05:08 Stiller. Teksti formatlaşdyrmak we dürli görnüşlerde ýazmak | |
STILLER. TEKSTI FORMATLAŞDYRMAK we DÜRLI GÖRNÜŞLERDE ÝAZMAK
Ylym we tehnologiýa
Word tekst redaktorynyň stilleri resminamany çalt formatlaşdyrmaga, ony yzygiderli we hemmetaraplaýyn görnüwli görnüşe getirmäge mümkinçilik berýär. Stil – formatlaşdyrma parametrleriniň atlandyrylan ýygymydyr, olary tekstiň saýlanan parçasyna ulanmak bolar. Mysal üçin, tekstde ähli sözbaşylary “Sözbaşy” (“Заголовок”) stilinde bezemek mümkin, eger olaryň görnüşini üýtgetmeli bolsa, stili üýtgetmek ýeterlikdir. Tekst redaktorlaryň köpüsinde tekstdäki ýa-da ülňi (şablon) stilleri üýtgetmek, täzeden atlandyrmak we ýok etmekden başga-da olarda täze stilleri döretmäge hem mümkinçilik bar. Formatlaşdyrmagy awtomatlaşdyrmak. Nusga boýunça fomatlaşdyrmak üçin, kursory formaty alynjak abzasyň (nusganyň) üstüne eltmeli we “Nusga boýunça format” ( ) düwmejige basmaly. Soňra formatyny üýtgetmeli abzasyň üstünde syçanyň çep gulagyna basmaly. Şonda ol nusgadaky ýaly görnüşe eýe bolar. Eger birnäçe abzasyň formatyny üýtgetmek gerek bolsa, onda "Nusga boýunça format” düwmejige iki gezek basmaly. Zerur üýtgeşmeler girizilenden soň, ýene bir gezek “Nusga boýunça formata” ýa-da Esc düwmä basmak arkaly bu düzgünden çykmak bolar. Formatlaşdyrma stili – bu abzasyň formatyny kesgitleýän bezemegiň ähli parametrleriniň jemlenmesidir. Stil sanawy Стили gurallar panelinde berlendir. Berlen sanawdaky stilleriň biri saýlanyp alnanda kursoryň duran abzasynyň formaty üýtgeýär ýa-da bellenen parçanyň formaty üýtgeýär. Täze stili işlemek. Resminamada täze stili döretmek üçin, Главная menýunyň Стили gurallar panelde açylýan sanawdan peýdalanmaly (2.6-njy surat). Создание стиля gepleşik penjiresinde täze döredilýän stile at bermek şeýle hem bar bolan stilleriň haýsysynyň esas deregine alynýandygyny görkezmek we formatlaşdyrylýan elementleri saýlamak mümkin. Döredilen stili täze resminamalarda ülňi hökmünde ulanmak hem bolýar. Resminamada täze stili Главная menýunyň “Стили” gurallar panelde belgijige basylanda açylýan Стили penjirejikden peýdalanyp döretmek hem bolar. Çylşyrymly gurluşly resminamalary formatlaşdyrmak. Esasy tekstden daşary sahypanyň ýokarsynda, aşagynda ýerleşdirilýän elementlere ýokarky we aşaky kolontitullar diýilýär (sahypanyň san belgisi hem muňa girýär). Word tekst redaktory resminama bölümleriň yzygiderligi hökmünde seredýär. Her bölümde sahypalary yzygiderli belgilemek we kolontitullaryň bir ýygymy ulanylýar. Eger bu berlenler resminamanyň çäginde üýtgemeli bolsa, onda resminamany bölümlere bölmeli bolýar. Resminamany bölümlere bölmek üçin, Макет menýudan Параметры страницы gurallar panelde Разрыв buýruk bilen Разрыв gepleşik penjiresini açmaly we ondaky täze bölümiň haýsy sahypadan başlanýandygyny görkezýän Разрыв разделов topardaky sanawdan birini işe girizmeli. Sahypany belgilemegi gurnamak üçin, Вставка - Колонтитулы - Номер страницы buýrugy bermeli. Goşmaça informasiýalar saklaýan kolontitullary girizmek üçin, Вставка- Колонтитулы - Верхний колонтитул (Нижний колонтитул) buýruklar hyzmat edýär. Kolontitullar sahypanyň ýokarky ýa-da aşaky meýdançasynda ýerleşýär. Колонтитулы gurallar panelindäki buýruklar kolontitul hökmünde sahypanyň belgisini (nomerlerini), aý-güni, goýmaga we olary aýyrmaga mümkinçilik berýär. • Teksti sanawly tekste özgertmek: 1.Teksti san belgili ýa-da markerlenen sanawa öwürmek üçin, ony bellemeli (tapawutlandyrmaly) we Главная menýunyň “Абзац” gurallar panelinde düwmejiklerden peýdalanmaly. Sanawy döretmegi Enter klawişe iki gezek abzasyň soňunda basyp tamamlamak bolýar. 2. Sanawy üýtgetmek ýa-da onuň formatyny sazlamak gerek bolsa, Главная menýunyň “Абзац ” panelinden Нумерация ýa-da Многоуровенный список düwmejiklerden peýdalanmaly, şeýle hem gapdal menýudan Нумерация düwmewjigi saýlamak bolar. Şonda Библиотека Нумерация sanawy açylýar. 3. Маркеры sanawyň markerleme görnüşini saýlamaga mümkinçilik berýär.Eger sanawy adaty bezemek gerek däl bolsa, onda markeriň ýa-da belginiň görnüşini we ýerleşişini bermek bolýar. 4. Многоуровенный список (köp derejeli sanaw) düwmejik markerlemegiň birnäçe görnüşini (derejesini) özünde saklaýar. • Teksti birnäçe sütünde yazmak: 1. Teksti sütünlere bölmek üçin, öňinçä ony adaty görnüşde ýazmaly soňra ony tapawutlandyryp, Макет menýunyň Параметры страницы panelinde Kолонки düwmejige basmaly. Açylan menýuda döredilýän sütünleriň mukdaryny saýlamaly. 2. Formatlaşdyrma çyzgyjynda sütünleriň markeri ýüze çykýar. Bu markerlerden tutup çekmek arkaly sütünleriň inini we olaryň aralygyny üýtgedip bolýar. 3. Макет menýunyň Параметры страницы panelinde Kолонки düwmejige basanymyzda açylan menýudan Другие колонки… buýrugy saýlasak Kолонки penjiresi açylýar. 4. Bu gepleşik penjiresindäki Тип panelinde sütünleri ýerleşdirmegiň adaty görnüşleri berilýär.Mundan başga-da hasaplaýjynyň (Число колонок) kömegi bilen sütünleriň sanyny berip bolýar. 5. Eger „Колонки одинаковой ширины” ( birmeňzeş inli sütünler) ýazga “baýdajyk” goýulsa, onda ähli sütünler we olaryň aralyklary şol bir inli bolar. 6. Bölüji (разделитель) sütünleri biri-birinden dik çyzyk bilen bölmäge mümkinçilik berýär. 7. Açylan Применить sanaw dokumentiň haýsy bölegini sütünlere bölmelidigini görkezýär. 8. Eger Новая колонка ýazga “baýdajyk” goýulsa, onda dokumentiň indiki teksti täze sütüniň başynda goýulýar. Annamuhammet ALLAGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |