00:42 Söz | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ SÖZ Okaýan bolmasa ýazýan gerekmi? Belki gerek däldir, belki gerekdir. Ýöne şahyr üçin goşgy diýilýän Rysgalydyr-iýilmeli çörekdir. Bizem şol çöregi gazanjak bolýas Geňräk görülse-de şygyrjyk bilen. Kim bilýär, belki-de utulandyrys Gidäýmän başga bir ugurjyk bilen. Emma halanoklar biwepalygy, Bize köne ýoldan gitmek hökmandyr. Meger pähimdaryň aýdyşy ýaly Şahyrçylyk hünär däl-de YKBALDYR. Ykbaldanam gaçyp gitjek ýeriň ýok. Diýmek, goşgy bilen gümra bolmaly. Goşgy ýazýanyňam borjy şeýleräk: Şere duşman. Haýra hemra bolmaly. Onda näme okalmaýar goşgular, Belki indi göreşere şer ýokdur. Belki bazar gatnaşygy diýilýän Bu durmuşda şygyrete ýer ýokdur? Ejizleme şahyr, darykma şahyr, Munda Söze göwün berenem bardyr. Okaman oňýanam az däldir welin, Goşgyňa garaşyp ýörenem bardyr. Sen nähak azara galyp otyrsyň Munça gep-gürrüňiň agyrdyp başyn. Diýýärler ahyry, bu GIŇIŞLIKDE Adamdan öňürti SÖZ döränmişin. *** *** *** Goşga ýazýan ýürek sözüm Ýüreklere ýetsin diýip. Apalanan altyn daňlar Öz wagtynda atsyn diýip. Ýanmawersin şirin janyň, Siňsin herne iýen nanyň. Goşgy ýazýan ejizläniň Garyp göwni bitsin diýip. Agyr ýoly ýeňe-eňe Ýolagçylar gitsin öňe. Dostlar, goşgy ýazýan diňe Halal oýnan utsyn diýip. Sowa geçsin sypan oklar, Howalansyn ak derekler, Goşgy ýazýan biderekler Belki derek tutsun diýip, Ýazýan arzuw edip bagty, Ýollaryňyz bolsun ýagty. Suwhan haýdap barýan wagty Şeýtan yza tessin diýip. | |
|
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Aýna / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |