga bir zada kejirligi tutudumy, meniň tanşym dik duran ýerinden gurallaryny ýere taşlady-da, eşiklerini çalşyp zut gitdi. Meniň «höre-köşäme dagy gulagam asmady. Galan iki ussa ertesi oňa derek başga birini tapyp getirdiler. Ony men turuwbaşdan halamadym. Ýaşlygyna garamazdan ýüzi-gözi arakhora, neşekeşe meňzeýärdi. Goturaky, pis açan ýerlerem bardy. Irden içmän, işe başlap bilmeýärdi. Iň ýamanam köp zadyny öňküdenem has arzan etdirmek üçin, Jemal göwnüme bolmasa onuň bilen süwümsiz sözleşýän, ýeňles hereketler edip daşynda pyrlanýan ýaly göründi. Her sözüniň birinde-de: «Dogoworimsýa da? Dogoworimsýa da?..» diýip, ýüzüne ýyljyraklap bakdy. Ussa-da aşak seredip, uýaljyrap durşuna: «Da, da, dogoworimsýa...» diýip, oňaýsyz gürledi. Çym-gyzyl bolup, Jemal näme diýse, garşylyk görkezmedi. Islendik nyrhy bilen razylaşdy. Gepiň gysgasy Jemal ony şeýle bir «eýledi» welin, meniň pikirimçe şol wagt sen şu jaýy mugt remont etmeli diýsede ol ýigidiň ýok», diýmäge gurbaty çatmaly däldi. Soňabaka-ha ol jadylanan dek Jemal näme diýse-de iýmçi ýaby ýaly aşak bakyp durdy. Onuň bu bolşy Jemalyň hoşuna geldi. Guşy uçdy. Her sözüniň birinde jak-jak edip güldi, ussany aýasyna alandygyna begendi. Men bolsam onuň şeýdip, ömründe ilkinji gezek görýän adamsy bilen «hikirdeşip» durşuna bir ölübilemok. Gyjalat berýän ýaly käte bir maňa tarap gözüniň gytagyny aýlap goýberende dagy baraga-da, ýüzi kessir ýelmäýesim gelýär. Ýöne, edibilýän alajym ýok. Aýtmasyz bir zat aýdaýmaýyn diýip, dilimi dişläp durun. Bir günem günortan arakesmä gelip şol ussa bilen kilçildeşip duran wagty Jemaldan juda gaty gördüm-de, sessiz-üýnsiz çykyp gitdim. Ýolboýam gaýdyp şuň gapysyndan garamaýyn diýip, öz-özüme pent etdim. Öýe barşym ýaly: «Şundan şu ýana göreniň-eşideniň şol gotur ussa bolar, gaýdyp meni görmersiň, sesimi eşitmersiň» diýip, jaň etmekligi ýüregime düwdüm. Ýöne öýe golaýlaşdygymsaýy badym gaçyşdy, diýjek sözlerim aňymdan uçdy. Has beterem onuň ýene-de: «Näme, meniň arzan gürleşenim saňa ýakmadymy? Onda özüň gürleşäýmeli ekeniň-dä!» – diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrybererinden çekindim. Çünki ussalary tapyp beren men bolsamam hakyny töleýän onuň özüdi. «Ýa ýene gabanyp başladyňmy? Ýa meni jelepdir öýdýäňmi, öňýeten bilen çörňeşiberer ýaly? Ýa öýüm küntühanadyr öýdýäňmi? Özüň bilen ýatyp-tursam hemmeler bilenem şeýdýändir öýdýäňmi?» – diýäýse dagy bar gitdi! Şol zatlar göz öňüme gelende hasam haýykdym. Garaz, öýe barýançam mazaly sowaşdym. Diwanyň üstünde arkan düşüp didelerimi haşamlanan petige dikip ýatyşyma öz bolup ýörşümi ýene bir gezek aňymdan geçirdim. Tizgaharlygym, müňkürligim üçin özümi ýigrenip başladym. Pikirlerim saýhallanyp, gaharym gaýtgyn berip ugrandanam ýerimden turdum-da, eşiklerimi geýip, Jemallara tarap ýola düşdüm. Hä diýmänem mundan ýarym sagat dagy-duwwara garamy salman diýip gaýdan gapymyň agzynda häzir boldum. Barsam, Jemal ýok. Ussalary naharlapdyr-da, işe gidipdir. Ussalar işleşip ýörler. Jemal gelýänçä girdim, çykdym, kölegede oturdym, emma janyma jaý tapmadym. Göwnüme ussalaram birhili özara «hikirdeşip» üstümden gülýän ýaly. «Bu adam näme gije-gündiz bu ýerde köwejekläp ýörkä» diýen sözlerin-ä magat eşidäýdimem öýdýän. Ahyram Jemal geldi, meni görüp begendi. Ýöne begenjini bildizmezlik üçin ýüzüni-gözüni zoraýakdan gamaşdyran boldy-da: «Nirä gitdiň ýaňy aýtman, diýmän» – diýip, ýuwaşja seslendi. Men onuň özündenem pessaý gepledim: «Aý, azajyk işim bardy-da, öýe baryp gaýtdym». Aýak üstünde böwrüni diňläp, ussalaryň işini synlap durşuna Jemal kinaýaly ýylgyrdy: «Seň işiň azajyg-a bolmaly däl. Gije-gündiz işläniňde-de gutarmaly däl. Sebäbi, sen döredijilik adamy. Şahyr.» Men entegem onuň aýlawyna düşünmän gönümel jogap berdim: «Şeý diýseňem boljak, ýöne birazrak haýalrak gidýä-de, kän önenok». «Haýal gitse basarak oturyp işlärler. Önmeýän bolsa öndümliräk işlärler. Wagtyňy biderek geçirmezler». Men onuň bu sözüne: «Beýdip meni yzarlap, görenden gabanyp, guýruktutdy oýnap ýörýänçäň-ä öz işiň bilen bol. Ussalar bilenem özüm oňşaryn. Bu ýerde senlik iş ýok» diýdigi diýip düşündim. Baryndan beterem ol muny ussalaryň ýanynda, şolara eşitdirip aýtdy. Olaram hekdir-palçyk çyrşalan ýüzlerini çaňjardyşyp, ýuwaşlyk bilen «mys-mys» edişdiler, biri-birlerine syrly bakyşdylar welin, şol sözi Jemal özi üçin meni hiç kimdigimi, asla äsgermeýändigini olaryň öňünde ýörite nygtadygydyr diýip düşündim. Dessine-de bir ýerden pukara girrikligim peýda boldy-da: «Bor, gaýdyp gelmäýerin, öýden çykman oturybererin, sen mensiz oňsaň menem sensiz oňaryn» diýmäge hyýallandym. Emma bolmady. Aýtjak sözlerim bokurdagyma tegek boldy duruberdi. Şonuň üçinem aşak bakyp tossarylyp durdum-durdum-da Jemala sag bolam diýmän çaşyşyp ýatan akyr-ukurlaryň arasy bilen gapa tarap süssenekläp ugradym. Çykjak wagtym bosaga büdräp ýüzün ýykyldym. Jemal-a bilemok, ýöne ussalar gülüşdiler. Muňa hasam erbet boldum. Hern-ä bagtyma içi sementli hekmi, gipsmi haltalaryň üstüne gaýtdym-da, hiç zat bolmady. Emedekläp baryp derwezäni açjak wagtym Jemalyň «Aý, oglan, bir ýeriňi agyrdaýan-a dälsiň» diýen sesi eşidildi. Ýöne men oňa üns bermedim. Ýola düşüşim ýalam edil öňküleri dek beýnimde gapma-garşylykly pikirler at salyp başladylar. Bir göwnüm: «Özüňi biderek horlama, beýniňe agram salma barybir ýene iki sagatdan gelersiň, iň bolmanda jaň edersiň» diýse, beýleki göwnüm: «Besdir indi! Terk et, sen şol gapyny! Öňi bilenem özüni terk et! Ondan saňa jepadan başga zat ýok» diýýärdi. Özüm welin olaryň haýsysynyň pendini alyp haýsyny ret etjegimi bilemok. Haýsyna gulak assam, şonuňky dogry ýaly bolup dur. Ýap-ýaňyja-da: gaýdyp gelmen diýen gapyma gelendigim üçin öler ýaly ökünýän. «Aý, ýok, ind-ä barman şundan soň-a şoň ýüzüni görmen, şu gezeg-ä sözümden dänmen» diýip ýene-de içimden öz-özüme söz berýän. Gazabym hetdinden aşyp, ýigrenjim halys içime sygmadyk wagtam dişlerimi gyjap: «Biwepa! Binamys! Biar! Jelep!» diýip, gygyrýan. Ýöne içimden gygyrýan. Ötüge ýetiberenimde welin hamala Jemal: «Men jelep däl» diýip, öňümde özüni aklap duran ýaly säginipdirin-de öňümden salgym atyp gelýän gara tarap barmagymy çommaldyp: «Jelep! Sen jelep! Howwa, jelep!» diýip, daşymdan gygyrypdyryn. Derrewem özüme geldim. Daş töweregime göz aýladym. Görsem bir ötegçi maňa tarap geň galyjylyk bilen seredip dur. Başga-da bir zatlar diýen bolsam gerek, ol durup-durup ýüzüme üşerildi-de, başyny ýaýkap zut gitdi. Çat maňlaýymda duran ýüzi ýygyrt-ýygyrt garaýagyz garryja aýal bolsa kellesini saňňyldadyp durşuna: «Kime diýdiň sen ýaňky sözi? Maňamy? Hä? Bilýaňmi men kim?» – diýip çep elindäki hasasynyň ujuny gözüme sokaýjak boldy. Sag eliniň aýasy bilen döşündäki çapraz-çaňňa meňzäp duran ordendir-medallaryň üstüne patladyp-patladyp urdy. Oňa näme jogap berenimi bilemok, ýöne bir görsem, ýene-de agyr oý-aladalar astynda ýolumy dowam etdirip barýaryn. Ötügiň üstündäki demir ýoldan geçjek mahalym tas iki ýana gatnap ýören parowozyň aşagyna düşen ekenim. Hälem maşinist uzyn-uzyn signal beräýdi. Zorruk, güýçli sese tisginip gitdim. Başymy galdyrdym. Hytaýdan täze getirilen böwrüne uly harplar bilen „Türkmenistan“ diýlip, ýazylan çal reňkli owadan parowoz burnumy sydyrdyryp geçip gitdi. Maşinist ýumrugyny çenäp bir zatlar diýdi. Geçip gidenden soňam esli ýere barýança kabinadan boýnuny uzadyp haýbat atdy... Meniň welin piňime-de däl. Gözlerimiň öňünde diňe Jemalyň keşbi. Göwnüme bolmasa, ol henizem men barada ýakmaz sözler aýdyp ussalaryň ýanynda gabarylyp duran ýaly. Şol wagtam hälki parowozyň giden tarapyndan, ýöne, beýleki bir liniýadan yzyna onlarça sisternalar tirkelen uzyn eşelon peýda boldy. Hernä men ony wagtynda gördüm. Saklandym. Ol «alaşakyrdy» bolup geldi we esli wagtlap gözlerimiň öňünden «zybyrt-zybyrt» edip geçdi durdy. Iň soňky sisterna geçdem welin başymdan tupan sowlan ýaly boldy. Şondan soň yraň-daraň edip demir ýoldan geçdi. Öýe barýan ýola düşdüm. Beýnimde bolsa henizem uruş gidip dur. Şol bir sahna, şol bir gahrymanlar. Režissýory, tomaşaçysy welin ýeke özüm. Soňabaka beýnim çat açan plastinka ýaly şol bir hereketleri, şol bir sözleri üznüksiz gaýtalap başlady. Ol ýagdaý meni erbet ýadatdy. Göwrämi lagşatdy. Aýakalrymyň ysgynyny aldy. Özümi zordan öýe atdym. Barşym ýalam eşigim zadym bilen diwana geçdim. Gyşardym. Emma uklap bilmedim. Eýläk bir agdarynýan, beýläk bir agdarynýan, kä arkan ýatýan, kä ýüzün düşýän, barybir ynjalyp bilemok. Uklamak hakda-ha gürrüňem ýok. Dogry, ukym gelýä, ýöne uklap bilemok. Gözüm ýumlanok. Ýumuldygam elleri laý bedreli ussalar gözlerimiň öňünde gaýmalaklaşyp ýörler. Gulagyma gelýänem Jemalyň şol bir bizar-peteňimi çykaran çylkasyz sözleri. Haýsydyr bir güýç bolsa goltugymdan tutup telefona tarap itekleýär. «Tur, bar-da Jemala jaň et» diýýär. Asyl özümiňem gollarymyň şol tarapa uzaýasy gelip dur. Şeýdip, gije sagat on bire golaýlady. On ikiden işläp ugrady. Birdenem özümden biygtyýar ýerimden turdum-da, entirekläp telefona tarap ýöneldim. Diýmek, ýa-ha pikir ede-ede ýene-de özümiňkini ters tapypdyryn, ýa-da Jemalsyz oňup bilmejekdigimi gutarnykly boýnuma alypdyryn. Jaň edip, Jemal bilen iki agyz gürleşibildigim süňňümiň ýeňläp, göwrümimiň bir demde giňäp gitjekdigine bolsa söz ýok. Kwartiramda bolsam men Jemal bilen islendik wagt gürleşip bilýän. Ýöne öýde beýle däl. Onda Aýlarhanyň ynjamagy, çagalaryň gaty görmegi mümkin. Şonuň üçinem pişik basyşyny edip, telefonyň asylgy duran ýerine – girelgä bardym-da, assyrynlyk bilen töweregime göz aýladym. Oglum-a ortaky jaýda çagalary bilen çanak antenna arkaly telewizorda haýsydyr bir daşary ýurt kinosyny görüp otyr. Aýlarhan balkonly jaýda özi üçin ýörite satyn alan telewizorynda ýerli gepleşiklere seredip otyr. Gapysam çalaja açyk. Menem ony göremok, o-da meni görenok. Diýmek, Jemal bilen gürleşmäge mümkinçilik bar. Şeýle-de bolsa, ätiýajy elden bermezlik üçin gerek belgilerimi usullyk bilen aýladym. Iki gezek inçeden uzyn ses gitdi. Yzyndanam «şykyrt-şykyrt» boldy-da, «Alýo-o-o...» diýip, erkek adamynyň zorruk sesi eşidildi. Eý, Huda-aý! Jemalyň öýünde erkek adam? Gije sagat on birden soň? Üstesine eýemsiräp telefonam özi alýa. Men bolsam günuzyn pikir ede-ede ony aklap özümi günäkär saýyp otyryn. Diýmek, öňki pikirim dogry ekeni-dä! Asyl hiç haçanam ýalňyşman ekenim-dä! Onuň düzüw maşgala däldigi dogry ekeni-dä! Şeýle bolmasa, hiý, gije sagat on ikiden işläp ýörkä-de bir dul gelniň öýünden erkek adamynyň sesi eşidilermi? Bu akyla sygjak zat däl ahyry. Ýene-de beýnim gaýnap, ýüregim atygsap başlady. Eýsem, ol kim bolup bilerkä? Kim bor öýdýäň, şoldur! Şol gotur ussadyr! Jemal onuň bilen ýöne ýere «jirkildeşen» däldir. Häziriň özünde şo tarapa eňmek gerek. Ony günäsiniň üstünde tutmak, aýbyny «bazyrdadyp» ýüzüne basmak gerek. Ine, şondan soň welin Jemalyň meniň öňümde gepläre ýüzi bolmaz. Özüni aklap ýa üstüme hüjüm edip bilmez. Ömürlik lal açar. «Doňzy batgada bas» diýipdirler. Nikasyzam bolsa, baş goşan maşgalamy öz aýalym hökmünde görýändigimi, özgäniň eli degen güni el çekmäne gaýratymyň çatýandygyny goý, ol şu gün bilsin!...» Eger-de bile ýatan bolsalar ikisinem bilelikde öldürmek maksady bilen aşhana girdim-de, Aýlarhanyň aş kesýän ullakan pyçagyny aldym. Gazete dolap goltugyma saldym. Tüwdürilip daş çykdym. Oglum yzymdan garap galdy. Basgançaklaryň ýarysyny geçenimden soň gapydan boýnuny uzadyp: «Indiden soň nirä, kaka!..» diýip, gygyrdy. Men oňa jogap bermedim. Diňe ötügiň üstündäki demir ýoluň aşagyna goýlan garaýagly agaç şpallarynyň üstünden ätmerläp barýan wagtym: «Öldürmäge-e... Janyny jähenneme ibermäge-e» diýip pyşyrdadym. Wagt giç bolansoň töwerekde adam-gara görnenok. «Depo» tarapdan parawozyň «guguldysy», çalşyrylýan wagonlaryň polat tigirleriniň «şakyr-şukury», «jalkyldysy» eşidilýär. Uzyn kerwene birikdirilen kelläniň zogy bolsa gögüň gübürdisi ýaly meniň üstümden aşyp, allaowaralara ýaýrap gidýär. Üçargäh tarapdan uçmaga hyýýallanýan uçaryň dyzmaç «gürrüldisi» gelýär. Hä diýmänem onuň ýerden göterilip şäher üzre alyslara tarap «güzürdäp» barýandygy görünýär. Birdenem bir ýerden toklynyňky ýaly towarlanyp duran tüýleri ösgün, gulaklary uzyn gara gürji gybyrdyklap geldi-de, tanajak bolýan ýaly ýüzüme çiňerildi. Hamala tanşy däl bolup çykanyma gynanýan ýaly, «Beh» diýip, başyny ýaýkady, soňam çalarak hyňranjyrady-da, tor gurmakçy bolýan ýaly telim gezek daşymdan aýlandy. Özüne düýbünden üns bermeýänimi aňansoňam ýoluň gyrasyndaky ullakan agajyň düýbüne bardy-da, artky sag aýagyny galdyryp gasygyny ýeňletdi. Ýüzüme çiňerilp ýene bir gezek «beh» diýibem, öýkeli halda ýüzüni kese sowup gelen ugruna tarap ýorgalap ugrady. Ine-de, men Jemalyň gapysynda durun. Daşyna tikenekli gyrymsy agaç ekilen kiçijik howlynyň hemişe onlardan soň ýapylýan gözenekli derwezesi henizem gulplanmandyr. Ony itermek üçin elimi uzatdymam welin, Jemalyň üç-dört metr aňyrda, bir metr ýalam ýerden beýiklikde, tagtçanyň üstünde ýerleşýän daşky gapysy «jarkyldap» açyldy-da, eli kiçijik paketli gotur ussa entirekläp çykdy. Howlyny gulplamak üçin bolsa gerek, onuň yzy bilen eli bir düzüm açarly Jemalam çykdy. Ussa hamala meni görmeýän ýaly eýwanda duran ýerinden gözleriniň agyny köpeldip, uly ýola tarap seretdi. Soň aýaklanmadyk köşek ýaly «patanaklap» basgançakdan düşdi. Ýaňy gözi düşen bolsa gerek, entirekläp duşuma gelende çalarak kürtdürdi-de: «Oh» diýip, bulançak gözleri bilen ýüzüme seretdi. Ýöne, dikan garap bilmedi. Gözleri açylmady. Aragyň agyr ysy bolsa beýnime urup ýüregimi bulady. Salamlaşdymy ýa sagbollaşdymy, bilemok, bir zatlar diýip, «madyrdady», soňam näme üçindir boş elini däl-de, paketli elini galgatdy-da, gatnawly ýola tarap ýegdekläp ugrady. Barýança iki gezek dagy büdräp ýykyldy. Turup, ýoluň aňry ýüzüne geçdi. Yraň atyp durşuna geçýän maşynlara goluny galgatdy. Bolup durşundan heder eden bolsalar gerek, köp maşyn ony alman geçdi. Ahyram bir köneje «Moskwiç» «uly arryldy» bolup geldi-de, ussany gujagyna gysyp günbatar sary «watyrdap» ugrady. Men bolsam henizem howlynyň ortarasynda aňalyp durun. Öz ýanymdam bar zady düşnükli hasap edip, sessiz-üýnsiz öwrülip gidiberjegimem bilemok, Jemala iň soňky sözümi aýdyp, içimi sowadyp gitjegimem bilemok. Goltugymda bolsa gazete dolangy aş pyçak. Ýöne, men näme üçin ýaňy ony goturyň gursagyndan sokmandyryn? Men ondan hatda: näme işläp ýörsüň bu ýerde gijäň bir wagty, diýibem-ä soraýmandyryn. Ýa men şeýle gorkakmykam? Söýgi meni şeýle binamys edäýdimikä? Ýa parasatlylyk etdimikäm? Her niçik hem bolsa bar zat düşnükli. Jemaly hemişelik terk edip gitmäge esas bar. Ol inkär edip bolmajak hakykatyň öňünde dur. Ol jelep! Ýöne muny hökman aýdyp gitmek gerek. Ýüzüne basmak gerek. Şu çaka çenli onuň öz öýünde gotur ussa bilen näme edendigini bilýänimi bir bildirmegim gerek. Jemal bolsa henizem elindäki açarlaryny oýnap, synlaýjy nazary bilen birsyhly ýüzüme seredip dur. Gaharlananogam, gülenogam. Edil: ine, men-ä etjegimi etdim, senem indi nätseň şeýt, diýýän ýaly. Ýüzünden-gözünden ýeňijiniň içki dabarasyny duýmak bolýar. Iň ýamanam müýni ýok. Ogry diýeniň bir utanmasa-da, garaz, üsti basylandan soň aljyrar, gaçara ýer gözlär, özüni aklajak bor, onuň welin piňine-de däl. Göwni bir ýaly. Men dişimi gyjap durşuma ony gözlerimiň gazap oklary bilen yzly-yzyna tüpeňleýärin. Emma peýdasy ýok. Hatda sarsanogam. Şol bir durşy. Indi dilime bat beräýmesem başga alaç ýok. Men hut şeýle hem etdim. «Näme işledi ol seň öýüňde şu wagta çenli» diýip, gijäniň ümsümligini bozmazlyk üçin gowuşgynsyzrak gygyrdym. Jemalyň jogaby nagt boldy: «Işledi» «O nähili işledi?» «Işledi-dä. Men özüm işletdim. Gal, işle, kiçi jaýy gutarman gitme, meň goşlarymy goýara, ýatara-turara ýerim ýok diýdim..» «Hany çagalaryň?» «Çagalar ejemlerde.» «Näme üçin?» «Aýtdym-a ýatara ýer ýok, diýdim-ä. Ine, indi kiçi jaý boldy, ertir olaram getirin.» «A hany beýleki ussalar?» «Özüň bilýäň-ä, olar kafel goýýalar. Diwar bilen işleri ýok. Şonuň üçinem diwarçy ussany gije işletmeli boldum. Kafel bir gün öň boldy, soň boldy meň üçin tapawudy ýok». Men aýlawly gürläp başladym. «Bir özi işledimi ýa bile işlediňizmi? «O näme diýdigiň boldy?» «Näme diýjek bolýanymy özüň gowy bilýänsiň». Jemalyň sesi ynjyly çykdy. «Men-ä düşünemok, ýöne sen nähili düşünseň şonuň ýaly düşün. Men indi seň öňüňde hasabat bermekden, özümi aklamakdan ýadadym. Aslynda näme hakyň bar seň menden hasap soramaga?.. Kim sen? Ärimmi? Eýämmi? Ýa kömegiň degýämi? Bitirip beren zadyň bamy? Aýal halyma içeriniň bar keşigi ýeke özüm çekip ýörün. Elimden tartyp alyp özüň etmäge derek, gaýtam maňa päsgel berýäň. Zyýan edýäň. Bolgusyz müňkürlikleriň bilen ýüregime düşýäň. Mertebämi kemsidýäň. Aýagyma çolaşýaň? Özüňde ynam bolmasa, men barybir saňa gep düşündirip bilmen. Asla sen maňa är ýapmasaň oňup bileňok. Günüň geçenok. Iki aýaklyň erkek göbeklisiniň barysy gözüňe ot bolup görünýä. Iň ýamanam öz oýlap tapan zadyňa özüň ynanýaň. Kelebiň ujy eliňe düşdügi bes, sen ony çöşlejek bolup bulam-bujar edýäň. Şeýdibem bulaşýaň. Özüňem bulaşýaň, menem bulaşdyrýaň. Asla bar zady bulaşdyrýaň...» Ýene-de meňki bolmady. Ýene-de sussum basyldy. Ýene-de lal açdym. Çünki göwnüme onuň diýýänleri dogry ýaly bolup duýuldy. Ýöne,basylanymy welin bildiresim gelmedi. «Şüý-ä maňa ynanýar-ow diýip, sen näme, şeýdibermelimi?» diýenimde sesim ysgynsyz çykdy. Jemal welin sesine bat berip ugrady. «Näme edipdirin men?» «Başy boş gelin bir ýaş ýigidi gijäň ýaryna çenlli öýünde saklap-da, näme edip biler? Özem lül. Şo ýagdaýda şoň işlemedig-ä belli». «Sag wagty barmy oň?» «Onda kow-da». «Gaýratyň bolsa özüň kow». «Seň gaýrat diýýäniň pul. O-da mende ýok». «Onda işiň bolmasyn. Hakyna tutan işgärimi men islesem gündiz işletjek, islesem gije. Arzanrak düşer öýtsem pula derek arak berip işletjek. Ýaňam özüm berdim şoňa aragy...» Men iň soňky güýjümi jemläp hüjüme geçmekçi boldum. «Sen maňa sypjyk jogap berme, takyk jogap ber...» Jemalyň sesi meniňkä görä has dogumly, has kesgitli çykdy. «Men saňa ýene-de aýdýan: seň öňüňde jogap bermäge men borçly däl... Meniň bir ýalňyşan ýerim o-da seni başda gowy görüpdirin. Edil beýlesiň öýtmändirin. Parasatly, akylly-başly adamsyň öýdüpdirin. Tanamandyryn. Sen meniň ynamymy ödemediň. Söýgüme mynasyp bolup bilmediň. – Ol gaşlaryny ynjyly çytyp ýüzüme seretdi. – Bolup ýörşüňden utansaň bolmadymy? – Şeý diýdi-de, ol howlynyň demir gözenekli ýaşyl gapysyny ýapdy. Içinden gulplady. Men daşarda galdym. Gözüm garaňkyrap, asmandaky ýyldyzlar «alaşakyrdy» bolşup başladylar. Ýer hopandyr, menem güwläp aşak gaýdandyryn öýtdüm. Hatda burnuma ýeriň aşaky gatlaklaryndaky yzgar gumlaryň, çägedir-çagyllaryň sowuklaç ysam gelen ýaly boldy. Özümi dürsänimdenem ussanyň goturaky ýüzi, pis açan alabeder elleri göz öňümde peýda boldy. Syrtaryldy. Ine-de, ol Jemalyň kyrk çilläniň gary ýaly gaba göwüsleriniň üstünde omadaklap ýör. Sag elimi çep goltugymdaky gazete dolangy pyçaga tarap uzadanymam bilmän galypdyryn. Ýöne ujy aýama çümenden beýnimde ýyldyrym çakan ýaly boldy. Bir ujy bolsa ýalbyrap gözlerimden çykdy. Elimi yzyna çekdim. Pyçak ýere gaçdy. Aýamdan gan akyp başlady. Bolup durşuma gözi düşenden Jemal: «Haý, işigaýdan diýsänim» – diýdi-de, öýüne girip ýod bilen bint alyp çykdy. Gözenegiň aňyrsynda duran ýerinden ýarama em etdi. Daňdy. Soňam gözenekli derwezäniň düýbünde ýatan pyçagy emaý bilen ýerden göterdi. Eýlesin-beýlesine seretdi. Ýylgyrdy. – Me, munyňy ýygna. Basymrak eltip ber, ýogsam aýalyň aş kesjek bolup gözläp ýörendir. Gaýdybam göterme bular ýaly zady. Sen adam öldürip bilmersiň. Adam öldürmek üçin ýüregiň gaty bolmaly. Zalym bolmaly. Sen bolsaň şahyr. Ýüregiň ýumşak. Ol ýürek söýgi üçin ýaradylypdyr, ýöne sen şu wagt Şeýtanyň alyna gidip oňa ejir berip ýörsüň. Emma ony aýamak gerek. – Jemal uludan demini aldy. Özüňem bilip goý: men bolsamam senden has artyk, has sypaýy, akylly, asylly, has görmegeý, galyberse-de has barly adam bilen bolaryn. Senden pes adam bilen bolman. Sen şoňa düşün. Özüňi kemsitme. Maňa senden başga hiç kim gerek däl. Bar, özüňem git. Meniň abraýyma çapýanyň çynyň bolsa gijäniň bir wagty gapymda beýdip durma». Şondan soň ol meniň bilen hoşlaşjagam bolmady-da, öwrüldi ötägitdi. Öýüne girdi. Gapysynam «şark-şurk» içinden ýapdy. Men bolsam ýeke özüm daşarda aňalyp durun. Ne aýtjak sözlerimi soňuna çenli aýdyp bildim, ne-de içimi sowadyp bildim. Bagryma ujy awuly ok bolup sanjylan sözüniň çyndygyny ýa öz aýdyşy ýaly oýundygynam anyklap bilmedim. Şonuň üçinem, gürrüňi gutarylmadyk hasap etdim-de, ertesi işiň soňunda Jemalyň iş ýerine bardym. Edarasynyň agzynda durup çykaryna garaşdym. Maňa gözi düşenden oň gaşlary çytyldy. Elwan reňkli dodaklaryny çalaja gymyldadyp: «Näme gerek» diýdi. «Gürleşmek gerek» diýdim. Jemal sesini çykarmady-da, golaýdaky duralga tarap ýöräberdi. Menem egin deňläp ugrybir ýöräberdim. Ep-esli ýere çenli dymyşyp gitdik. Ahyry onuň özi dillendi: «Aýdyber». «Men düýnki waka hakda...» «Düýn näme waka bolupdyr?» Özüň gowy bilýäň». «Aýt-da onda». «Aňyrsynda hiç zat zat ýogam bolsa şony gije çenli saklamagyň ýalňyş, Jemal». «Nämesi ýalňyşmyşyn oň?» «Iň bolmanda iliň gepinden gaçmak üçin beýtmeli däl ekeniň». «Il meniň jaýymy bejerip berenok». «Diýmek, onda ýalňyş iş edendigiňi boýnuňa aljak däl-dä...» Jemal çalaja säginde-de, çigni bilen maňa tarap çalaja öwrüldi. Boýnuny gyşardyp ýüzüme seretdi. Çep gözüniň gyýgyny güldürdi. «Şumy bar aýtjak zadyň ýa başga-da bamy?» Dowamy bar >> | |
|
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
√ Bäşgyzyl -32: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -25: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -6: romanyň dowamy - 31.05.2024 |
√ Duman daganda: Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?! - 16.06.2024 |
√ Köne mülk -5: romanyň dowamy - 12.06.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |