17:01 Süñk simfoniýasy | |
Annaberdi AGABAÝEW
Goşgular
▶ SÜÑK SIMFONIÝASY Ýurdumyzyñ territoriýasyndan ýigrimi müñ ýyl mundan ozal çalnan täsim orkestriñ saz gurallary tapyldy. Ol "saz gurallary" mamontyñ süñkünden ýasalypdyr. Kiýewli alymlar bu orkestri "janlandyryp", mukam çalyp, magnitofon ýazgyny "Мелодия" firmasynda ýörite kart edip çykardy. Öz süñkünden~ gapyrgadan ýasanmyş Adam ata ýanýoldaşy Howany, Şonuñ üçin menem başda syhaýyn Kemençä meñzeýän şu gapyrgany! Gapyrga ýañ saldy jeññel içine, Maýmyn bary hyzzyn atdy ikiýan, Çeññege ilen deý "ilip" bu saza, Maýmynlañ içinden çykdy bir zenan... Pilçäni oýnadym. Asgyryp turdy Ýagyrnysy ýere degmedik pälwan. Dişleri ellämde bäbek iññäläp, Eneleñ alkymy öwüsdi elwan! Injige inderdim ol gara daşym, ~ Peýkam atyp, dere sökdi saýýatlar. Uýluga galtaşdym ~ galdyrdy başyn Şöwür çekip ýatan loly-haýýarlar. Gezek geldi onsoñ kelleçanaga, ~ Nädip urjak bu esasy guraly: Ulumy-kiçimi, beýni ýaşapdyr Oñ içinde janly-jandar döräli! Gowusy men muny goýaýsammykam, Çatmamyñ agzyna söýäýsemmikäm? Onda kime gerek, aýdyñ-a hany, Kellesiz, beýnisiz, manysyz mukam?! Ýok, ýençgile! Şowhun turuz, goh eýle! Çar tarapda sarsyp gitsin beýniler, Ulurak daş alyp kellä çyk seýle, Meger, şeýdip dörändir bar geniler! ...Alty sany saz guraly öñümde ~ Gadymy mamontyñ alty bölegi: Injigi, Uýlugy, Pilçesi, dişi, Gapyrgasy bilen kelleçanagy. Hyýalymda ele alyp şol daşy, Injigi, uýlugy, pilçäni urýan, Gapyrgany syhap, Ençeme dişi Klawiş deý seteram hatara gurýan... Ýöne ýene gezek kellä gelende, Ýaýkanyp, ýaýdanyp, kürtdürip durýan, Hem şol pursat özüm duýman her sapar Elimdäki daşy ýere gaçyrýan... 1970 ý. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |