16:48 Durdum berlen wadada.. | |
DURDUM BERLEN WADADA
Goşgular
Bu gün juda ümsüm dymýar pursatlar, Bir agram bar-hamyr ýug:yr gursakda, Ýöne durmuş mekdep, sapagy aýan, Çözgüdin çözeli, okap ýörsekde... Diñle, ýa ýaş bolýañ ýa-da ýadapsyñ, Gatnaşyklar güllemändir, pudapsyñ. Eliñ suwly wagty teşne gördüñmi, Suwsuz mydam bir ganmajak badamsyñ... Özüm däl-de ruhum şu gün ýarawsyz, Goldawym ýok, otyryn men garawsyz, Gün çyksa hemişe howa maýlaýar, Bu gün Gün ýok, baglar otyr gyrawsyz... Güneş bolýar gyrawly gün öýläni, Hak halaýar ýagşylygy halany. Men aglamok, köñlümde müñ däne deý, Ylham goşga öw:ir her bir nalamy. Sebäp her kimiñ ýoly - özüne ykbal, Nesibä düşeni şeýleräk ahwal, Ýürekde Arş bilen Zemin arada- Yşkym bar, şol maña paý bolan ahmal. Sözi söýüp, durdum berlen wadada, Jadylandym ylham atly jadyda, Eger bir gün maña salam ýollasañ Ýaşap ýörün bir goşguly adada... Oguljemal ÇARYÝEWA. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |