23:47 Söýgüde serhet ýok -9/ romanyñ dowamy | |
5.
Romanlar
Men Erkiniň ýagdaýyna düşündim. Ol ýadapdyr. Şol wagt oňa aladalardan aýňalmak, bar zatdan ünsüni sowmak, dynç almak gerekdi. Munuň üçin bolsa men bir amatly ýagdaý döretmelidim. Şol maksat bilen işimden bir hepdelik rugsat aldym-da, ony Amyderýanyň gyrasynda ýerleşýän obalaryň birinde ýaşaýan, birwagtlar bile okan, dostumyzyňka gezjelenje alyp gitdim. Köne dostumyz bizi iňňän gowy garşylady. Baranymyza begendi. Tä gaýdýançak ýanymyzdan aýrylmady. Dostlaram, dogan-garyndaşlaram gadyr edip bizi gezek-gezegine myhmançylyga çagyrdylar. Hezzet-hormat etdiler. Degişdiler, gülüşdiler, aýdym aýtdylar, saz çaldylar. Amyderýanyň boýuna oturmaga alyp gitdiler, balyk tutdylar. Jeňňellikde aw awlatdylar. Garaz, wagtymyzyň hoş geçmegi üçin ähli şertleri döretdiler. Erkiniň welin, hiç zat bilen seri bolmady. Açylyşybermedi. Gijelerine dik oturyp çykdy. Ýatsa-da uklabilmedi. «Öwhüldäp» iki tarapyna agdaryldy. Idili iýmedi, içmedi. Onuň bu haly dostumyzyň gözünden sypmady. Ýeke o-da däl, asyl, haýsy ýere barsagam: «Bu ýigit näme beýle sus» diýip, soradylar. Men olara: «Azar bermäň, bu wagt onuň az-kem derdi bar, ine, indiki gezek gelenimizde welin tanamarsyňyzam» diýdim. Bolsa-da, Erkin az-kem-ä gowulaşdy. Ony diňe men duýdum. Ýöne, Aşgabada dolanyp gelenimizden soň welin, onuň haly ýene-de agyrlaşdy. Darykdy. Bir günem ýanyma geldi-de: – Nepes, ýüregim howlukýa, dünýä sygamok, her gün irden turşum ýaly Jemallara tarap jünäberesim gelip dur – diýdi. Men oňa öňkülerime görä has dözümliräk daradym. – Olar ýaly bolsa kim saklaýa seni. Bar! Git! Ýaraş! Emma ol seni kabul etjekmi ýa etmejekmi gep ine, şunda... Ol oýurgandy. Sesini çykarman kän oturdy. Umuman, her näçe özüne zor salsa-da onuň bolup ýörşi Jemaldan ymykly el üzjege meňzemeýärdi. Ol ondan çekilere däl-de, ýaraşara delil gözleýärdi. Ýöne, ýaş döwürlerindäki endigine görä, ýüzüniň alynaryndan, kowularyndan gorkýardy. Haýsy tarapa ýykyljagyny bilmän kösenýärdi. Bir günem ol agşamaralar ýanyma geldi-de, salam-helik ýok: – Çydamadym, dost. Bardym. Ahyry bardym. Işden çykaryna gabatlap edarasyna bardym – diýip, düýşünde samraýan ýaly «gübürdäp» başlady. – Işgärler ýeke-ýeke çykyşyp ugradylar. Jemalam çykdy. Taksi tutmak üçin ýoluň o ýüzüne geçdi. Edil iki ädim beýle ýanynda meniň galpyldap duranymdan welin habary ýok. Meniň bolsa henizem şol janserekligim. Barjagymam bilemok, barmajagymam. Haýsynyň gowy boljagynam bilemok. Ahyryam özüme zor salyp ýanyna bardym. «Jemal gurgunmysyň» diýdim. Ol: «Sen nireden çykdyň» diýen manyda ýüzüme geňirgenip seretdi. Gaşlaryny gerdi. Bar bolan zat şol. Hal-ahwal soraşmag-a däl, gaýdyp ýüzüme-de seretmedi. Oňa çenlem goňur reňkli «Furgon – žiguli» gelip durdy. Jemal äpişgä tarap eglip barjak ýeriniň salgysyny aýtdy. Seýrek gara sakgally, murty gytyk, süýnmek ýüzli hor kişi agzynam açman, «münäý» diýen manyda başyny atdy. Jemal gapynyň tutawajyna elini uzadandan, «şark-şurk» yzky gapyny açdym-da, deňine diýen ýaly mündüm. Maşyn ugrady. Gidip barýas. Göräýmäge bar zat öňküsi ýaly. Ýöne öň bile oturýan bolsak, indi ol öňde, men yzda. Ýene bir üýtgeşik zat: ikimizdenem ses-üýn çykanok. Ol-a iki gözünem ýola dikip, dommarylyp otyr, men bolsam iki gözümi onuň çokullaryndan aýrybilmän, galpyldap otyryn. Birdenem Jemal oturşyny üýtgetmän sürüjä bir zat diýdi. Men onuň näme diýenini aňşyrmasamam sürüjiniň: «Saklanaýynmy?» diýenini eşidip, Jemal düşjek bolýandyr, öýtdüm. Şonuň üçinem: «Ýok, ýok, sen gidiber, men düşerin» – diýdim-de, maşynyň togtaryna mähetdel gapydan atylyp çykdym. Çünki Jemal düşüp galjak bolsa, o maşynyň içinde meniň işim ýok. Ýöne näçe wagt bäri zaryny çekip, şolar ýaly egbar ýagdaýda gezip ýören aşyk üçin, magşugy bilen şojagaz aralygy edil öňküleri ýaly bir maşynyň içinde oturyp bileje geçirmekligiň özem ullakan bagt ahyry. Onsoňam maňa gözi düşenden: «Güm bol! Görünme gözüme!» diýip gygyrybermändiginiň özem köp zatdan habar bermeýärmi näme. Men öz ýanymdan: Bu onuň özüniňem meniň bilen ýaraşyk meýliniň ýok däldiginden, ýöne aýal boýnuýogynlygynyň güýjüne bäs gelibilmän kösenýändiginden habar berýän bolaýmasyn, diýen netijä geldim we öýe barşym ýaly umyt bilen oňa jaň etdim. Gepleşmese-de ýaraşmaklygyň alamaty hökmünde iň bolmanda diňlär öýtdüm. Emma çakym çykmady. Sesimi eşidenden trubkany «jalkyldadyp» goýdy. Diýmek, meni umydym aldan ekeni. Onuň hälki sesini çykarman oturyşy ýaraşmaklygyň däl-de, entegem köşeşmedik gahar-gazabyň alamaty ekeni. Ýaňy bir gutulyp barýan derdim ýene-de täzelendi. Ýaramyň kesmegi gopdy. Şunça çydam edip gezen günlerimiň azaby köýdi. Bar zat täzeden başlandy. Dogrymy aýtsam baranyma, ýaň edenime şeýle bir puşman etdim welin... – Erkin näme üçindir daş-töweregine garanjaklady-da, sözüni dowam etdirdi. – Ýöne şular ýalyda bir ýana gitseň, sähelçejigem bolsa derdiň ýeňleşýändigine men geçen gezek seniň bilen Amyderýa gidenimizde göz ýetirdim. Men indi obamyza gitjek. Senem azara goýup ýörjek däl-de, özüm gitjek. Göwnüme şo topraga gadam basdygym derdim ýeňläýjek ýaly bolup dur. Başda maňa ganat berip, uçuryp goýberen şol toprak, maňa ýene-de kuwwat berer... Derdimden halas eder. Iň bolmanda ýeňleder. Men onuň bu pikirini ikielläp goldadym. Umytdan düşmezligi maslahat berdim. Jemalyň hökman ýaraşjakdygyna ynandyrdym. Ýöne gahary ymykly gaçyşýança garaşmaly borsuň, diýdim. Ol dogrudan-da oba gitdi. Gitmezden öň klasdaş dostlarymyzyň biri Ýegendurda jaň etdi. «Ertirki awtobusa münýän, günortanlar bararyn, garaş» –diýdi. Ýegendurdam Lebaply dostumyz ýaly onuň baranyna diýseň begenipdir. Täze salan köşk ýaly kaşaň jaýynyň içi halylar bilen bezelen giň hem ýagty, ýörite myhman üçin niýetlenen otagyna salyp öňünde iýer-içer ýaly dürli-dümen tagamlar goýupdyr. Dost-ýaranlarymyzy çagyrypdyr. Hiç zat bilen seriniň ýokdugyna geň galypdyr. Myhmanlar dargansoň: «Näme boldy how saňa, öňküligiň ýok-la...» diýip, sorapdyr. Erkin oňa bar zady bolşy ýaly gürrüň beripdir. Ýegendurdy: «Olar ýaly bolsa şu ýerde bäş-on gün bol. Ýagşa-ýamana görün. Dogan-garyndaşlaryňka aýlan. Hökman göwnüň açylar» diýipdir. – Ýegendurdy bilen gürleşip oturan ýerimde irkilipdirin... – diýip, Erkin Aşgabada gaýdyp gelenden soň maňa gürrüň berdi. – Düýşümde Jemaly gördüm. Şol öňküje duşuşýan jaýymyzdaky tagta sekiniň üstünde ýatyrys. Aşagymyzda-da şol bir düşejiklerimiz. Diýmek, biz ýaraşypdyrys. Ol meniň çep tarapymda golumy ýassanyp ýatyr. Ol maňa edil huşdaky ýaly şeýle bir aýdyň görünýär welin, hatda ýüzüniň reňkine, gan damarlaryna, nokatjyklaryna, ýokarky dodagynyň sag tarapyndaky meňjegazyna çenli mesaňa mälim bildirip dur. Ýaňaklary edil huşdaky ýaly al terje dodaklary bolsa gülgün öwsüp dur. Men hatda onuň ýylysynam, mährinem duýdum. Ýakymly ysynam aldym. Mahlasy, şol bolup ýatyşymyzyň düýşe meňzeýän ýeri ýok. Asyl men özümem ony düýşümdir öýdemok. Şonuň üçinem tirsegime çalaja galaga-da, ýüzüne siňňin seredip, uçursyz çäksiz söýgi hem hyruç bilen: «Jemal, ýene-de şeýdip bileje gujaklaşyp ýatarys diýip, dogrusy ýadyma-oýuma-da düşmeýärdi» diýýärin. Ol bolsa sesini çykarman ýüzüme bakyp, garaja gözlerini ýyldyradyp ýatyr. Oýananymdan soň Ýegendurda gören düýşümi aýdyp berdim. Ol: «Aý, kän pikirini etmejek bol. Göwrümiňi giň tut...» diýdi. Elbetde, Ýegendurdynyň ýerinde kimem bolsa şeý diýerdi, ýöne diýmek başga, diýlene amal etmek başga. Ýatlaman, pikirini etmän bilýän bolsam men şol güne düşjekmi... Men şol ýerde bolan döwrümiň içinde Ýegendurdynyň aýdyşy ýaly ähli dogan-garyndaşlarymyňka, tanyş-bilişlerimiňkä aýlandym. Daşymdan gorkan bora çemeli, ýegenlermiň biri meni şol ýerdäki köne öwülýälere-de aýlady. Gowylaşan ýalam boldum. Ýöne Aşgabada golaýlaşdygymsaýy ýüregim atygsap başlady. Ýene-de bar zat öňki ýerine geldi. Gelen günimiň ertesi ir bilen öýden çykdym. Näme üçin, nirä barýanymam bilemok, bir görsem Jemallaryň gabat garşysynda, köçäniň ugrunda, hemişekije garaşýan ýerimde durun. Işe gitmek üçin öýden çykaýjak uçurlaryny peýläp gaýdan bolsam gerek, sagat dokuzyň ýary. On bäş minut galanda-da ol hökman öýden çykaýmaly. Ine-de ol çykdy. Gaz ýörişini edip, gelşine ýoluň aňry çetinde saklandy. Iki tarapyna garanjaklady, soň bäri ýüzüne geçdi. Maşynlara el galdyryp başlady. Birdenem maňa gözi düşdi. Ýöne, görmediksiredi. Men bar güýjümi jemläp onuň ýanyna bardym. Hemişekilerim ýaly: «Jemal gurgunmysyň», diýdim. Ol sesini çykarmady. Şol aralykda-da kireýkeş maşynlaryň biri gelip onuň gapdalynda saklandy. Sürüjiniň ýany adamly ekeni. Jemal yzky oturgyja mündi-de gapynam «şark-şurp» ýapdy. Men «hasyr-husur» tutawaja ýapyşdym. Açdym. Emma münüp bilmedim. Sebäbi, Jemal aňry süýşmedi. Özem dert-azar, ýapjak bolup tutawajy çekýär. Men bolsam bärik çekýän. Sürüjem näme diýjegini bilmän aňalyp otyr. Ep-esli çekeleşenimizden soň Jemal gahar bilen: «Näme, meni masgara etjek bolýaňmy? Gal!...» – diýdi. Meniň barmaklarym gowşady. Tutawajy goýberdim. Jemal gapyny çekip aldy-da, «gürpüldedip» ýapdy. Maşyn gitdi. Men ýüzüme urlan ýaly bolup galdym. Onsuzam-a öz öňümde özümi kemsitmek kemini goýmadym welin, mundan artyk onuň yzyndan ylgamazlygy diňe öz işim bilen gümra bolmaklygy ýüregime düwdim. Özem berk düwdim... Şondan soň Erkin hakykatdan-da dünýäni unudyp işläp başlady. Jemaly ýatlamazlyga çalyşdy. Bu oňa gowy kömek etdi. Heserden açdy. Üç-dört aý geçensoň-a hasam gowulaşdy. Sekizinji aý diýlende ymykly açylyşdy. Açylyşdygysaýam geçen günlerini ýatlap öz-özünden utandy. «Beh, şolar ýaly bolaýypdyryn-aý» diýip, başyny ýaýkady. Öňki gatnaşýan deň-duşlary, kärdeşleri bilen gatnaşyp başlady. Men indi ol Jemaldan ymykly arasyny açandyr öýtdüm. Ýöne bir gün ol meniň ýanyma geldi-de: – Meniň bir endigim bardy, o-da gatnaşýan döwürlerimiz Jemalyň jaňyny sesinden tanaýardym. – diýip, öňünde demläp goýan çäýnegime ýapyşdy. – Has takygy ýüregim syzýardy. Bir gezek Jemal iki aýlyk, Moskwa seminara gitdi. Şonda erbet içim gysdy. Ylaýta-da birinji hepde. Tas yzyndan gidipdim. Pulum bolan bolsa giderdimem. Ýöne, olar ýaly mümkinçilik mende ýokdy. Işsiz otyrdym. Şonuň üçinem kaýyl bolmaly boldum. Ine, şonda bir gün günortanaralar öýde ýazuw-pozuwa güýmenip otyrdym welin jaňyň sesi içerini ýaňlandyryp goýberdi. Ýüregim «jigläp» gitdi. Aşgabatda däldigini bilip duranam bolsam içimden: «Şu – Jemaldyr» diýdim. Bir bökende telefonyň ýanyna bardym. Trubkany göterdim. Edil pikir edişim ýaly. Şol! Ol ýerde onuň içi meňkidenem beter gysan bor-a çemeli: «Erkin-n! Bu senmi? Men jaň edýä-än!.. Göresim gelip ýüregime düşdüň-ň!...» – diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrýa. Sesem şeýle bir dury eşidilýär welin, edil gapdalyňda duran ýaly. Şol wagt öýde aýalymam bardy, aşhanada nahar bişirip ýördi, hernä trubkany menden öň şol alaýmandyr. Meniň özi ýaly açyk gürläbilmeýänimdenmi ýa «hä» «howwadan» başga söz aýdybilmeýänimdenmi bir päsgelçiligiň bardygy aňdy-da, öňküsine görä bady gaçan sesi bilen: «Näme, gürläp bileňokmy? Ýanyňda adam barmy?» diýdi. «Howa» diýenimdenem uludan demini aldy-da, ahmyr bilen: «Bolýa-da onda. Sag bol, soň ýene jaň ederin» diýdi. – Erkin şondan soňky aýtjak sözlerine begenmekden ýaňa ýürek joşgunyna bäs gelibilmän çasly gygyrdy. – Ine, şolar ýaly jaň arada-da geldi. – Ýene-de Moskwadanmy? – Ýok-laý, şu ýerden. Ol şu wagt şu ýerde ahyry... Jaň edýäniň şoldugyna bolsa mende şek-şübhe ýok. Çünki, ol-a sekiz aý ekeni, ýene sekiz ýyl geçse-de, men onuň jaňynyň sesini ähli jaňlaryň içinden tanaryn. Sebäbi, ol jaň sim bilen howa arkaly gelse-de, aňyrsy ýürekden çykyp gaýdýar. Gelende-de ýürege gelýär. Iki ýüregi biri-birine bent edip duran şol ylahy duýgy tehniki ulgam bilen goşulyşyp gelýär, goşulybam gidýär. Şol jaň geldi. Men zöwwe ýerimden turdum. Birdenem saklandym. Öňümde: «Alamalymy, almaly dälmi» diýen mesele keserdi. Başga galdyrjak bolsa ýok. Sebäbi, öýde ýeke özüm. Galdyrsam-a ýene-de şol, öňki günüme düşäýmegim ahmal. Galdyrmasamam... – Erkin meniň ýüzüme seredip garaçyny bilen ýylgyrdy. – Hiý, menem bir galdyrman bilerinmi? Aldym. Sebäbi, bir zerur aýtmaly zadynyň bar bolaýmagy mümkin ahyry diýen pikir kelläme geldi. «Al-ýo» – diýenimdenem: Jemalyň: «Erkin! Gowumy ýagdaýlaryň?» – diýen sesi eşidildi. Ýöne, Moskwadan jaň edendäkisi ýaly şelaýyn däl. Birhili aladalyrak. Men: «Saglyk bir bolaýbilsedir» diýip, içimi gepletdim. Jemal welin, düýbünden başga hörpden gopdy: «Ýaraşmak üçin jaň edýändir öýdäýme, ýok, agşam bir gorkunç düýş gördüm-de... Ynjalman...». «Men hakdamy» – diýdim. «Howwa, sen hakda. Çuň çukura gaçýamyşyň-da menem çykaryp bilemok. Elim ýetenok. Ili kömege çagyrýan. Hiç kim ýok. Daş-töwerek gum-gukluk. Öz sesime özüm oýanypdyryn. Gowulyk dämi özi?» «Hudaýa şükür» «Bolýa-la, saglyk bolsa... Içeriňizem gurgunçylykmy?» «Şükür, gurgunçylyk». «Aýalyň bilen ýaraşdyňmy?» «Ýok». «Näme üçin?». «Ýaraşmady». «Aý, bu gün ýaraşmasa-da ertir ýaraşar... Gitjek ýeri bolmaz...». Özüniň welin şol sözi eşidesiniň gelendigi görnüp dur. Ýaraşdym diýen bolsam heziliniň bolmajakdygy belli. Göwnüm üçin göwünlik berýä. Özüniň welin böwrejigi bökýä. Bir zatlar aýtjagam bolýar-da, aýdyp bilenok. Ikirjiňlenýär. Ykyrganýar. «...Biri her gije yzyny üzmän jaň edýä welin... Trubkany alsamam ýa-ha goýa, ýa-da sesini çykarman durýa. Sen-ä dälsiň şol?...» Men ör-gökden geldim. «Aý, ýok, men-ä ýekeje gezegem jaň edemok, eden bolsam geplärdim, asylam, geplemejek bolsaň jaň etmek nämä gerek?» diýdim. «Hä-ä, Onda şoldur. Asyl, şomuka diýdimem-le». «Kim ol «şoldur» diýýäniň, Jemal?» «Aý, kim bor öýdýäň, şol mollasumakdyr-da...» «O näme, sende işlänokmy? «Ýo-okla, şo wagtlar kowdum-a men ony. Seň şol diýýäniň ugrunda bar ekeni. Şol gürrüňi ol senden başga-da telim adamyň ýanynda aýdypdyr. Golaýymyzdaky dükanyň satyjylaryna-da, çep gapdalymyzdaky çişlikçilere-de, olaryň arka ýüzündäki çörek satýan aýallara-da aýdypdyr. Asyl kim suw içmäne gelse şoň ýanynda şol bir diýýän sözlerini aýdypdyr ýörüpdir. Şoň sanaýan zatlaryny men dogrudanam satyn aldym, ony özüňem bilýäň, ýöne men olary özüm aldym. Hatda şo zatlar üçin şondan karzam alamok. Ol bolsa şolaryň barysyny özüm äberdim diýipdir ýörüpdir. Asyl sag adamyň etjek işi däl onuň bolup ýörşi. Sen dogrudanam bir zatlar aňan ekeniň. Diýenleriň dogry bolup çykdy. Şoňa göz ýetiren günümem kowdum. Şol zerarly seň göwnüňe degenime kän ökündim, ýöne şoň gepine ynananyňa, hiç zat ýok ýerden gabanyp ýöreniňe gaharym geldi. Meni kim-kimlere ýapyp ýör diýip, agladym. Hernäçe göresim gelse-de, bagyşlap bilmedim. Yzymdan gelen gezegiňem entek gaharymdan açylybilmän ýören döwürlerimdi. Ahyram pikir ede-ede: şoň ýerinde kim bolanam bolsa şolar ýaly pikir ederdi, diýen netijä geldim. Özümiň seresaplylygy elden berendigim üçin gynandym». Men: «Şo gidişine gitdimi bir özi? Soň azar bermän durdumy» diýip, gödegräk sorag berenimem duýman galdym. «Azar beribem bir görsün» – diýende Jemalyň sesi hemleli çykdy. – Başda gitmejek bolubam kän dyzady. Soňam töweregimde köwejekledi ýördi. Ýüz bermedim. Jaň etdi. Jogap bermedim. Şondan soňky jaňlaryň barysy sessiz geldi. Henizem gelip dur. Dogrusyny aýtjak, sensiň öýden gezeklerimem boldy. Ýaňky soraýşymam şoň üçin...» «Bolýa-la sag-aman sypan bolsaň». Jemal gyzgyn suwa düwnen ýaly boldy: «Sypyp-sypman men, Erkin, onuň çoçgaryna çolaşmasam näme... Özüm-ä göwnüme zat getirmedim, niýetini aňan günümem gümüni çekdim... Bolany! – Jemalyň sesi öz ýüpüne boglan geçiniňki ýaly diýseň gyryljak çykdy. – Bor, onda, Erkin, sag bol, habarlaşyp dur...». «Bo-or...». «Bimaza edenim üçin bagyşla». «Ýok, ýok, gaýtam gowy boldy. Sen meni begendirdiň...». «Ýaraşjak bolýandyr öýdäýme», diýse-de, onuň barybir ýaraşmak niýeti bilen jaň edendigi görnüp dur. Muny men magat bilýän. Sebäbi men oňa belet. Niýetinde şol bolmasa asla onuň jaň etmejekdigem çyn. Eger-de meniňem niýetimde şol bar bolsa onda indi uzaklaşdyrman özüm oňa jaň etmelidim. Men hut şeýle hem etdim. Ol begendi. Şondan soň bassyr iki hepdä golaý jaňlaşdyk durduk. Indem üçünji hepdäniň içi biri-birimizi küýseýändigimizi welin ikimizem bildirmejek bolýas. Elbetde, öňürti pyşgyrmalam, duşuşyga çagyrmalam men. Ýöne näme üçindir men şony edip bilemok. Şeýle-de bolsa, ara düşen aýralyk diwary kem-kemden ýykylyp barýan ýaly. Meniň göwnümi sowadan mähnet buzam eräp, aramyzdan aýrylyp gidip barýa. Çünki, ýüregim ony gün-günden barha beter küýseýär. Ony gözüm bilen göresim, dilim bilen sözleşesim, bagryma basasym gelýär. Ýene-de gije-gündiz, bar oýum, pikirim şol. Ýene-de bar zatdan ünsüm sowuldy, bar küýüm şoňa tarap gönükdi. Ýene-de öýki günüme düşerimden bolsa gorkýan. Men indi nätsemkäm, Nepes?... Men ähli aýtjak zadymy öň aýtdym, Erkin. Berjek maslahatymy berdim. Ýöne şol bir zady welin ýene müň gezek gaýtalamalam bolsa gaýtalap biljek: Işiňden eliňi sowatma. Berk dur. Seni ähli dertden şol halas eder. Başga aýtjak zadym ýok. -Jemal bilen ýaraşaýynmy ýa ýaraşmaýynmy? -Ony özüň bil. Öz göwräňe geňeş. Şondan soň ol uzak wagtlap sesini çykarman oturdy. Menem gyssamadym. Ahyram: -Bor, Nepes, men seniň diýeniň bilen bolaýyn – diýdi-de, çykyp gitdi. Özem sözünde durjak bolup kän dyrjaşdy. Dört aýlap Jemal bilen diňe telefonda gürleşdi. Duşuşmady. Ýöne näme hakda geplese-de, gürrüňiniň bir ujuny Jemala tarap sapjak boldy durdy. Çakym çak bolsa, ol ýene-de düýn-öňňinki uçan gaýasyna tarap süýşenekläp barýardy. Bu hut şeýle bolubam çykdy. Bir gün ol gijara ýanyma geldi-de: -Nijembir aý bäri şol bir leji çykan sözlerden – saglyk-amanlykdan ikimizem irdik. Duşuşara, ara düşen diwary ýykara wagtyň bolandygyny Jemal soňky günlerde dürli kinaýalaryň üsti bilen kakdyryp başlady. Şonuň üçinem men ony dek-düýnüň özünde duşuşyga çagyrdym. Ol geldi. Hemme zat öňküsi ýaly boldy. Sen meni bagyşla. Men seniň pendiňi tutup bilmedim – diýdi. -Ýok, Erkin, gaýtam gowy edipsiň, dogry edipsiň. Men saňa Jemal bilen ýaraşma diýmedim, ýaraş, goý, söýgi bilen ýaşa, ýöne, döredijiligiňi taşlama ýene-de öňküň ýaly gabanjaňlyga gözüňi gapdyraýma diýdim. Erkin uludan demini aldy-da, baş atdy. Şeýdip, olar sekiz aýa çeken aýraçylykdan soň ýene-de duşuşyp başladylar. Erkin düýpgöter üýtgedi. Onuň ýüreginde yşk ody täzeden tutaşdy. Bar zat ýene-de öňküsi ýaly boldy. Iki aýlap olar biri-birlerine gaty söz aýtman, agyryşman, ynjaşman gatnaşdylar. Işinden sowaşmazlyga söz berenem bolsa, Erkin ýene-de bar ünsüni Jemala gönükdirdi. Ol oňa edil howa, suw ýaly hökmany zat hökmünde seretdi. Gözüne döredijiligindenem gymmatly göründi. Edil başdakysy ýaly taksi tutup Jemaly irden işine äkitdi, agşamlyk alyp gaýtdy. Bir sagat görmese karary ýetmedi. Çünki, ol onuň yşgydy. Hany-manydy. Dünýe barydy. Ýene-de öňküsi ýaly gözüne şondan başga hiç kim, hiç zat görünmeýärdi. Ýöne, ýaman ýeri şol hyruç kem-kemden ony ýene-de öňküje edähedine tarap çekýärdi, öňküsi ýaly däliredýärdi, telbelik derejesine ýetirýärdi. Goýberen ýalňyşlyklaryny hernäçe gaýtalamajk bolsa-da, gabanç duýgulary ýene-de, mahal-mahal edil garasar sürüsi ýaly bolup üstüne hüjüm edýärdi. Bu bolsa ony edil çagalyk döwründäkisi ýaly terkidünýälige, garasöýmezlige, düňlelige tarap itekleýärdi. O-da edil şol döwründäki ýaly gelip diňe maňa içini dökýärdi. Käte sagatlap gürrüň berýärdi, şol bir öňki diýen zatlaryny gaýtalap zeýrenýärdi, ahyram özi ýadap özi goýýardy. Soňundanam, şol zatlary maňa gürrüň berenine puşman edýän ýaly dodagyny dişläp, gaşlaryny çytyp oturýardy-da, göwünli-göwünsiz hoşlaşyp çykyp gidýärdi. Soňam telim wagtlap yzyna köwlenmeýärdi. Men bolsam oňa näme diýjegimi bilmeýärdim. Asyl-ha aýdanyňdan, siýeniňden peýda-da ýokdy. Ol barybir meniň däl-de, öz ýüreginiň aýdanyny edýärdi. Diňe şoňa gulak asýardy. Kalbynyň ündewine görä hereket edýärdi. Meniň dostumam bolsa, ol yşgyň guludy. Yşk ony islän tarapyna idirdedip alyp gidýardi. Soňky döwürlerde bolsa ol ýene-de: «Göwnüme bolmasa Jemal mahal-mahal gümürtik halda bir ýanlara gidýän ýaly» diýmäni çykardy. Bu bolsa onuň ýene-de köne derdine ulaşandygynyw alamatydy. Ony halas etmelidi. Şonuň üçinem men oňabir gün: – Sen döredijilik adamsy, Erkin. Fantaziýaň bolsa güýçli. Kelebiň ujundan tutdugyň yzy çöşlenip eliňe gelip dur. Saňa özüňden başga duşman gerek däl. Özüňe bolsa erk edip bileňok. Bar bela şonda. Sende başga dert ýok. Şol gelniň garalygyny öňem tapmadyň, mundan bu ýana-da tapmarsyň, gury özüňi heläk edeniň galar. Bir günem Erkin ömründe etmedigini edip ýanyma erbet içgili halda geldi. Dogry, ol öňem içmän duranokdy. Käte ikimiziň bir çüýşäni bileje boşadaýýan gezeklerimizem bolýardy. Ýöne beýle egbar halda welin men ony hiç haçan görmändim. Öňünde goýlan çaý-çörege nazaram aýlaman, öňe-yza hallan atyp oturşyna ol şol gezek şeýle diýdi. – Mundan üç gün öň Jemal agasynyň doglan gününe gitdi. Aralary daş däl. Pyýada ýöräýeniňde-de on bäş minutlyk ýol. Ir-giç diýmän öýüne gaýdyp gelerlik ýagdaý bar. Jemal asylam ýazy ýatagan däl. Dürli sebäplere görä, muňa meniň özümem göz ýetirdim. Hatda atasy öýünde toý bolanda-da ýatmaga öýüne gaýdýardy. Ýöne bu gezek welin ol jaň etdi-de, meni geňler galdyryp, özüniň ýatymlyk galýandygyny aýtdy. Men göwnüme zat getirmedim-de: «Bolýa-da, olar ýaly bolsa...» diýdim. Şonuň üçinem, agşamlyk öýüne jaň etmedim. Ertesi sagat onbirlere çenli çydadym. On ikiniň ýary boluberendenem: ind-ä geläýen bolsaň gerek diýip, öýüne jaň etdim. Ýok! Eline jaň etdim, jogap berenok. Ýüregim howlap daş çykdym. Gapdalymyzda gül satylýan dükanjagaz bardy. Şoňa baryp, satyjy gyzdan jaň edip bermegini haýyş etdim. Razylyk berendenem Jemalyň atasy öýüniň belgisini aýlap berdim-de, Jemaly soraň diýdim. Sorady. Ol ýerdenem ýok, diýip jogap berdiler. Asla onuň agşam ol ýerde bolmandygyny, öýünde bolmagynyň mümkindigini aýtdylar. Men juda erbet boldum. Muny gülçi gyzam aňdy. «Size näme bolýar, dogtor çagyrmalymy» – diýip, daşymda elewräberdi. Men oňa minnetdarlyk bildirdim-de, çykyp gaýtdym. Ümürde ýöreýän ýaly howany sermeläp zordan öýe bardym. Ine, indi nijembir ýyldyr, özümi bir jelebe oýnadyp ýören haýran hasap etdim. Namysymyň joşa gelmegi bilen gazabym hetdinden aşdy. Näme etmeli diýen sorag meýdana geldi. Pikirimi jemläp ýetişmänkämem jaň geldi. Aldym. Jemal! Onuň sesi diýseň çasly çykdy. «Erkin-n... Bu men-n... Jema-al... Men ejemlerde... Häzir öýe barýa-an... On minutdan jaň edä-äý...» Bir-ä keýpiniň çag wagty, birem aldajak bolanda onuň sesine şolar ýaly «şaňňy» röwüş çaýylýardy. Beýnim gaýnap duran ýarma dek «lasyrdap», ýülükleriniň içinde bolsa gazap bilen paýhas söweş gurdy. Gazap: «Bol, aýt, içiňi sowat! Soňa goýma-da aýbyny ýüzüne bas! – diýýär. Paýhas bolsa: «Howlukma! Ölçer! Dök! Birdenkä bu gezegem gümanyň öňküler ýaly esassyz bolup çykaýmasyn!» diýýär. Ahyram gazap üstün çykdy. Jemal sözüni soňlara mähetdel, sesimi sandyradyp: «Näme ýalan sözleýäň? Sen ejeňlerde däl!» diýdim. Jemalyň ýap-ýaňyja-da al-asmanda «pel-pelläp» ýören «şaňňy» sesi «şuwwuldap» dikbaşak gaýtdy. «Sen näme, öýümize baryp gaýtdyňmy?» «Howwa, baryp gaýtdym. Edil şumatjyk baryp gaýrdym. On bäş minudam geçenok. Sen ýok şo ýerde! Agşamam bolaňok şo ýerde!» «Sen näme, ýene-de başladyňmy şo heňiňe», diýende, Jemalyň sesi hem azmly, hem dözümli çykdy. Men: «Nähili düşünseň düşüniber, meň soragym şol» diýenimdenem: «Onda meni ýatdan çykar. Özem müdümilik çykar» diýdi-de trubkany goýdy. Menem goýdum. Şeýdip aramyza ýene-de tow düşdi. Özem şu indi ymyklymyka diýýän. Men muňa ynanýan. Sebäbi bu gezek oňa sypara ýer galmady. Gepiň gysgasy utuldy. Tutuldy. Onuň şol jaňy ejesiniňkiden etmändigine-de gözüm ýetip dur. Ol niredenem bolsa öýüniň golaýyndan, has takygy gijesine geçiren ýerinden bir ýerden jaň eden bolmaly. – Erkin ýüzünde hiç hili gaýgy-gussa alamaty ýok adamyň parahat görnüş bilen, diýseň rahat gürledi. – Ýöne senem geň galarsyň, özümem geň galýan, bu gezek men öňküm ýaly azar çekemok. Aýralygyň yzasynam duýamok. Hunaba-da ýuwudamok. Asla gylylam gymyldamok. Çünki men ýeňiji. Jemal ahyry öz emeline çolaşdy. Öz nebsiniň pidasy boldy. Köpe kowalaşan adamyň ahyrsoňy boljagam şol. Sekiz aýyň aýraçylygy maňa kän zat öwretdi, Nepes. Bedenimi beketdi. Ähli azap, jebri-jepa şol aýlaryň arasynda galdy. Indi görüp otursam şol döwür men durmuşyň iň bir agyr ýüküne werziş bolan ekenim... ...Şondan soň Erkin ýene-de öňki giňgöwrümliligine gaýdyp geldi. Ýene-de döredijiligi ýola düşüp, öýi, çagalary, agtyklary gözüne görnüp başlady. Men öz ýanymdan: «Indi-hä Jemalyň özi ýalbaryp geläýende-de ýaraşmasa gerek şü» diýip oýlandym. Çünki onuň bilen tutaklaşyp ýörmekden halys ýapdapdy. Iripdi. Laky-tak durandygy daşyndanam bildirip durdy. Üstesine döredijilige-de gowy girişipdi. Gije-gündiziň dowamynda işleýän kwartirasyndan çykmaýar diýen ýalydy. Ýöne... ...Ýöne ýene-de bolmady. Bir gün gelip ol ýene-de özüniň Jemal bilen ýaraşandygyny aýtdy. Men: -Bor dost, seň göwnüň karar tapan bolsa bolýa, men şat – diýdim. Şol gije nirä gidipdir? Ýa dogrudanam ejesiniňkä gidipmi, diýip soramaga bolsa çekindim. Has takygy dözmedim. Derdini gozgaryn öýdüp gorkdum. -Ýene-de süýji günler başlandy – diýip, ol şondan soňky dynç gününiň ertesi maňa jaň edip aýtdy. Şondan soň alty aý diýlende ýurduň ýolbaşçysy täzelendi. Özgerişlikler başlandy. Birnäçe ýapylan edaralar açyldy. Gadagançylyklar aradan az-kem hem bolsa aýrylyşdy. Erkiniň ýoly açylyp ugrady. Ony ýokary okuw jaýlarynyň birine işe çagyrdylar. Umumanam ýurtda gowy-gowy özgerişlikler başlandy. Hiç bir sebäpsiz ýere ýapylan neşirýatlaryň açylaýmak mümkinçiligi döredi. Birdenkä «getir» diýýäýseler dagy diýip, Erkin ýygyndylaryny taýynlap başlady. Kompýuterden geçirtdi. Kitaplarynyň elektron wariantlaryny taýýarlady. Şeýle ýagdaý ýyl ýaryma golaý dowam etdi. Göräýmäge bar zat ugruna ýalydy. Ýöne ýüze çykan bolgusyz bir sebäp olary ýene-de bir gezek, çaknyşdyrdy. Şol hem olaryň iň soňky çaknyşyklary boldy. Ol wakanyň taryhyny bir aý soň Erkin maňa şeýleräk gürrüň berdi. – Şol günem men hemişekilerim ýaly kwartiramda arkaýyn işläp orytdym. Wagt – gije sagat onuň ýary. Birdenem ýüregime dowul düşdi-de, towsup ýerimden turdum. – Sen özüň bilýäň, men indi gije-hä däl, asyl gündizem öňkülerim ýaly Jemaly gabanyp, yzarlap ýöremok, ýöne şol gezek welin, edil biri böwrüme dürten ýaly ylgap bardym-da, telefona ýapyşdym. Jemalyň belgisini aýladym. Şol wagt onuň özem, çagalaram hökman öýde bolaýmalydylar. Telefony haýsam bolsa biri alaýmalydy. Emma aýlap-öwrülip jaň edýän welin alýan ýok. Üç çakylykdan soň jaň Jemalyň öý telefonyndan el telefonyna geçýärdi, emma ol onam alanok. Daş-iç çykan bolaýmasynlar, diýip, ara az-owlak maý salýanda, ýene aýlaýan. Şol bir öýki ýagdaý. Tekiz. Tapbat. Ýüregim welin atygsap agzymdan çykyp barýar. Bir demde bar zat öňki kaddyna geldi. Ýyl ýaryma golaý asuda geçen günleriň barysy ýele sowruldy. Şeýtan ýene-de mekgäme mündi. Men hatda onuň sowuklaç ýylgyryşynam duýdum. Ýakymsyz gülküsinem eşitdim. Göz öňümde bolsa Jemal bilen baglanyşykly şol bir ýakymsyz hereketler janlanyp başlady. Men hatda Jemalyň eşiklerini çykaryp oturyşynam biriniň düşegine girip barýanynam göz öňümde magat gördüm. Şol hereketler, aňymda gaýtalandygysaýam gümanym artyp başlady. Özümem: «Hä, zandyýaman, meniň arkaýynlaşanymdan peýdalanypdyr-ow» – diýip içimi gepledýän. Gyş gijesidigine garamazdan ýeňil-ýelpaý geýindim-de, ylgap daş çykdym. Ylgaşlap gaýdandyryn-da, hemişeki on bäş minutda geçýän aralygymy bäş minutda geçip, Jemalyň gapysynda häzir boldum. Budkasynyň öňüni gabap duran demir derwezäni kakdym. Kiçijik daş bölejigi bilen ursaň derweze «şaňk-şaňk» edip gaty ses çykarýar we içeride oturanlara gowy eşidilýär. Bu gezek welin gymyldy-hereket ýok. öwran-öwran kakýan. Jogap ýok. Ahyry bizar boldum-da lapykeç halda yzyma dolandym. Nähili gelenimi bilemok, ýöne, bir görsem öýde, Jemala jaň edip durun. Alýan ýogam welin, barybir jaň edýän. Arasynda: Syrkawçylyk bolup hassahana dagy düşen bolaýmasyn, bir zerurlyk çykyp atasy öýüne giden bolaýmasyn, diýen ýaly adamkärçilikli pikirlerem kelläme gelmän duranok. Çünki, şol gün ol çagalary bilen atasy öýüne gidip gelipdi we ejesiniň ýaramaýandygyny aýdypdy. Ýöne, olar ýaly ýagdaý bolanda ol meni habardar edip giderdi ahyry. Ir sagat sekiz boldam welin, jaň geldi. Aldym. Şol. Jemal. Ilk-ä sesimiň ýetdiginden gygyryberesim geldi, ýöne bu gezegem öz pikirimiň ýalňyş bolup çykaýmagyndan howatyr edip özüme basalak bolmaga çalyşdym, başardygymça ýuwaş gepledim: «Daň bilen nireden geldiň?» Jemalyň sesi ýadaw çykdy: «Düşünmedim». «Agşam nirede bolduň?» «Hiç ýerde-de bolamok, öýde boldum». «Onda näme üçin uzynly gije telefony almadyň? Eliňe-de geçýä, onam alaňok. Edil öňki gezekkileriň ýaly» «Znaýeş çto... – diýip, ol maňa bir zatlary düşündirmäge başlady. – Agşam onuň ýaryndan soň nätanyş bir ýaş oglan jaň edip, halys ýürege düşdi. Ahyram telefony öçürmeli boldum». «El telefonyňam öçürdiňmi» «Ýok, on-a öçüremok. Ýöne, gatyrak ýatandyrys-da». «Gatyrak ýatypmyň ýa ýatman çykypmyň ony Alla bilsin». «Erkin-n...». Ol bir zatlar diýdimi ýa dymdymy, ony men bilemok, hiç zat eşidemok. Öňem telim gezek gaýtalanan şol ýagdaýdan soň men özümi bütinleý äsgerilmeýän, söýgüsi bir ýaşa alynmaýan, iň bir pes, nalajedeýin, arsyz adam saýdym. Jemalyň özüni bolsa iki dilli biwepa, köp oýnaşly ýaramaz hatyn hasap etdim. Sabry-kararym gutardy, çydam käsäm doldy. Ony hemişelik ýitirmek gorkusy serimden çykdy. Alasarmyk pikirler içinde iki-baka ylgap, howsala düşüp ýörmekden irdim. Egerde, gabanjaňlyk söýgüniň hökmany şertleriniň biri bolýan bolsa, onda olar ýaly söýgüden men indi doýdum. Beýnimi bir wagtlar terk edip giden aklymam şol wagt aňyma gaýdyp gelen ýaly boldy. Şonuň üçinem, derýanyň iki ýüzünem deňledim-de, gatnaşyp başlalymyz bäri ilkinji gezek sesime bat berdim: «Sen meni aldap ýörmäňi goýjakmy ýa ýok?» Menden beýle haýbata garaşmadyk bolsa gerek, Jemalyň sesi howatyrly çykdy: «Men seni aldamok, Erkin». «Aldaýaň! Onda-da juda ökdelik bilen aldaýaň. Özüňem ynandyrdymmykam, diýýäň, ýöne, bilip goý, men seniň içi döwli ertekileriňe hiç haçanam ynanmandym, häzirem ynanamok, mundan buýana-da ynanjak däl. Sebäbi sen ýalançy, zandyýaman! Ýerinden gelme! Gabra giräýse-de düzelmejek küýki! Gaýky! – Hamala ol meni görüp duran ýaly barmaklarynşmy büküp başladym. – Her gezek şular ýalyda öý telefonyňy öçürýäň. Bir! El telefonyňam öçürýäň... Iki. Gapyň açylanok, üç! Kakylsa sesini eşideňok, dört! Dünýe älem bilen aragatnaşygyň kesilýä, bäş! Ir sagat sekiz bolýaram welin telefonlaryňam işläp başlaýa, gapyňam açylýa trubkaňam alýaň, gapyň kakylsa, onam eşidýäň, ine, bu zatlar bilenem alty! Soňundanam şol bir bahanalaryňy birin-birin täzeden sanap başlaýan. Bu seniň poçerkiň» . Jemal şol ikiarada-da oýun etjek boldumy, nämemi, ýöne juda telek gürledi: «Onda, indikide poçerkimi üýtgedäýerin». Şol wagt men oňa: «Ähä, boýnuňa aldyň gerek-k..» diýmelidim. Sözüniň üstünde tutmalydym. Emma hetdinden aşan gazabym meni başga tarapa alyp gaçdy: «Üýtgedip bilmersiň: Sebäbi sende olar ýaly ukyp ýok. Zehin ýok. Onsoňam nähili usul ulananyňda-da, men bilmez öýtme! Şonuň üçinem men indi saňa ünsem berjek däl, janymam ýakjak däl. Galanja ömrümi arkaýyn ýaşap geçirjek. Sen bolsaň nätseň şeýt! Isleseň ikisi bilen gez, isleseň üçüsi bilen, meniň üçin parhy ýok»... «Erki-i-in-n!!! – diýip, şeýle bir çirkin gygyrdy welin, trubkamyň ses gelýän tarapy çat açandyr öýtdüm. Ýöne men eýýäm dälilik hetdine ýetipdim we şol bir öňki terzde dowam etdirdim. «Men ýagyşdan gaçyp damja uçrapdyryn. Söýgüdir öýdüp, jebre sezewar bolupdyryn. Aldanypdyryn. Şonuň üçinem, mem indi tohum-tijime, gerek bolsa külli adamzada: Söýgi diýlen zadyň gyrasynda görünäýmäň, gapysyndan barmaň! – diýip, sargyt etmäne-de taýýar! Dogry, şatlyk beren pursatlaryňam boldy. Bagtyýar eden günleriňem az däl. Onuň üçin sag bol. Ejiriňe-de kaýyldym, ýene-de kaýyl bolardym, ýöne, ýaňky sözüň maňa bar zatdan beter agyr degdi... Seniň kimdigiňi Aý dogan ýaly äşgär etdi. Men indi gitmeli boldum. Özümem ymykly gidýän. Men saňa gowy durmuş, tükeniksiz baýlyk, asylly ýanýoldaş arzuw edýärin. Ýöne bir haýyşym bar: Kimem bolsa ol bendäni bir meni aldaýşyň ýaly aldama! Wepaly bol! Ýene bir zady aýdaýyn: sen baý adam taparsyň, ýöne özüňi men ýaly ýürekden söýjek adamy welin tapmarsyň. Meni aldaýşyň ýaly başga bir kişini aldabam bilmersiň. Saňa çyn söýgi sataşdy, emma sen onuň gadryny bilmediň. Bir bende kükregininden ýüregini sogrup eliňe berdi, emma sen ony almadyň, gaýtam ýere taşladyň, hapa buladyň. Basgyladyň. «Seniň munyň bir tokga et, maňa bolsa şunçarak gyzyl gerek» diýdiň. Meniň söýgümi baýlyk bilen bir terezä taşladyň. Agramly tarapynam baýlykda gördüň. Elbetde, meni söýmediň diýip biljek däl. Söýmedik bolsaň, işsiz-güýçsiz, harçsyz gezip ýören döwürlerim meniň bilen gatnaşmazdyň. Onuň üçin minnetdar. Sag bol! Ýöne öz aýdyşyň ýaly sen döwrebap maşgala. Hak aşyklyk, meniňki ýaly çyn söýgi, wepadarlyk, geçen aşyklaryň pajygaly ykballary seniň üçin gülkünç. Emma bilip goý, haýsy döwür bolanda-da söýgi – söýgüdir. Ol üýtgeýän däldir. Çym söýgi şu döwürde-de bardyr. Ony tapmany, tapansoňam aýawly saklamany başarmak gerekdir...» diýdim. Sözüme dyngy berip trubka diň saldym. Jemal aglaýardy, onda-da içigip-içigip aglaýardy. Ýöne, näme üçindir trubkany taşlamaýardy. Hemişe sähelçe gahary gelende-de taşlaýardy, bu gezek welin menden ömründe eşitmedik sözlerini eşidensoňa trubkany saklap dur. Soň görüp otursam, o-da maňa iň soňky sözüni aýtmak üçin saklanýar ekeni. Güýjüni jemlän ekeni. Sözümi soňlap özüne gulak asýanymy aňansoň ol aglamasyny goýup uludan demini aldy-da: «Bolduňmy?» – diýdi. «Boldum» – diýdim. «Bolan bolsaň indi sen maňa gulak as: Sen menden şu wagt iren bolsaň men seniň tükeniksiz yzarlamalaryňdan, soňsuz sowallaryňdan, «gydy-gydy» gürrüňleriňden, içi iriňden doly iňirdileriňden bir wagt irdim. Diýmek, ikimizem biri-birimizden iripdiris. Ýadapdyrys. Biri-birimiziň ynamymyzdan gaçypdyrys. Şonuň üçinem, dogry aýdýaň gel, hoşlaşaly. Özem şu gezek çynymyz bilen hoşlaşaly. Gaýdybam ýaraşmaly. Duşuşmaly. Bize indi başga ýol ýok. Aňyrsy garaňky. Diwar. Mundan aňry gitsek ýa uçutdan uçarys, ýa-da diwara urup maňlaýymyzy ýardyrarys. Elbetde, kyn bor, ýöne, şeýtmek gerek. Sen maňa juda agyr sözler aýtdyň, agyr töhmetler ýüklediň...». «Agyr töhmedi sen öz üstüňe özüň ýüklediň, özüň öz agzyň bilen aýtdyň...» – diýip, men eýýäm öňkülerime görä gowuşgynsyz seslendim. «Howwa, aýtdym, janymyň ýangynjyna aýtdym, ine, şeýdäýenimde näme etjek alajyň bar, diýen manyda saňa sapak bolsun diýip aýtdym. Ýüregini ýamana dikse, aýalyň şol işi iki daşyň aralygynda-da edip biljekdigine düşünsin diýip aýtdym. Sen bolsaň meniň öz garşyma ulanyp bolaýjak garamtyl sözlerimi-hä garbap alyp başyňa baýdak edinýäň, ak ýüregimden syzdyryp aýdan sözlerimi bolsa eşideňem geleňok. Şonuň üçinem, men bu zulma mundan artyk çydap biljek däl...» Men ýene-de bat aldym. «Çydabam bilmersiň! Sebäbi, sen meni aldap bileňok! Men saňa aldadamok. Saňa aldadardan meniň durmuş tejribäm köp. Aklym goýy! Aldaman dek gezjekdigiňe bolsa ynamym ýok! Şonuň üçinem, dogry aýdýaň, gel, hoşlaşaly! Birek-birege al saljagam bolmaly. Goý, her kim öz ýoly bilen gitsin. Sen eýläk, men beýläk... Hoş!...» «Şakyrdadyp» goýdummy ýa usul bilen goýdummy bilemok, ýöne, şunça gatnaşan ýyllarymyzyň içinde birinji gezek trubkany men ondan öňürti goýdum. Şondan soň öňem her gezek şular ýaly çaknyşyklaryň yzysüre bolşy ýaly, süňňüme wagtlaýyn ýeňillik aralaşdy. Dem almam ýeňilleşdi. Dünýä gözüme giň göründi. Telim ýyl bäri göterip ýören ajy sözlerimi bir demde çykaryp goýberendigim üçin gursagym gowzady. Şonuň üçinem özümden göwnüm hoş halda diwanyma geçdim-de, arkan düşdüm. Ellerimi kellämiň aşagyna goýdum. Indiki etjek – goýjak işlerim barada pikir öwrüp başladym. Gözlerimiň gytagy bilen stoluň üstündäki başly-barat ýatan golýazmalaryma seretdim. Düýbi boş bimany hem gerekmejek aladalardan saplanan adam hökmünde özümi diýseň hoşwagt duýdum. Gündelik howsalalar, gabanç, tükeniksiz teýeneler, tersleşikler, gümanlar we haýykdyrmalar içinde geçen ýyllarym üçin ömrüme nebsim agyrdy. Üç sagada golaň şeýdip, böwrümi diňläp ýatdym. Birdenem bar zat üýtgedi. Pikirler beýnimiň içinde oýan, bu ýan kowsarlady-kowsarlady-da, düýbünden başga tarapa ugur aldy. Ýene-de öňki gezeklerde bolşy ýaly, ençeme ýyllap gatnaşan, mährimi-mährine goşup, ýadan wagtym goltugynda ymyzganyp güýç toplan söýgülimi gaýdyp görmejekdigim, galan ömrümi şonsuz geçirmeli boljakdygym göz öňüme geldi-de, erbet bir gorky basdy. Dünýäm gaýtadan daralyp başlady. Hopugyp ýerimden turdum. Öýüň içinde ters aýlandym. O çünkden bu çünke, bu çünkden o çünke ýüwürdim. Bokurdagym dolup, ulyilim bilen bagyrybermekden zordan saklandym. Belki, sen meni ýazgararsyň, Nepes, ýöne, ýap-ýaňyja, saňa jaň etmezimiň öň ýany, ömrümde ilkinji gezek Biribara, nalyş etdim: «E-eý, Barhuda! Näme üçin sen meni bu ýaşdan soň munça belalara giriftar eýlediň? Yşk mülküne salyp dogumymy, gaýratymy synap görjek bolsaň on sekizimde gözüňe ilmedimmi? Ýigrimi bäşimde ýadyňa düşmedimmi? Ýa ol wagtlar men entek seniň sanawyňda-da ýokdummy? Iň bolmanda kyrkymda, köpüklerim gaýnap durka salanam bolsaň bu derdi men bu wagtkyma görä birneme ýeňilräk çekerdim. Ýa sen bu zatlary ýörite etdiňmi? Eger şeýle bolsa näme üçin? Jogap ýok bolsa, onda sen meni hälem bolsa bu azapdan gutar! Dyndar! Men ýadadym! Sen meniň gerdenime adam ogly çekip-çydardan has çökder ýük urduň! Öz beren janyňa jebr etdiň! Güzap çekdirdiň! Meni mundan artyk gynama! Bu derde döz gelere mende mundan artyk gurp-gaýrat ýok. Sataşdyran söýgiň ezýeti lezzetinden artyk geldi. Aslynda gadymy aşyklaryň näme üçin biri-birlerine gowuşmaýandyklaryna-da men indi düşündim. Iki ot birikse dünýäni ýakaýjak ekeni! Möwç urup duran iki derýa goşluşsa hanasyndan çykyp, dünýäni weýran edäýjek ekeni! Iki dag birleşse jahany lerzana getiräýjek ekeni! Asman Zemine gowuşsa kyýamat gopaýjak ekeni! Men bu gün seniň giç beren söýgiň bilen hoşlaşdym. Men indi boş! Azapdan dynç! Güzaplardan azat! Men indi Jemalyň nazarynyňam düşmejek alys bir ýerlere giderin-de, güýjümde baryny edip işlärin...» diýdim. Soň hyýalymda Jemalyň keşbine ýüzlendim: Hoş sag bol, meniň giç gelen söýgim! Hoş gal, meniň giç gelen baharym! Menden razy bol! Sen indi meni görmersiň. Nirädigini bilemok, ýöne, men gidýän. Sebäbi ýadadym. Bile geçiren şonça ýyllarymyzyň içinde men aşyklygyň ejirden başga zat däl ekendigine düşündim. Garry bolsun, ýaş bolsun, ýadaman, ýaltanman söýgä ymtylýanlara men indi: Adamlar! Ol ýere barmaň! Ol ýeri ýanyp duran ot, gije-gündiz kaknus kimin ot çeýnärsiňiz, kebelek deý köýersiňiz. Ol bir möwç urup duran däli derýa – gomlaryna döz gelip bilmän gark bolarsyňyz, porruk deý akarsyňyz! Ol bir kemerleri gasyn-gasyn bolup duran kert-kert gaýaly dag – bigüman uçarsyňyz diýerin. Düşündirerin. Bu ýoldan sowjak bolaryn. Meniň şu pendimi özüňiz-ä bir tutuň, mundan buýanky önýp-ösjekleriňize-de ýetiriň, diýerin, diýdim... – Şu ýere ýetende Erkin sojap-sojap dem aldy. Öýkenine howa ýetmeýän ýaly gözlerini agdar-düňder edip penjirä seretdi. Sag eliniň aýasy bilen ýüregini tutdy. Çalarak çytyldy. Şeýle-de bolsa sözüni dowam etdirdi. Ýöne, sesi öňkülerine görä ynjyly hem pessaý çykdy. – Howwa, dost, Aýlarhan maňa söýgi bermedi, jepa berdi, Jemal söýgi berdi, emma wepa bermedi. Maňa indi bu golaýda durarlyk ýok. Dursam ýene-de saklanyp bilmen. Jemalyň mähri eýýäm meni özüne çekip ugrady. Maňa bolsa ondan daşlaşmak gerek. Bir wagtky bigam, diňe döredijiligim bilen gümra bolup ýören asuda günlerime dolanmagym gerek. Şonuň üçinem, men gitmeli. Sen ýaly birnäçe ýyllyk daşary ýurda gidäýmegimem ahmal, belki-de çet-çemerlere, daglara, düzlere çykaryn? Belki, oba giderin. Mellek alyp şol ýerde ýurt tutunaryn. Bilemok. Ýöne her daban ýeri Jemaly ýatladyp, derdimi täzeläp duran şu şäherden baş alyp gitmelidigimi welin magat bilýän. Şu dertden gutulmak üçin men ýeriň ol ujuna gitmelem bolsa, hatda, Aýa uçmalam bolsa taýyn. Men şoňa kaýyl! Şu gezek aklyň duýgymdan üstün çykmagy gerek. ...Erkin sözüni tamamlady. Tükeniksiz jebri-jepalar içinde ýanyp-bişip ýörendigi üçin nebsimi agyrtmakdan başga bu gezegem meniň oňa edibilen kömegim bolmady. Hemişekim ýaly başardygymdan göwünlik berdim. Hernäçe kyn düşse-de, ýurdy terk etmezligi özüni mundan-da beter köýe salmazlygy maslahat berdim. «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar» diýdim. Mundan soň ýat bir ýurda baryp, döredijilik bilen günamaňy dolamak ýeňil düşmez, iň bärkisi terjime meselesi, ondan soň neşir satuw ýaly meseleler öňüňde keserip durar, diýdim. Onsoňam, sen täjir ýa işewür däl, nirede bolsaňam bäş şaýy bähbitden göwnüň karar tapar ýaly. Sen şahyr! Dörediji! Hupbulwatan! Sen şu ýerde gerek. Seň egniňde tutuş il-günüň, garamaty ýatyr. Öz göwnüň aramy üçin olar ýaly jogapkärli garamatdan gaçyp gitmäge seniň hakyň ýok, diýdim. Aşak bakyp, her daýym başyny atyp oturşyny ol meni üns bilen diňledi. Sözümi bölmedi. Ýöne ilki öz aýdanlary, soň meniň aýdanlarym ony biçak ýadatdy. Hatda başyny galdyryp ýüzüme bakan wagtlaram süzükli gözleriniň üstüni gabagy örtdi durdy. Nazary birhili gorkunç, bulançak, sowuk göründi. Argyn beýni şol wagt ondan dynçlyk talap edýärdi, ony alyslardan-alyslara tarap çekýärdi.ş Ine-de ol iki elinem ýere diräp, kynlyk bilen ýerinden turdy. Kynlyk bilenem hoşlaşdy. Men oňa: Erkin, şu ýerde ýatyber. Sen ýadaw. Wagt bolsa gijäniň ýaryna golaýlady – diýdim. Ol başyny ýaýkady. Elini ýere diräp ýerinden turdy. Agyr oý içinde, agras ädimler bilen gapa tarap ýöneldi. Köwşüni geýenden soň durşuna uly mähir hem dost söýgüsi bilen ýüzümeseretdi-de: – Täzeden bäri Güljemal düýşüme girýär. Şol bir bolşy. Çep gözüni süzüp ýylgyryp dur. Görýän welin meniň ähli söýgim şonuň bilen gidipdir öýdýän. Bu görüp ýören görgülerimiň bolsa şonuň gaýtgyny bolaýmagam ahmal» diýdi. Birdenem bir ädim öňe süýşdi-de, ömür etmeýänini edip, meni gujaklady. Bagryna basyp ep-esli durdy. Hamsykdy. Meni gujagyndan boşadansoň welin ýüzüme seretmän aňyrsyna öwrüldi. Usullyk bilen gapyny çekdi. Men birhili bolup galdym. Onuň bilen bileje geçiren çagalyk ýyllarymyzy, studentlik döwürlerimizi birlaý aňymdan geçirdim. Ykbaly örän kyn we keç bolan dostumyň hiç ýana gitmezligi üçin, nähili tagallalar edip biljekdigim barada oýlandym. Hökman bir ýana gitmeli bolaýanda-da, diňe oba gitmekligi ündemekligi makul bildim. Ol ýerde oňa ýer bererler, jaý salmaga kömek ederler, giň ýer, oba durmuşy göwnüni açar, bag-bakja, mal-gara güýmener, sagatlygy gowulaşar, beýnisi dynç alar, köpden bäri bir goýup, bir başlap süýrenjeňlige salyp ýören uly göwrümli işlerini tamamlamaga mümkinçilik tapar. Howwa, men oňa şol zatlary ündemekligi makul bildim. ...Ýaňy bir uka gidiberenimden jaň geldi. Biwagt gelýän jaň hemmeleriňem inini üýşendirýändir welin, wraç hökmünde maňa hasam erbet täsir edýär.çünki, daşary ýurtdan gelenimden soň men merkezi hassahanalaryň birinde «psihioanalitik» kabinetini açypdym-da, käte gijäniň birwagtlary bimaza edäýmeklerem bolýardy. Iň bolmanda başga bir kesel bilen kesellän adamy gyssagly suratda psihologiýa taýdan barlamaly bolýardy. Keýpine welin, akly ýerindäki adam gaty bir zerur bolaýmasa ir bilen-ä sagat sekize çenli, agşamam on birden soň jaň etmeýär. Şol wagt bolsa sagat eýýäm biriň ýarydy. Özüm-ä turmadym. Aýalym baryp aldy. Onuň uky gatyşykly gyryljak sesi bilen: – Hä-ä. Aýlarhan? Bu senmi? Gurgunçylykmy? Eýgilikmidir? Hä? Erkin? Hi-ýih!.. Wah-wah-wah... Ol ýap-ýaňyja şu ýerden gitd-ä... Nepes bilen gürleşip oturd-a... Howwa, bar, häzir, häzir... – diýen sesini eşidip ysgyn-mydarym galmady. Süňňüm bir zady syzan ýaly, aýalym gelip çagyrmazdanam öň ýerimden turdum-da, girelgedäki telefona tarap yraň atyp ugradym. Ozaldanam okara ýaly ullakan ala gözlerini gynançly halda petredip duran aýalym trubkany sessiz-üýnsiz elime tutdurdy. ...Aýlarhan maňa adamsynyň öýe barşy ýaly ýüregini tutup ýykylandygyny, «tiz kömegi» çagyrandyklaryny olaryňam ony alyp gidip reanimasiýa ýerleşdirendiklerini, häzir çagalarynyň ikisiniňem şol ýerdedigini, özüniň bolsa halys ýaraman gaýdandygyny habar berýärdi. Basymrak ol ýere barmagymy, wraçlaryny görmegimi, gürleşmegimi haýyş edýärdi. Ýöne, ol şol iki aralykda-da: – Wah, barysy şol jelepden boldy. Onuň ýüregini-ýütüni alan şol. Şunuň ahyry şeýle boljakdygyny men öňem bilýädim-le, aňýadym-la... – diýmäni weli unutmady. Meniň bolsa ol wagt o zatlar ýadyma-da düşenok. Içimde sesim çykanok, asla dilim öwrülenok. Aýaklarymdan, gollarymdan ysgyn gaçyp barýar. Uýluklarym, injiklerim sandyraýar. Men zordan: – Bor, Aýlarhan, men häziriň özünde öýden çykýan – diýdim-de, trubkany henizem gapdalymda ýaşly gözlerini tegeläp duran aýalymyň eline tutdurdym. Ýagdaýymy aňandyr-da, aýalym «şakyr-şukur» trubkany asdy-da, goltugymdan söýget berip stoluň başyna geçirdi. Gidip, bir käse suw bilen derman getirdi. Men ony içýänçäm eşiklerimi taýynlady. Derman az-kem täsir edenden soň eşiklerimi geýdim. Çykjak wagtym ortaky jaýa boýnumy uzatsam aýalym aglap otyr. Çünki biziň hojalygymyzyň ähli agzalary Erkine halys öwrenişipdiler. Olar ony meniň garyndaşym, dostum hökmünde-de gowy görýärdiler. Onuň çekýän jebri-jepalaryna, kynçylyklaryna özi bilen deň-derejede gynanaýardylar. Aýalym aýal hökmünde Aýlarhana duýgudaşlyk bildirýän hem bolsa, onuň Erkin babatdaky sowuk-salalygyny unamaýardy. Erkiniň ýagdaýyna düşünmek bilen baha berýärdi. Meniň ugrap barýanymy görüp aýalym ýerinden turdy, ýanyma geldi. Bir zatlar diýjek bolup dodaklaryny gymyldatdy, emma içinden ses çykmady. Gepläp bilmedi. Bir eli bilen ýüzüni tutdy-da: «Bar, sen eglenme, ýet çaltrak» diýýän manyda beýleki elini gapa tarap salgady. Çykyberenimdenem: – Bizem ertir bararys – diýen agy gatyşykly naýynjar sesi gulagyma geldi. -Reanimasiýada bolsa barybir hiç kimi ýanyna goýbermezler, şonuň üçinem, umumy otaga geçirýänçäler garaşaýyň, men habar tutar duraryn – diýdim. Hä diýmänem, salgy berlen hassahananyň belent binasynyň öňünde häzir boldum. Içine girdim. Telim ýyl bäri şol ugurda işläp ýöremsoň men şäher hassahanalaryndaky hekimleriň hemmesini diýen ýaly tanaýardym. Kimsi bilen bile okapdyk, kimsi bilen bile işläpdik, käbirleri bilen seminarlara, simpoziumlara, konferensiýalara gatnaşypdyk, garaz, birde bolmasa birde gabatlaşýardyk. Erkiniň düşen hassahanasyndaky hekimleriňem köpüsi tanyşdy. Meniň üstüm bilen olar Erkinem tanaýardylar, ikimiziň gatnaşy-gymyzdanam habarlydylar. Olar maňa Erkiniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdylar. Diagnozyny soranymda bolsa: – Örän çylşyrymly. Hem ýürek, hem gan basyşy. Iň ýamanam beýni ýadawlygy. Reanimasiýadan çykansoň hertaraplaýyn seljerip, şondan soň belli bir netijä geläýmesek bu wagt bejerişiň haýsy usulyny ulanmaly boljakdygy barada dagy pikirem eder ýaly däl... – diýdiler. – Ýöne, ilkinji kömekler edildi. Ýene-de ederis. Men ony görmekçi boldum. Emma wraçlar muňa kes-kelläm garşy çykdylar. – Bolanok! Onsoňam ol barybir özüni bilenok. Iň bolmanda ertire çenli garaşyň – diýdiler. – Gaýtam çagalaryna-da aýdyň, gidibersinler. Razylaşdym. Men olar bilen razylaşdym. Erkiniň çagalaryna-da ýagdaýy düşündirdim. Özüm welin gaýdybilmedim. Nobatçy hekimiň kabinetine baryp, syrkawyň ýagdaýy barada gümür-ýamyr edip otyrkagam şepagatçy uýalaryň biri ylgaşlap geldi-de: – Bir aýal gelip reanimasiýanyň äpişgesini kakyp dur. Turuzyň, men Erkin bilen gepleşjek diýýä. Bolanok, diýsegem, onda nobatçyny çagyryň, diýip aglaýar. Ýanynda iki sany ýaş çagasam bar – diýdi. Meniň göz öňümde derhal Jemalyň keşbi janlandy. Şoň üçinem, nobatçy hekim: «Beh, ol kim bolup bilerkä? Öz çagalar-a gitdi» – diýen manyda ýüzüme soragly seredeninden: – Bu şoldur... – diýip, ýerimden galdym-da, şepagatçy uýa garap: – Baryň, ony şu ýere çagyryň, – diýdim. Nobatçy hekimlerdenem şol gelin bilen ikiçäk galdyrmagyny haýyş etdim. Hekim artykmaç sorag bermän çykyp gitdi. Şepagatçy uýa-da ara salym salman gaýdyp geldi. Yzy bilenem iki sany gyzjagazyň elinden tutup daýaw, görmegeý gelin girdi. Salam berdi. Meni nobatçy hekimler öýden bolsa gerek, Erkini görmek isleýändigini aýtdy. Iň bolmanda daşyndan görmäge ygtyýar bermegimizi haýyş etdi. Men ýerimden turdum-da: – Jemal gurgunmysyň – diýdim. Oturmaga ýer görkezdim. Çagalarynam oturtdym. Ol meniň ýüzüme geň galyjylyk bilen seretdi. – Siz näme, meni tanaýaňyzmy – Birdenem ýüzüme çiňerildi. – Ýa siz Nepesmi? – Howwa, men Nepes. Men sizi gowy tanaýan. Erkin bilen tanyş bolan günüňizden bäri tanaýan. – Eýle bolsa menem sizi tanaýan. Erkin maňa siz hakda kän gürrüň beripdi. Asla ol siziň adyňyzy dilinden düşürmeýärdi. Soň ol Erkiniň ýagdaýlaryny sorady. Ony görkezmegigimizi ýene bir gezek haýyş etdi. Men: – Ol bolmaz, Jemal – diýdim. – Ony häzir maňa-da görkezenoklar. Çagalaryna-da görkezenoklar. Çünki ýagdaýy agyr. Derdinem özüň bilýäň. Bar zat onuň içki howsalasy bilen bagly. Başyňyzdan geçen ähli wakalar maňa belli. Ýap-ýaňyja-da ol meniň ýanymdan gaýtdy. Içini dökdi. Ýöne, doly egsibilmedi. Hut şonuň üçinem ýykylan bolmaly. Bu ýerde oňa ellerinden gelen kömeklerini ederler. Ýöne onuň dermany sizde. Şonuň üçinem özüne gelip umumy palata geçirilenden soň ol öňi bilen siz barada, has takygy siziň özüňizden ýyly söz eşitmeli. Siziň hemişe özüne wepaly bolandygyňyza mundan buýana-da şeýle boljakdygyňyza öz gümanlarynyň hakykatdan-da howaýy, howsala ekendigine ol ynanmaly. – Ol barybir ynanamaz, Nepes... – diýdi-de, Size Nepes diýmelimi ýa pylanyýewiç diýip ýüzlenmeli» diýen manyda ýüzüme seretdi. Men: – Ýöne, Nepes diýiberiň, men Erkin bilen gözlüje ýaşyt – diýdim. – Ynanyp-ynanamazlyk barada aýdanymyzda bolsa ol size digrudanam ynanamaz. Hut şol sebäplem ol şu güne düşdi. Ine maňa welin ynanar şonuň üçinem siziň maňa bar zady bolşy ýaly, birin-birin gürrüň bermegiňiz gerek. – A siz özüňiz bir maňa ynanarmykaňyz – diýende, Jemayň ýüzünde kinaýaly ýylgyrma emele geldi. Gözlerinde bolsa ýaş göründi. – Siz meni düýbünden tanaňzok ahyry. – Ak ýürekden aýtsaňyz ynanaryn. Sebäbi, ýürekden çykan söz ýürege barýar. Erkin gabanja gözüni gapdyrdy. Şeýtanyň ugruna gitdi. Men bolsam o zatlardan halas. Eger siz hakykaty aýtsaňyz, men oňa düşünerin.düşünerimem, Erkine düşündirerinem. – Biziň üçin siz dogrudanam köp zat edip bilersiňiz. Sebäbi, siziň hünäriňiz şu zatlar bilen bagly. Tejribäňiz köp. Bular ýaly meseleler bilenköp iş salyşýaňyz. Erkine bolsa siz çagalygyndan belet... – Jemal sözüne dyngy berdi-de, gözlerini giňden açyp, ýüzüme soragly seretdi. – Ýogsa-da bu pikir siziň kelläňize näme üçin biraz öňräk geläýmändir? – Her zadyň öz wagty bolýar. Jemal. Bu bize bagly zat däl. Ol Allanyň emri. Onsoňam... Edil beýle bolaýaram öýtmedigem-dä... – Men damagym dolandygy sebäpli esli wagt gepläp bilmedim. – Her niçik hem bolsa meniň sizden edip oturan bu haýyşym häzir Erkin üçin iň güýçli dermanyň ornuny tutup biler. – Hernäçe süýjem bolsa, ol günleri ýatlamak meniň üçin agyr. Çünki, ol süýjiniň ajymtyk tagamy bar. Ýöne Erkiniň saglygyna, ömrüne, ykbalyna, ol ikimiziň mundan buýanky gatnaşygymyza oňyn täsir eder öýtseňiz men ähli zady jikme-jik gürrüň bermäge taýýar. – Onda indi ikimize diňe gürleşmek üçin ýer beleleşäýmek galýa. Ýöne uzaga çekmeli däl. Çünki wagtymyz çäkli. – Onda ertir işden soň «Aýzberge» baraýyň. Biz Erkin bilen köplenç şol ýerde oturýardyk. Meniň, gyzlarymyň, Erkiniň özüniň doglan gününem köplenç şol ýerde belleýärdik. – Sagadynam takyk aýdaýsaňyz. – Altyda iş gutarýa. Ondan soň men çagalarymy mekdepden almaly. Gde-to, ýediň ýaryna diýäýeliň? Was eto ustrayiwaýet? – Wpolne. Ýöne men sizi özüm baryp alyp gaýdaryn. Nirä barsam amatly bor? – Köne «Ankara» restoranynyň ýerine baraýyň. Häzir ol ýerde hiç zat ýokdur. Täze gurluşyk üçin ýer gazyp ýörendirler. – Bolýa. – Hoş onda. – Hoş, sag boluň. – Saglykda görşeliň. Üç tirkeşik bolup çykyp gitdiler. Nobatçy gaýdyp geldi. Men şondan soňam onuň bilen gürleşip ep-esli oturypdyryn. Arasynda baryp Erkiniň ýagdaýlaryndan habar tutdum. Onuň şol bir ýatyşydygyny görüp gynandym. Indi men özümem gaýtmalydym. Nobatçy hekimlere-de şepagat uýalaryna-da ondan artyk azar bermeli däldim. Dowamy bar >> | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -11: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -31: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |