16:09 Spartagyñ gozgalañy | |
GUL ÝYGYNÇAKLARY BILEN RIMI ÝUMURMAGYÑ BÄRIÝANYNA GELIPDILER:
Taryhy makalalar
SPARTAGYÑ GOZGALAÑY Trakýaly Spartak gullara täze "Gün ýurduny" wada berip, azat-edijilik urşuny turuzdy B.e.öñki 73-nji ýyl Rim üçin haosyñ höküm sürýän ýylydy. Rim gopbamsylygynyñ we at-owazasynyñ simwolyna öwrülen arenalarda aristokratlar wagşy gladiatorlar ýaly uruşdyrylýardy we bigünä rimli aýal-gyzlar dünýäniñ çar künjünden üýşen gozgalañçylaryñ elinde zorlanyp, jan berýärdi. Turan haosyñ jogapkäri Spartak umuman alanda bolýan zatlardan ynjalyksyzdy. Onuñ tutaşdyran odunyñ ahyrky maksady gul-gyrnaga öwrülen aýal-gyzlaryñ azatlygyny gazanmakdy, emma gelinen sepgitde gullar öñki hojaýynlaryna bolan gahar-gazabyna we ýigrenjine bäs gelip bilenokdylar. Öñki gullar hojaýynlarydan bäşbeter zalym sistemany döretdiler. Olar öñünden çykan obany otlaýardylar, garry-gurty, aýal-ebtat, çaga-çuga diýmän, uly gyrgynçylyklary edýärdiler. • Spartagyñ serenjamy Spartagyñ ýaşlyk döwri hakda maglumatlar ýok diýerlik derejede az. Ol hakda bar bilinýän zat - trakýaly guldugydyr. Birinji gezek Rimde gul edilip satylanda, eýesiniñ elinden gaçmagy başarypdyr we hakynatutma urşujy bolup gulluk edipdir. Endamyna gul tagmasy basylan Spartak kimdigi belli bolanda, bolýan şäherini üýtgedip diri galmaga synanyşýardy. Ahyrynda gladiator mekdepleriniñ birine satyldy we ol ýerdäki 73 adam bilen bile arena tutluşyklary üçin türgenleşdirilmäge başlandy. Gladiatorlaryñ türgenleşik meýdançasy Rim Spartagyñ ýaşan döwründe gullardan ýaña hyñ berýärdi. Rimlileriñ yzy gutarmaýan gul mätäçligini we hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin dünýäniñ çar künjünden gul getirilýärdi. Rimdäki birinji turan gullaryñ esasy gozgalañynyñ başyny başlaýjy Spartak däldi. Gullaryñ gozgalañy öñem turupdy, ýöne rimliler şobada olary haça çüýlemek we diriligine ýakmak ýaly ýowuz çäreler bilen bu gozgalañlary basyp ýatyrypdy. Belkäm şonuñ üçindir, täze gullar gozgalañyna het etmegiñ mümkin däldigi pikiri bardy. Spartak trakýaly gul bolansoñ, Aristonikiñ gozgalañyndan we "Gün ýurdundan" mazaly täsirlenipdi. "Attal III-iñ ölüminden soñ sahna çykan Aristonik Ewmen II-niñ ogludygyny aýdyp, tagta talaşgärligini goýýar we şeýdip, b.e.öñki 133-129-njy ýyllarda dowam eden gozgalañyny turuzýar. Gozgalañyñ gidişine seredeñde, Aristonikiñ ilki bilen Günbatar Anadolynyñ kenarýaka sebitlerine ýönelendigini we ol ýerdäki şäherleri eýelemegi maksat edinendigini görýäris. Gullardan we garyp-gasarlardan ybarat goşuny bile Izmir aýlagynyñ demirgazygyndaky Lakoniýany (häzirki Osmaneli) eýeländen soñ Pergamon söweşjeñ flotiliýany özüne birikdirip, Fokeýadanam gämi goldawyny alýar. Kolofon we Samos adasynda bolsa berk gaýtawula uçraýar. Ol bu ýerleri-de basyp alyp, çäklerini Kariýa çenli giñeldýär. Fokaýadan başga uly şäherleriñ birinden goldaw tapmadyk Aristonik Stratonikeýa, Apollonis, Fiatira şäherlerini hem basyp alýar. Şol wagt sebitde Rim legionlary ýok eken, Rimiñ edip biljek ýeke zady - Aristonike garşy gidýän we ýaranlyk saklaýan ýerli patyşalyklar bilen hyzmatdaşlyk etmek bolupdyr. Ýöne beýdeniñ ýeterlik bolmandyr, geçen wagtyñ dowamynda Aristonikiñ goşuny bir gezegem ýeñilmän öñe süýşüpdir. Emma Efesiñ flotiliýasy Kiminiñ töwereginde Aristoniki çym-pytrak edýär. Aristonik bu ýeñlişden soñ Merkezi Misiýanyñ daglyk zonalaryna çekilýär. Mundan soñ Aristonikiñ özüni "gullaryñ we pes gatlakdakylaryñ lideri" hasaplamaga başlandygyny, şeýle-de soñ aýratyn üstünde durup geçjek gürrüñimiz bolan "Günüñ raýatlary" ideýasyny döredendigini görýäris. Şol wagtyñ içinde b.e.öñki 130-njy ýylda konsul Mark Perperna goşuny bilen bile jümmüşlere bakan süýşüpdir we iki güýç garşylaşanda Aristonik uly ýitgileri çekip, Stratonikeýa çekilmäge mejbur bolýar. Ol bu ýerde ele salnyp, öldürilýär". (Sera Ýelözer "Gadymy Rimde gulçulyk, imperialistik giñelme we gozgalañ. Aristonikiñ gozgalañy"). Gozgalañyñ kartasy "Günüñ ýurdunda" gullaryñ raýatlak alyp, azat bolmagy hakdaky pikir Spartaga ýiti täsir eden ideýalaryñ biridi. Spartagyñ hereketiniñ öñki gul gozgalañlaryndan tapawudy dürli-dürli gul ýygynçaklarynyñ karizmatiki lideriniñ bolmagydy. Şeýle-de, gozgalañ turzan gullaryñ aglabasy gladiatorlardy. Gladiatorlar arenalarda tutluşdyrylyp ýörlensoñ ylla "jeñ robotyna" öwrülip gidipdiler: "Gadymy däbe görä, gladiatorlar kanuny taýdan ölüm rowa görlen durmuşynda diri galmak mümkinçiligi dolulygyna arenadaky güýjüni görkezip bilşine bagly, tutluşyk wagtlaryndan daşgaryn özleri üçin taýýarlanan, aşa gür we ýaramaz şertlerdäki gözeneklerde ýaşamaga mejbur edilen adamlardy. Rim dünýäsiniñ irki döwür gladiatorlary kanuny taýdan "adludos", ýagny gylyçdan geçirilme jezasy berlen, şol sebäpli azajygam bolsa ýaşamak üçin galan ömrüniñ başa-baş tutluşyklaryny halka açyk meýdanda ýa-da arenada geçirmäge mejbur edilen ýesirlerdi. Esasynda berilen jezanyñ iñ agyr formada ýerine ýetirilmeli gladiatorlyk sistemasy gitdigiçe başky ugrundan üýtgäpdir we bu işi käre öwren professional adamlaryñ eline geçipdir. Ilkibaşda agyr günäkärlerden, uruşda ýesir düşenlerden we günäkär gullardan düzülen bu topara soñabaka azat raýatlar, aristokratlar, atly toparlardan adamlar we hatda senat agzalary-da girizilipdir. Bu oýunlar rimlilere etrusklerden geçipdir. Latyn dilinde "gladius" sözi gylyç manysyny berip, ony ussatlyk bilen ulanýan pälwanlara gladiatorlar diýlipdir. (Abdyrahman Uzunaslan "Gadymy Rimde gladiator oýunlary"). Spartagyñ gozgalañy Spartak gullaryñ azat-edijilik urşy başlanda, şähera uruşlaryny we gerilla strategiýasyny ýöretdi. Ilkibaşda galliýaly gullar rimli legionerler bilen açyk meýdan urşuna çykyp öldürildi welin, beýleki gullar Spartagyñ görkezmelerine doly gulak asyp başladylar. Spartak akylly-başly strategiýasy bilen hereket edýän gullar az wagtyñ içindi Rim legionlaryny tary-mar edip, Günorta Italiýany ele salmagy başardylar. Kyrk müñe ýeteñkirleýän gullar goşunyna serkerdelik edýän Spartagyñ söweş meýdanynda gazanýan ýeñişleri onuñ goşuny tarapyndan hapalandy. Çünki onuñ urşujylary talañçylyk edýärdi, hiç bir jenaýatdan gaýtmaýardy, hiç bir düzgüne boýun egmeýärdi. Bulam rimlileriñ Spartagyñ goşunyna garşy jebisleşmegine we gullara garşy aljyraññylygyñ aýrylmagyna getirdi. Şeýle-de, Spartagyñ serkerdelerinden Kriksiñ yza çekilen rimli esgerleriñ söweşjeñ strategiýalaryny "gaçmakdyr" öýdüp, olaryñ yzyna düşmegi we gullar goşunyny ikä bölmegi ýeñlişi getiren sebäplerdendi. Modena, Furii şäherlerini eýelän Spartak paýtagta ýöremezden öñ günorta inip, kanunlary işläp düzmegi makul bildi, ýogsam bolmasa ol goşunynyñ beýle dagynyklykda çalt dargajagyny añdy. Spartagyñ ahyrky maksady düzgün-tertipli goşun döretmekdi. Onuñ içerki meseleler we anarhiýa bilen başagaýdygyny gören rimliler jemlenişdi we ähli güýçlerini toplap Günorta Italiýadaky gullar goşunyna aýgytly hüjüm gurnadylar. Öldürilen ähli gullar beýleki gozgalañlarda bolşy ýaly haça çüýlendi. Spartagyñ özem jeñ meýdanynda söweşip jan beripdi. Urşuñ soñunda rimli taryhçylaryñ özem Spartaga bolan hormatyny gizlemän: "Güýçli, kuwwatly, akyl-paýhasly, agras, ýokary ukyply. Warwar bolmaga däl-de, Helen bolmaga mynasyp adam" sözlerini ýazypdylar. Aristonikiñem, Spartagyñam gozgalañy rimlileriñ gul eýeçilik düzgüninde üýtgeşmeleri döredip bilmedi. Mundan soñam Galliýadan, Afrikadan, Palestinadan, Anadolynyñ kenarlaryndan san-sajaksyz adamy gul edip, Rime getirmek işleri gyzgalañly dowam etdirildi. Gaýtam arenalar Rimden başga ýerlerde-de, her rimli häkimiñ gopbamsylygynyñ nyşany hökmünde höküm süren welaýatynda bir arena guruldy. Üstesine nirde şeýle arena gurulsa, şol ýeriñ ykdysady şertleri göz öñüne tutulman, arenalaryñ gurluşygy üçin gerekli çykdajylar ýerli halkyñ boýnuna ýüklendi. Bulam öz gezeginde täze gozgalañlaryñ we topalañlaryñ turmagyna getirdi. Şenbe, 22.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |