23:42 "Şu gün şeýle ahwalym..." | |
“ŞU GÜN ŞEÝLE AHWALYM...”
Goşgular
Hiç zadyň gyzygy ýok, Hezili ýok hiç zadyň. Ýazmakda-da gyzyk ýok, Gezmekde-de gyzyk ýok. Okalmadyk kitaplar dur tekjede nobata, Edilýän gürrüňlerem çalym edýär gybata. Dagdamy ýa düzdemi, Gyşdamy ýa güýzdemi, Birçak ýazylan goşgy Gönendirmeýär indi Kalbyňda dörän yşgy. Oturasyň gelmeýär, Açyp kitap gatyny. Eliň diýen etmeýär Ýazmak salam hatyny. Aý, garaz, elli bizar Gören-eşideniňden. Şu gün-ä şeýle halym, Ertir başgaça bolar, Belki, etjek hyýalym... 05.11.2023 ý. Surat: Salwador Dali / "Uky" ("Le Sommeil"). | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Dowamat / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
√ Pyragyny okasañ! / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Ilýa Erenburgyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 02.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |