"SÜ" NÄME?
Heý ömrüñizde gözüñiziñ öñünde dälirän adamy görüpmidiñiz? Men-ä gördüm.
Wah, ol görgüli ýogsam gaty sowatly adamdy, bilimem hiç kimden peslär ýaly däldi, şeýle sypaýy adamdy. Neresse edil gözümiñ öñünde däliredi oturyberdi.
Bu waka iki ýyl mundan öñ bolupdy. Ýoldaşym meni, aýalymy biz bilen tanyşmak isleýän adamlaryñ guran agşamlyk naharyna zorluk bilen alyp gitdi. Men onuñ zoruna çydap durup bilmedim. Şeýdibem myhman bolmaly bolduk.
Şu tüýsli tanyşmaklykdan çeke durýaryn. Birinji gezek nätanyş ýere düşenimde özümi oñaýsyz duýýaryn. Bir hili, hiç şu ýanymdaky oturanlar hoşuma gelmeýär. Baran öýüm dessine edil holodilnik ýaly buza dönýär. Bizi myhmançylyga çagyran öý eýeleri gaty mylakatly, sypaýy adamlar ekeni. Göwnümizden turjak bolup, elinde baryny edýärdiler.
Biziñ yz ýanymyz bilen ýene myhman geldi: iki sany-ha aýal, onsoñam erkek kişiler. Ýüzi-gözi gülüp duran öý bikesi naharyñ öñ ýanyndan şerap içmegi teklip etdi.
Täze gelenler, ýürekgysgynçlygy birneme ýazjal boldular. Ýöne bazardan gaýdyp gelen öküz ýaly bolup oturanymy görüp, dessine lal boldular. Hemmesi çyglyp, aljyraşyp otyrdylar. Öý eýeleri myhmanlaryñ arasyndaky sowuk-salalygy ýazmak üçin her hili gürrüñjikler tapýardylar. Ýöne az salym gepleşenimizden soñ, ýene dymýardyk. Edil nä döw çaldy diýenleri bolýardy.
Wagtal-wagtal goñşy otagdan çaganyñ çirkin sesi eşidilýärdi. Görüp otursak, garagolja çagalary bar ekeni. Allajan, hernä şo çagañ janjagazyny bir sag edewersin! Az salymyñ içinse hat-sowat öwredýän terbiýeçi aýallaryñ dördüsi çalşypdyr, olaryñ iñ gaýratlysy bary-ýogy alty aý çydapdyr, edil häzirem şol çaga terbiýeçini özünden gidirip otyr. Perzentleriniñ betligi ata-enesiniñ halys ýüregine düşüpdir.
Bu gürrüñem gutardy, ýene dymyşlyk başlandy.
Öý eýesi:
- Ynha birazyrak gaýrat ediñ, Fikri-beý gelmeli, hemmämizi güldürer. Şonda içimiz gyrylýança gülşeris - diýip, göwünlik berdi.
Aýallaryñ biriniñ gözleri oýnaklady.
- Öte eşidäýdimmikäm? Fikri-beý gelmeli diýdiñizmi?
- Hawwa, öz-ä garaşýandyrys.
- Gaty gowy! Hemmämiz hezil ederis.
Ikinji aýal gürrüñe başlady:
- Bir gün, agşamaralar tanyşymyzyñka myhmançylyha gitmeli bolduk. Fikri-beýem bardy. Şeýle bir güldürýärdi welin, çydap bilmän, hakyt ýerde ýatyplar çabalanýardyk. Hemmesi: "Bes ediñ, Fikri-beý!.. Rehimiñiz insin!.. Ýogsam ýarylýas-ow!.." diýip ýalbarýardy. Aýallaryñ biri bolsa, gelşiksizem bolsa aýdaýaýyn, bagyşlarsyñyz-da, şeýle bir güldi welin, çydap bilmän oturgyjyny birazyrak ölläýse nätjek...
Aý, onsoñ her kim Fikri-beý hakynda gürläp başlady: "Wah, onuñ alçaklygyny diýsene!.. Şeýle bir wäşi welin!.."
Menden:
- Siz ony tanaýañyzmy? - diýip soradylar.
Menem:
- Ýok - diýip, jogap berdim.
- Baý-bow! Ynha tanşarsyñyz welin, hezil edäýersiñiz.
Soñ ýene myhman geldi - är-aýallar. Yzyndan ýene täze biri geldi, ol poçta işgäridi. Biz şeýdip on ýedi bolduk. Ählisi biri-birinden öñürdip, Fikri-beýi öwüp arşa çykarýardylar. Onuñ güldürip, adamlary özüne çekýänligine haýran galýardylar.
Goñşy otagdan bolsa henizem garagol çaganyñ sesi eşidilip durdy. Alla kuwwat berewersin!
Gapy açyldy. Hemmesi el çarpmaga başlady.
- Fikri-beý!..
- Fikri-beý!..
Galydan giren çişijek adam, dogrudanam, ünsüñi çekýärdi. Pökgüje ýañaklaryna şarpyldadaýasyñ gelýärdi. Çakym çak bolsa, kyrk bäş ýaşdan ýokary däldir.
Ähli adamlaryñ öwüp arşa çykarýan adamlaryny o diýen halamokdym welin, bu meni şobada jadylady. Ol girenden aramyzdaky sowuk-salalyk zym-zyýat bolaýdy! Hemmämiz, birhili, gop berlen ýaly bolduk. Oniñ her bir sözi hezil edip gülmäge mejbur edýärdi.
Men gülmejek bolup kän synanyşdym. Ýöne menem eredim, ýylgyrdym, soñam bolsa agzym gulagyma ýetdi, yzyndan hem hahahaýlap ugradym.
Ol zaññar hiç aljyramaýardy, bu bolsa gowy häsiýetleriniñ biridi.
Oña üns bilen seredip ugradym. Bizi nädip gülmäge mejbur edýärkä?
Ýok, gepe-hä çeper däldi. Ýönekeýje gürleýärdi. Şonda-da her bir sözi gülkünçdi.
Bile gelen ýoldaşymdan:
- Fikri-beý kim bolýar? Näme iş bilen meşgullanýar? - diýip soradym.
- Fikri-beý mugallym - diýip, ýoldaşym jogap berdi. - Dört ýyl Şweýsariýada ýaşap, çaga terbiýelemegiñ problemalaryny öwrendi. Soñra Amerikada "Çaga terbiýelemek" diýen jemgyýtde alty ýyl işledi. Gepiñ keltesi, Fikri-beý çaga terbiýelemek barada spesialist. Bu meseleler boýunça radioda leksiýalar bilen çykyş edýär. Onuñ türk, fransuz, iñlis dillerinde gaty kän işleri bar. Gazetdir žurnallar üçin ylmy makalalar ýazýar.
Fikri-beýe höwesim has-da artyp ugrady. Sebäbi ömrümde beýle zada gabat gelmändim. Ol: "Stol" diýýärem welin gülýäris, "Gapy..." diýýärem welin gülýäris. Şatlanyşyp otyrys. Gülküden ýaña halys gözlerimiz ýaşaryp gitdi.
- Öldürdiñ, Fikri-beý, bes et! Ha-ha-ha!..
- Jan agam, beýtme, boldy et!.. Ho-ho-ho!..
Kimsi içini tutup otyr, kimsi üç eplim, kimsi ýykylyp ýatyr.
- He-he-he!
- Hi-hi-hi!
- Hy-hy-hy!
Men haýran galdym. Bolmajak zat! Görlüp-eşidilmedik zat...
Hasam geñ galan ýerim - Fikri-beýiñ ýüzidi. Ol ýalñyşyp-beýlekem ýylgyraýanokdy.
Gülki az-owlak kiparlaberende, pursatdan peýdalanyp, onuñ ýanyna bardym.
- Beý efendi, beýle wäşiligi nirden aldyñyz?
- Munuñ syry añsat! - diýip, Fikri-beý jogap berdi. - Siz hiç gaharlanmaly däl. Düşündiñmi, hiç haçan. Ynha, kyrk sekiz ýaşymda, şu çaka çenli ýeke gezegem gaharlanamok.
- Täsindigini! Dogrudanam hiç gaharlanañzokmy?
- Gaharlanamok.
- A eger göwnüñize degseler, şonda näme?
- Tapawudy ýok. Mekdepdekämem hemme kişileriñ içini ýakyp bilýärdim. Meniñkini bolsa hiç kim. Hapa sögäýiñ - gaty görmerin. Ýylgyryp geçibererin. Içimden edepsiz ekeniñiz diýäýerin.
Biz çaga terbiýesi barada gürrüñe başladyk. Özüm ata bolup otyryn, şonuñ üçin çagalarymyñ bolşundan zeýrenip ugradym.
- Fikri-beý, siziñ özüñizdäkileri nähili terbiýeleýändigiñizi göz öñüme getirýärin!
- Gynansak-da...
- O nähili? A siziñ pedagogio usulyñyz?
- Mende çaga ýok.
- Neme... e... e... Aýalyñyz dogranokmy?
- Men entek öýlenemok.
- Bir gezegem öýlenip göreñzokmy?
- Hiç haçan.
Şol bada turşaryldym. Çagasy ýok adam, ömründe öýlenip görmedik adam çaga terbiýelemek barada nädip söz açyp bilýärkä? Hawa-da, iliñ çagasyna akyl öwretmek itiñ añsady: "Çagany eýdip terbiýelemeli, beýdip terbiýelemeli..." diýibermeli, wessalam.
Dogrymy aýtsam, gaty gaharym geldi.
Fikri-beý täzeden güldürmäge başlady. Meniñ welin gülesim gelenokmy. Keýpime edil sogan dogralan ýaly boldy.
Lapykeçligim uzaga çekmedi. Waha-haýlap ugranymy özümem duýmandyryn.
Bezzadyñ sesi bolsa goñşy otagdan şol eşidilip durdy.
Fikri-beý oturyp bilmän:
- Näme bolýar-aý? - diýip sorady.
Oña: "Çaga garagolluk edýär, terbiýeçileriñ birine-de per bermezmikä diýýäris" diýdiler.
- Ýo... ýo... ýo!.. Beýle zat bolup bilmez! - diýip, Fikri-beý dözümli gürledi. - Häzir çagalaryñ ýatmaly wagtydyr. Ýatyrmasañyz welin, ulular bilen oturarlar, düşdüñizmi?
Fikri-beý bu barada bize leksiýa okady. Soñra bolsa:
- Çagany getiriñ! - diýip, buýruk berdi.
Öý bikesi elini galgadyp:
- Wah, Fikri-beý!.. Biziñ kellekeserimizi tanañzok ahyryn. Ol sizi dälireder... - diýip, närazylyk bildirdi.
Fikri-beý beýle pikirleriñ ýalñyşdygyny ylmu esasda subut etdi.
- Çagany öz erkine goýbermeli däl. Ol elmydama bir zada güýmenmelidir. Getiriñ ony.
Kakasam goşuldy:
- Siz entek ony bileñzok!.. O şeýtan biziñ bar oturylyşygymyzy bozar.
- Ýok, getiriñ diýdim ~ getiriñ! - diýip, Fikri-beý bir depen ýerini depdi durdy.
Ejesi:
- Aý, serediñ-dä. Mende-hä günä ýokdur!.. - diýdi.
Çagany getirdiler. Ol gözjagazlaryny oýnadyp duran, çakgan, dört ýaşly tokgaja çagady. Oturan adamlara gözi düşüp, ilki bir ýadyrgady.
- Oglanjygy öz erkine goýberiñ. Üns bermäñ - diýip, Fikri-beý maslahat berdi.
Çilim gutusynyñ içinden ýukajyk kagyzy çykaryp, Fikri-beý ondan kiçijik gämijik ýasady. Ýasabam çaga uzatdy...
Ol şobada janlanyp, sorag berdi:
- Sü näme?
- Gämijik - diýip, Fikri-beý jogap berdi.
Çaga ýene sorag berdi.
- Sü näme?
- Gämijik, görýäñ-ä. Ynha gämijik.
- Işiñ gaýsaýsa gerek, Fikri-beý! Ertire çenli ýanyñdan aýrylmaz: "Sü näme, sü näme?" diýer-de ýüregiñe düşer durar - diýip, oglanjygyñ kakasy aýtdy.
- Bu ýaşda çagalaryñ hemmesi şeýle. Gaty kän sorag berýärler. Bu ýaş çaganyñ töwerek-daşy bilen aragatnaşygynyñ belli bolýan wagtydyr. Çaga näçe kän sorag berse, şonça-da akylly bolýar. Begeniñ! Soraglaryna arkaýyn, howlukman jogap bermelidir. Çaga terbiýelemek añsat iş däldir. Sowukganly, çydamly bolmalydyr. Onuñ her bir sowalyna dogry, oýlanyşykly jogap bermelidir. Garşyñyzda uly adam duran ýaly pikir etmelidir - diýip, Fikri-beý düşündirdi.
Öý eýesi:
- Hany, göreli bakaly - diýdi.
- Sü näme? - diýip çaga sorady.
- Gämijik - diýip, Fikri-beý gaýtalady.
- Ol deñizde pyş-pyş-pyş edip ýüzýär...
Meniñ dört sany çagam bar, şo sebäplem bar ünsüm şol pedagogik tejribededi.
Fikri-beý kagyzdan malçok, adamjyk, maşynjyk ýasady. Şondan soñ çaga hasam ysnyşyp ugrady.
Menem boýun bolmaly boldum.
- Ylym diýmek gör näme ekeni! Görýäñizmi olaryñ mäşi bişişip ugrady.
- Bize üns bermäñ, gürrüñiñizi dowam etdiriberiñ - diýip, Fikri-beý haýyş etdi.
Öz aramyzda gürleşsegem gözümiz şondady.
- Sü näme?
- Malçok.
- Sü näme?
- Şumy?.. Sagat.
Körpe barmagy bilen Fikri-beýiñ sagadynyñ tow berilýänini görkezdi.
- Sü näme?
- Sagat.
- Ýok, ýok, sü näme?
- Şumy?.. bu... o zat... Sagada tow berilýän zat.
Çaga samowary görkezdi.
- Sü näme?
- Semawar. Onda çaý gaýnadylýar.
- Ýok, ýok, sü näme?
- Semawaryñ jüründigi.
- Sü näme?
- Şu?.. Şu... semawaryñ zatjagazy...
Fikri-beý bize:
- Ynha, şeýdip çaganyñ her soragyna jogap berilmelidir - diýip, düşündirdi.
Çaga oturan aýallaryñ biriniñ döşlek göwresine barmagyny uzatdy.
- Sü näme?
- Bu?.. Hm.. dekolte.
- Ýok, ýok, sü näme?
- Dekolte, ýagny köýnegiñ giç açylan ýakasy.
- Ýok, ýok, sü näme?
- Göwüs.
Çaga semawaryñ gapagyny görkezdi.
- Sü näme?
- Semawar.
- Ýok, sü näme?
- Oglum, semawar diýdim-ä.
- Sü näme?
- Eý Tañrym! Semawaryñ zatjagazy.
Fikri-beý bize öwrüldi:
- Düýbünden gaharlanmaly däldir. Hakyky terbiýe gahary zyñmalydyr.
- Sü näme?
- Şumy? - Aýak.
Çaga aýallaryñ biriniñ buduna elini uzadýardy.
- Ýok, ýok, sü näme?
- Köýneginiñ aşagy?
- Sü näme?
- Baldyr.
- Sü näme?
- Baldyr, oglum, baldyr. Aýagyñ şu bölegine baldyr diýilýär.
- Sü näme?
Fikri-beýiñ ýüzüne gan aýlandy. Ýüzi goýy-gyrmyzy reñke öwrüldi.
- Baldyr, baldyr, baldyr!.. - Ýöne şobada özüni ele aldy. - Gaharlanmaly däl. Çydamaly? Diñe çydamaly! Her näme-de bolsa gaharlanmaly däl.
- Sü näme?
- Sagat.
- Sü, sü näme?
- Hawwa, oglum! Sagat!
- Sü näme?
- Sagadyñ gulagy.
- Sü näme?
- Semawaryñ zatjagazy.
- Sü näme?
- Hany, gämijigiñ bilen oýna bakaly.
- Sü näme?
- Baldyr?
- Ýok, ýok, sü näme?
- Dekolte.
- Sü näme?
- Göwüs.
Fikri-beý kagyzdan ýasan oýunjaklaryny oglanjyga berdi-de, başga kürsä geçip oturdy. Çaga bolsa onuñ yzyndan galanokdy, eljagazy bilen oturan myhmanyñ burnuny görkezip:
- Sü näme? - diýip sorady.
- Şumy?.. Bu burun.
- Sü näme?
- Burun. Burun... Bu-run... Düşündiñmi, burun?
- Sü näme?
- Diýýän-ä, burun, oglum, burun. Burun, balam. Burun!
- Ýok, ýok, sü näme?
- Men diýdim-ä, oglum, baldyr. Aýagyñ şu bölegine baldyr diýilýär. Bal-dyr. Baldyr, düşündiñmi?
- Sü näme?
- Bu burun.
- Sü näme?
- Burun.
Çaga yzyny üzmän burny görkezýärdi:
- Sü näme?
- Burun, burun, burun!..
Fikri-beý bize bakyp şeýle diýdi:
- Siz hiç zada gaharlanmaly dälsiñiz. Düýbünden! Çaga tä anygyna ýetýänçä düşündirmelisiñiz. On, ýüz, müñ gezek bolsa bolsun. Ahyrynda çaga bir zat bilse bolýar.
Oglanjyk bu sözleriñ manysyna düşünýädi öýdýärin. Ol çyny bilen burny görkezýärdi.
- Burun. Burun! Bu-run! Bu-run!
- Sü näme?
- Burun diýdim-ä, wessalam.
- Sü näme?
- Bu-run. Bu-run! Bu-ru-un!
Fikri-beýiñ gaşy bilen eñegi bir hili üýtgeşik titräp gitdi.
- Sü näme?
Fikri-beýim sabyr käsesiniñ dolandygyny añdym. Sesini peseldip, mylakatly:
- Burun, burun, balam, burun, körpäm, burun - diýip jogap berdi.
- Sü näme?
- Burun... Han oglum, burun diý.
- Sü näme?
Fikri-beý galstugyny gowşatdy.
- Burun, oglum, burun. Daýyñ ýüzündäki çykyp duran zada burun diýilýär.
- Sü näme?
Fikri-beý penjegini çykardy.
- Burun diýdim-ä!
- Sü näme?
- Burun. Wah, seniñ!.. - Wagtynda saklanaýdy: - Çaga bilen gödek gepleşmeli däl. Düşündiñizmi?
- Sü näme?
- O-ao-owh!
- Sü näme?
- U-u-u-uh! - Şonda-da Fikri-beý demini dürsäp, çaga gaharlanmaly däldigini aýtdy.
- Sü näme?
- Bu? Bu... otüki... köwüş.
- Ýok, sü näme?
- Bagjyk.
- Sü näme?
- Bagjygyñ düwmesi.
- Sü näme?
- Aýak.
- Sü näme?
- But. Daýzañ budy...
Fikri-beý gyzyp başlady. Ýene kürsüni çalyşdy. Oglanjyk bir ädimem galanokdy.
- Sü näme?
- Aýak.
- Ýok, ýok, sü näme?
- Sagadyñ gulagy... wah... wah-eý...
- Sü näme?
- Tffu, pekge diýsäni, burun diýdim-ä!..
Birdenkä ýañky sypaýy, giñ göwrümli adam kürsüden böküp turdy-da, saçyny ütüp başlady. Şu taýda geñ hadysa boldy. Fikri-beý otagyñ içinde gygyryberdi:
- Sü näme?! Sü näme?!
Biri-birinden kem galmajak bolup sorag berýärdiler:
- Sü näme?
- Sü näme?
Bu daýy özi bilen oýun edýändir öýdüp, oglanjyk jykyr-jykyr edip gülmäge başlady. Onsoñ ýene ol:
- Sü näme? - diýip sorady.
Fikri-beý ýer depip:
- Pekge haýwan! - diýip gygyrdy. Öz gezeginde-de: - Sü näme? - diýip sorady.
Birdenkä ýañky çaga sen-ýok, men-ýok ýerden "Sü näme" diýmezden:
- Pekge haýwan! - diýip gygyrdy.
Myhmanlaryñ otagy dym-dyrslyk boldy. Çagany şo mahal alyp gitdiler. Fikri-beý welin otagyñ içinde iki ýana gezmeläp, şol samrap durdy:
- Sü näme?.. Sü näme?..
Öý eýelerine minnetdarlyk bildirip, öýli-öýmüze dagaşdyk.
Birnäçe wagtdan soñ, Fikri-beýiñ hakykatdanam aklyndan azaşandygyny eşitdik. Neresse ep-esli wagtlap totyguş ýaly " Sü näme?, Sü näme?.." diýip gaýtalap gezipdir. Soñam gutulyp, Amerika gidipdir. Häzir ol Amerikanyñ uniwersitetleriniñ birinde pedagogikadan okadýarmyş.
Eziz NESIN,
türk ýazyjysy.
Terjime eden: Kemal YKLYMOW.
Satiriki hekaýalar