13:45 Syrly toslamalaryñ pidalary: Ata we ogul | |
▶ 15: ATA WE OGUL
Taryhy makalalar
Bu oçerkde täleýi ters gelen ata bilen ogluñ hasratly ömri barada söhbet açylýar. Ata bilen ogul çaýkanyp duran biynjalyk asyrmyzyñ aýry-aýry döwürlerinde ýaşasalaram olaryñ ömür ýolunda nähilidir bir meñzeşlik bardy. Olar hem öz döwürdeş adamlary ýaly adamdy. Olarda hem öz döwürdeşlerine mahsus bolan gylyk-häsiýetler bardy. Daşyndan göräýmäge, olaryñ ilden üýtgeşik ýeri ýokdy. Olar özleriniñ manyly ömrüni döwürdeşlerine mähir-muhabbet paýlamaga sarp eden kalby päk, Watana hem-de borçlaryna wepaly adamlardy. Ataly ogluñ kysmatyna ýazylany şeýlemi ýa-da gara güýç olaryñ maşgalasynyñ üstünden betbagtlyk labyryny inderdimi, garaz, atasy otuz bäş ýaşynda, ogly elli dört ýaşynda bu dünýäden ötdi. Özüñe mähriban adamyñ biwagt armanly ötmegi onuñ yzynda galan adamlaryñ ýüreginde hiç wagt bitmejek ýara galdyrýandygy, ol ýaranyñ hem yza tyglarynyñ kem-kemden onuñ ömür tanapyny kertmek bilen bolýandygy biziñ hemmämize mälim bolsa gerek. Atasy 20-nji ýyllarda partiýanyñ agzasy boldy, partiý tüýs ýürekden ynanýardy, ýurtda höküm sürýän kada-kanuna laýyk gelmeýän jebir-sütemlerden Staliniñ habary ýokdur diýen ynam bilen kommunist hökmünde gurban bolupdy. Atasynyñ päkligi barada oglunda çigdiñ gabygy ýaly hem şübhe ýokdy, ýöne ol atasy ýaly partiýa tüýs ýürekden ynanmaýardy, ol partiýadan hem-de onuñ syýasatyny alyp barýan işgärlerden nägiledi. Ölende jübüsi partiýa biletli ölenem bolsa, ol: "Halkyñ iñ oñat ogullaryny atyp öldüren partiýa nähili partiýa bolýarka?" diýerdi. Bu zatlar neneñsi boldy? Oña kim günäkär? Bu sowallara jogap tapmaga synanyşmakçy. Jogaplar jaýdarmy ýa-da jaýdar dälmi - oña okyjylar baha bersin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |