02:01 Söýgüde serhet ýok / roman | |
SÖÝGIDE SERHET ÝOK
Romanlar
Birinji bölüm ERKIN "Yşgyň owazasyn diňle daşyndan, Jan jebrin kyn görseň barma başyndan, Serişdäň az bolsa yşgyň işinden, Bar, habar al, gören mübtelalardan." Magtymguly. 1. Ol meniň çagalyk dostum. Daşkynrak garyndaşym. Biz bir obada önüp-ösdük, bir mekdepde okadyk, bileje-de tamamladyk. Kowumdaşlar hökmünde hatda biziň öýümizem bir syrgynyň ugrunda ýerleşýärdi. Soň-soňlar, Aşgabada okuwa gidenimizde-de, okuwmyzy tamamlap şol ýerde işe galanymyzda-da, tä, onuň ömrüniň ahyrlaryna çenli biri-birimizden aýra bolmadyk. Mahlasy, oňa menden belet adam ýok. Şonuň üçinem, bu täsin hem kyn ykbally ajaýyp adam, görnükli türkmen şahyry, yşk mülküne giç gelip, ir giden, onuň ejirini çeken Erkin Emin ogly barada ýatlama ýazmaga meniň doly hakym bar. Häsiýeti boýunça ol oglan döwürlerem ýygrady. Özüni hemişe köpçülikden çete çeker ýörerdi. Dymmady. Menden başga adamyň ýanynda içini dökmeýärdi, gyzlar bilen gürleşmäni bolsa düýbünden başarmaýardy. Başymyza on dört ýaşyň heseri urup, herimiz bir gyza hat ýazýan döwürlerimizem ol olaryň hiç birine söýgi bildirmeýärdi. Gaýtam olardan gaça durýardy, görende howy basylýardy, sussy peselýärdi. Bardy-geldi özleri lak ataýsalaram gyzaryp-bozaryp, iňňän kyn ýagdaýa düşýärdi we derhal olardan arany açmak bilen bolýardy. Okuwda hiç kimden saýlanmaýardam, yza-da galmaýardy, köpçülik işlerine, dabaralara mekdebiň umumy ýygnaklaryna işjeň gatnaşmaýardy, käbirleri ýaly orunly wezipelere saýlanjak bolup göze-başa düşmeýärdi. Saýlajak bolsalaram kes-kelläm boýun gaçyrýardy, hatda ýygnakdan çykyp ümdüzine gidýän gezeklerem bolýardy. Umuman, ähli babatlarda orta gürp bilen gitmäni gowy görýärdi. Bu oňa kakasyndan, ýagny, Emin dädemden geçen häsiýet. Emin dädem gabadyna gelen wagty maňa-da şol maslahaty berýärdi: «Öňe-de gitme, yza-da galma, orta gürp bilenjik haýdaber.» Erkiniň iň eý görýän zady pynhan ýerde oturyp, özbaşdak pikir ýöretmekdi. Şolar ýalyda onuň ýanyna hatda menem baryp bilmeýärdim. Ýüzüňi gatyryp baraýanyňda-da edip oturan içki oýlaryndan, duýgularyndan gabanmakdan ýaňa, ýüz-gözüni üýtgedip, iki-baka gorsanyp bir ugrar welin zöwwe turaga-da, ýumlugybereniňi özüňem bilmän galarsyň. Sen şeýtmeseňem onuň özi şeýder. Onuň çeper edebiýaty, kino, teatr sungatyny gowy görşüne dagy bütin oba haýrandy. Mekdebimiziň okalgasyndaky kitaplaryň ählisini okap bolup, oba kitaphanasyndakylaram saýpalladyberipdi. Aşgabadyň ýa beýleki welaýatlaryň teatrlary etrabymyza gastrola geläýseler dagy, haýsy oba barsalar gijeden-gijä yzlaryna düşüp, aýlanar ýörerdi. Elbetde, aýaklarymyzy süýreşip bizem onuň yzyndan galmaýardyk. Onuň öý kinoteatrjagazam bardy. Ol kinoteatr içine suratly kinoplýonka salnyp, göze tutulyp görülýän diaproektordan we içi diafilmlije gutujyklardan ybaratdy. Etrap merkezimizdäki «Kultmaga» gelýän diafilmleriň ählisi bilen biz Erkiniň şol «kinoteatrjagazy» arkaly tanşyp bilýärdik. Şonuň üçinem, mekdebi tamamlanymyzdan soň ol hökman artistlige ýa režissýorlyga gider, özem Moskwa, Leningrad ýaly merkezi şäherlerde okar öýdýärdik, emma ol bütin obany haýran galdyryp, dokumentlerini Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine tabşyrdy. Doktor bolasymyň gelýändigi üçin men hat-peteklerimi Medisina institutyna tabşyrdym. Ikimizem girdik. Ýöne, biri-birimizden daşlaşmazlyk üçin, kireýine jaý alyp bile ýaşadyk. Günüň-gününe, gelejek, durmuş, edebiýat, taryh, medisina, şeýle hem söýgi barada söhbetler etdik, pikir alyşdyk. Ol öňküsi ýaly köp okaýardy, köp pikirlenýärdi, gün yrman diýen ýaly drama teatrlaryna, kinoteatrlara, kitaphanalara gatnaýardy. Bir üýtgän zat, ol indi goşgam ýazyp başlapdy. Kem-kemden orsça ökdeläp başlamagy bilen, okaýan çeper eserleriniň örüsi hasam giňedi. Rus edebiýatynyň üsti bilen dünýä edebiýatyna aralaşdy. Her kitaby özüniň ýazylan dilinde okamaklygyň has ýerlikli boljakdygyna düşündi. Ýetişik boýunça welin, ol bu ýerde-de Emin dädemiň salgy beren ýörelgesinden çykyp bilmedi, ýoldaşlaryndan saýlanybermedi, zybrym bäşlik okap, ýokarlandyrylan stependiýalara mynasyp bolup bilmedi. Edil mekdepdäkisi ýaly, bu ýerde-de Uniwersitet boýunça geçirilýän çärelere örän kynlyk bilen, mejbury halda gatnaşdy. Uzynly gijäni kitap okap ýa goşgy ýazyp geçirýändigi üçin ertesi sapaklaryna ýa-ha gijä galyp bardy, ýa-da bütinleý barmady. Şonuň üçinem onuň dekanat ýa rektorat tarapyndan käýinç alýan ýa-da stipendiýasyndan kesilýän wagtlaram az bolmaýardy. Baýramçylyklara bagyşlanyp, uniwersitetiň özünde ýa umumy ýaşaýyş jaýlarynda geçirilýän agşamlara-ha ol asla-da barmaýardy. Saý-sebäp bilen baraýsa-da, alynmadyk myhman ýaly, bir çetde sortdurylyp durýardy. Tans etmeýärdi. Birdenkä ýok diýýäýmesinler diýen gorkynyň aşagynda ýegşerilýän bolsa gerek, gyzlary tansa çagyrmaýardy. Hut şol gorky sebäplem ol rus dili we filologiýasy fakultetinde okaýan kelte boýly, etli-ganly, giň maňlaýly, badam gabakly, çep gözi süzügräk, türkmençe gürläninden rusça geplänini kem görmeýän, Güljemal atly mähirlije gyza uniwersitete giren gününden başlap, tä ony tamamlaýança söz aýdybilmän, gaýybana aşyk bolup gezdi. Şanyna ilki öwrenjeräk, köneçilräk, soň poeziýanyň häzirkizaman ruhuna bap gelýän kämil goşgular ýazdy. Şahyrçylygyň aşyklykdan kyn bolmasa ýeňil bolmadyk hupbatly ýoluna-da hut şol gyz sebäpli düşdi. Ýöne, ýanynda dil ýarybilmedi. Käte: «Şu gün-ä şoňa öz içki duýgymy aýan etsem gerek» diýerdi-de, bile ýaşaýan otagymyzdan ümdüzine çykyp giderdi, entegräkdenem ýüzüni duw-ak edip gelerdi-de: «Aýdyp bilmedim. Zalyň o çetinden gelýänine gözüm düşenden aýaklarymyň ysgyny gaçdy, gözlerimiň öňi ümezledi, agzymyň içi gurady, dilim öwrülmedi, ýüregim bolsa agzymdan çykaýara geldi, deňimden geçip gidýänçä diwardan ýapyşyp zordan saklandym, ine-de, süýegimi süýräp gelşim...» diýerdi. Şol bolşy bilenem ol Güljemaly gabanýardy. Kimdir biri: «Pylan kursda okaýan pylankesem-ä şony gowy görýärmişin, basym sözem aýtjakmyşyn...» diýäýse dagy öler ýaly gaty görerdi. Päk söýgüsiniň basgylandygy, pynhan duýgularynyň äsgerilmezlik edildigi hasap ederdi. Şol sözi aýdan adam bilen ýyllarboýy gepleşmän gezerdi. Onuň bolup ýörşüne dözmän, käte meniň özüm Güljemalyň ýanyna «gudaçylyga» giderdim. Erkiniň oňa hak aşykdygyny, bir gün görmese, oňup bilmeýändigini aýdardym. Özüne bagyşlanyp ýazylan goşgulary okap bererdim. Bu oňa ýarardy. Janyna hoş ýakardy. Şonuň üçinem çep gözüni süzgekledip durşuna hezil edip gülerdi-de: – Arzy-halyny magşugyna aşyk bolanyň özi aýtmaly dälmidir – diýerdi. Bu onuň özüniňem Erkinde göwnüniň bardygyny, ýöne, aýgytlaýjy sözi öz agzyndan eşitmezden öň oňa belli bir jogap bermäge ejap edýändigini aňladýardy. Gaýdyp gelenimden soň men muny Erkiniň özüne-de aýdýardym. Gaýrata galmaklygy, göwnüni bire baglap Güljemalyň ýanyna barmaklygy, gürleşmekligi ýüzbe-ýüz durup söýgüsini aýan etmekligi maslahat berýärdim. Ol üns bilen diňläp durýardy-da, özüni iň bir ygtybarly gaçybatalgasy bolan ýaýjyklary ýalpyldawuk nikelli, ýumşak pružinaly, «jygyldawuk» krowadynyň üstüne oklaýardy, aňyrsyna öwrülip, ownujak ak gülli gök çitden tikilen, o ýerinden, bu ýerinden perleriniň uçlary dürterişip duran dört burç ýassygynam bir ýan dulugyna goýýardy-da, esli wagtlap dünýe-älemi unudyp ýatýardy. Turandan soňam aramyzda hiç hili gürrüň bolmadyk ýaly asla men gapdalynda ýok ýaly öz işi bilenjik boluberýärdi. Şol bir zady köp gaýtalaberseň, ýanjaberseň, ezeläberseň bolsa halamaýardy. Gahary gelýärdi. Şondan soň sen ondan telim güne çekjek öýkeleşige garaşybermelisiň. Ýanyna bar-gaýt, lak at-atma, tä özi açylyşyp, özi dil ýarýança göwni bir ýalydyr. Açylyşandan soň welin, telim günläp içinde berç bolan gürrüňleriň barysyny birden daşyna çykarmakçy bolýan ýaly dynman gürlär, şol gürrüňlerini pugta üns berip diňlemeseň ýa sowuk-sala diňleseň welin, ýene-de öýkelär we öňküsindenem has uzak wagtlap gürleşmän gezer. Şeýdip bäş ýyly arka atdyk. Okuwy tamamladyk. Ara-çola metbugatda çykyş edip ýörendigi hem «gelejegine umyt bagladýan ýaş şahyr» adyna eýe bolandygy üçin ony Aşgabatdaky edebi gazetleriň birinde işe alyp galdylar. Güljemaly studentlik döwürlerem okuwynyň gapdalyndan işleşip ýören ýerine, türkmen radiosynyň rusça gepleşikler bölümine işe çagyrdylar. Men bolsam bäş ýyllap okadan we gowy görşen mugallymlarymyň ak ýürekden eden aladalary bilen Aşgabatdaky Newropotologiýa hassahanasyna ýerleşdim. Gapdalyndan ylmy işem aldym. Aspirantura taýýarlanyp başladym. Işe başlanyndan soň Erkiniň zehini hasam açylyşdy. Forma taýdanam, many-mazmun taýdanam öňkülere görä has üýtgeşik goşgular ýazyp başlady. Gündelik metbugatyň üsti bilen özüni ile tanatdy. Ýyl ýaryma ýetip-ýetmän çaklaňrak goşgular ýygyndysyny çykartdy. Ýene iki ýyldanam iki kitabyň awtory hökmünde SSSR ýazyjylar Soýuzynyň agzalygyna kabul edildi. Çykardan kitaplarynda-da, täze ýazan goşgularynda-da esasy orny söýgi temasy eýeleýärdi. Şol goşgularyň ählisiniň aňyrsynda bolsa, gözlerini süzüp, ýylgyrypjyk duran, kelte boýly gyzyň mähirli keşbi görünýärdi. Hossarlarynyň edýän üznüksiz hüjümlerine garamazdan, Erkin öýlenmekden ençeme wagtlap çürt-kesik boýun gaçyrdy ýördi. «Entek jaý edineýin, işe ugrugaýyn» diýen ýaly bahanalar bilen birsyhly öňlerinden sowuldy. Esasy sebäbi welin Güljemaldy. Ol entegem ondan tamasyny üzenokdy. Özi üzse-de, ýüregi üzenokdy. Gaýtam gün-günden söýgüsi güýçlenýärdi. Ýanyna barmaga, gürleşmäge bolsa henizem gorkýardy. Şonuň üçinem oňa aýdasy gelip, emma aýdyp bilmeýän zatlarynyň barysyny ýene-de goşgularyna siňdirýärdi. Şolaryň üsti bilen beýan edýärdi. Ony ýeke men däl, hemmelerem, hatda Güljemalyň özem aňýardy. Ýöne ol-a: «Sen pylan goşgyňda maňa degişli edip, pylan zat diýipsiň, söýgi bildiripsiň, men şoňa razy, menem seni gowy görýän» diýip, Erkiniň gaşyna gelmeýärdi, kellesini onuň kükregine goýup: «Ah, meniň ezizim, men seniň şol sözüňe gör, näçe wagtlap garaşdym» diýmeýärdi, Erkiniňem ähli batyrlygy ýene-de öňküsi ýaly aýagaldygyna goşgy setirlerini çyrşaşdyrybermekden aňry geçmeýärdi. Her näme-de bolsa, ahyr bir gün dillener diýen umyt bilen Erkine garaşdymy ýa owalebetde maňlaýyna ýazylany şeýlemi, Güljemalam uzak wagtlap durmuşa çykmady. Käte bir gabat gelişen ýerimizde osmakladyp sorasamam sebäbini aýtmaýardy, gaýta-gaýta sorap ýörmäne bolsa meniň özüm ejap edýärdim. Şeýdibem ol mesele gümürtikligine galdy. Birdenem işini-güýjini, öwrenişen şäherini taşlady-da, tanşymy ýa dälmi, garyndaşymy ýa başga birimi, Erkine gahar edipmi ýa öz gelen çözgüdi şeýlemi, bilemok, Güljemal uzakdaky etraplaryň birinde oba hasapçysy bolup işleýän, eşidişimize görä telpegi agan, çagaly-çugaly birine durmuşa çykdy ötägitdi. Muňa Güljemaly tanaýanlaryň barysy geň galdylar. Erkin bolsa gynandy. Hatda, oturyp agladam. Durmuşa çykany üçin däl-de, iň eý görýän maşgalasynyň şolar ýaly keç ykbala sataşandygy üçin şeýtdi. Onuň şeýle pes güne düşmeginde özüni günäkär saýdy. Toýuň öň ýany ýanyna baraga-da: «Güljemal! Beýtme! Ömrüňi ýakma! Özüňi kemsitme! Ýör, nijembir ýyl bäri men seni daşyňdan söýüp ýörün. Hälem bolsa bir pille, raýyňdan gaýt, men seni alyp gitjek, bu ýoldan halas etjek» diýmäge bolsa, ýene-de gaýraty çatmady. Şonda men ömrümde ilkinji gezek oňa agyr söz aýtdym: «Sen ejiz! Gorkak! Bigaýrat! Gedem! Iň eziz görýän adamyň gark bolup barýanyny görüp durkaňam oňa gol uzadybileňok!» diýdim. Emma, ilerdäki daglar gozgandy, ol gozganmady. Ýerden ses çykdy, ondan çykmady. Şo-ol, dik depesine garap, doňňaradaş ýaly dommaryldy oturdy. Diňe birnäçe günden soň özi ýanyma geldi-de: «Dogry. Men ony halas etmeli, ony o ýoldan alyp galmaly, çünki ol barjak äri bilen barybir bagtly bolup bilmez, uzak ýaşaşmaz, gaýdyp geler. Sebäbi ol ikisiniň dünýäsi deň däl, biçüwleri ters, ýöne nädeýin, özüme erk edip bilemok. Gaşynda durup iki agyz sözleşmäge mende güýç ýok» diýdi. Söýginiň adamy şeýle namart, şeýle gowuşgynsyz hala salýandygyny men şol çaka çenli eşidemogam, göremogam. Aslynda Erkiniň şunça ýyl bäri sessiz-sedasyz çekip gelýän jebri söýgimikä beri? Egerde «howwa» bolsa, onda ol şeýle gowşak, dilsiz-agyzsyz bolýarmyka? Ýa onuň söýgi diýip gursagynda göterip ýören zady nalajedeýin göwrä aralaşan, nämedigem belli bolmadyk, dermany gyt bir dertmikä? Düşnüksiz duýgumyka? Ýa onuň özem entek bu zatlary aýyl-saýyl edibilmän, serimsal bolup ýörmükä? Duýgularynyň ugruna gidip, özüniň gyzy betbagt edäýmeginden gorkup, öz-özüni horlap ýörmükä? Şol zatlary aýyl-saýyl edere oňa çen bolmadymyka? Bilemok, ýöne içiniň ýangyjyna aýtdymy ýa boljak işe öňünden gözi ýetdimi, onuň Güljemalyň yzyna gaýdyp geljekdigi baradaky aýdanlary dogry bolup çykdy. Ýyl ýarym geçip-geçmänkä ol hakykatdan-da baran ýerinde ýerlemän gaýdyp geldi. Öňki işine ýerleşdi. Köne tanyş hökmünde men ýörite iş ýerine baryp, oňa duýgudaşlyk bildirdim. Ýanym bilen alyp gitjek bolup hernäçe dyzasam-da, Erkin ýene-de etmedi. Gitmedi. Ýüzüm alnar diýen gorky bu gezegem oňa el-aýak bermedi. Üstesine ol indi Güljemalyň: «Meniň şu güne düşmegimiň günäkäri sen» diýerindenem çekinmän duranokdy. Men muny şol gezek onuň gözlerinden, Güljemalyň adyny eşidenden ýygrylyp, bir düýrmek boluberişinden, girere deşik gözläp, daş-töweregine garanjaklaberşinden aňdym. Her niçik hem bolsa, onuň bu gezekki hasabam dogry bolup çykdy. Muňa şol gün Güljemalyň ýanyna baran badyma göz ýetirdim. Ol hakykatdan-da Erkinden öýkelidigini menden gizlejegem bolmady. Gaty bir zeýrenmedem-de, adyny tutanymdan owadan, ala gözlerine ýaş aýlap, ysgynsyz ses bilen: – Şundan şu ýana meniň ýanymda şonuň adyny tutmasana, Nepes! – diýdi. – Şo zeýilli adam meniň durmuşymda öňem bolmandy, ind-ä asylam ýok... Ne hoçu o nýom slyşat... Men sesimi çykarman, ýüzümi aşak saldym-da, oňaýdym. Görgüliniň betbagtçylygy welin, onuň bilenem tamamlanmady. Bir derde duçar boldy-da, erbet horlandy. Şol Güljemal şü diýseler, ynanar ýaly bolmady. Ahyram ymykly düşege ýykyldy. Hassahana düşdi. Köp ýatmanam ýogaldy. Bu Erkine hasam agyr degdi. Bütin dünýäde özüni ýalňyz duýdy. Öňkülerindenem beter suslandy. Telim wagtlap iş-güýçden, girim-çykymdan galdy. Hiç kimi göresi, hiç kim bilen gepleşesi gelmedi. Iň bolmanda ölüm ýassygynda ýatyrka bir hoşlaşyp galaýmandygy üçin öz-özüne jebir berdi. Ejir çekdi. Ahmyr etdi. Bir günem ýanyma geldi-de, demi-demine ýetmän, «has-has» edip durşuna damagyny dolduryp: – Nirede bolsa-da, kimde bolsa-da, bir ýerde başy dik gezip ýören bolsa kaýyldym. Göwnüme ikimizem dünýede baky duraýjak ýalydyk, Men islendik pursatda oňa öz söýgimi bildirmäge, bile durmuş gurmaga ýetişäýjek ýalydym. Ol başga birine durmuşa çykar ýa ýogalar, diýen düşünje dagy asla oýumda-da ýokdy. Çünki men ony gören günümden bäri özümiňki hasap edip ýördüm. Hiç bir güýjüň ony meniň elimden almaga erkem ýokdy, ygtyýaram. Men diňe ony ömürlik ýitirenimden soň, hiç zadyň baky däldigine göz ýetirdim. Gahba pelegiň islendik wagty gursagyňdan ýüregiňem sogrup alyp gidip biljekdigine-de, bagtyň, söýgiň üçin göreşmeseň, bagtsyz, söýgüsiz galmagyň ikuçsyzdygyna-da düşündim. Şu wakadan soň men umuman başga-da kän zatlara düşündim – diýdi. Güljemalyň ýatan gonamçylygyna özi bilen bile zyýarata gitmekligimi haýyş etdi. Elbetde, men oňa: «Dirikä, aýny gerekli wagtynda bir söz aýdyp bilmedik adamyň mazarynda nä körüň bar» diýip, gyjalat beribem bilerdim, ýöne, onuň agzyndan çykýan her bir sözünden ýana-ýana gara göýdük bolan ýaraly ýüregiň köýündi hem kesmek gatyşykly ajymtyk agyr ysy kükäp durdy. Şonuň üçinem men onuň haýyşyny kanagatlandyrman durup bilmedim. Siz, heý, ilkinji söýgüsi bilen ilkinji gezek ol merhum bolandan soň, onuň mazarynyň başynda duşuşan magşugy görüpmidiňiz? Görmänmidiňiz? Men welin gördüm. Ine, ol şäheriň günbatar çetindäki mazarystanlygyň içi bilen eli bir gujak gülli, gözünden boýur-boýur ýaş döküp, gurak-gurak ýuwdunyp barýar. Menem onuň gapdaly bilen gidip barýaryn. Ine-de biz heniz üstüniň gumam gurap ýetişmedik täzeje guburyň gapdalynda saklanýarys. Erkiniň elindäki güli alyp bagryna basmaly, ysgamaly, minnetdarlyk bildirmeli, hoş niýetli sözleşmeli gyz bolsa, ine, şol mazaryň aşagynda baky ukuda ýatyr. Erkin çalarak egildi-de elindäki gülleri mazaryň başujynda goýdy. Doga okady. Soň hamala aýtmakçy bolýan sözlerini kimdir biriniň eşidäýmeginden ätiýaç edýän ýaly egniniň üstaşyry eýläk-beýläk garandy. Maňa tarapam gözleriniň gyýtagyny aýlap goýberdi. Onuň bu hereketini özüme edilen yşarat diýip düşündim. Usullyk bilen bir gyra çekildim. Töwerekde köw-söw etdim. Mazarlaryň arasyndan tanyş-bilişleri gözledim. Tananjalaryma bildigimden aýat okadym. Ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennetden bolmagyny diledim. Soň ýene-de Erkiniň ýanyna dolanyp bardym. Diri wagty ýüzbe-ýüz durmaga-da gurbaty çatmadyk ýigit söýgülisiniň başujynda çök düşüp, gara dere batyp oturşyna hakykatdan-da onuň bilen gürleşýärdi, iki elinem kükreginiň üstüne goýup ondan ötünç soraýardy. «Barysyna men günäkär, men-n...» diýip maňlaýyna ýumruklaýardy. Gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýärdi. Meniň golaýlanymy aňyp ol sesini kesdi. Kynlyk bilen ýerinden turdy. Jübüsinden elýaglygyny çykaryp gözlerini süpürdi. Usullyk bilen ýöräp ýanyma geldi. Sag eliniň aýasyny çep egnime goýup uludan demini aldy. – Ine, menem ahyry Güljemal bilen gürleşdim, Nepes. Içimi egisdim. Görüp otursam söýgüliň bilen gürleşmek beýle bir kynam däl ekeni. Ýürek edip aýdybilen bolsam görgüli diňlejegem ekeni. Men bolsam... Egerde ýöwsellemedik bolsadym, onda ikimiziňem ykbalymyzyň düýbünden başgaça bolaýmagy ahmal ekeni. Menem elimi onuň egnine goýdum. – Ähli zat Allanyň yradasy bilen bolýandyr, Erkin. Galyberse-de, nesibedir. Ondan gaçyp gutulmak ýokdur. Hiç zady el bilen düzedibem bolýan däldir. Kowalap yzyndan ýetibem bolýan däldir. Eger-de ýazgytda ýazylan bolsa, şu boljak iş barybir bolardy. Başgarak görnüşde bolardy welin, bolardy. Aýralyk barybir ara düşerdi. Ýöne indi giç. Kerwen gitdi. Menziline ýetdi. Başga bir ýurtda goş ýazdyrdy. Saňa indi durmuşyň täze sahypalary garaşýar. Sen indi özüňi şoňa taýynla. Öňki goýberen ýalňyşlyklaryňy indi gaýtalamajak bol. Tä, mazarystanlykdan çykýançak ikimizem sesimizi çykarman gitdik. Diňe şäheriň şowhunly köçesine düşmegimiz bilen derdimiz az-kem ýeňlän ýaly boldy. | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -13: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Hakyň didary / roman - 28.02.2024 |
√ Derbi-dagyn: Meçik - 05.08.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
√ Duman daganda: Ýolbars bilen towşanyň duşuşygy - 30.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -10: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |