00:06 Söýgüde serhet ýok -8/ romanyñ dowamy | |
Guýdy. Içdim. Içişim ýalam der basdy. Elýaglygymy çykaryp ýüzümi, boýnumy süpürip durşuma ony gürletmek üçin bor-bolgusyzragam bolsa sorag berip başladym. Ol meniň çak edişimdenem beter geplemsek bolup çykdy. Soňabaka-ha sorag bermek geregem bolmady. Jemalyň adamsynyň garyndaşydygyny, her üç günden bir gezek, o-da diňe gijesine şäher çüwdürimleriniň birinde nobatçylyk edýändigini, şonuň üçinem bu ýerde islemekligiň esasy işine gaty bir päsgel berip barmaýandygyny bir demde aýtdy. Yzyndanam: «Aý, kömek edäýeýin diýdim. Garyndaşymyň ýetim galan çagalary hossarsyz ýaly syňsyraklaşyp ýörmesinler diýdim. Sähelçe kömegem goltgy bolup dur-da bulara şumat. Ýekeje buhanka çörek getirseňem begenýäler, görgüliler...» diýdi.
Romanlar
Molla Jemalyň öz aýdanlaryndan artyk söz aýtmady. Şonuň üçinem bu ýerde ony mugt işçi güýji hökmünde ulanmakdan başga bähbidiniň ýokdugyna, mollanyňam garaçyny bilen, garyndaşlygynyň hatyrasyna hyzmat edip ýörendigine tas ynandym diýen ýaly. Nähak ýere oda-köze düşüp ýörendigim üçin öz-özüme gaharymam geldi. Namazly-täretli adamyň günäsini göteren bolaýmagymyň ahmaldygy barada oýlananymda-ha dogrusy gorkmanam durmadym. Şonda mollanyň göwnüme bolmasa gara ýüzi az-kem agaran ýaly, ýüzüme bolsa mähir nury çaýylan ýaly boldy. Gaýdyşyn agyr ýük astynda gelenem bolsam, gidenimde aýagym ýere degmedi. Gije-de hezil edip ýatdym. Ukymy aldym. Ýöne barybir ynjalyp bilmedim. Ertesi irden turşum ýaly: «Eger-de ýanyna golaýlaşmaýan bolsa, Jemal onuň üstünden çig etiň ysynyň gelýändigini nädip bilýämişin...?» diýen pikir kelläme geldi-de, bir üýtgeşik sözjagazam eşidäýmegim ahmal diýen tama bilen ýene-de mollanyň ýanyna gitdim. Emma bu gezegem bilibilen zadym bolmady. Şonuň üçinem şol ýerde gymmatbahaly bir zadymy galdyryp gaýdýan ýaly telim günläp gün yrman gatnadym. Gitdigimçe-de öwrenişdim. Şu öýde özüniň eýýäm hojaýyn ornundadygyny, maňa göz üçin edip görkezmekçi bolýan ýaly gürrüňçiligiň arasynda hasyr-husur budkajygyny ýapýardy-da, Jemalyň jaýynyň gapysyny zarp bilen açyp, arkaýyn içine girip gidýärdi. Wannasynda täret kylýardy, ondan soň ortaky jaýa geçýärdi-de ortarada durup, uly ili bilen zörledip namaz okaýardy. Entegräkdenem atylyp eýwana çykýardy-da, basgançaklardan abşanaklap aşak düşýärdi. Gybyrdyklap gelibem budka girýärdi. «Nätdim» diýen terzde ýüzüme seredip syrtarylýardy. Käte men onuň tutuş howlyny suwlap, syryp-süpürip, aýna ýaly ýalpyldadyp ýörşüne gabat gelýärdim. Şol işleri ol uly höwes bilen edýärdi, lezzet alýardy. Jemal ýaly ýaş hem owadan gelniň howlusyndan emin-erkin girip çykyp ýörendigi üçin buýsanýardy, öz-özüne guwanýardy. Belki-de, eýýäm Jemaly öz tarapyma geçirdim hasap edip, açyk söwda geçiljek aýgytly pursadyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyr? Özüni Jemalyň gujagyna oklajak şol arzyly pursadyň günsaýyn golaýlaşýandygyna ynanýandyr? Jemalyňam özüne göwünlidigine, özi tarapyndan ediljek teklibe onuň ikielläp razy boljakdygyna asla ikirjiňlenýänem däldir. Men, elbetde, onuň ýanyna gatnaýandygymy, «aňtawçylyk» edýändigimi Jemala bildirmeýärdim, ýöne bir gezek ol Jemala: «Bir mugt iýýäniň bir-ä ýanyma gatnaýa» – diýipdir, şol günüň ertesi Jemal maňa: «Şol sen-ä dälsiň? «Was-wasyň» ugruna gidip sümsünip ýören-ä dälsiň-dä» – diýdi. «Ýok, men-ä däl» – diýdim. Şonuň bilenem ol gürrüň galdy. Şeýle-de bolsa, bu meselede özümiň iňňän seresap bolmalydygymy aňdym. Dogrudanam öwrenişdimi ýa meniň «mugt iýýänlerden» däldigime göz ýetirdimi, soňabaka molla menden çekinmesini goýdy. Soňky gezek baranymda-ha hasam içginsiredi. Men soramaýanymda-da gürrüňi Jemally tarapa sowasy geldi durdy. Öň özi budkanyň içinde oturyp gürleşýän bolsa indi menem içine saldy. Müşderisi ýok wagty budkadan çykyp, bagyň kölegesinde setirläp goýaga-da, üstünde eňegini sag eliniň aýasyna diräp, gözlerini dik asmana dikip, ýanyn ýatýan oturgyçlarynyň birini öňüme süýşürdi. Suw diýsem suw, çaý diýsem çaý berdi. Arasynda ahwallarymam sorady. Men welin ara böwşeňlik düşdügi öňkülerim ýaly osmakladyp başladym. Suwuň eýesine ýeke bir garyndaş hökmünde däl-de, ýanýoldaş hökmünde-de hossar duraýsa kem bolmajakdygyny ýaňzytdym. Meniň ol sözlerim oňa iňňän güýçli täsir etdi. «Sen dogry aýdýaň, gardaş, ýüregiňdäkini aýdýaň. Men özümem şol pikirde, ýöne, how, men-ä şuň bergilerem halys çökerdi. Almankam tozdurdy. Işläp berenim üçin-ä bir hak alamok, üstesine ol işimden alýan aýlygymam şuňa getirip berýän, bergileriňi üz diýip. Bergisi bolsa köpelýä welin azalaýanok... – Molla oturgyçda oturan ýerinde çep aýagyny öňe uzadyp arkan gaýyşdy. – Hudaýa şükür, kem zadym ýok, öýem hor edemok, munam... Hor etmenem... – Ol barmaklaryny büküp başaldy – Gelelim bäri ilki «tremo» äberdim, soň äpişgesine tutar ýaly gymmatbahaly tuty alyp berdim, ine, dek-düýn telewizor äberdim...» Beýnimiň içine ýyldyrym çakan ýaly boldy. Ýüregimiň urgusy bada-bat güýçlendi. Bokurdagym gurady, agzym kepedi. Dilimiň öwrülmesi kynlaşdy. Süýeklerim syzlaşyp, aýaklarymdan ysgyn gaçdy. Bedenim lerzana geldi. Çünki onuň bu maglumatlaryna men ynanman biljk däldim. Şol sanalan zatlaryň barysyny Jemal golaýda hakykatdanam edinipdi. Ýöne maňa «özüm satyn aldym» diýipdi. Ine, indi bar zat äşgär boldy. Diýmek, ol meni aldapdyr. O zatlary oňa molla äberipdir. Şeýle-de bolsa men syr bildirmezlik üçin ýalandan gülen boldum: «Beh, olar ýaly bolsa goşuňyzy-ha birikdiriberenem ekeniňiz. Indi bir ýazlyşaýmaňyz galypdyr-da...» Molla edil «wawwasyna» basylan ýaly boldy. «Wah, onam diýýän welin, entek ýazlyşmana howlukmaly diýýä-dä... Şeýdip içimi ýakýa-da... Äriniň ýasy sowulansoňam, nämä garaşýa, men-ä haýran...» Men içimiň ýangynjyna: «Göwünli dämi özi saňa...» diýenimde bokurdagym dolup, kaňşyrawugym tütäp gitdi. Gözlerime çyg çaýyldy. «Göwünli bolman nirä gitsin-aý... – Molla «hikir-hikir» güldi. – Onsoňam ol öňi-soňy garamatyny biriniň boýnuna atjak bolsa özümiz eýe çyksak ýagşy...» Maňa indi ol ýerde ondan artyk eglenmekligiň geregi ýokdy. Çünki telim gün bäri gatnap, eşidesimiň gelýän zadyny eşidipdim. Bilesimiň gelýän zadyny bilipdim. Turmaga synanyşdym. Emma başartmady. Molla bolsa henizem gürläp otyr. Maňa tarap eglibräge-de, iki gözümiňem içine seredip bir zatlar diýýä, ýöne, men indi hiç zat aňşyrmok. Onuň göwresem gözlerimiň öňünde salgyma öwrülip, howada eräp gidip barýar. Kellämiň içinde bolsa mollanyň: «Ýazlyşaly diýýän welin, howlukmaly diýýä» diýen ýakymsyz sesi Jemal bilen hoşlaşan günümiz: «Hoş gal ezizim, mähribanym...» diýen sözüň gaýtalanmana başlady. Ümürde ýöreýän ýaly ellerim bilen howany sermeläp zordan turdum. Tutuş göwräm bilen yranyp budkadan çykdym. Molla welin, şindem egnini-egnime deňläp, bir zatlar diýip, gidip barýar. Ýöne, maňa indi ol näme diýende-de parhy ýok. Çakym-çak, çenim-çen bolup çykdy, şonuň özi maňa bes. Sähelçe bähbit üçin özüni şeýle pese taşlamaga ukyplydygyny bilen bolsam, men aslynda onuň ýelesinden bir geçermidim? Golaýyndan bir bararmydym? Ol kim, ojagaz mollajyk kim? Şolar ýaly päkize, saçlarynyň her taryndan müşk ysy kükäp duran ýaş maşgala özüni üstünden çig etiň ysy gelip duran kirli birine rowa görüpdir, diýseň kim ynanar? Ynanmazlyga bolsa sebäp ýok. Bujagaz mollajyk bar zady ine, şumatjyk özüniň günde bäş wagtyna namaz okaýan diljagazy bilen aýdyp berdi. Onda-da edil çöp döwlen ýaly etdi. Çintgäp-çintgäp aýtdy. Alyp beren harytlaryna çenli ýeke-ýeke sanady. Özüniň etmedik zadyny ol bir ýat adamyň ýanynda etdim, diýip, aýdybilmez-ä! Jemalyň aýtmadyk zadyny «aýtdy» diýibilmez-ä!... Eger-de sähelçe gaýratym, namysym-arym bar bolan bolsa, onda men şol wagt göni Jemalyň ýanyna ylgamalydym. Barybam göreçleriniň içindäki garaçjyklaryna dikan garaga-da: «Maňa sen ýaly, iki dilli biwepa gerek däl! Men senden geçýän! Sen menden boş! Alan galaň özüňki!» diýip, birwagtkylarymdanam has gaty we yzgytsyz gygyrmalydym. Hut şol niýetler bilenem, göni Jemalyň iş ýerine tarap ugradym. Barybam girelgeden jaň etdim. «Çyk, seniň bilen gürrüň bar» diýdim. Sesimden bir zatlar aňan bolsa gerek, aljyraňňy gürledi: «Ýene ýarym sagatdan arakesme bolýa, şonda çyksam bolmazmy?» «Bor, edaraňyzyň ýokary ýüzündäki bagjagazda garaşaryn...» Mende bir häsiýet bar, juda gaharym gelse ýa erbet kejiksem, aýtjak sözümi öz wagtynda, esasanam jaýba-jaý aýdyp bilemok. Şonuň üçinem, Jemala kesgitli bir zat aýtmakçy bolsam hemişe hata ýazyp berýärdim. Soňabaka Jemal meniň bu häsiýetimden basylyp ugrady we elim kagyzly gördügi ýaýdanyberdi. Men bu gezegem şeýtdim. Mollanyň äberdim, diýýän zatlarynyň barysyny bir kagyza sanaw görnüşinde ýazdym. Ýokarsyndan bolsa: «Ine, saňa «hossaryň» alyp beren zatlary, bular ýaly gymmatbahaly zatlar ýöne ýere äberilmeýär» diýip görkezdim. Ine-de, Jemal maňa tarap moýmuldap gelýär. Egninde ýukajyk, gara-ala kofta, topugyna düşüp duran ýubkasam gara. Ýöne, ikisem tomus üçin galyňrak. Ol köpden bäri tomus geýer ýaly ýukajyk ýubkanyň arzuwyny edýärdi, ýöne, süýşürinip bilmeýärdi. Men bolsam telim aý bäri işsizdim we hiç-hili kömek edip bilmeýärdim. Ýöne göwnümde bardy. Şonuň üçinem tüp yssyda gara dere batyp, galyň ýubkanyň içinde ýanyp-bişip gelşine nebsim agyrdy. Syn edýän welin özem ilkinji gören gezegimdäkä garanda birneme ýarsypdyr. Semräpdir. Ýörüşi haýallapdyr. Alys ýoldan ýadap gelýän bedewe meňzeýär. Golaýlaberende ýylgyrjak boldy, ýöne elim kagyzly duranymy görüp gyzardy. Aljyrady. Men bolsam ahyrsoňy günäsini subut edip, biwepalygyny ýüzüne basjakdygym, syryny äşgäre kylyp, zähresini ýarjakdygym üçin tolgunmakdan ýaňa süňňümi saklap bilmän, sandyraklap durun. Aýgytly pursat golaýlaşdygyça-da galpyldym artýar. Ýöne bir zat welin meni köşeşdirýär, o-da inkär edip bolmajak subutnamalaryň hemmesiniň elimdeligi. Öňki ýaly howaýy däldigi. Şol durşuma men: «Şu çaka çenli meni aldap, oýnap gezendigiňi, şeýtmek bilen çoh-çoh günäler gazanandygyny sen indi-hä hiç zat bilen inkär edip, batly-batly sözleriň bilen meni haýalçyradyp bilmeseň gerek. Sebäbi gerekli kartyň oýny meniň elimde. Şony görkezerin welin, ähli kartlaryň eliňden gaçar, utuş menlik bolar, bu zatlary meniň nädip, nireden bilip ýörendigime haýran galmakdan ýaňa çiňarkan gaýdyp çüwdäňi deşdiräýmegiňem ahmal, ýöne zyýany ýok, senem iň bolmanda bir gezejik bir awunyp gör, ýanyp-bişmekligiň örtenmekligiň nämedigini bil» diýip, içimi gepledýän. Dişimi gyjaýan. Howsalam welin artýar. Sebäbi her niçik hem bolsa, bu garpyşmanyň aňyrsynda uzak, belki-de, ömürlik aýralyk ýatyr. Geldem welin, hatly kagyzy eline tutdurdym. Ol boz-ýaz bolup haty açdy. Okady. Menem synlap durun. Iki gözümem ýüzünde. Kagyza ýazylan hatyň täsirini biljek bolýan. «Näderkäň, ind-ä özüňi aklara bahana tapmasaň gerek» diýip, oýlanýan. Boz-ýaz bolup durşuna: «Bolýa, sen ahyry utduň, meni ogurlygyň üstünde tutduň, mende indi çykalga ýok, bar zady boýnuma alýan, şu zatlaryň bary çyn» diýerine, özüniň bagyşlanmagyny haýyş edip ýalbararyna, göz ýaş döküp eňrärine garaşýan. Onuň welin okadygydaýy ýüzi açylýa. Gyzarmasam galdy-da, öz reňkine geldi. Ýylgyrdy. Birdenem güldi-de, haty elime tutdurdy: «Me, ýygnap goý, soňam gerek bolmagy mümkin. – Ol aňyrsyna öwrülip gitjek ýalam etdi-de, iki ädimem ätmän saklandy. – Indi ikimiziňki hakykatdanam gutardy, Erkin, sebäbi, sen düzeljek adam däl. Özüňem gaýdyp meni gözleme, yzlama. Meniň çydam käsäm doldy. Hoş! Näme nägileçiligiň bolsa-da, özüňden gör...» Şondan soňam onuň şeýdip gaýtam meni günäkärläp durşuna haýran galdym. «Eý, weý, eý weý, bujagazyň bolaýşyny-aý, beh, beh...» diýip, kimdir biri beýnimiň içinde agyr ädikli aýaklary bilen iki ýana «düňk» ýasady. Şonuň üçinem, dodaklarymy ýalaşdyrdym-da, ysgynsyz ses bilen: «Näme... Sen näm... Ýa-da ýene ýalanmy...» diýip, sakawladym. Gitmäge hyýallanyp öňe-yza owsun atyp, durşuna Jemal ýüreginden syzdyryp şeý diýdi: «Men indi seň öňüňde özümi aklajak däl, Erkin, sebäbi oň peýdasy ýok. Ýöne, bir zady aýdaýyn: Sen garaňky jaýyň içinden gara pişik gözleýäň. Iň ýamanam seň gözleýän pişigiň şol jaýyň içinde ýok...» Men gyssanjyma kartymy açanymam bilmän galdym: Bu zatlary men onuň hut öz agzyndan eşitdim ahyry...» «Eşiden bolsaň gowy edipdiň. Ýene bar-da, diňle şony. Şeýtseň başga-da birnäçe zatlar eşidäýmegiň ahmal. Ýöne şol ýerden göni öýüňe git! Gaýdybam meniň ýanyma gelme. Jaňam etme. Menem, meniň telefon nomerimem unut. Hemieşlik unut. Men senden öler ýaly ýadadym. Irdim. Basyldym. Seniň maňa hunaba ýuwutdyrmakdan başga peýdaň ýok. Özüňem mert bol! Ejizleme! Öňkiň ýaly aglap-eňräp görene masgara bolup ýörme. Öz derdiňi özüň çek!...» – diýdi-de, sag bolam diýmän aňyrsyna öwrüldi. Ýene-de meniňki bolmady. Ýene-de kartym elimden gaçdy. Gylyjym ýene-de Jemalyň galkanynyň aşagyna düşdi. Ýene-de men utuldym. Iň ýanamam oňa hiç zat diýip bilmän, aýda-aýda içimi sowadybilmän galdym. Ol welin, eýýäm ho-onha, göwni bir ýaly arkaýyn ýöräp gidip barýar. Menem ýüzüne hökmi ýöremedik doga ýazylan kagyzy elimde aklap onuň yzyndan garap durun. Şol aralykda-da indi hiç haçan onuň galyň hem gara ýubkasyny täzelemäge kömek edip bilmejekdigimi ýatlap erbet gynanýan. Derrewem: «Zyýany ýok, ömürlik aýrylyşanam bolsak, işe durup aýlyk alan günüm oňa tomus geýer ýaly bir ýukajyk köýnek alyp bererin, çişligiň ahmyryndan çykyşym ýaly ýubkanyňam ahmyryndan çykaryn», diýen pikir gyssagara kelläme geldi-de az-kem köşeşdim. Ýöne, ömürlik aýrylyşandygym, ony gaýdyp hiç-haçan görmejekdigim, hiç haçan duşuşmajakdygym, bir ýassyga baş goýup, bir düşekde dalaşmajakdygym barada oýlananymda welin ýüregime erbet bir howsala aralaşdy. Gözlerimiň öňi garaňkyrap, ýer-gök daşymdan degirmen deý aýlandy. Güýçli bir ruhy yzanyň garasar sürüsi ýaly üstüme sürünip gelýänini duýdum, hatda şol guşlaryň gara ganatlarynyň deňziň gomlaryna, tolkunlarynyň «güwwüldisine» meňzeş «şaggyldysyna» çenli eşitdim. Dünýe bolsa gitdigiçe daralsy. Gysdy. Gowurdy. Dumly-duşumy tukatlyk gaplap aldy. Şol pursat men özümi hiç kime gerek däl hasap etdim. Giň jahan içre özümi ýalňyz duýdum. Dowla düşdüm. Ýaşaýyş, dünýedäki zatlaryň ählisi meniň üçin manysyny ýitirdi. Eger-de şol pursat Jemal bilen bütin dünýäni bir terezä taýlan bolsadylar, onda meniň üçin gürrüňsiz jamyň Jemally tarapy agyr gelerdi. Ýap-ýaňyja-da onuň «talagyny» berjek bolup, dolup-daşyp duran halyma, ine, indi özüm ejizläp durun. Meniň şol wagtky ýagdaýyma diňe şol hala düşüp gören adam düşüner, halymy diňe «mübtelalar» biler. Meniň şol pursatky çeken jebrimiň möçberini hiç zat bilen ölçäp bolmaz. Bokurdagymdan çykjak bolup dyňzap duran ajy agynyň joşgunyny daşgynly däli derýalaryň hiç biri bilen deňeşdirip bolmaz. Ýaşdan ýaňa öňüne ýaşyl perde tutulan günäkär gözlerim bilen, henizem assa-ýuwaş ädimläp barýan Jemalyň yzyndan seredýärin. Ol hatda göwnüm üçinem yzyna gaňrylyp bakaýanok. Şeýdip, men ýene-de öz gümanlarym bilen ikiçäk galdym. Şeýtmekligi hernäçe höwes etsem-de, mollanyň aýdanlaryny inkär etmäge hiç hili esas tapmadym. Jemal bolsa, o zatlaryň ýalandygyny subut etjegem bolmady. ...Ine Nepes, iň soňky aýrylyşyk şol. Ondan bäri köp wagt-a geçenok, ýöne senem bu ýerde bolmaňsoň özümi nirä urjagymy, kim bilen derdimi paýlaşjagymy bilmän ýördüm. Meniň öňümde häzir ajy aýralygyň çekip-çydap bolmajak güzaply günleri ýatyr. Ol maňa juda agyr, çekip-çydardan juda çökder görünýär – Erkiniň bokurdagy doldy. – Men ony ömürlik ýitirdim. – Goýsana, Erkin, ýarym aý aňry gitse bir aý geçerem welin ýene-de ýaraşarsyňyz. Beren gürrüňleriňe görä, öňem telim gezek şeýle bolupdyr, bu gezegem şeýle bolar – diýip, ony agyr oýlardan aýňaldyrmak üçin men garaçynym bilen güldüm. – Siz muňa werziş bolupsyňyz ahyry... – Ýok, ýok! Indi ýaraşyga ýol ýok. Bu gezek bar zat gutardy. Tamam... – diýende, Erkiniň agzyndan ot çykan ýaly boldy. Men hatda onuň howada çabranynam gördüm. Içerä ýanygyň ysam ýaýrady. – Indi men onuň özi ýaraşjak diýse-de ýaraşman. Ölýänem bolsam ýaraşman. Şolar ýaly pes hereketleri edenden soň men ony bagyşlap bilmen. Jaňam etmen. – Sen şol mollanyň aýdanlarynyň çyndygyna ynanýaň-da onda? – Howwa, ynanýan. Sebäbi, ynanmazlyga esas ýok. – Belki, bu gezegem öňki gezeklerdäki ýaly bar zat ýalan bolup çykar? Gury güman bolup çykar. – Eýle bolsa, ol o zatlaryň ýalandygyny subut ederdi ahyry. – Aýdyşyňa görä, subut ede-ede o görgüli etmez bolupdyr ahyry... Sen ony ýadadypsyň. Ol senden özüniň günäkärligi üçin däl-de, seniň düzedip bolmajak derejedäki «was-waslygyň» üçin ýüz öwrüpdir. Agyry hemişelik dowam edip bilmeýär. Ol ýa-ha aýrylýar ýa-da alýar. – Dost sözüň üçin sag bol, Nepes, ýöne Jemalyň özi boýnuna almasa-da, mollanyň o sözlerinden soň men özümi hakykatdan-da namysa galan, kemsidilen, äsgerilmedik hasap etdim. Şonuň üçinem hernäçe kyn düşse-de, göresim gelip, ýaraşasym gelip ýüregim üzülip barýan bolsa-da, özüme zor salaryn welin, çydaryn. Iň kyny eýýäm geçdi. O-da aýralygyň birinji hepdesi. Onuňam ilkinji güni. Ýöne, diýseň-diýmeseň, hemişekije jaň edýän wagtym golaýlaşýaram welin, ýerimden turaga-da, öýüň içinde iki baka zowzullaberenimi bilmän galýan. Iki gözümem telefonda. Almajagyna, gözüm ýetse-de ylgap baryp telefony galdyrasym, beýnimde berk ornaşan, alty sandan ybarat sanlary aýlaberesim gelip dur. Iň bolmanda sesini-hä eşidip galaryn-da, diýýän. Şeýle-de bolsa saklanýan, dönüp gelip özümi ýene-de köp ýyllaryň hyzmatyndan ýaňa ýagyrnysy çöküp giden meleje diwanymyň üstüne oklaýan. Arkan düşýän, eýläme-beýläme agdarylýan, soň ýene-de turup telefona topulýan. Ýene-de ýetmän yzyma dönýän. Azajyk oturýan-da, ýene-de şol ýere barýan. Saňňyldap duran elimi urubam bilmän, çekibem bilmän awuna gonjak guş ýaly aýalarymy telefonyň üstünde «pel-pelledip» ep-esli saklaýan. Ýöne, barybir ýene-de yza çekilýän. Iýmek,içmek dagy bütinleý ýatdan çykdy. Ýadyňa düşäýende-de aňrym hiç zat alanok. Işdäm ýok. Aşgazan kabul edenok. Özümi araga, tutup gören gezeklerimem boldy. Ýöne o-da bolanok. Gaýtam öjükdirýär. Derdiňi güýçlendirýä. Agyňy tutdurýa. Halys uwnup çydamamsoň men: «Mert durup ýalbarmaly, ýalňyşanymy boýnuma almaly-da, Aýlarhan bilen ýaraşmaly» diýen karara geldim. Şeýtsem, derdim ýeňlär gamdan gutularyn, öýtdüm. Bu hut şeýle bolmalydam, ýöne Aýlarhan maňa eglişik etmedi. Ýaraşmady. Şeýle ýagdaý ol ikimiziň aramyzda öňem bir gezek bolupdy. Şol gezegem men Jemal bilen bijaý tersleşipdim. Aýal bilen ýaraşmaly-da şuny bütinleý terk etmeli diýen netijä gelipdim. Her niçik hem bolsa şunça ýaşaşdyk, dözmez, meni gorpdan alyp çykar öýdüpdim. Ol welin meni diňlemegem islemändi. Gaýtam, ejizläp, öňünde dyza çöküp oturşymy görüp begenipdi. Meni ýeňilen, özüni ýeňiji saýyp, ýanymdan dabaraly suratda başyny dik tutup turup gidipdi. Özüniň ahyrsoňunda ýeňiji bolup çykandygyny hossarlaryna buşlamak üçin ol şondan soň ýörite obada gidip gelipdi. Ol bu gezegem şeýtdi. – Erkin tisgine-tisgine sowuk demini aldy. – Maňa indi diňe wagta bil baglaýmak galýa. Bu dertden indi meni diňe şol halas edip biler. Şu derdi çekip gören çalarak tanşymyň aýtmayna görä, ony ýadyňdan çykarmak, aýňalmak üçin azyndan alty aý gerekmişin. Şonda ol sag eliniň süýem barmagynyň ujuny ýüreginiň üstüne diräpdi-de: «Ýöne, munyňdan-a ömürem çykmaz» diýipdi. Göwnümi açaýyn, aýaklarymyň guruşgynyny ýazaýyn, diýip, käte köçä çykýan. Ýöne, o-da edil arak ýaly derdimi artdyraýmasa kemeldenok. Çünki şäheriň ähli ýeri, islendik köçäniň çatrygy seýilgäh ýa kafe, hatda şäheriň gyrak-bujaklaram maňa Jemaly ýatladyp dur. Görüp otursam ol ikimiziň dürli sebäplere görä şäheriň içinde aýak sekmedik ýerimiz galmandyr. Ana, ýar bilen gezilen şol tanyş ýerlere gözüm düşende göwnüm bozulýar, bokurdagym dolýar, gözlerime ýaş gelýär. Şonuň üçinem, men özümi derhal çet ýere çekmeli we hiç kim görmez ýaly bir pynhan ýer tapyp, tä, içimi egsip bolýançam bukulyp oturmaly bolýan. – Erkin agyr düýşden oýanan ýaly gözlerini tegeläp daş-töweregine seretdi. Meni birinji gezek görýän ýaly, ýüzüme çiňerildi. – Ine, men-ä şeýdip, janserek bolup ýörün, Nepes... Mahlasy, men indi öz erkimde däl. Özüme ygtyýarymam ýok. Onuň ikisinem yşk aldy. Men indi bimar. Hassa! Kellämi nirä sokjagymy, özümi nirä urjagymy bilemok. Öýdenem işlemek üçin däl-de, edil şonuň üçin gaýdan ýaly boldum. Bu derdi mundan artyk çekip-çydara rogwatym ýok. Gaýrat et-de maňa ýol salgy ber! Meni dertden gutar! Girdapdan alyp çyk. Halas et! Hut şonuň üçinem seniň ýanyňa geldim. Sen ýurda belli psihoanalitik. Hemmeler her gün ir bilen baryp seniň kabinetiňe nobata durýa. Bar diýseň menem şol ýere baraýyn. Nobata duraýyn. Ýöne, aýt, men näme etmeli? Onsuz-a oňup bilemok, ýüküni bolsa agyr görýän... – Şeý diýsene... – diýip, men ol sözüne bererine mähetdel ýuwaşja seslendim. – Men-ä seni döredijilik ummanynda ýüzüp ýörensiň öýdüp, täze eserleriňe garaşyp ýördüm. – Ýok! Söýgä sataşyp goşa ganatly boldum, men indi arşa uçaryn diýip ýalňyşan ekenim. Ol ýalan ekeni. Aldaw ekeni. Salgym ekeni. Söýgi meni öňküje ýeke ganatymdanam aýyrdy. Ýeleklerimi gyrdy. Perlerimi ütdi. Ine, indi ençeme wagtdyr, meniň goşan goşgymam, ýazan kyssamam şol. Ýaňky aýdyp beren gürrüňlerim. Mende başga baýlyk ýok. Men boş! – Erkin iki eli bilen kellesini penjeledi. – Nä derdim ekeni, jan dostum, bu ýaşdan soň munça belalara ulaşyp... Ýa men Allanyň öňünde uly günä edip, bu-da şonuň jezasymyka? Men başardygymdan ony köşeşdirmäge çalyşdym. – Bu ýerde geňläp oturasy zat ýok, Erkin. Aýdyşlaryna görä söýgem edil gyzamyk ýalymyşyn. O-da ömründe bir gezek her kime hökman sataşaýmalymyşyn. Ýaşlykda sataşmasa, orta ýaşda, onda sataşmasa gojalykda, onda-da sataşmasa göre gireninden soň gabrynda sataşmaly welin hökman sataşaýmalymyşyn... – Kepenini galgadyp söýgülisi bilen duşuşyga barýan ölini gördüm diýsem-ä ýalançy, ýöne şonuň hakykatdan-da şeýledigine men-ä ynanaýan, Nepes... Ol güýç ölünem direlder... Eýtdiň, beýtdiň, söýgüniň jebrinden ýaşlykda sypdyň, emma aýlanyp-öwrülip şu ýaşdan soň şonuň toruna düşdüň. Sebbäi ýaňky aýdyşym ýaly ondan gutulma ýok. Ol ykbal. Ol owalebetde seň maňlaýyňa ýazylan. Durmuşdan söýgüsiz gitmek bolsa agyr jeza. Şonuň üçinem, ýüküni hernäçe agyr görseň-de sen indi o derdi çekmeli bolarsyň. Şunça çekipsiň indem çekmeli bolarsyň. Ýaraşmalam borsuň. Ýaraşarsyňam. O-da gaýra gaýşyp durmaz. Gürrüňleriňden çak edişime görä o-da seni juda gowy görýän bolmaly. Ýöne, gabanmaňy goý. Özüňi kiçeltme. Söýgüňi kemsitme. Mert bol. Diňe söý! Özüňem muňa Hudaýyň gazaby diýip däl-de, peşgeşi diýip düşün. Şol derdi kyýamata goýmandygyna şükür et. Ýene bir zat: döredijiligiňden sowama. Ol seniň üçin söýgüňdenem zerur. Çünki Allatagala ol üşügi saňa il-günüňe sarp et, diýip, beripdir. Söýgi döredijiligiňe zyýan bermesinde peýda bersin. Ganatlaryňy gyrmasyn-da, başkyň ýaly goşalandyrsyn. Ylhamyňy joşdursyn. Erkin etegine ot düşen ýaly oturan ýerinde elini çarpyp böküberdi. – Ana, Ana! Ýaman ýerem şol-da! Bar zat tersine boldy-da! Söýgi zerarly şahyr Erkin öldi! Men indi ýok! – Sen söýgi zerarly däl-de, gabanç zerarly şu güne düşdüň. Çünki, gabanç söýgi bilen bir gursaga sygýan däldir. Ol hökman söýgüni gysyp çykarýandyr. – Ýok, men indi barybir yzyma dolanyp biljek däl. Hernäçe ejir çeksem-de çydajak. Ýöne, aýak üstüne galýançam, ony ýadymdan ymykly çykarýançam maňa goltgy gerek. Men häzir şoňa mätäç... Men şu wagt juda ejizledim... Ýöne, her niçik hem bolsa, bir ujy ýüregimiň töründen gaýdýan inçejik taryň entegem üzülmän, Jemalyň görküne bent bolup, nepis bir owaz bilen «tyrňyldap» durandygyny duýýaryn. Ana, şol hem meniň Jemala bolan yşgym. Ýürek owazym. Söýgi baradaky aýdymym. Mährim. Muhabbetim. Giç açylan gunçam. Şol tarjagazlar meni öňem her gezekki tersleşikden soň Jemala tarap çekýärdi. Ýaraşmaga mejbur edýärdi. Şu wagtam şeýle. Ýöne, bu gezek Jemal şol taryň özünden tarapyny öz eli bilen ýoldy. Onda-da hemişelik ýoldy. – Erkin aşak bakyp, uzak wagtlap içini «hümledip» oturdy. – Belki, bu gezegem men ýalňyşadyryn. Mümkin. Ýöne, nätjek, boljak iş boldy. Suw seňrikden agdy... – Ol başyny silkip galdyrdy-da, ýüzüme dikanlap garady. – Ine, söýgi meni şolar ýaly kyn güne saldy, Nepes. Şo-ol, baýaky, sähel wagtlyk dowam eden bagtyýar günlerimi hasap etmeseň, onuň maňa ezýetden başga beren zady ýok. Gaýtam ejizletdi. Lagşatdy. Usurgatdy. Has dogrusy maýyp etdi. Maýyrdy. Güýjümi, kuwwatymy kemeltdi. Sen dogry aýdýaň, kim gabanjaňlyk belasyny yşgyň hesreti bilen bir hatarda goýan bolsa ýalňyşýar. Yşk – bu arassa söýgi. Gabanjaňlyk bolsa söýgi daragtynyň içini köwýän gurçuk. Şeýtanyň pişesi. Men muňa düşünmän duramok, ýöne, meni gabanjaňlyga tarap görnetin iteklemek bilen, Jemal juda ýalňyşdy, özünem, menem agyr günlere saldy. Iň gowy görýän maşgalaň synasyny başga biriniň sypalap oturşyny göz öňüne getirip, alasarmyk pikirlere gümra bolup, gümanlar astynda ýegşerilip ýörmekden beter ejir ýok ekeni, Nepes... – Erkin şu ýere ýetende endik boýunçamy ýa küýüne bir zat geldimi, diwardan asylgy sagada seretdi. Soňam jübüsinden el telefonyny çykardy. Düwmelerini basyşdyrdy. Derrewem öçürdi. – Ýöne men müňkürlik edip näçe gezek ony yzarlan bolsam gözlege gidenimde hernäçe gazaply gidenem bolsam, ýolboýy Hudaýdan müňkürligimiň ýalan bolup çykaryny dileýärdim. Çünki gümanyň ýüki agyr. Çekip çydardan çökder. Güýjerlän wagty ol ýüregiňi agzyňdan sograýjak bolýar, dyzyňdan aşagyňy bolsa ýere sokýar. Diliň tutulýar, beýniň doňýar, zehiniň kütelýär, aň saňa boýun egenok, Şeýtan eliňden tutup jenaýata, garamata tarap itekleýär. «Bar, şu wagt gitseň üstlerinden bararsyň, tut-da, ikisinem öldür», diýýär. Şol wagt ol seniň gözüňe gowy, adalatly, Hudaýdanam ýakyn bolup görünýär. Ana, şolar ýaly agyr halda barýan adamyň gümany ýalan bolup, şol ýükden bir pursadyň içinde ap-aňsatja saplanyp durubermeginiň ony näderejede bagtyýar etjekdigini özüň göz öňüne getiriber. Şolar ýalyda men ýap-ýaňyja-da agyr ahwalatlaryň astynda demir ädikli ýaly aýaklarymy zordan süýräp geçen ýolumy yza gaýdyşyn hoşwagt halda, ýeňil ädimler bilen, edil şöwürden gelýän mes at ýaly uçganaklap geçýärdim. – Erkin meniň ýüzüme naýynjar seretdi. – Ýöne, men haçanam bolsa bir gün gümanymyň çyn bolup çykaga-da, ýüregimiň ýarylaryndan ýa-da beýnime agram düşmekden ýaňa «stress» alyp heläk bolmakdan gorkýardym. «Stress» seni heläk etmez, Erkin – diýip, men onuň sözüni böldüm. – Sebäbi seniň şu çaka çenli çyn bolup çykmadyk gümanlaryň indiden soňam çyn bolup çykmaz. Sebäbi, Jemal beýle iş etmez. Gysga wagtlyk «stress» bolsa adam üçin peýdaly. Ýöne, seniň şu bolup ýörşüň, Jemaly welin hakykatdan-da heläk eder. Çünki, ol indi gör, nijembir ýyldyr, sen zerarly töhmet belasynyň tükeniksiz ýüküni çekip gelýär. Onuň düşen ýagdaýyny men häzir göz öňüme-de getirip bilemok. Erkin uzak wagtlap içini hümledip oturdy. – Dogry-y... – diýip, sogduryp goýberdi. – Wagt ähli zady özgerdýän ekeni, Nepes. Ol meni orta ýoldan geçemsoň, yşga sezewar etdi. Hiz zatdan bihabar, gamsyz başymy gamhana öwürdi. Erkimi elimden aldy. Döredijiligime käte ganat berdi, käte ondan daşlaşdyrdy. Elbetde, Aýlarhan ýaly döredijiligem göreşdi, ýöne, söýgi, has dogrusy gabanjaňlyk ahyrsoňy onam ýeňdi. Soňabaka islendik wagt edip oturan işimi taşlap, Jemalyň gözlegine çykyp başladym. Öňler bir gün görmesem kararym ýetmeýän çagalyk dostum, ganybir garyndaşym bolan seni, çagalrymy, agtyklarymy görmän, olar barada pikir etmän oňup bildim, emma Jemaly görmän welin, ýekeje pursadam oňup bilmedim. Ol meni ähli zatdan, has beterem rahatlygymdan aýyrdy. Başymy gowga saldy. Şonuň üçinem indi käte oturyp oýlanýan-da: «Şoňa sataşmadyk bolsam, söýgi diýlen zadyň nämedigini bilmedik bolsam gör nähili gowy boljak ekeni, öňki pukaralygym, bigamlygym, terkidünýäligim, garasöýmezligim mundan köp-köp ýagşy ekeni, diýýän. Çünki söýgi – bu dert ekeni. Onda-da iňňän agyr dert ekeni. Çekmesi Magtymgulynyň aýdyşyndanam beter agyr ýük ekeni. Men ondan ýöne ýere gorkmaýan ekenim. Ýaşlykda gyzlara hat ýazmakdan, söýgi bildirmekden saklanam seredip otursam başga hiç zat däl-de, hut şol gorky ekeni. Onuň nä gadar apatdygyny, gapysyndan garar ýaly dükan däldigini baryp-ha şol wagtlar süňňüm syzan ekeni. Duýgym goran ekeni. Hudaý jan başda meni şol beladan sowupdyr, oňa derek kalbyma ylham salypdyr, aşyklyk adamynyň ömrüni zaýalaýandyr, ganatyny gyrýandyr, sen ömrüňi söýgä sarp etme, ýoluna düşme, şahyr bol, diýipdir. Ýöne, ine, näme üçindir ol meni gel-gel, elli bäş ýaşdan soň dolap alyp şol derdiň girdabyna dykdy. Egerde, men doga diýlen zadyň bardygyna ynanýan bolsadym, onda Jemal meni dogalandyr, öýderdim. Ýöne, men doga-tumara ynanamok. Onsoňam Jemal nämäme gyzyp meni dogalasyn. Menden onuň azardan başga görýän zady ýog-a. Bar beribilen zadym söýgümdi, onam gabanç elimden aldy. Mahlasy meni dogalan özümden başga hiç kim däl. Soňabaka men ony taşlap ho-ol ýere-de gidip bilmez ýaly hala düşdüm. Toýa-tomga, sadaka ýa ýasa-da baryp bilmedim. Gidäýsemem oturyp ynjalygym bolmady. Küýümi-köçämi şoňa dikip gorsandym oturdym. Oba gitmek dogan-garyndaşlary, tanyş-bilişleri görüp gelmek barada-ha pikirem edibilmedim. Çünki o ýanlara gitseň iň bolmanda bir gije ýatyp gaýtmaly. Bu bolsa meniň üçin akla sygjak zat däl. Dogrymy aýtsam, iň soňky işimdenem men ähli wagtymy Jemala sarp etmek üçin çykypdym ahyry. Şondan soň ony islän wagtym isledigimçe garawullamaga, köçede durmaga, isledigimçe garaşmaga mende ýagdaý döredi! Elime düşenje pulumyň barysy ýola, taksä gitdi. Şol häsiýetim zerarly düşen günlerimi bolsa men saňa gürrüň berdim. Men indi o keselden hiç haçanam aýňalyp bilmen. Şonuň üçinem, gowusy ýaraşmazlyk. – Erkin «öwhüldäp» dem aldy. – Dogry söýgi meniň ýaşlykdan bäri kalbymyň bir burçundaky «haňlap» ýatan garaňky boşlugy doldurdy. Ýöne, näme üçin ol öz ornuny gabanja berdi? Men muny hemişeJemalyň ýöntem pelsepesinden görýärdim. Ýöne, men özüm näme? Men ondan ýaşym boýunça kän uly ahyry. Durmuş tejribämem ep-esli bar. Şeýtanyň kimdigini tanaman duramok. – Erkin ýüzüni iki baka sypajaklatdy. Ýa güýçli söýgi gabançdan sowa geçmeýärmikä? Ýa-da ol obnuň hökmany şertleriniň birimikä? Tebigatyna mahsus zatmyka? Egerde şeýle bolsa, onda meniň düşünişime görä, ýa-ha aşyklygyň aňyrsynda gabanç ýatan bolmaly. Ýa-da gabanjyň aňyrsynda aşyklyk ýatan bolmaly. Ýa-da, birek-biregiň tötänlikden ýüze çykýan her bir nätakyk hereketini biwepalyk hökmünde ýoýup görkezýän, gabanjaňlyk duýgusyny döredýän, üçünji bir güýç ýatan bolmaly. Ýöne ol güýç haýsy güýç? Men, ine, şony bilemok, Nepes... – Ol güýjüň nämedigini özüň gowy bilýäň, Erkin. Ýaňy sözüň dowamynda sen ony özüňem telim gezek terkarladyň. Ine, ýap-ýaňyja-da aýtdyň.. – Näme diýdim? – Şeýtanyň kimligini tanamanam-a duramok, diýdiň. Sen, ana, göre-bile-de şonuň topruna düşüpsiň, çoçgaryna çolaşypsyň. Kerebiň içine gaçypsyň... Ine, indem şol duzakdan çykybilmän kösenip ýörsüň. Ýöne, o zatlara seniň aklyň çatman duranok-da, özüňi şol şorlukdan çekip çykarara göwräňde güýç tapaňok. – Dogrusy, şol bolup ýörşümden indi özümem bizar boldum, Nepes. Iň ýamanam, şolar ýaly «was-wasa» düşen pursatlarym başga wagt ýadyma-oýuma düşmejek zatlar kelläme gelýär. Onuň nirä, kimiň ýanyna gidenini, näme işläp ýörenini bilmek, tapmak üçin ýaňky gürrüň beren hereketlerimden başga-da täze-täze tärleri, usullary, mümkinçilikleri agtarýan. Iň bärkisi haýsydyr bir aýal maşgaladan haýyş edip Jemalyň atasy öýüne, mamalaryna, agalaryna ýa uýalaryna jaň etdirýän. Şolaryňka gitjek diýip giden bolsa, hakykatdanam şol ýerde barmy ýa ýok, barlap görýän. Soň gidýän-de, şolaryň öýleriniň deňinde bukulyp, garawullap durýan. Her gezegem gözlegim puç bolup çykýar. Şol bolup ýörşümi Jemalam aňýar we: durup-durup gülýär ýa-da gaharlanýar. Gülse gowy, gaharlansa welin, ýene-de öýkeli günler başlanýar... Häzirem hut, şol günler dowam edip dur... Dowamy bar >> | |
|
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -11: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |