00:02 Suw kimin geçdi | |
SUW KIMIN GEÇDI
Goşgular
Düýn ýalydy şu mekdebe gelenim, Hemmeden çekinip, gözlerim ýaşly. Okuwçylar: -Salam! -diýip, gelipdi, Şol wagt ýanymyza bir daýaw, gaşly. Öwrendik köp zady "A" harpdan başlap, Himýadyr taryh hem-de edebiýat. Enäniň sallançak üwreýşi kimin, Ömür ýolumyzda berdiňiz siz bat. Hasraty, şatlygy bir deň paýlaşyp, Synpdaşlaryň bary boldular dost-ýar. Dogry ýola başlap her bir mugallym, Ata hem ene deý boldular hossar. Şemaly öwüsse ýaşlyk ýelginiň, Gowy arzuwlary kalba beslärdik. Käteler mugallym göwnüne degip, Çaltyrak mekdepden gitmek islärdik. Aradan on bir ýyl geçdi suw kimin, Ynha, ýene geldi şol daýaw gaşly. -Hemmäňize ak ýol! -diýip ýylgyrdy, Emma, biziň ýene gözümiz ýaşly. 2019 ý *** Iň soňky jaň sesin eştmek bilseňiz, Ejizletdi oglan-gyzy, merdemi. Emma, ýatlamalar ömre ýeterlik, Bezär-durar gursagymda her demi. Häzirem ýadymda ilkinji sapak, Doganym ýanymda gözümem ýaşly. Gumaksy ýodalar, asfaltsyz ýollar, Olaram owarram, hem alys, daşly. Mugallym geçirse yzdaky parta, Ýa-da çalajadan atsa haýbaty. Okuwçy päkize, ak jüýje bolup, Ertesi hossardan getirdik haty. Kä sapaklar sessiz geçer haýaldan, Kä sapaklar gohly ala-gykylyk. Daşarda durardyk eller kisede, Her gören gyzyňa atyp sykylyk. -Eşigiň bolanok, saçyňam ösgün! Günde görüp dost tutundyk dellegi. Gijä galyp, hatda irden barsagam, Alardyk biz käte-käte belligi. Gyzlaň torbasyna salardyk haty, Möwç urup joşanda yşgyň heseri. Mekdepde gep-gürrüň öýde hem işler, Okalgada çaň basardy eseri. Garagollyk, oýun-gülki barada, Bir ýakadan baş çykardyk barymyz. Okuw-a däl, ýöne olam degişli, Iş-ýowarda tapdyrmazdy ýarymyz. Gyzlar syrdaşymyz kä ondan ýakyn, Bu gün gohlaşanyň erte partadaş. Öňdäki, yzdaky synpdaşy dürtüp, Zyňardyk kagyzy bolsa parta daş. Bir sagatlyk ýoly ýöräp pyýada, Mekdebe gatnaýan günlerim ýaňy. Soňra bir gün bizden bizar bolan deý, Mekdebim kakypdy iň soňky jaňy. Mugallymlaň käýäp diýen öwüdi, Häzirlerem şemal kimin çiňseýär, Şol geçenje, şol sadaja ýyllary, Göwnüm mydam sessiz-sessiz küýseýär. Günler, aýlar hatda ýyllar geçse-de, Şol çagalyk salyp durýar ýalkymy. Alsak saklajakdy urgudan, dertden, Şol mekdebiň bilim atly galkany. 2020 ý MINNETDAR Öňküje jüýjeler bolupdyr guşlar, Geçipdir baharlar, geçendir gyşlar, Gollar köp bolsa-da bir edip başlar, Ýören synpdaşlarym size minnetdar. Uly daşy ýonup öňe silteden, Ýüki ýetik, uzyn eden kelteden, Tüm gijede ody ýakan pelteden, Ähli mugallymlar size minnetdar. Perzentleriň kändir saňa bergisi, Sen bir dünýä ylymlaryň sergisi, Ýürekleri päk ynsabyň dergisi eden, Eý, mekdebim saňa minnetdar! 2021 ý Ahmet ARAZOW | |
|
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 11 | |||||||||||
| |||||||||||