13:00

Stambulda durmuş

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 354 | Добавил: Gökböri | Теги: Esedulla Oguz | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 merdanh  
1728
Esedulla eke gowy ýazýar

0
2 Teylor  
1706
Germaniýa ýaly ýurtda tūnegiñ bar bolsa otur şol ýerde. Näme işiñ bar başga ýerde?

0
3 Moderator  
1471
Esedulla Oguzyñ terjimehalynda Owganystanda doglan türkmendigi aýdylýar. Doglan ýerine seretseñ-ä, "kynçylykda ulalan bolaýmasa" diýdirýär. Sebäp nämeden söz açsa, köplenç yzyny pully gürrüñlere ýazdyrýar. Emma ol owganystanly baý türkmeniñ maşgalasynda ulalan bolmaly, çünki onuñ alan bilimi, karýerasy günema gaýgysy bilen ýaşaýan türkmeniñ ýetjek derejesi däl.
Birem azajyk türkmene mahsus hemme zady pulsuz-sagbolsuna etmelidir (нахлебник) öýdýän gylygy bar. Hemmeleri özüne osýar. Stambul ýaly ýetmiş iki milletiñ üýşüp dürüşde bolan ýerinde gatam bir belli edip bolmaz-a muny. :) Kimden, nämä garaşýañ...
Alaman ýurdundan bary-ýogy iki hepdejik dynç almaga gelipsiñ, özüñi şoña göräräk taýýarlap geläýmeli eken-dä. :)

* * *

Şol sanda gowy gürrüñleri gozgaýar.
Ýewropa jemgyýetleriniñ gündelik durmuşynda, özara gatnaşyklarynda biri-birlerine sowuklygy, her kimiñ öz dünýäsi bilen ýaşap ýörenligi, globallaşma we barha galñaýan maddy kynçylyklar zerarly munuñ yzyndan Stambulyñ türk-musulman ilatynyñam ýetip barýandygyna edilen inçe yşaratlar...
Añlajaga zat kän.

* * *

Mugallymanyñ güzeran gaýgysy bilen mugallymçylyk ýaly mukaddes käri taşlap, taksiçilige baş urmagy welin beter gynandyrdy.
Okuwçy wagtymyz ençeme mugallymyñ kärini taşlap söwda-satyga we beýleki işlere girendigini bizem görüpdik. Ýa-da aýlyga gününi görüp bilmän, işiniñ daşyndan söwda-satyk bilen meşgullanýan, dükandyr beýleki önümçilik nokatlaryny ýöretjek bolýan mugallymlaryñ bardygy ýaşyryn zat däl.

* * *

Şeýle-de gürrüñiniñ käbir ýerinde üns berýän zadyny aşa duýguçyllygy bilen bulaşdyrýar. Meselem, Stambulda okap gelen bir ildeşimiziñ aýtmagyna görä, ol ýerde köne-küşül goş-golamlary ýygnaýanlar (jindeçiler) we olary gaýtadan abatlap satýanlar bar. Muny aýdan ildeşimiz bir gün diwany könelendigi üçin iki kursdaşy bilen göterip daşaryk zyñypdyr. Hakykatdanam agyr we beter könelişen diwan eken. Ol-a ýarym sagat eken, iki munutda ýañky diwany alyp gidipdirler. Ýagny, adamlar garyplygyndanam däl-de, täzeden oñaryp, gymmat bahasyna satmak üçinem köne zatlary ýygnaýan eken.
Ine, meseläniñ şeýle tarapy-da bar...

0
4 g57152014  
1684
Žurnalist Türkiýäni ýüregi bilen syzmandyr, onuñ yzly-yzyna başyndan geçiren hasratlarny, ýitgilerini, Alla hiç bir ýurduñ başyndan sallamasyn. Bolmanda-da 82 million halky bolan yurt heniz dert- beladan doly aýñalmasa, ekonomiýasy ýerine gelmese nätsin?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]