17:21 Sungata bagyşlanan ömür / oçerk | |
SUNGATA BAGYŞLANAN ÖMÜR
Edebi makalalar
Türkmenistanyň at gazanan artisti Şükür Kulyýewiň çep bilegine gülle degip, ýaralanany sebäpli Beýik Watançylyk urşy onuň üçin ir gutarýar. Ýöne, ýany bilen fronta alyp giden ruhy ýoldaşyna—gyjagyna ýekeje ok degdirmän ýurduna sag-aman dolanyp gelýär. Entek uruş başlamanka doglan gyzynyň adyna “ilim aman bolsun” diýen niýet bilen, Amanbibi, frontdan sag-aman dolanyp geleni üçin hem-de “ýurdum aman dursun” niýet bilen 1943-nji ýylda doglan uly oglunyň adyna bolsa, Amangeldi dakýar. Dört oglunyň ikinjisine bolsa kakasyna hormat goýup, Işanguly (Kuly) agaň adyny goýýar. Özgeler Kakaly diýseler-de, Şükür aga ol ogluna elmydama “kakam” diýip ýüzlener eken. Şükür aga gyjagyny düzüp başlandan, “kakasy” daşarda oýnap ýören ýerinden ylgap gelip, kakasynyň maňlaýynda aýbogdaşyny gurnap oturar. Indi oňa oýun ne derkar, onuň bar ünsi kakasynyň çalasyn barmaklary bilen gyjakdan çykarýan zaryn owazyna gönükdirilen. Kakaly gyjakda ilki “Çykdym gülleri”, soň “Teşnidi” öwrenýär we barha kämilleşýär. Emma, dutaryň ýakymly, rahat, özüne çekiji mylaýym sesi ony has-da imrikdirýär. Şükür aga: “Oň-muň dutaryny haýyş edip, sorap ýörmesin-le”, diýip, ogly birneme ekabyrlaşansoň, oňa täzeje dutar peşgeş berýär. Kakaly gije-gündiz dutaryny goltugyndan aýyrman birnäçe saz öwrenensoň, durmuş onuň öňünde täze synag goýýar... Günleriň bir güni, Kakaly, kakasy bilen Marynyň Kemine adyndaky drama teatryna baranda, teatryň suratkeşiniň ussahanasynda hatara goýlan şekilleri, çarçuwa salnan taýyn eserleri, suratkeşiň çalasyn ellerindäki dürli reňke batyrlan çotgajyklaryň ak kendiri owadan surata öwürýänini görüp, haýranlar galýar. Kakaly indi täze sungata aşyk bolýar. Öýe gelip, galamyny ak kagyzyň ýüzüne ýöredýär. Ýönekeýje çekilen gap-çanak diýdi, öý haýwanlarymydyr-ösüp oturan agaç, ýa-da ýaňy açylan bägül meňzemänem duranok welin, adamyň şekilini meňzetmek entek başardanok, onuň üçin halypa suratkeşleriň tälimini almaly. Kakaly kakasyna suratkeş bolmagyň arzuwyndadygyny duýdurýar. Şükür aga oglunyň alakjap ýörşüne birneme gatyrganyp: —Hanogul, bir arapdan tutdyň, bir şarapdan tutdyň, belli-külli käriň başyndan-a barmadyň. Gaýtam, şu wagt ýaş döwrüň, ýatkeşligiň güýçlikä köpräk saz öwrenerler—diýip, nägileligini bildirýär. —Kaka, dutar-gyjagy men hiç haçanam taşlaman, olarsyz meň günümem geçmez, olar meň ömürlik hemram bolar, ýöne men öz ykbalymy eýýäm öňünden duýýan—men diňe döretmeli, şu ellerim bilen döretmeli. Şükür Kuly oglunyň raýyna gaýdyp durmady, tersine, onuň belli bir netijä gelenine rahatlandy we oglunyň tutanýerli häsýetine guwandy. Kakaly Şükürow 1970—nji ýylda Aşgabadyň Şota Rustaweli adyndaky çeperçilik mekdebini tamamlansoň, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň mekdeplerniň birinde çyzgy we surat mugallymy wezipesinde işe başlaýar. Okuwçylara surat çekmegiň täsin syrlaryny we geometrik figuralaryň çyzylyş tilsimlerini öwredip başlaýar. Şol ýyl, mekdebe täze hünärmen—Türkmenabadyň mugallymçylyk institutyny tamamlan, iňlis dili mugallymy, ýaşajyk Elzewire işe gelýär. Okuwçy gyzlardan sähel tapawutlanýan owadan, dogumly, ýaş mugallym gyza nazary düşenden Kakalyň ýüregi gobsunyp, erkini ýitirýär we gije-gündiz pikiri-hyýaly diňe şol gyz barada bolýar. Çekine-çekine, teý ahyry bir gün, bu telbe kalbyndaky harasaty gyza yglan edýär. ...Durmuş toýuny guransoňlar, ýaş çatynjalar Maryda işlap başlaýarlar—Elzewire Kulyýewna Şükürowa mekdepde çagalara iňlis dilini öwredýär, Kakaly Şükür bolsa, söwda edarasynda mahabatçy suratkeş bolup işleýär. Onuň döreden mahabatly şekilleri dükanlara we söwda nokatlaryna ýaýraýar we “Maru-Şahu-Jahan” gazetinde birnäçe ýyllap yzygiderli çap edilýär. Gara galam bilen çeken käbesiniň şekili, döşi orden-medally, gyjak çalyp oturan kakasynyň we ýaş gelni—Elzewirenyň ýagly reňk bilen çeken portretleri çaklaňja ussahanasynyň diwarynda henizem asylgy dur. Elzewire Kulyýewna Şükürowa ýatlaýar: —Kakalyjan meň şu portretimi ýaňy ak reňki guran kendiriň ýüzüne gönümel, eskizini çekmän başalady. Ilkinji gün onuň öňünde alty sagat oturdym. “Kakalyjan, galanyny ertir çekäý, men biş-düşem etmel-ä” diýýän, ol bolsa: “Biş-düşüň gitjek ýeri ýok-la, biraz sabyr et, azajyk galdy” diýýär. Asyl şol gün portetimi dynyberen ekeni, ýöne soňky günler suratkeş birki sagatdan kän eglemedi. Ol şeklie nazary düşen: “Bu seniň agtygyňmy?” diýip, gyz agtyklarmyň biriniň adyny tutup soraýan hem bar. Hakykatdanam, gyz agtyklarmyň biri maňa örän meňzeş. Men Kakalyny ilkinji gezek,Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýewiň öýünde görüpdim. Kakaly ilkinji halypasy, dutar ussasy Kakajan Ataýew bilen entek doly işlenmedik çaga dutaryny halypa görkezmäge gelipdir. Han aga gapaklanan, entek perdelenmedik dutarjygyň eýlesini-beýlesini synlap, gapagyny pitikledi-de: —Päh, päh bujagaşjygyň naşyjadygyny! Tüweleme, tüweleme! —diýip, zowzanaklap ýörşüne, “tüf, tüf” diýip, birde dutara, birde-de şägirdiniň ýüzüne “tüýkürýär” —Muny derrew perdele-de, taryny dakyp, jan ber! Örän gowy, kemi ýok. Uly dutara-da hä diýmän başlarsyň-a !? Ökjämden-ä basdyňyz şägirtlerim, ozanňyzam bir göräýsem—diýip, şol gün Kakala “ak pata” beripdi. Han agaň “eli ýeňil” ekeni. Kakalyň ilkinji ýasan uly dutaryny, Türkmenistanyň at gazanan artisti Amannazar Ataýew eline alandan ony sypdyranok. “Bäh, tüýs meň dutarym-da. Kakalyjan, sen muny meň üçin bilip ýasapsyň. Eliňe güller bitsin, ömrüň uzak bolsun, kesbiňden kemal tap!” diýip, alkyş baryny okap, söwdalaşman, ussaň agzan hakyny berip goýberýär. 1995-nji ýylda, Mary şäherinde, “Bagşylar öýüniň” açylyş dabarasynda aýdym-saz diňlenildi, ýaş bagşy-sazandalara ak pata berildi, halk saz gurallarynyň sergisi açyldy. Şol gün dutar-gyjak ussalarynyň hem bäsleşigi geçirildi. Eminler topary, Türkmenistanyň halk artistleri: professor Ödenýaz Nobatow, Han Akyýew, Gaýgysyz Çaryýew, Paşşaguly Girmanow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri: Suhan Hojagulyýew, Jumageldi Çaryýew we Amannazar Ataýew dagy Kakaly Şükürowyň täze ýasan dutaryny gözden geçirip, birinji orny eýeländigini yglan etdiler we ussa hormat haty bilen pul baýragyny gowşurdylar. Kakaly, Han agaň ussahanasyna gatnap, diňe dutar ýasamagyň tälimlerni öwrenmän, halypasyndan “Saba bileni”, “Derman eýledini”, “Dilberi”, “Haýyt ýykany” we başga-da birnäçe sazlary öwrendi. Şägirdinden göwnihoş meşhur sazanda: “Kakalyjan, Amannazar (Ataýew) ikiňiziň kakuwňyz meňkä meňzemese-de, eliňiz-ä süýji—çalýan sazlarňyza bal gatylan ýaly” diýerdi. Kakaly bilen ikiçäk söhbetdeşligim ýadyma düşýär. —Ýasan dutarlarmyň kädisiniň içine ýa daşyna dutaryň doglan ýyly bilen öz golumy goýýan, ýöne şonsuzam öz dutarymy elime alanymdan tanaryn. —Çagalar üçin köp ýasadyňmy ýa ulylar üçin? —Ikisi deňeçerräk bardyr. —Näçeräk? —Sanawynam ýöretmändiris, ýöne hersi üç-dört ýüz bardyr. —Çaga dutaryny çykarmak onçakly bir kyn hem däldir-le? —Ikisiniňem zähmedi bir, ýöne çagaňka has yhlaslyrak ýapyşmaly, säwlik goýberäýseň iki işli edýär. Aý, ulylaňky näme, sähel göwnüňe ýaramasa elektodutara öwüräýmeli-le—diýip, ýylgyrýar. Kakaly pespälligi we sadalygy bilen: “...hersi üç-dört ýüz bardyr” diýip, aýtsa-da, onuň dosty, Han Akyýewiň ussa şägirdi, Çary Sähetmyradowyň (Çary suwçy) saz şägirdi, ýasan dutarlarynyň sany iki müňden geçen Nurmyrat Akmyradow (Nurmyrat çepbe): —Ömürlik bäsdeşim, kiçigöwünli dostum Kakalyň ýasan dutarlary müňden geçmese-de, şoňa golaýlandyr. Han aga: “Hergiz, dutaryň kädisini köweniňizde Gelenje ussa bilen Pürli agaň (Pürli gurçuk) dutarlary gözüňiňiziň öňünden gitmesin, tudyň özeni—merkezi halkasy kädiň çür depesine düşmelidir, agajyň ýaşan ömrüniň beýleki halkalary bolsa, edil suwa zyňylan daşyň tolkunlarynyň ýaýraýşy ýaly rejeli bolmalydyr” diýip, gadymy dutarlaryň birini görkezipdi. “Pürli, “gurçuk” lakamyny ýöne ýere alan däldir, misli agaç gurçugynyň köwleýşi ýaly, ýüzlerçe tut kesip, müňlerçe dutar ýasansoň berendirler. Inilerim, nebis bilen sungaty garjaşdyrmaň, elmydama nepis dutar çykarjak bolup dyrjaşyň! Ýüz dutardan ýekejesi hem size at-abraý getirip biler ” diýip, halypamyz Han Akyýew nesihat beripdi. Men Kakalydan tut, erik agaç galyndylaryny näme edýanini soranymda, ol: —Zibil galýan däldir, dost. Derde ýaramajak agaç böleklerini tokar stanogynda ýonup, sowgatlyk (suwenirlik) dutar-gyjak ýasaýas, olara gulajykdyr-tarjagaz dakýas-da, bazara çykarýas, eger-eger eglenenogam. Aglaba, daşary ýurtly turistler dilen daşary ýurtlara gezelenje gidýänler ýadygärlik-sowgat üçin alýarlar. Iň soňunda galan ýonuşgalaryň bir bölegi gelnejeň tamdyryna gidýär, beýleki böleginden bolsa, ynha, şu gün ikimiziň oturşymyz ýaly, çagalarym-agtyklarym, dost-ýarlarym bilen bileje çişlik bişirinýäs, taňkaň çaýyny içýäs—diýip, jogap beripdi. Dogrudanam, Kakalyň ýeke oturanyny göremok—ýa ogullarynyň biri, ýa doganlarynyň biri, ýa bagşy-sazanda dostlarynyň biri bilen çaý içip oturandyr. Edil çagaňky ýaly päkize ýürekli, gülerýüzli, mähirli Kakaly aga bilen Elzewire gelnejäň öýüniň asla myhmansyz wagtyna duşamok. Bu mährem, göwnaçyk adamlaryň myhmanlar we dost-ýarlar üçin elmydama gapylary açykdyr. Olaryň öýi misli çatrygyň ortarasynda ýerleşen myhmansaraý ýaly, eýläk barýanam, beýläk barýanam düşläp geçýär. Bu öýe gelen bagşy-sazanda-da, ýazyjy-şahyr-da, suratkeş-nakgaş-da, artistdir-režisýor-da, başga bir ýönekeý adam-da edil öz öýünde ýaly rahat duýýar. Gelenlere deň derejede hezzet-hormatam edilýär, hemmesine çaý-naharam ýetýär, munuň üçin bu maşgalaň rysgaly kemelenok, gaýta artýar. Kakaly kän gürlemän, diňlemäni halardy: söhbetdeşiniň gürrüňine “hä, hawa” diýip, arasynda “bäh” diýip, haýran galyjylyk bilen başyny ýaýkar, ylalaşmasa “häsini” bermän dymar. Garşysynda oturan çynaberimsiz geplese, ýa-da gürrüň gybata ýanaberse, şobada, emaý bilen söhbedi başga ýana sowar we şo taýda-da bu gürrüň ýere siňip gider. Bu sypaýy adamyň agzyndan gaty-gaýrym, gödek sözüň çykanyny eşiden ýok, ýa-da kişiniň ýeňsesinden gybatyny edip duranyny gören ýok. “Ýerden ses çyksa-da, Kakalydan ses çykmaz” diýerdiler, gaýta üýşmeleňlerde Şükür agaň şorta sözlerini, degişmelerini aýdyp berip, märekäň göwnüni hoşlardy. Adamyň zehini hemmetaraplaýyn bolýar ekeni. Şaşka sporty boýunça ussatlyga kandidat, Mary welaýatynyň we şäheriniň çempiony, Kakaly Şükürowy sport ýoldaşlary heniz-henizlerem ýatlaýarlar. Kakaly Şükürow birnäçe şägirt hem ýetişdirdi. Olardan: daşoguzly, Türkmenistanyň döwlet nebit-gaz toplumynyň medeni-işewirlik merkeziniň halk saz gurallary ansamblynyň bagşysy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Döwlet Durdyýew, Mary etrabyndan dutar ussasy Kakajan Abdyllaýew, Sakarçäge etrabyndan fizika mugallymy, bagşyTirkiş Çopanow. “Ata kesbi—ogla halal” diýilşi ýaly, Kakalyň ogullary: Guwanç—dutar ussasy, Begenç gyjak ýasaýar, Gurban—suratkeş-dizaýner, Batyr—dellekçi, ýaş ýigitleriň saçyny timarlap görk berýär; agtyklary: Gadam, Yolaman Hummaýew adyndaky sazçylyk mekdebini tamamlady, Selbi, şol mekdebiň aýdym bölüminde okap ýör, Söýli, atasy ýaly grafikaçy, —onuň eserleri mekdepleriň arasynda geçirilýän sergilere gatnaşýar. Ýokary derejeli, baýry mugallym Elzewire Kulyýewna Şükürowa çagalarny, agtyklarny daşyna üýşürip: —Hudaýa şükür! Ogullarymdan, gelinlerimden, agtyklarymdan müň kerem razydyryn, gül ýaly durmuşymyz bar. Ynha, tüweleme, indi öz neberämizem bir toýy dolduryp otyr. Wah, Kakalyjanam aramyzda bolsa bolmaýamydy...—diýip, gözüne ýaş aýlap, ýürekdeşini ýatlaýar. Dutar ussalarynyň gadymdan geýän däbine eýerip, dutarlyk üçin kesilen bir tut agajynyň öwezine ýigrimi-otuz düýp tut nahalyny oturdýarlar. Nakgaş, haşamçy ussa, Kakaly Şükür oglunyň eken tut agaçlarynyň entek dutarlyga ýetişeni ýok hem bolsa, ýaz aýlary olaryň dürli reňkli tutadanasyndan çagalar dadýar, guşlar geregni edinýärler, ýapragyndan pileçiler ýüpek öndürýärler. Durmuş özüniň üznüksiz döredijilikli yzygiderliligini dowam etdirýär. Kakajan BALKANOW. 2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |