11:54 Syrly toslamalaryñ pidalary: Çekip çykarmak operasiýasy | |
▶ 9: "ÇEKIP ÇYKARMAK" OPERASIÝASY
Taryhy makalalar
Ahyryn O.Wafaýewiñ işi ugur alyp başlan ýalydy. Bir gezek ol Kümüşdepede ýaşaýan Täçmuhammetlere baranda, hut öz gözlerine ynanar ýaly däldi, ilki Krasnowodskide, soñra bolsa Aşgabatda gatnaşyk eden köne dosty Jemşit Mämmedowa duşupdy (ady we familiýasy üýtgedilip alyndy - R.E.). Olar edil dogan ýaly gujaklaşdylar, dyñzap gelen duýgy zerarly hatda gözleriniñ owasyna-da ýaş aýlanypdy. Wafaýew dostunyñ söwda ugrunda işleýändigini, bir wagtlar hileli öwrümler gurany ücin basylyp, iki ýyl iş kesilendigini bilýärdi. - GPU-laryñ derdinden ol ýerde durar ýaly däl. Olar meniñ üçin täze iş açyp başladylar. Onsoñ menem ýeñsämi el ýaly edäýdim... - diýip, Jemşit şähdaçyklyk bilen gürrüñ berdi. - Ýene ogurlyga baş uransyñ-da - diýip, Orazmämmet ýazgaryjy äheñde aýtdy. - Dagy näme?! Kapyrdan bir tüý ýolmak ýolmakdyr. Wah, şu gezekki guran pyrryldagym bilinmedik bolsa, men ilkinji sowet millioneri bolardym. Bu sözler tüýs Jemşidiñ aýdaýjak sözleridi. Onuñ öz dünýägaraýşy bardy. Ol: "Döwletden näçe ogurlap bilseñ ogurlaber, emma adamlaryñ iññesine-de el uzatma" diýýärdi. Ýöne bu wagt Orazmämmet ol zatlar barada pikir etmeýärdi, ol öýleri, dost-ýarlary, umumy Türkmenistanyñ ýagdaýy barada soraglar ýagdyrýardy. Jemşit onuñ maşgalasy, dost-ýarlary barada diýseñ köp habarlary alyp gelipdi. Muhammet Geldiýewiñ aradan çykmagy Orazmämmedi gaty gynandyrypdy. Soñra ol hut Orazmämmediñ özi barada ýaýran gürrüñleri aýdypdy. Orazmämmediñ gaçyp Eýrana geçendigini gizlinlikde saklamaly edenmişler, emma onuñ gaçanyny Teke bazaryna söwds etmäge gelenlerden başga Aşgabatda ýaşaýanlaryñ hemmesi bilýär eken. Sebäbi ony serhede çenli paýtunly alyp gaýdan kürt sorag edilip, ony bolan ähli zatlary aýtmaga mejbur edipdiler. Soñra bolsa Jemşit Annagüli birnäçe gezek çagyryp sorag edendiklerini, ýöne häzire çenli ony göz tussagy hökmünde saklaýandyklaryny hem aýdyp beripdi. Hiç wagt nalamany bilmeýän Jemşit bärik geçmeziniñ öñ ýanynda ýüregine daş baglap Orazmämmetleriñ öýlerine baryp onuñ aýaly Annagüle: - Meniñ bir dostum ýakyn wagtlarda Eýrana geçýär. Näme sargydyñ bolsa aýt diýenimde, ol meniñ ýüzüme seretdi, şonda ol Eýrana geçjek meniñ dostum däl-de, mendigimi añdymyka diýdim. Ýöne ol hiç zat diýmedi. Menem ol hakda hiç zat diýmedim. Ol: "Onuñ başy dik bolsa bolar, meni hem çagalary alada etmesin. Gyzylsuwly garyndaşlarymyz hem-de bu ýerdäki dost-ýarlarymyz kömek edip durlar" diýdi. Soñra neşirýata tabşyrmaly pullary tabşyryp kwitansiýa alyp gaýdanyny aýtdy. Näçe wagt janyna jaý tapman ýören Orazmämmet Wafaýewiñ göwni giñän ýaly bolupdy. Ýöne aýaly, çagalary, dost-ýarlary baradaky gürrüñleri diñläninden soñ olar onuñ golaýyna gelen ýaly bolup, hyýalynda olar bilen garyşyp-gatyşyp gidesi gelýärdi. O.Wafaýew az salym dymyp oturanyndan soñ: - Sen Watany taşlap gaýtmaly däl ekeniñ. Aradan bir aý, ýok, bir hepde geçenden soñ öz öýüñi, iliñi şeýle bir küýsäp başlarsyñ welin, heý, goýaý - diýip gussaly äheñde aýtdy. - Gaçmasañ boljak däldi, meniñ üçin eýýäm kamera taýýarlapdyrlar ahyryn. Onsoñam maña syýasy aýyplaram ýüklenýän ekeni - diýip Jemşit garşylyk görkezdi. - Öz ýurduñda türmede oturanyñam gowumyka diýýärin. Her niçigem bolsa, öz maşgalañ golaýy boljak... - Puluñ bolmansoñ şonyñ ýaly pikir kelläñe gelýändir. Ikimiz bir kärhana açarys welin pulam bolar. Pul toplap çagalaram bu ýere getireris. Ikimiz biriksek almajak galamyz bolmaz - diýip, ugur tapyjy Jemşit ynamly aýtdy. Wafaýew onuñ pikiri bilen ylalaşypdy. Ýöne Jemşit Mämmedowa Kümüşdepede ýaşamaga ygtyýar bermändiler. Onsoñ ol Astrabada gidip ol ýerli häkimiýetden şol ýerde ýaşamaga rugsat alypdy. Onsoñ ol şol ýerden: "Bir işiñ başyny tutmaly" diýip dostuna hat ýazypdy. Wafaýew Täçmuhammetden 350 tümen alyp (ol wagtlar üçin esli puldy) Astrabada Jemşidiñ ýanyna gelip, olar kiçijik kafe açypdylar. Işiñ gidişi erbedem däldi. Esasy zadam kafeniñ içi mydama adamdan doludy. Dostlar gelýän müşderileriñ göwnünden turjak bolup, uzynly gün dek durman iki-baka ylgaşlaýardylar. Kofe taýýarlaýardylar, ol ýeriniñ ýagdaýyna belet bolmansoñlar ilki gök çaý beripdiler, gök çaýyñ bu ýerd içilmeýändigini bilenlerinden soñ gara çaý demläp başlapdylar. Olar üçin gelen adamlar nähili çaý içenlerinde-de tapawudy ýokdy, birneme gazanç edip bilseler bolýardy. Dostlar agşam gelip gazanan pullaryny sanaýardylar. Edilen gazanjyñ hepbesiniñ ýokdugyny bilenlerinden soñ lapykeç bolýardylar. Bu gazançdan toplap Türkmenistandan maşgalañy getirjek bolsañ, ençeme ýyl der dökmeli boljakdy. Bu ýagdaýa Jemşit hasam beter gynanýardy. Indi onda öñki şähdiaçyklyk ýokdy, edil Orazmämmet bilen orunlaryny çalşan ýalydy. Ozal ol Orazmämmede teselli beren bolsa, indi Orazmämmet Jemşide göwünlik bermeli bolýardy. Iki dost gijelerine ýatmak üçin ýerlerine girenlerinde bala-çagalaryny, dogduk depelerini, dost-ýarlaryny birin-birin ýatlaýardylar. Şonuñ ýaly bir gijede Wafaýew Jemşidiñ horkuldap aglaýan sesini eşidip birhili bolupdy. Jemşit içi-içine sygman hamsygyp durşuna: - Dostum, dogry aýdan ekeniñ. Bu ýurtda mähir-mürewwet ýok, adamlaram ýaramaz... Biz iki sany türkmen bolup bir topar salpaýaklaryñ oklan zatlaryny gapyşyp ýörüs. Bizde namys, buýsanç diýen zat bolmazmy?!. Jemşit Orazmämmediñ ýüregini bilipdi. Sebäbi ol hyzmat etmek üçin kafe her gezek baranynda kiçelip ýere giräýjek bolýardy. Gutaran iki medresesini hasap etmäniñde-de, ýokary bilimli, ozal okrug sudunyñ başlygy bolan adamyñ eli mejmeli çaý aýlap, heý biri çaý puly oklamazmyka diýip ýaltaklap ýörmegi diýseñ peslikdi. Oklanan süñki itiñ garbap alşy ýaly, oklanan puly garbap almak diýseñ gelşiksizdi. - Şular ýaly nejisleriñ oklan çaý pullaryny çöpläp ýörenden sowet döwletinden haltalap pul ogurlanam, türmede ýatanam abraýlymyka diýýärin. Bu ýerde erkinlikde ýaşandan öz ýurduñda türmede oturanyñ on esse gowudyr - diýip, Jemşit belli bir karara gelen görnüşde aýtdy. Jemşidiñ aýdan bu sözleri Orazmämmediñ kesmek baglan ýarasyny dörjeläpdi. Ýöne ol şu wagta çenli bu pikiri özünden daşlaşdyrjak bolup azara galyp ýördi. Jemşidiñ bu ýere gelenine heniz bir aý hem bolanokdy, ol bolsa ýarym ýyl bäri şu ýerdedi. - Ýeri, indi näme ederis? - diýip, Wafaýew aljyraññy ýagdaýda sorady. - Seniñ näme etjekdigiñi bilemok, ýöne men-ä ertiriñ özünde sowet konsullygyna baryp boýun egýändigimi aýdaryn - diýip, Jemşit kesgitli aýtdy. - Onda bile gideli - diýip Wafaýew onuñ pikirini makullady. Olar şol wagtyñ özünde konsulyñ adyna arza ýazyp, ertesi irden kafeni açmagyñ deregine sowet konsullygyna tarap ugradylar. Olar konsullygyñ ýerleşýän jaýyny, oña nireden girmelidigini bilýärdiler, ýöne konsulyñ türkmen däl-de, daş sypaty parsa meñzeş ermenidigini bilmeýärdiler. Konsulyñ ermenidigini şol ýeriniñ bagbany hem tassyklapdy. Jemşit birden kürtdürip durupdy, şonda ol aslynyñ azerbaýjandygy, pasporty boýunça milletiniñ türkdigi, Türkmenistanda önüp-öseni üçin özüni türkmen saýyp ýörendigi ýadyna düşdi. - Ol bizi sowet häkimiýetine tabşyrman, ýerli häkimiýete tabşyraýsa näme ederis? - diýip, Wafaýew sorady. - Ol näme üçin beýle etsin? - diýip, Wafaýew sorady. - Onuñ bize türkmenleriñ içalylarydyr öýtmegi ahmal. Onsoñ sen kime gepiñi düşündirsiñ? Olar bu hyýallaryndan el çekmeli bolupdylar. Kafe gelenlerinden soñ bolsa bu babatda täzeden oñat pikirlenmek gerek diýen netijä gelipdiler. Olar birnäçe usullar barada pikir edipdiler. Ahyryn hem Jemşit Mämmedowyñ: "Eger biz DSU-nyñ ünsüni çekip biljek degerli maglumatlar bilen Watanymyza dolanyp barsak, biziñ günämiziñ geçiläýmegem ahmaldyr" diýen pikirini dogry tapdylar. Ýöne aradan birki gün geçeninden soñ Wafaýewiñ göwnüne bir çiglik aralaşyp: "Jemşit meni eltip göni DSU-nyñ goltugyna dykaýmasyn. Beýle etmek onuñ hyýalynda bar bolsa, sowet konsullygyna barmakdan çekinmezdi ahyryn. Ýok, Jemşit wepaly dost bolmaly, olam sowetleriñ beren ejirini menden az çeken däl bolsa gerek" diýip, ilki biraz şübhelenenem bolsa, soñra ol şübhäniñ dogry däldigi barada pikir edipdi. Şol günleriñ birinde kafe bir türkmen adam gelipdi, onuñ ýüz keşbi Wafaýewe tanyşdy, ol ony Esengulyda köp görüpdi. Oña Potan Dürlüýew diýýärdiler. Ol içinden ýalyn geçen mekir adamdy. Ony öz gaýygy bilen Krasnowodskide, Çelekende, hat-da parslaryñ kenar ýakasynda hem görenler bardy. Onuñ hiç bir garşylyksyz ol ýerlere neneñsi barýandygyny Alladan başga bilýän ýokdy. Potan hem Wafaýewi tanapdy, ýöne tanaýandygyny adamlaryñ arasynda bildirip durman, sesini çykarman çaý içip turup gidipdi. Ol bu ýere näme üçin geldikä? Orazmämmet onuñ DSU-nyñ agentidigi barada eşidipdi. Ol Jemşit ikisini gözläp ýören bolaýmasyn? Wafaýew Potana müñkürlik edýändigi barada aýdanynda Mämmedow hem howatyrlanypdy. Ýöne sähel salymdan onuñ ýüzi açylyp: - "Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna" diýipdirler. Biz onuñ üsti bilen gepleşikler geçireris. Eger ol organ üçin işlemeýän bolsa, onda ol ýönekeý adam hökmünde biziñ haýyşymyzy gowşurar. Biz ondan gorkmaly däl, parslaryñ häkimi biziñ bu ýerde ýaşaýandygymyzy bilýär, onuñ bu ýerde bardygyny bolsa bilenok. Eger ol bizi yzarlaýan bolsa, onda ol bu ýere aç-açan gelmezdi. Oña bir zat gerekdir. Ýöne ol bizden ýa-da parslardan çekinýändigi sebäpli hem şeýle edendir - diýeninden soñ Wafaýewiñ göwnündäki müñkürlik zym-zyýat bolupdy. Olar garaşmagy makul bildiler. Eger onuñ özi gelmese-de, ony nireden gözläp tapyp boljakdygyny Wafaýew bilýärdi. Ýöne ol gözletmän agşamara kafe ýapylmazynyñ öñüsyrasynda özi gelip, olardan agşam ýatara ýer bermeklerini haýyş edipdi. Pars häkimiýetiniñ düzgüniniñ berkligi, esasanam ol düzgüniñ Asrtabatda berkligi sebäpli oña ýatara ýer bermäge çekinip ýaýdanýardylar. Potan Nury ahunyñ iberen salamyny gowşuryp, Täçmuhammediñ iberen hatyny bereninden soñ olar oña ynanypdylar... Olaryñ aralarynda özara gürrüñ başlan badyna Jemşit Mämmedow öwrümli gürrüñleriñ üsti bilen sorag berjek bolup azara galmady-da, oña gös-göni sorag berdi: - Siz GPU-a gulluk edýärsiñizmi? - Türkmenistandan gelýän her bir adam GPU-nyñ agenti bolýan bolsa, onda sizem agent bolmaly-da - diýip Potan Dürlüýew göni jogap bermekden kesä sowuldy. - Meniñ bu ýerdedigimi ol tarapyñ adamlarynyñ biri hem bilýän däldir. "Ýat itiñ guýrugy ýamzynda" diýlişi ýaly, men bu ýerde gorkýaryn, çekinýärin... Potan Dürlüýew özi barada olaryñ hiç kime hiç zat aýtmazlyklaryny haýyş edip 100 tümen çykaryp berdi, eger olar dillerini dişleriniñ añyrsynda saklap, asuda bolmaklaryny dowam etseler ýene-de pul berjekdigini aýtdy. Pullary gaýgysyz sowurmagy onuñ gizlin harytlar bilen iş salyşýandygyndan habar berýärdi. Beýle adamlara bolsa iki tarapyñ häkimiýeti hem berk jeza berýärdi. Mämmedow Dürlüýewe doly ynam etmeýärdi, emma Wafaýew oña ynanýardy. Içinden bolsa: "Belki, onuñ üsti bilen çagalarymam getirip bilerin" diýip umyt edýärdi. Dogrudanam, ol ýük getirýän bolsa ýüküñ ýany hem adamly bolmaly ahyryn. Ätiýaçdan ötri Wafaýew ony yralap görmegi makul bilip: - Biz hiç ýerde dilimizi ýarmarys. Ýöne sen hem hiç ýerde diliñi ýarmajakdygyñ barada wada ber - diýdi. Dürlüýew kasam etdi. Soñra olaryñ arasynda kafeniñ jaýyny göwrümi uly bolmadyk harytlaryñ getirilip äkidilýän ýerine hem-de ynamdar adamlaryñ duşuşmaly ýerlerine öwürmek barada gürrüñ bolup, jaýyñ hakynyñ näçe bolmalydygyny hen kesgitlediler. Ýöne Dürlüýew olardan nämedi bir zady ýaşyrýan ýalydy, eger onuñ olardan gizlin syry bolmasa, Astrabada gelmegini gizlejek bolmagyñ geregi ýokdy. Belki, ol Wafaýew bilen gürrüñdeş bolanyny DSU-nyñ organlaryna buşlap, özüniñ bu ýere olardan birugsat gelenliginiñ üstüni örtmek hyýaly bardyr. Eger şeýle etse, onuñ täk özüne ummasyz peýdanyñ bolmagy ahmaldy. Dürlüýew gitmekçi bolan mahalynda Wafaýew hem näme bolsa şo bolsuna urupdy. Ol: - Senden haýyş edýärin. Meniñ Pariž bilenem, iñlisler bilenem, Sowet döwletine garşy beýleki döwletler bilenem baglanyşygym bar. Sen şol barada aýdylmaly adamlara aýt. Men olaryñ Asrtabatda we Eýranyñ beýleki etraplarynda alnyp barylan duşmançylykly hereketlerini bilýärin. Men SSSR üçin gymmatly maglumatlar alyp biljek. Bu ýurtda razwedkaçy bolmak kyn däl, bu ýeriniñ çinowniklerini pula satyn alyp bolýar. Puluñ bolsa bu ýurtda halan ýeriñe baryp, halan adamyñy bilbil ýaly saýratmak bolýar. Astrabatda meniñ oñat tanaýan bir adamym maña iñlisleriñ razwedkasy üçin işlemegi teklip etdi. Ýöne men oña entek razylyk beremok. Bu ýagdaýa DSU-nyñ nähili garajakdygyny bilesim gelýär... - diýdi. Elbetde, Wafaýew özüniñ gerekli we ähmiýetli adamdygyny nygtap görkezmek üçin toslamalara ýüz urupdy. Onuñam sebäbi bardy, ol şunuñ ýaly gözsüz batyrlyk etse, ol batyrlyk DSU-nyñ organlaryna burnuny sokmaga nepi deger diýen umyt edýärdi. Ol öñki aýdanlaryny tassyklamak maksady bilen sözüni dowam edip: - Men adam tanamakda şol ugurdan ençe ýyl işlän adamlardan pesdirin öýdemok. Meniñ adam tanaşyma, goý, DSU organlaru kesgitleme bersin. Astrabatda ýaşaýan Baýly Tarhanow diýen türkmeniñ DSU-nyñ agentidigini[1] bilýänligim hem oña şaýatlyk edip biler - diýdi. Ol şol sözüni aýdan mahalynda Jemşit Mämmow oñaýsyz ýagdaýda ýüzüni aşak saldy. Emma Wafaýew dostuna üns hem bermän: - Baýly Tarhanowy öz sözünde tutup oturmaly. Onuñ ýaly köwek adamlardanam bir agent bolarmy? - diýip, aýdýan sözlerinw Jemşidiñ nähili garaýandygyny anyklajak bolýan ýaly oña tarap seretdi, soñra ýene Dürlüýewe garap sözüni dowam etdi. - Onsoñ meniñ ýanymda dostum Jemşit Mämmedowyñ hem bardygyny aýt. Men ony örän oñat tanaýaryn, meniñ ondan gizleýän zadym ýok. Ol oñat adam, umumy ie uly goşantlar goşup biljek adam. Oña her hili işde bil baglamak bolar. Şu wagta çenli sesini çykarman oturan Jemşit Mämmedow bir Wafaýewiñ, bir Dürlüýewiñ ýüzüne seredip: - Hemmesi onuñ ýadynda galarmyka? Potan ýazyp alsa gowy bolmazmy? - diýip sorady. - Ýazgy diýilýän zat bolmaly däldir - diýip, Wafaýew, göýä diýersiñ, eýýäm gizlin gullugyñ işgäri bolan ýaly kesgitli aýtdy. - Ol ýazgy biriniñ eline düşse, biziñem, onuñam işini gaýtarar. Diñe ýat tutmaly. - Meniñ düşünişime görä, siz şu ýerden basymrak gideniñizi gowy görýärsiñiz öýdýän? - diýip, Dürlüýew ondan sorady. - Dogrymdan gelsem, men-ä siziñ şu ýerde bolanyñyzy gowy görýärdim. Wafaýew çala ýylgyryp: - "Geçä jan gaýgy, gassaba ýag" diýipdirler. Sen biziñ haýyşymyzy ýerine ýetir, soñuny soñ görübereris. - Men siziñ haýyşyñyzy ýetine ýetirerin. Aşgabat uzakda bolany sebäpli men ol ýere gidip bilmerin. Ýöne DSU-nyñ Esengulydaky ygtyýarly wekili çypar saçly Polýakow bolsa gerek. Men oñ hemmesini aýdaryn - diýip, Dürlüýew turmak bilen boldy. Aradan bir hepde geçenden soñ kafe bir nätanyş adam gelip, Potan Dürlüýewiñ dogany Nurjandygyny aýdyp, Potan bilen Polýakowdan olara salam gowşurypdy. Bu ýagdaýa Wafaýew begenmegiñ deregine, gaýta howatyrlanypdy. "Onuñ ýaly habar, heý, beýle çalt gelip bilermi?" diýip pikir edýärdi. Jemşit Mämmedow onda dörän şübhäni aýyrmak maksady bilen: - Bu ýerde geñ galar ýaly zat ýok. Astrabatdan Esengula baryp gelmek üçin bir gije-gündizdenem az wagt gerek ahyryn... Görýän welin biz onuñ... Polýakowyñ ünsüni çekipdiris. Şeýle düşünjeli, akylly-başly agent olaryñ haçan duş gelen zady. Sen bilimli, ofiser, harby işlerden habarly, etjek işini bilýän adam. Menem ol diýen samsyk däl ahyryn - diýip, sözüniñ soñuny degişmä salyp güldi. Wafaýew eginlerini ýazyp, begenmekden ýaña tas gygyrypdy. Kalbynda hilegärlik düşnügi bar adam öwgini halagyç bolýar. Bu olaryñ gowşak tarapydy. Nurjan agasy ýaly däldi, köp geplänokdy. Daş sypatynda-da, özüni alyp barşynda-da organ wekiline mahsus hiç bir alamatlar ýokdy. Ol diñe Polýakowyñ: "Öz maksatlaryny hat üsti bilen beýan etsinler. Merkez boş sözlere ynananok. Eger häkimiýete garşy adamlar bolmasalar, DSU-dan näme isleýändiklerini aýtsynlar" diýen sözlerini bulara gowşurypdy. O.Wafaýew wagt ýitirmän hat ýazmaga başlapdy. Ol özüniñ hem-de dosty Jemşit Mämmedowyñ adyndan ýazan hatynda geçmişde goýberen ýalñyşlyklaryna ökünýändiklerini, indiden beýläk Kommunistik partiýa we Sowet häkimiýetine wepaly hyzmat etjekdiklerini aýdýardy. Eger sowet hökümeti olaryñ janlaryby goramaga kepil geçýän hat berse, DSU-nyñ organlarynyñ gizlin gullugynyñ agentleri bolup, baý maglumatlar toplap öz günälerini ýuwmaga taýyndyklary barada gürrüñ berýärdi. Eger olaryñ islegleri kanagatlandyrylsa, DSU-nyñ razwedka işlerini nähili alyp barmalydyhy baradaky gollanmasyny ibermeklerini haýyş edýärdi. Soñra haklarynyñ nähili boljakdygyny anyklamak dogrusynda ýazýardy. Wafaýew kellesi gyzyp maşgalasynyñ hem Eýrana geçirilmegini haýyş edipdi. Jemşit Mämmedow ahyrky sözleme garşy bolup: "Bu wagtdan olar ýaly zatlary haýyş etseñ, çekistleriñ saña ynanmazlyklary mümkin" diýipdi. Emma Wafaýew öz diýenini edipdi, onuñ pikiriçe, eger maşgalasy hem Eýrana geçirilse, onuñ sowet razwedkasynda düýpli işlejekdiginw subutnama bolmalydy. Meniñ pikirimçe, Wafaýew oñat razwedkaçy bolmalydy. Ol örän synçydy, (ýogsa-da onuñ Eýrandaky sowet agentleriniñ birnäçesini ýalñyşman tanandygyny tassyk edýän dokumentler bardy) edil artist ýaly, bir häsiýetden başga häsiýete geçip bilýärdi, öwrüm etmek, hile gurmak ýaly ukyplary bolsa, onda agentlik işine diñe peýda getirip biljekdi. Sowet kontrrazwedkaçylary ahyryn Wafaýew bilen aragatnaşyk açyp bilipdiler. Olaryñ esasy maksady "dönügi" tutup Sowetleriñ territoriýasyna getirmekdi, toslanylyp tapylan guramanyñ hakykatdanam bardygy barada deliller toplamakdy. DSU-nyñ işgärleriniñ pikir edişlerine görä, Wafaýew türkmen intelligensiýasynyñ arasyndaky "jenaýatçylykly dildüwşügiñ" hem-de iñlis razwedkasy bilen baglanyşygynyñ bardygyny tassyklamalydy. Wafaýewiñ DSU-daky Eýrandaky agentleri barada habar bermegi olaryñ abraýyna dil ýetirmek üçin däldi-de, özüniñ duýgurlyk ukybynyñ güýçlüdigini magtamak üçindi, emma oña ol manyda düşünmändirler. Polýakowdan jogap haty gelipdi. Ol: "Dostlara salam! Siziñ we Siziñ dostuñyzyñ gelen pikiri päk ýürekden gelnen pikirdigini tassyk etmek añsat däl. Ýöne Potanyñ Size kepil geçýänligi sebäpli men hem Size ynam bildirýärin".[2] Polýakow hatynyñ dowamynda olara hiç hili kesgitli wada bermän, olaryñ teklibini merkeze ýetirjekdigini, şol döwürde Wafaýew dagynyñ sowet häkimiýetine wepaly hyzmat etjekdiklerine güwä geçer ýaly "material toplamaga" üns bermelidikleri barada ýazýardy. Hatynyñ ahyrynda bolsa ähmiýet berilmeýän äheñde duşuşygyñ wagtyny we ýerini özleri üçin amatly bolar diýip hasap edýän ýerlerinde belläp biljekdiklerini aýdýardy. Polýakow diýseñ oýlanyşykly hem-de seresaply hereket edýärdi. Ol hatynyñ bir ýerinde: "Dostuñ baradaky meseläni (J.Mämmedow barada) özüñiz çözüp bilersiñiz. Ýöne seresap boluñ" diýýärdi. Hatynyñ başga bir ýerinde bolsa, Wafaýewiñ gowşak taraplaryndan habarly bolany üçin ony götergileýärdi: "Siz hemmetaraplaýyn sowatly bolanyñyz üçin Size gollanma gerekdir diýip hasap etmeýärin. Siz gollanma mätäç adam bolmaly däl. Onsoñam häzirki wagtda gollanma ibermegiń howlpy bolmagy hem ahmaldyr..."[3] Çekistler Wafaýewi iki tarap üçinem işleýän bolaýmasyn diýip pikir edýärdiler. Şol sebäpli hem olar oña DSU-nyñ gollanmasyny ibermändiler. Onuñ ol gollanmany iñlis konsullygyna ýa-da Mustafa Çokaýewe sataýmagy bolup biljek zatdy. Mustafa Çokaýewiñ eline gollanma düşse, ony žurnalda çap etjegi ikuçly däldi.. Iki tarap hem töwekgelçilik edýärdi. Wafaýewiñ DSU-nyñ toruna düşmegi ahmaldy, çekistleriň bolsa daşary ýurtdaky agentleriniň üsti açylyp, halkara dawanyň turmagyna sebäp bolmaklary mümkindi. Çekistler Wafaýewiň maşgalasy bilen basymrak duşuşmak arzuwynyň güýçlüdigini hem-de sowet agneti boljak bolup guran hilesi ugruna barandygyna ynanmagy onuň iru-giç Polýakow bilen duşuşmaga geljekdigine bil baglaýardylar. Şonuň üçinem olar howluganokdylar. Olaryň pikiriçe, gapanyň meňini çokan guşuň gapana düşüşi ýaly, onuň hem ahyryn gapana düşjekdigine ynanýardylar. Astrabat bilen Aşgabadyň aralygynda hat gatnawy başlapdy, iberilýän hatlar ilki Polýakowa baryp, soň Aşgabada ugradylýardy. O.Wafaýew bilen J.Mämmdow maglumat toplamaga girişipdiler. Olar ýerli türkmenleriň ýagdaýlary barada hem-de ol ýerdäki basmaçylar hereketleriniň käbir ýolbaşçylarynyň Hywa bilen, Türkmenistan bilen, Jüneýit han we onuň ogly Eşşi han bilen baglanyşyklarynyň bardygy baradaky maglumatlary, “Ýaş Türküstan” žurnalynyň iki toplumyny hem-de bir haty bärik aşyrmak üçin arada gatnaýana tabşyrypdylar. Ol hatda Wafaýew iňlis konsullygynyň özi we dosty Mämmedow bilen gyzyklanýandygyny, şol sebäpli yzlaryna adam salnandygy barada aýdýardy. Elbetde, onuň beýle diýmegi özleriniň geregini artdyrmak üçin diýlendigi bildirip durdy. Sebäbi eger olar, dogrudanam, gereklenip, kontrrazwedkaçylaryň nazaryna düşen bolsalar, onda olar suwuň ýüzünde gaýmalaman, onuň düýbüne çümmeli bolardylar. Hatynyň dowamynda bu meseläni Merkeziň basymrak çözmegini haýyş edýärdi, onuň bilen birlikd ehem özlerini pul serişdeleri bilen üpjün etmeklerini sorap: “ähli banklardan, hatda Eýranyň çäginden daşardaky banklardan hem halan wagtyň gerek puluňy alar ýaly” çek kitapçasy bilen üpjün edilmegi barada aýdýardy. Bulardan hem daşgary Wafaýew: “Meniň uly aýalym Annagüli, oglum Kerimi, gyzym Şadyýany Kümmete göçürip getirmegiňizi erjellik bilen haýyş edýärin. Eger olar bu ýere gelseler, häkimiýetiň öňünde meniň abraýymyň artmagyna täsir eder” [4] diýýärdi. Bu iki dost ilki bada hat ýazanlarynda atlarynyň we familiýalarynyň deregine diňe olaryň baş harplaryny goýan bolsalar, indi olar özlerine lakam saýlap alypdylar. Wafaýew – Stambul, Mämmedow ilki “Krasnowodski”, soňra “Krasnyý” bolupdy. Çekistler Wafaýewi ürküzmezlik üçin onuň duşuşygyny bilgeşleýin yza çekýärdiler. Polýakow bolsa onuň dosty Mämmedowyň ynamdar adamdygyna doly ynamy bolmansoň, ikirjiňlenýän kişi bolýardy. Emma Wafaýew Mämmedowa tüýs ýürekden ynanýandygy sebäpli duşuşykda bolup bilmejekdigine gynanyp: “ol duşuşykda bolup bilmez, sebäbi ol kafede bolmaly boljak, onsoňam oňa Astrabadyň çäginden çykmaga rugsat berilmeýär” diýýärdi. Wafaýew Polýakow bilen duşuşmaga gideninde arada gatnaýan Nurjan bilen bile gidipdi. Olar ertesi daňdanlar dolanyp geler ýaly, agşam sagat altylarda ugrapdylar. Esengulynyň ýakynynda Eýran territoriýasyna degişli Nebitlije diýen ýerde Potan olary garşy alypdy. Onuň ýanynda iki sany esger bardy. Wafaýew keseki adamlara gözi düşenden howatyrlanyp: “Ýoldaş Polýakow nirede?” diýip sorapdy. “Alada etmäň, ony häzr görersiňiz” diýip, duranlaryň biri oňa jogap beripdi. Şeýlelik bilen Wafaýew sowetleriň territoriýasyna geçirilipdi. Şunlukda “Çekip çykarmak operasiýasy” tamam bolupdy. Ol waka barada doly gürrüň berýän materiallar nirededir bir ýerde arhiwde saklanýan bolmagy ahmal, şol sebäpli hem agenturanyň işleri bilen tanyşmak häzirlikçe başartmandy. Men bu wakany beýan edenimde çeperçilik ugruna baş goşman, diňe dokumentler esasynda beýan etmegi niýetime düwüpdim. Ýöne agentura işleriniň käbir göçürmeleriniň derňew dokumentleriniň arasyna düşmegi meniň çeperçilik taýdan pikir öwürmegime az-owlak itergi beripdi. “Magaryfçylar” diýen 29960 nomerli arhiw işinde şeýle diýilýär: “Ony (Wafaýewi) daşary ýurtdaky agentleriň üsti bilen ilki döwet serhedine golaýlaşdyrmak, soňundan bolsa sowetler territoriýasyna geçirmek üçin onuň Eýran territoriýasynda bolup, biziň tarapymyza işlemek oýny gurlupdy, bu mesele barada gürleşmäge gelen mahalynda ol tussag edildi. Bu teklibi Wafaýewe ýetirmek üçin “Nau” diýen lakamly agent iberilipdi. 26-njy aprelde bolsa “Nury” lakamly agent Astrabada iberilipdi.” [5] Sorag edilýän mahalynda Wafaýew gatnaşyk eden agnetleriniň birine-de müňkürlik etmändigini, olara çyny bilen ynanandygyny aýdypdy. “Isa” lakamly biriniň habar bermegine görä, Wafaýew Solowka lagerine düşeninden soň şeýle diýipdir: “Bir gezek myhmançylykda bolanymda meniň elimi-aýagymy sarap halta saldylar-da, SSSR-iň territoriýasyna geçirdiler”. “Tuarow” lakamly başga bir şugulçynyň habar bermegine görä, Wafaýew özüniň Eýran territoriýasyndan oguralnylyp gaýdylyşy barada gürrüň beripdir. Hamana, bärden Eýran geçip, onuň öýünde hyzmätkär bolup ýören bir zenan oňa dönüklik edip, ony satanmyş”. [6] Wafaýewiň sowetleriň topragyna gadam basanyna iki hepde bolup bolmanka Daşkendiň içki türmesinde ol ýüzleşdirilipdi, kim bilendir öýdýärsiňiz? Jemşit Mämmedow bilendi. Bu ýagdaýa haýran galan Orazmämmet Wafaýew dostunyň beýle güne düşenine çuňňur gynanypdy. Ýöne ol ilki bada gynanypdy, Mämmedow heniz gürlemäge başlamanka gynanypdy... Jemşit Mämmedow öz “dosty” barada edil eşaşakdan gaýdan ýaly gören-eşiden zatlarynyň hemmesini aýdýardy. Mämmedowyň güwä geçmegine görä, Wafaýew sowet razwedkasynda işlemekçi däldi. Ol DSU-dan bäş ýüz tümen almak üçin gurlan hiledi, pullary alandan soň bolsa Maşada ýa-da Ankara gaçyp gitmelidi. Jemşit özüniň düýnki “dostuny” agyr jenaýatlarda aýyplaýardy. Onuň “Türkmenistandaky basmaçylar hereketine hemaýat edendigini, basmaçylaryň serdary Hak Myrat onuň çagalykdan bäri dosty bolansoň, oňa rewolýwer sowgat berendigini, soňra bolsa ondan öz maşgalasyny bu ýere getirmegi haýyş edendigini aýdýardy”. [7] “Dostunyň” garaşylmadyk ýagdaýda beýle haýynlyk etmegi Wafaýewiň huşuny başyndan uçurypdy. Ol oňa näme diýjegini bilenokdy. Onuň pikiriçe: Jemşit ýa aklyndan azaşan bolmalydy ýa-da ýüzleşdirilmeziniň öň ýanynda onuň eýi ýetirilen bolmalydy. O.Wafaýew aljyraňňy ýagdaýda: “Men oňa ol zatlary diýmändim. Ol ýalan sözleýär, men onuň ýaly zatlary bilemok. Ol meniň duşmanym bolmaly däl, ol meniň dostum bolmaly” [8] diýip hüňürdäpdi. 1956-njy ýylyň 16-njy martynda Jemşit Mämmedowdan edilen soragyň protokoly meniň öňümde ýatyr. Ol 1893-nji ýylda eneden bolan, ozal söwda ugrunda işlän, pensiýa çykan, iki gezek sud edilen. Soňra öý adresi, maşgalasy, gelip çykyşy we ş.m. Ol Wafaýew barada şeýle diýýär: “Men 1932-nji ýylda özüm hem-de Wafaýew barada dogry maglumat berenem bolsam, hemmesini doly aýdyp bermändim. Men Wafaýewi 1921-nji ýyldan bäri tanaýaryn. Krasnowodskide tanyş bolupdyk. Ýigriminji ýyllarda men Türkmenistanyň DSU-nyň organlarynyň gizlin işgäridim, onsoň olaryň tabşyrygy boýunça Wafaýew barada bilýän zatlarymyň hemmesini olara aýdýardym. 1930-njy ýylda Wafaýew Türkmenistandan gaçyp gidendinden soň organlar meni şol ýere ugratdylar. Meniň wezipäm Wafaýewi yzyna dolamaga yrmakdy. Men ol tabşyrygy 1932-nji ýylda ýerine ýetirdim. Wafaýew Eýran territoriýasyndan Türkmenistana geçirilip tussag edilipdi we işi suda berlipdi. Men Wafaýewiň Eýranda ýaşaýşy we edýän işleri barada wagtly-wagtynda degişli organlara ýetirip durýardym...” [9] Wafaýew öz “dostuny” teýi-teýkary bilen tanap bilmedimikä? Belki onuň nähili adamdygyny aňandyr? Ýöne J.Mämmedowyň öz roluny örän inçelik bilen oýnap bilendigini belläp geçmek gerek. Maşgalasy bilen birikmek baradaky arzuw-hyýaly ozal hem Wafaýewiň kalbynda köräp-tutaşyp durdy, J.Mämmedow bolsa baryp köräp duran kalbyna ýag guýupdy. Onsoň ol özüni awlatjak bolýan awçylar bilen duşuşmagyň ýollaryny agtaryp başlapdy. Şu waka bilen baglanyşykda men organlaryň gizlin işleýän agentleri saýlap alyşlaryny birhiliräk görüpdim. Mämmedow iki gezek sud edilen adam ahyryn. Mämmedow nähililik bilen çekistleriň ünsüni özüne çekip bildikä? Ol Wafaýew bilen köneden bäri dost bolup onuň ynamyna giren adam bolany üçinmikä? Ýa-da ozal birnäçe gezek sud edilen adamy serhetden geçirmek aňsat bolany üçinmikä? Näme üçin olar laçynyň deregine gargany saýlap aldylarka? Asyl bu zatlaryň aňyrsy daşdan gaýdýan bolsa nätjek. Baryp 20-nji ýyllaryň başlarynda wafaýew Krasnowodskide işläp ýören mahallary Mämmedow onuň yzyna düşüp ugran eken. Entek Türkmenistan SSRi-i “özbaşdak” döwlet diýlip yglan edilmänkä, durmuşda hem işde heniz aýagy ýer tutmadyk bir adam geljekde onuň graždany boljak diýlip yzyna adam salmak nämä gerek bolduka? Döwletiň ynamyna giren bir kezzap-ogry hatly-sowatly, akylly-başly adamdan döwlete köp peýda berer öýtdülermikä? Bularyň hemmesi döwlet bähbidi aralyp edilmän, türkmen intelligentleriniň arasyna agzalalyk keselini ýaýratmak üçin edilen zatlardy. Täze döreýän bu sistema jemgyýetiň öňki ugruny üýtgedip, ony bulaşyklyga salmalydy, adamlaryň öňki ýörelgeleriniň öňüne böwet basyp, olary pikirlenmek ukybyndan, ar-namysdan mahrum bolan, seslerini çykarman buýrulan ýumşy edip ýören gullara öwürmelidi. j.Mämmedow beren maglumatlarynyň birinde, hiç ähmiýet bermän mesawy gürrüň äheňinde: “Ol (Wafaýew) lagerde öldi diýip eşitdim”[10] diýýär. Onuň aýdan bu sözleri süňňümi elendiripdi. Eger J.Mämmedow şu wagta çenli diri gezip ýören bolsa, men onuň garagyna dikanlap seredip “Size bil baglan, sizi ýakyn dosty hasap eden adamyň ölmegine sebäp bolanyňyz üçin Siziň kalbyňyz, ynsabyňyz Size ezýet berenokmy? Wafaýew ýaly ençeme bigün adamlar türmelerde, lagerlerde jebir-sütem çekip ýören ýyllary siz nähili işler bilen meşgul bolýardyňyz? 1937-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda wafaýewiň, S.Öwezbaýewiň we ýene-ýeneleriň atylyp öldürilen gussaly güni siz näme işleýärdiňiz?” diýip sorardym. Ol soragyma onuň näme jogap berip biljekdigi belli däldi. Ýöne şu ýerde meni bir zat begendiripdi. Sebäbi men “Krasnowodski”, “Krasnyý”, “Nau” lakamlaryny göteren ol haramzadanyň hakyky ady bilen familiýasyny alman, toslama at ulanypdym. Elbetde, atalarynyň şeýle wenezzyna bolandygyna çagalary günäkär däl. Şeýle bolansoň atalarynyň ýurt ýykan haramzada bolandygyny çagalary berin bilmesinler diýip, onuň adyny we familiýasyny üýtgedipdim. __________________________ [1] Tarhanowyň ady we familiýasy üýtgedilipdi. Wafaýewiň adyny tutan adamsy, dogrudanam, DSU organynyň “Hodok” lakamly gizlin işgäridi. Şol ýerde, t. 2. 12., sah. 223; [2] Şol ýerde, t 12, sah 225; [3] Şol ýerde, t 12, sah 225; [4] Şol ýerde, t 12, sah 230-231; [5] Şol ýerde, t 12, sah 223; [6] Şol ýerde, t 7, sah 6; [7] Şol ýerde, t 7, sah 6; [8] Şol ýerde, t 4, sah 10-11; [9] Şol ýerde, t 12, sah 515; [10] Şol ýerde, t 12, sah 515. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||