05:52 Şygyr | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ ŞYGYR Gadrym gaçýar diýip alma göwnüňe, Iller gudratyňy duýýandyr, şygrym. Adam ataň nesli döräli bäri Adam saňa gulak goýýandyr, Şygrym. Sensiz aýdym bolmaz, sensiz saz bolmaz, Olarsyzam şire bolmaz, duz bolmaz. Gülsüz-güläleksiz ýazdan ýaz bolmaz, Bu hakykat hemmä aýandyr, Şygrym. Şöhle bolup haýyr-sahawat ýaýýan, Sensiň gursaklara gözellik guýýan. Meger, bu dünýäde özüni söýýän Seni-de, gürrüňsiz, söýýändir, Şygrym. Sen zerur bu alabeder dünýäde Garaňky günde-de, ýagty günde-de, Umydyny elden beren bende-de Saňa sygynýandyr, uýýandyr, Şygrym. Ine iki gudrat çykýar meýdana, Bir tarapda saçak, bir çetde dana. Kim söze topulýar, kimse-de nana Kim ýaşap, kim diňe iýýändir, Şygrym. Her hili ýagdaýda, her hili halda, Hemaýat berýärsiň bu agyr ýolda. Aslynda adamzat tilsime däl-de, Keramatly söze haýrandyr, Şygrym. Şahyr däl - bäş sözüň başyny taslan, Biz awçy, sen bolsa eletmez asman. Gündogarda seni şöhrata beslän Pyragydyr, Omar Haýýamdyr, Şygrym. Gülzar bolup, gyýlan göwnümi açýaň, Birden ganatlanyp, asmana uçýaň. Seniň gapdalyňdan sygyryp geçýän- Ynsan sypatlyrak haýwandyr, Şygrym. Öz güýjüňi, öz görküňi ýitirme, Ýakut ýaly ýansyn dursun setirler. Hem-de hiç bir zady göwne getirme, Bu bir şeýleräjik eýýamdyr, Şygyr. * * * Bilýärin, henizem sähraň üstünden Durnalar geçýändir hataryn pozman. Syn ederdik arzuwlara atlanyp Täsin saz ederdi durnaly asman. Saz ederdi çaga ýüreklermize Dowul salýan şeýle gamgyn äheňde. Haýranlar galardyk, seret nämeler Bolup geçýär asman atly Läheňde. Tisginip giderdik tüýnüge garap Bahar çagy gögüň gübürdisine. Pyt-pytlap düşerdi ýadaw damjalar, Diň salardyk olaň hüňürdisine. Ertir tursaň ne ýagyş bar, ne durna, Çygly säher bugaryp dur güneşläp. Tegelek gün bu ümmülmez sährany Gelýär eýýäm assa-assa gulaçlap. Ýatagynda iki-baka urunýar Köşegini küýsäp bozlaýan düýe.. Bu bolýan zatlara az-kem hopugyp "Ýa ýaradan!" diýip girerdik öýe. * * * Aýdylýan söz ýelmeşmese ýürege Gymmatynyň ýokdugyna güwädir. Munça gürrüňlere, munça geplere, Çydap bilýän meger diňe howadyr. Bu duzy ýok gepler, bihuda gepler Peýdasyz perişde ýaly bihepbe. Meger işde-güýçde saýlanyp bilmän Bir-biregi ýeňjek bolýarys gepde. Öňe çykyp ile berýän gürrüňiň Öz kelläňden çyksa ýene-de ýagşy. Sazanda öz sazyn çalmaly diňe, Diňe öz aýdymyn aýtmaly bagşy. Täze bir açyş-a edemok weli Gep diňlenýär onda derek bolanda. Şonuň üçin ilden rugsat sorap Sözläliň il-güne gerek bolanda. Bimany gürrüňi diňledigiňçe Poslan pyçak ýaly kütelýär aňlar. Oňa derek gowy bolar megerem Aýdym-saz diňlense aladaňdanlar. Gep-gürrüň bilenem ýaşap görüpdik, Nätjek, döwür geçdi, üýtgedi eýýam. Işläliň adamlar, geliň işläliň, Gep bilen aldyrmaz bu goja Heňňam. | |
|
√ Ne ajaýyp hüý erer, eý şohy siminber saňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
√ Merhum dostumyñ gelnine / Goşgular - 19.08.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |