13:43 Syrly toslamalaryñ pidalary: Epilogyñ ornuna | |
▶ 14: EPILOGYÑ ORNUNA
Taryhy makalalar
Öz döwründe türkmen taryhynda haý-haýly waka turzan "TA" baradaky söhbetde şol agyr ýyllarda dowzah hüjreleriniñ ählisine girip-çykyp, ahyram diri galanlar barada ýatlamasak, ol söhbet doly däl ýaly bolup durjak. Ýöne, gynansagam, gürrüñi edilen ol 35 adamyñ biri hem diri galmady. Olaryñ birnäçesi öz ajalyna öldi, birnäçeleri derñew işleri gidip ýörkä öldi, birnäçeleri türmelerde, lagerlerde, sürgünlikde öldi. "TA-1"-de diri galanlary 1937-1938-nji ýyllarda täzeden toslanan "TA-2"-de süpürlip, otdan alnyp ýalynyñ içine oklanypdy. Tussag edilen 35-leriñ 15-ine atuw jezasy berlipdi. Olaryñ diñe biri, aralaryndaky iñ ýaşy 1907-nji ýylda doglan Süleýman Turaýew tussaglykdan azatlyga çykypdy, öýlenen öýli-işikli, çagaly-çugaly bolupdy. Ýöne Beýik Watançylyk urşy başlan badyna beýleki azat adamlar bilen bilelikde fronta gidipdi. Ol ýerde gwardiýa leýtenanty derejesine ýetip, atly razwedkanyñ komandiri bolupdy. Şondan soñam, ýagny 1943-nji ýylyñ mart aýynda Leningrad oblastynyñ Lýahnowa obasynda wepat bolupdy. Onuñ wepat bolan ýeri bilelikde tussag edilen ýoldaşlarynyñ ençeme ýyl ejir çeken Solowka lagerinde uzakda däldi. Ýöne ýoldaşlary K.Berdiýew, O.Wafaýew, S.Öwezbaýew dagy uruş başlanmazdan köp wagt ozal atylyp öldürilipdi. Olaryñ iki-ýekesiniñ işi oñuna bolupdy. Oturmaly möhletlerini oturyp gelenlerinden soñ olaryñ hem hemmesi aklanyljak wagta ýetip bilmän, "halk duşmany" hökmünde bu dünýeden gaýdypdylar. Kakajan Berdiýewiñ işi bilen tanyş bolup otyrkam bir ýazga gabat geldim welin, edil ýüregime iññe sanjylan ýaly bolaýdym. Ol ýazgyda şeýle diýilýärdi: "Kakajan Berdiýew öldi. Onuñ hossarlaryny anyklap bolmady. Ýagdaý şeýle bolansoñ onyñ aklanandygy baradaky sprawka iberilmän galdy".[1] Indi, megerem, "halk duşmanynyñ" garyndaşydygyny gizläp durmagam gerek dälmikä diýýän. Ýöne adamlaryñ kalby howpdan, hederden şeýle bir doldurylypdy welin, olar soñky wagtlardaky aralaşan maýyllyga-da wagtlaýyn çaýylan güneşdir öýdýärdiler. Kakajan Berdiýewiñ maşgalasy bütin ýurt boýunça gözlenilip başlanylypdy. Ahyryn Kakajanyñ aýaly Antonina Iwanowna adamsy tussag edilenden soñ Moskwada ýaşap, uruş başlanmazyndan öñ aradan çykypdyr. Ejeleri bilen bile Moskwa giden bir gyzy bilen iki oglunyñ nirededigi belli däldi. Olar Moskwada ýaşamaýan ekenler. Respublikan organynyñ sorag hatyna berlen jogap şeýledi. Herki zat bolup biler, Watançylyk urşunyñ tozanly tüweleýi ähli öýlere aýlanyp çykypdy ahyryn. "Kakajanyñ doganlary, uýalary niredekä?" diýen sowal kelläme geldi. Ondan agtyk, çowluk galdymyka? Dokumentleriñ şaýatlyk etmegine görä, Kakajanyñ uly dogany Bekki aklanandygy barada sprawka gowşurylan wagty diri bolmalydy, ol 1964-nji ýylyñ mart aýynda Marynyñ sosial üpjünçilik bölümine baryp pensiýasyny düzedenmiş ahyryn. Ýöne ol wagtdan bäri hem Murgap derýasyndan ençeme suwlar akypdy... Men Berdiýewleriñ hem-de olaryñ garyndaşlarynyñ gözlegine çykmagy ýüregime düwdüm. Bapby Berdiýewiñ kysmatynyñ nähili bolandygy eýýäm aýandy. Olaryñ kakasy Emir aganyñ Daşkendiñ içki türmesinde kazasynyñ dolandygyny hem bilýärdim. Ýogalan mahalynda Emir aga 72 ýaşyndady. Bu adama patyşa deržawiýesiniñ türmesinde oturanlygy üçin hem oña duýgudaşlyk edilmändi, Döwlet Syýasy Uprawleniýesiniñ organlary ony "Obalary sosial taýdan täzeden gurmak işine garşy" diýip 1928-nji ýylda Demirgazygyñ gazaply sowuk ýurduna sürgün edipdi. Ol ýerde üç ýyl oturyp gelenden soñ bolsa, ony "rewolýusiýa garşy hem-de milletçi" hökmünde demir gözenegiñ añyrsyna salypdylar. Ýaşy bir çene ýeten adamyñ ýüregi beýle silterlenmelere çydam edip bilermi? Berdiýewleriñ maşgalasynyñ esasy sütüni Emir aga bilen onuñ ogullary bolmalydy. Bir dokumentde olar Mary raýonynyñ Gökje obasynda dünýä inipdiler, başga bir dokumentde bolsa, olar Tejeniñ Babadaýhan obasyndan diýilýärdi. Hakyna seretseñ, tejenli diýlen halk bolmaly däldi, sebäbi ol ýere Ahaldan hem-de Murgap derýasynyñ kenarlaryndan göçülip barylypdy. Her niçigem bolsa, Berdiýewleriñ asly niredenkä? Men bu sowala jogap tapmak maksady bilen Wekilbazara gitdim. Ol ýerde Emir aganyñ agtyklarynyñ biri Kemal ýaşaýardy. Emir Berdiýew kesekiniñ hasabyna baý bolan adam däldi, topraga der döküp baý bolan adamdy. Ýaş wagtlary ýetim galyp, ejesi bilen Tejeniñ aýagujyndaky köneden galan Şabasan öwlüýäniñ ýanyna göçüp barypdy. Olar ýerleşen batlaryna ekin ekmek bilen bolman, öwlüýäni tertibe salypdylar, keramatly gojanyñ üstüne gümmez galdyrypdylar. Şondan soñ çöp basan ýerleri kem-kemden arassalap, ýerlerine-de ekin ekip hasyl alyp başlapdylar. Ol ýerde adam bolmansoñ, olar hiç zatdan gorkmaýardylar. Emiriñ ejesi Durdysoltan diýseñ edenli aýal bolupdyr. Onuñ gujur-gaýraty erkek adamlaryñky ýaly bolany üçin oña "Durdy gaplañ" diýen lakam berlipdir. Ömrüni Emiriñ kakasyna wepaly bolup geçiren ol aýalyñ ýasy guşagyna ak saply pyçagy gysdyryp ýörendigini hemmeler bilýärdi. Dünýäde oñat adamlaram kän. Alla hor etmejek bolsa, adamyñ edeni ugruna bolýar-da gidiberýär. Eneli ogul adam aýagy ýeterden uzakda otyrkalar günlerde bir gün patyşa Russiýasynyñ ýer ölçeýän hem-de ýeriñ hilini öwrenýän alymlary bu ýere gelipdi. Olar bu işi bütin Tejen okrugynda geçirmelidiler. Buýrulan işu yhlas bilen ýerine ýetirip el-aýak bolup ýören Emir bularyñ göwnünden turupdy. Onsoñ olar ony öz brigadalaryna alypdylar. Emir olaryñ üçaýak gurallaryny göterip, olardan galanokdy, çöpleme çöpläp çaý gaýnadyp berýärdi, gerek bolsa çörek hem bişirýärdi. Emir şeýdip işläp ýörşüne rus dilini öwrenendigini özi bilmän galypdy. Ruslaryñ ýer ölçeýän we toprak öwrenýän hünärmentleri bu ýeriniñ işlerini tamamlap gitmekçi bolanlarynda: "Emir, sen özüñe ýer saýlap al, sen öýlenmedik hem bolsan, saña ýer, suw bermek dogry bolmasa-da, seniñ patyşa hezretlerine hem-de rus hökümetine eden hyzmatlaryñ üçin gubernatordan seniñ üçin ýer aljak bolarys. Bu taýda ýerem köp, suwam. Suwuñ ýakasynda bolup heý-de ondan içmän oturmak bolarmy?" diýipdirler. Köneden gelýän kadadan çykylyp Emir öýlenmedik hem bolsa oña ýer beripdirler. Özem ol ýer gatladan uzakda däldi. Onuñ bu ýeri saýlap almagyna bile işleşen alymlaram kömek beripdi. Küpürsäp ýatan boz ýerdi, ondan altyn öndürse boljakdy. Emir bilen ejesi ol ýerden altyn hem öndüripdirler. Ilki bilen ol ýere Tejeniñ ak bugdaýy bilen küni ekipdirler. Ekinler edil Hydyr gören ýaly bitipdi. Onuñ ýaly hasyly ol etrapda bütin Türkmenistanda-da alan bolmandy. Emir ilkibada dowar edinipdi, düýe edinipdi, soñra soñra söwdanyñ çägi giñäp baý adamlaryñ biri bolupdy. Ol öz çagalaryny iñ uly baýlyk hasap edýärdi, olara guwanýardy. Onuñ dört aýaly bardy. Olardan alty ogul bilen bäş gyz önüpdi. Bapby, Bekki, Kakajan, Öwmat, gyzlardan Nabat, Akbäbek... garaz, on bir çagasy bardy. Şolardan diñe bir gyzy ~ Hurma eje diri galypdyr. Ol häzir Mary etrabynyñ Egrigüzer obasynda ýaşaýardy. Ol hem edil enesi Durdysoltan gaplañ ýaly, maşgala ojagyna wepaly aýaldy, durmuşa çykan badyna onuñ adamsy urşa gidipdi, Hurma eje henizem ojagynyñ oduny öçürmän adamsyna garaşyp otyrdy... Bu wakalary maña gürrüñ beren Kemal hem ýaş adam däldi, ol pensiýa çykypdy. Emir aganyñ dördünji ogly, ýagny Kemalyñ kakasy Öwmat hem tutha-tutlukda aman galmandy. Kakasy bilen uly üç dogany "Halk duşmany" bolar-da, heý, oña zat diýmezlermi? Ony "Türkmen Azatlygy-2" gatnaşandygy üçin 1938-nji ýylda tussag edipdirler. Bekki bilen Kakajan tussaglykdan boşap gelenlerinden soñ Kemallaryñ öýlerinde ýaşapdy. Olarda başga alaç ýokdy. Olaryñ öýleri-öwzarlary, eginlerinde eşikleri, jübülerinde pullary ýokdy, moral hem fiziki taýdan urlan zarbalar zerarly kalbyndaky umyt otjagazlary öçere ýakynlan bu adamlara urşuñ soñ ýanyndaky agyr döwürde ýaşamak diýseñ kyndy. Bekkide aýalam, çaga-da, gonalga-da, garaz, hiç zat ýokdy, sopbaş özüdi. Kakajanyñ hem aýaly ölenden soñ öýleri duw-dagyn bolupdy. Kakajanyñ uly ogly Konstantin uruş ýyllarynda harby lýotçik bolup Moskwanyñ eteginde gahrymanlarça söweşipdi, soñra Kurskiniñ golaýynda gurban bolupdy. Kiçi ogly Ýusup öz adyna we familiýasyna biraz üýtgeşiklik girizip, ýagny Iosif Konstantinowiç Berdiýew bolup Kiýewde ýaşaýardy. Onuñ adyna we familiýasyna üýtgetmeler girizmegi ony yzarlanmak belasyndan halas edipdi. Kakajan gyzy Swetlanany gözlejek hem bolmandy. Eger ony gözläp tapaýanda-da şol zamanda oña diñe gam-gussadan, ejir-emgekden başga zat berip bilmejegini bilýärdi. Ýöne onuñ, göwnüne bolmasa, gyzy diri bolmalydy, elbetde, ata ýüregi ony syzýandyr... Doganlar bedenlerinden lageriñ salan yzlary aýrylyp başlandan soñ gurplarynyñ ýetdiginden işe başlapdy. Kakajan raýon merkezinde feldşer bolup işleýärdi (onuñ beýle hünäri hem bar ekeni), Bekki bolsa dürli otlardan derman ýasamak işi bilen meşgullanýardy. Ol ýasan dermanlaryny ilki özünde synag edip görüp, soñra öýdäki adamlara-da assyrynlyk bilen berýärdi. Sebäbi ol wagtlar onuñ üçin hem tussag etmekleri ahmaldy. "Gorkana goşa görner" diýlipdir ahyryn. Kakajan aklanandygy baradaky haty alyp bilmän aradan çykypdy. Bekki bolsa göbek ganynyñ siñen ýeri Babadaýhan obasyna gelipdi. Adam garrandan soñ çagalyk ýyllarynyñ geçen ýerlerini küýsemegi bolup biljek zatdy, sebäbi çagalyk ýyllarynyñ ýatlamasy, megerem, ony öz erkine goýan däldir. Ýerli ilat ýaz paslynda hem-de güýz paslynda Emirbendiñ töwereklerinde egninden sumkasyny asyp, derman otlary çöpläp ýören intelligent sypatly gartaşan adamy görýärdi. Ol Bekki agady. Bekki aga bu ýere gelip, öz dogany Bapbynyñ aýalynyñ, ýagny öz gelnejesi Aksoltan ejäniñ, onuñ obada wraç bolup işläp ýören ogullary Firdöwsiniñ hem-de Taganyñ maşgalalarynyñ arasynda ornapdy. Men Aşgabada göçüp gelen Tagan Bapbyýewiñ öýüne bardym. Onuñ bäş gyzy bilen bir ogly bar ekeni. Ogluna-da kakasynyñ adyny dakypdyr. Giñ otagyñ diwaryndan gözüniñ nury gaçan äýnekli bir adamyñ suraty asylgy durdy. Meniñ oña ýiti-ýiti seredenimi Tagan añdy-da: "Bu Bekki agam bolmaly" diýdi. Biziñ gürrüñimiz Taganyñ kakasy Bapby, beýleki dogan-garyndaşlary hem-de çaga-çugalary hakda boldy. Tagan öz kakasyny çala, edil düýş ýaly bilýän ekeni. Ol kakasy barada Bekki aganyñ aýdanlaryny maña gürrüñ berýärdi. Onuñ kakasy Bapby rus-tuzem mekdebini tamamlapdyr, rus we pars dillerini oñat bilipdir, Daşkendiñ real uçilişesinre okaýarka jan saglygy zerarly öýlerine dolanyp gelmeli bolupdy. Bu ýerde kakasynyñ hojalyk işine kömek edipdir, söwda işleri bilen meşgul bolupdyr. Rewolýusiýadan soñ özbaşdak hojalyk bolup söwda edipdir, tussag edilmeziniñ öñ ýanynda "Türkmenhalysoýuz"-ynda işläpdir. Türkmede bäş ýyl oturandan soñ dolanyp Tejene gelipdir. Ol agyr kesel zerarly aradan çykanda Tagan birinji klasa gatnap ýören oglan eken... Çagalyk döwründe bolan süññüñi elendiren waka hiç wagt ýadyñdan çykmaýar. Şol wagtky gören zatlaryñ hemmesi kalbyñda surat bolup galýar. Tagan ol wagtlar ýaşajygam bolsa, öýlerine milisiýa bilen graždan eşikli organ işgärleriniñ kürsäp girendigini häzir hem ýadyndan çykarmandyr. Elbetde, organ işgärleri "halk duşmanlarynyñ" dogan-garyndaşlaryny göz astyndan sypdyrmandyrlar. Ýöne Tagan şol döwürde enebaşga iki sany uýasynyñ ~ Jahan bilen Ejebaýyñ Özbegistana sürgün edilenini bilmeýärdi. Ol uýalary häzir Gäwers etrabynyñ pagtaçylyk sowhozynda (8-PMK - t.b.) ýaşaýarlar. Bulardan hem başga Tagan kakasynyñ dogany Kakajanyñ Swetlana diýen gyzynyñ gözlenilip Moskwadan tapylandygyny, Kakajanyñ kiçi ogly Ýusubyñ kakasynyñ tussaglykdan dolanyp gelmegine garaşyp, Aşgabadyñ ýokary okuw jaýlarynyñ birinde işe ýerleşendigini hem bilmeýärdi. Kakajan tussaglykdan dolanyp gelipdi, ýöne esli wagt soñ gelipdi. Ýusup bu ýerse uzak durup bilmändi, sebäbi 50-nji ýyllarda türkmenleriñ paýtagtynda ýene-de basa-baslyk tolkuny çyrpynyp başlapdy. Ýusup bu başlan tolkunyñ bir çetiniñ özüne degjeginden howatyr edipdi. Ol tolkun üstüñden inen soñ seniñ sportda gazanan şöhratyñ hem peýdasy degjek gümany ýokdy. Ýogsa ol Helsinkide geçirilen Olimpiýa oýunlarynda gimnastika boýunça çempion bolupdy. 50-nji ýyllardanam 30-njy ýyllaryñ ysy añkap durdy. Beýleki alymlar, edebiýatçylar bilen bir hatarda belli türkmen filology, professor Baýmuhammet Garryýew hem tussag edilipdi. Ony milletçilikde aýyplaýardylar, sebäbi ol özüniñ ylmy işlerinde "Turan", "turanlylar" diýen sözleri köp ulanýarmyş. Derñew işini alyp barýan organ işgäri "Turan" diýen sözleri diñe añrybaşy milletçileriñ aýdýan sözleridigini, ol sözleriñ türkler tarapyndan toslanylyp tapylandygyny, ol sözleri rewolýusiýa garşy göreşýän añy zäherlenen pantürkçüleriñ aýdyp biljekdigini alyma düşündirýärdiler. Baýmuhammet Garryýew olaryñ berýän düşündirişine agzyny açyp haýran galypdy. Ol Ferdöwsiniñ meşhur "Şanama" poemasynda "Turan" ýurdy, turanly edermen goç ýigitler barada birnäçe setirleri aýtmakçy bolupdy, her niçigem bolsa, saklanypdy. Sebäbi ýöñkelýän pantürkçüligiñ üstüne panyslamçylygyñ hem ýöñkelmegi daşda däldi. Ol gündogarşynas rus alymy Bartolda[2] salgylanypdy. Derñew işini alyp barýan garşysyndan çykylanyna diýseñ gahary gelip: - Bes ediñ - diýip stoly ýumruklapdy. - Biz siziñ ol Bartoldyñyzam gysymymyza gysarys. Ony hem amana getireris. 30-njy ýyllardan bäri towuklaryna tok diýilmedik organ işgärleriniñ derñew işlerini alyp baryşlaram, añ-düşünjelerem, sowatlaram 30-njy ýyllardaky ýalydy. Tagan şol döwür barada gürrüñ berende: - Dogrymy aýtsam, häzire çenli meniñ kalbymda gorky howsala bar. Olar hiç wagt menden arany üzenok. Sebäbi gorky bilen howsala çaga wagtlarym meniñ kalbyma berk ornapdyr. Ejem pahyr çala bir şygyrdy bolsa, gapy kakylsa ýa-da bir nätanyş adam görse şeýle bir gorkýardy welin, hiç aýdyp-diýer ýaly däldi. Biziñ hemmämiz gorkýardyk. Mekdebe barylanda bolsa, atam baradaky goşgyny okaýardylar. Ony Ata Salyh ýazypdy öýdýän. Ol goşgynyñ dört setiri ýadymda - diýip, biraz pikirlendi-de goşgy aýtmaga başlady: Emir Hajy iñlise elin bulady Daşary ýurtlardan kömek diledi. Öwezbaý aljyrap lebin ýalady, Bolşewigi basyp bolmaz, ýaranlar. Tagan öz atasyny görmändi. Bekki aga bolsa kakasy barada oña gürrüñ bermeýärdi. Ýowuz durmuşyñ çarkandakly ýollary ony oñat silterläpdi. Pars, türk we birnäçe ýewropa dillerini bilýän akylly-başly sowatly hem alçak adam terkidünýä öwrülipdi. Ol wagtal-wagtal adamlardan daşrakda duranyny kem görmeýärdi. Sowet häkimiýeti ony gaty ynjydypdy. Onuñ bir wagtlar pikirdeş bolan, iş salşan ýoldaşlarynyñ tussaglykdan wagtyndan öñ boşap sowet häkimiýetiniñ görnükli adamlarynyñ arasuna garyşyp gidenleri hem bardy. Emma olaryñ biri hem onuñ halyndan habar almaýardy... Ol derman otlary çöplemäge ýa-da başga bir ýerlere gidip dolanyp gelenden soñ, göýä diýersiñ, bir zatdan heder edýän ýaly, ýuwaşlyk bilen: "Meni idän adam boldumy?" diýip soraýardy. Ony hiç kimiñ idemändigi aýdylandan soñ, ol göwnüçökgünlik bilen ýüzüni aşak salýardy. Ol Berdi Kerbabaýew ýa-da Garaja Burunow habar tutar diýip tama edýärdi. Olar bir wagtlar dost bolupdyrlar ahyryn. Bu babatda olara igenmek hem ýerlikli däldi, sebäbi döwür şeýledi. Döwür häzirem adamlaryñ isleg-arzuwlarynyñ öñüne böwet bolup çykýardy. Köp zatlary bilip, olary hem adamlara öwretmän bu dünýäden geçip giden adamy altyn-kümşüni, baýlyguny hiç kime bermän gömüp giden adama meñzedýärler. Bu meñzetme örän jaýdar meñzetme. Ýöne Bekki Berdiýewiñ gursagyndaky bilimler hazynasyna hiç kim mätäç däl ýalydy. Oña öwret diýýänem ýokdy, ondan öwrenjek bolýanam ýokdy. Ol hazynanyñ agzyny gurşap alýan durmuş berk bogupdy. Ýöne wagtal-wagtal şol bogundan syzyp çykýan ýönekeýje zatlaram Tagan üçin ýeterlik bolýardy. Ol şolar arkaly atasy Emir Hajy Berdiýewiñ iki gezek Mekgä gidip gelen hajydygyny, iki gezek Osmanly döwletine gidip gelendigini, patyşa Russiýasynyñ türmesinde bir gezek, sowet häkimiýetiniñ türmesinde iki gezek oturyp çykan adamdygyby bilipdi... Emir aga dindar adamdy. Ol Oraz Serdary aragy köp içýänligi sebäpli halamaýardy. Ol Oraz Serdar barada: "Akylly-başly adamlar käwagt bir bulgur içýän bolsa, ol birtopar bulgurlary arakdan dolduryp setirläp goýýardy-da, yzly-yzyna şolaryñ hemmesini içerdi" diýýärdi. Emir aga Eziz hana hormat goýýardy. Ýöne bir gezek Eziz han gelip oña: "Sen maña ogullaryñy ber, olar meniñ gol astymda serdar bolarlar" diýipdi. Emma goja öz ofiser ogullarynyñ häsiýetine belet bolany üçin: "Dünýe düzelişýänçä olar meniñ ýanymda bolsa gowy bolar" diýip, çalasowat daýhan serkerdesine jogap beripdi. Eziz hanyñ gahary gelip oña haýbat atjak bolupdy, emma, Emir aga ondan çekinmändi. Dabarasy dag aşan daýhan serkerdesi Eziz han Emir aga öz emrini ýöredip bilmeýärdi, sebäbi Emir aganyñ at-abraýy diýseñ uludy. Onsoñam Eziz hanyñ onuñ bilen arany bozasy gelenokdy. Aýtmaklaryna görä, 1908-1909-njy ýyllarda Emir aga agyr keselläpdir. Şonda Şükür bagşy gelip, onuñ ýanynda birnäçe aý bolupdyr. Bagşy pessaý aýdymlary aýdyp berer eken, saz çalyp, dessanlar, rowaýatlar aýdyp berer ekeni. Şükür bagşy hemme adamyñ ýanynda beýle uzak wagtlap bolmaýardy. Ol muny Emir agany çäksiz gowy görendigi, onuñ halk üçin gerek adamdygyny bileni üçin şeýle edipdi. Sylagly adamy hemmeler sylaýar, türkmenleriñ meşhur sazandasy Şükür bagşy Emir aga tä aýak üstüne galýança ýanyndan aýrylmaýar. Emir aga bu sylaga ýalançylyk, kezzaplyk, dönüklik bilen ýetmändi, ol bu sylaga öz halkyny sylany üçin, türkmeniñ mertebesinu belent tutanlygy üçin ýetipdi. Emir aga Osmanly döwletine gizlin ýagdaýda gidipdi, sebäbi akgwardiýaçylar türkmenleri ähli milletlerden gabanýardylar. Emir aga Osmanly döwletine baranda onuñ ýanyna köşk emeldarlary gelip, soltanyñ kabulhanasyna baranda özüni nähili alyp barmalydygyny, däp-dessurlary nähili ýerine ýetirmelidigini bilýändigini ýa-da bilmeýändigini sorapdyrlar. Eger şol däp-dessurlar ýerine ýetirilmese soltan bilen duşuşygyñ bolmajakdygyny aýdypdylar. Kalby päk, gönümel Emir aganyñ soltan bilen duşuşman göni yzyna gaýdyberesi gelipdi, ýöne, her niçigem bolsa, nähili däp-dessury ýerine ýetirmelidigini olardan sorapdy. Kabul edişlige baranda nähili hereketler etmelidigini olar görkezipdiler. Şonda Emir aga olara: "Türkmenler masgarabaz bolmany başarýan halk däldir. Men soltanyñ aýagynyñ astyndaky halyny öpüp bilmerin" diýip, jogap beripdir. Kabul edişligiñ başlanmaly wagty bolabda soltanyñ gaşynda Emir aga ýokdy. Soltan munuñ sebäbini anyklamak üçin: "Biziñ türkmen gardaşymyz näme üçin gelmedi?" diýip sorapdy. Köşk emeldarlary bolan gürrüñleri bolşy ýaly aýtman, sypaýyçylyk bilen tagaşyksyz türkmenleriñ däp-dessurlary ýerine ýetirip bilmejegini duýdurypdyrlar. Soltan ýylgyrypdyr-da tagaşyksyz türkmeni ~ Emir agaby hiç hili däp-dessursyz gös-göni kabul edipdir... Tagan niredendir bir ýerden gara portfel alyp geldi. Bu bir wagtlar Bekki aganyñ göteren portfelidi. Tagan onda maşgala suratlary bilen latyn elipbiýinde ýazylan bir depder çykardy. Şonda Wekilbazara baran wagtym Kemalyñ Bekki aga hakda aýdany ýadyma düşüpdi. Bekki, umuman, arapçadan latyn elipbiýine geçilmegine garşy eken. Bekki aga Berdi Kerbabaýewiñ biraz çekeräk durýanlygy üçin ondan göwün edýänem bolsa, onuñ döredijiligine ýokary baha berýärdi, esasanam "Aýgytly ädim" romanyny gowy görýärdi. Bekki aga bir gezek Hydyr Derýaýew bilen duşuşypdyr. Hydyr aga-da ýigrimi ýyla golaý tussaglykda bolan adamdy. Ýöne olar 30-njy ýyllardan bäri tanyşdylar. Şol duşuşykda Hydyr Derýaýew ondan: "Ykbal" romanyny okadyñmy?" diýip sorapdyr. Ol okandygyny aýdandan soñ, "Nähili gördüñ? Aç-açan aýt, aç-açan aýt" diýipdir. Şonda Bekki aga: "Çagalaryñ kürrä münüş öwredişi ýaly, roman örän sozulýar. Hemmesini bir kitap etseñem boljak eken" diýipdir. Hydyr Derýaýew sesini çykarmandyr, Bekki Berdiýewiñ herki zada hut öz garaýşynyñ bardygyny bilýänligi üçin ondan gaty hem görmändir. Tagan köp wagt geçendigi sebäpli saralyp giden suraty maña görkezdi. Onda Kakajan bilen Seýitmyrat Öwezbaýewiñ suraty bardy. Tagan başga bir surata seredip: - Biziñ maşgalamyz küşti gowy görýär, ol indi däp bolup galypdyr. Bekki agamyñ küşt boýunça Orta Aziýanyñ çempiony bolanyny şu wagt hiç kim bilýän däldir. Ol Botwinnik bilen hem oýnapdyr. Beýik küştçi Alýohin otuz adamyñ garşysyna oýnap seans berende Bekki agam onuñ garşysyna oýnanlaryñ biri eken. Şonda ol Alýohini utupdyr - diýip, guwanç bilen aýtdy. Tagan gara portfeliñ içini dörjeläp, eplem-eplem edilip goýlan kagyzyñ gatyny açyp, meniñ öñümde goýdy. Bu Turkwoentribunalynyñ Bekki Berdiýewiñ aklanandygy barada beren hatydy. Men arhiwde ol hatyñ göçürmesini görüpdim. Tagan kagyza seredip oturşyna: - Bekki kakam 1970-nji ýylyñ 9-njy ýanwarynda aradan çykdy. Ol ölmeziniñ öñ ýanynda şu haty maña berip: "Şu haty berk sakla. Men ölenimden soñ nähili döwrüñ boljagyny kim bilýär. Belki, saña "gaçgagy saklansyñ" diýmeklerem mümkindir" diýipdi. Biziñ gürrüñimiz uzaga çekipdi. Indi diñe Tagan gürrüñ berenokdy. Menem onuñ atasy, kakasynyñ doganlary barada gizlin dokumentlerdeb okap öwrenen zatlarym barada gürrüñ berýärdim. Men gürrüñe başlanymda Taganyñ ýüzüni gussa perdesi örtýärdi. Biz mesawy gürrüñ edýän ýaly äheñde gürleýärdik. Biziñ sesimiz pessaý bolsa-da içimizdäki galpyldy güýçlüdi, bu ýagdaý esasanam Taganda mese-mälim bildirýärdi. Men Taganyñ bolşundan, gep urşundan, geçen hasratly wakalaryñ onuñ ýüreginde hiç wagt bozulmajak yz galdyrandygyny bildim. Men Taganlara ilkinji gezek baranymda maña ätiýaçly garapdy. Maksadymy aýdanymda, onuñ gözlerinde heder, howsala alamatlary peýda bolupdy. Ol dili bilen hiç zat diýmedigem bolsa, garaýşyndan: "Meniñ bilýän zadym ýok. Olar baradaky materiallary arhiwden gözläñ" diýen manyda okamak boljakdy. Meniñ bu ýere näme üçin gelendigime doly göz ýetirýänçä Taganyñ özüni oñaýsyz duýýandygy bildirip durdy. Taryhçylar adamaryñ ýadynda, añynda galýan wakalara, hadysalara ol diýen ähmiýet bermeýärler. Hakykatda bolsa, bolýan wakalaryñ, hadysalaryñ iñ esasy, iñ saýlama ýerleri adamyñ ýadynda galýar. Sebäbi ol wakalar adamyñ ýüregine ýakyn, adamyñ ýürek ýylysy siñen wakalar bolmaly. Onsoñ arhiwiñ sowuk ýürek bilen ýazylan galyñ-galyñ sowuk tomlaryndaky beýan edilýän wakalardan adamyñ ýürek ýylysy siñen wakalaryñ berýän iýmiti hümmetli bolsa gerek... Toslanylyp tapylan "TA" gizlin guramasy bilen baglanyşykda Orazmyrat Şamyradowyñ hem maşgalasynyñ başyndan musallat inipdi. Döwlet Syýasy Uprawleniýesiniñ 1933-nji ýylyñ 10-njy maýynda kabul eden kararynda şeýle diýilýärdi: "Orazmyrat Şamyradow 1888-nji ýylda Türkmenistan SSR-niñ Baýramaly raýonynyñ Müjewür obasynda eneden bolupdyr. Milleti türkmen. Bilimi ýokary. "Türkmen Azatlygy" guramasyna gatnaşmakda aýyplanýar. Ol aklanmasa-da deslapky barlaglar tamamlanýança geçen wagtlary hem beriljek jezanyñ hasabyna goşmak şerti bilen azatlyga goýberilýär". O.Şamyradow Daşkendiñ içki türmesinde (krity) bir ýyldan gowrak wagt oturandan soñ boşadylypdy. Ýöne ol bi bolan ýagdaýa ynam edenokdy. Arhangelsk guberniýasyna sürgün edilip, ol ýerde üç ýyl bolup gelenden soñ hem oña rahatlyk berilmändi. Ol özüniñ beýle çekelenmegini sebäbini anyk bilmese-de, biraz güman edýärdi. Sebäbi onuñ terjimehaly beýleki adamlaryñkydan uly tapawutlydy. Orazmyrat Şamyradow köpem däl, azam däl, laýyk on alty ýyl daşary ýurtda ýaşapdy. Ol öýlerinden çykyp gifip Buhara medresesini tamamlandan soñ, durmuşa bişişen adam bolup dolanyp gelipdi. Onuñ nähili maksat bilen gelendigini kim bilýär? Belki, ol türkleriñ ýa-da nemesleriñ içalysydyr... Oña agyr günäler ýöñkelmedigem bolsa, ätiýaçdan ötri ony sürgün edipdirler. Şeýle edilse onuñ ters yzyny yzarlamak kyn boljak däldi. Birwagtlar Orazmyrat bilen birlikde Merwden 24 oglan Osmanly döwletine okuwa iberilipdi. Ol oglanlary Merw etrabynda ýaşaýan Hojamberdi Magsym diýen gurply adam okuwa iberipdi. Olar üçin ähli çykýan çykdajylary hem öz boýnuna alypdy. Ýöne ondan soñ Türkmenistanda kän üýteşmeler bolup geçipdi. Orazmyrat Stambulda iki sany ýokary okuw jaýyny tamamlandan soñ, Sadat atly on alty ýaşly türk gyzyna öýlenipdi. Siriýadan çakylyk haty gelenden soñ Beýruda baryp, ol ýerdäki ýokary okuw jaýlarynyñ birinde sapak bermäge başlapdy. Orazmyrat watanyndan çykyp gideninden soñ rewolýusiýa bolupdy, graždanlyk urşy başlapdy. Bolup geçen bu iki uly wakanyñ daw-dawy Orazmyradyñ gulagyny şañladypdy. Onda öz watanyna dolanyp gelmek meýli gün-günden möwç alyp ugrapdy. 1924-nji ýylda Türkmenistan Sowet Sosialistik respublikasy diýlip jar edilende, Orazmyrada hem dogduk mekanyna dolanyp gelmäge ygtyýar berlipdi. Ol özüniñ ýaş aýaly, gyzy Balgyz, ogly Mämmet bilen türkmen topragyna gelipdi. Orazmyrat Şamyradow bu ýerw gelende kyn döwürde öz halkyna täze durmuş gurmakda kömek bermek, olary sowatly etmek arzuwyndady. Emma bu ýerinuñ dikmeleri onuñ berjek sowadyna mätäç däldiler. Heýde pantürkçüleriñ dörän mekany bolan Osmanly ýurdunda bilim alan adama ilata sowat bermegi ynanyp bolarmy? Orazmyrat Şamyradow Türkmenistana gelip eýlesini-beýlesini garamaga ýetişmänkä, onuñ gözi sürgünde açylypdy. Bu urgy oña gaty agyr degipdi. Ol urgynyñ Sadat bilen çagalaryna degşi hem ondan pes däldi. 1933-nji ýylda azatlyga çykan Orazmyrat Şamyradow bu ýere gelen batlaryna işlän ýerine dolanyp barmak barada hyýal hem etmeýärdi. Ol sürgün edilip dolanyp gelenden soñ, ýagny tussag edilmeziniñ öñ ýanybda pedrabfakda ilki mugallym bolup, soñra direktor bolup işläpdi. Ol tussaglykdan boşap geleninden soñ Ahal etrabynyñ Kelejar obasyna ýerleşipdi. Bu ýerde oba Türkiýede ýüpekçilik ugrundan alan hünäri tekge beripdi. Ol döwlet tarapyndan garalanan adam bolansoñ, oña ýolbaşçy wezipe ynanylmaýardy, arteliñ ýüpekçilik işiniñ jogapkärçiligi uly bolsa-da, onuñ gazanýan zähmet güni ýönekeý kolhozçylaryñkydan köp däldi. Şol döwürde respublikada ýokary bilimli hünärli kadrlar ýetmezçilik edýänem bolsa, Orazmyrat Şamyradow ýaly kadryñ ylmyna, düşünjesine, tejribesine äsgermezlik bilen garalyp, çetde saklanýardy. Orazmyrat Şamyradowyñ 1937-nji ýylda ikinji gezek tussag edilmegi bu maşgalanyñ sähelçe yş berýän umyt-arzuwlaryna hem talañ salypdy. Ol bolan wakany ýatlap Orazmyrat Şamyradowyñ Türkmenistanda, 1927-nji ýylda bolan gyzy Haýyrýaz şeýle gürrüñ berýärdi: - Ejem pahyryñ gören gününi it görse gözi agar. Gijelerini dik oturyp geçirerdi. Sähel irkildigi tisginip oýanýardy. Maşyn sesinden, adamlaryñ aýak sesinden gorkýardy. Gapy birden açylaýsa-da, ýüzi duw-ak bolýardy. Diñe ejem däl, biziñ hemmämiz hem gorkýardyk. Biri gelip biziñ ählimizi türmä basaýjak ýalydy. Allaha şükür, indi ol belalar sowuldy... Haýyrýaz ikinji klasda okap ýörkä bir gün ol ýüzüni-gözüni göm-gök edip gelipdi. Mekdebiñ mugallymy Haýyrýazyñ ýeñsesinden penjeläp: "Troskiçiniñ gyzy ekeniñ, güm bol!" diýip, daşaryk südürläp goýberipdi. Şol gyzjagaz häzir gartaşan aýal bolsa-da, kelejarly şol mugallymy ýadyndan çykaranokdy. Bu maşgala öýüñ daşynda-da, içinde-de rahatlyk ýokdy. Basmaçylaryñ hem kürsäp öýe giräýmekleri ahmaldy, organ işgärleriniñ hem geläýmekleri mümkindi. Sebäbi bu ýagdaýlar bolup duran zatlardy. Kimdir bir nälet siñeniñ biri: "Türkiýeden göçüp gelen Şamyradowlarda altyn, kümüş we gymmat bahaly zatlar bar" diýip myş-myş ýaýradypdyr. Bu ýaýran toslama öñki howpuñ üstüne urna bolupdy. Hakykatda bolsa, ol öýde düşenere düşek, iýere bir döwüm çörek hem ýokdy. 1938-nji ýylyñ 14-nji ýanwarynda Orazmyrat Şamyradow atylyp öldürilýär. Ilki ony "Türkmen Azatlygy-1"-e gatnaşmakda aýyplaýarlar, bu ýöñkelen aýyba subutnama bolmansoñ; "Türkmen Azatlygy-2"-ä gatnaşmakda aýyplaýarlar. Ol toslanan töhmetleriñ ikisi ýöñkeleni sebäpli ony iki gezek hem aklaýarlar, bir gezeg-ä 1958-nji ýylda, bir gezegem 1989-njy ýylda. Indi ondan ne peýda? Orazmyrat Şamyradowyñ Stambulda dünýä inen ogly Mämmet özüniñ kimdigi, nähili adamdygy barada gürrüñ ýaýratmandyr. Watançylyk urşy ýyllarynda Watan goragyna gidipdir. Şol ýerde hem awiasion uçilişäni tamamlap, awiasiýa razwedkasynda gulluk edipdir, ýaralanandan soñ bolsa, awiasiýa razwedkaçylaryny taýýarlamak ugurda işläpdir. Mämmet kakasynyñ familiýasyny almandyr-da, türkmenlerd edilişi ýaly kakasynyñ adyny familiýa edinipdir. Starşiý leýtenant Mämmet Orazmyradow görkezen edermenlikleri üçin ordenlere we medallara mynasyp bolupdyr. Eger ysyrganyp ýören organ işgärleri onuñ "halk duşmanynyñ" ogludygyny bilen bolsalar, Mämmediñ hem ýörejek ýoluna böwet basardylar. Ozal harby lýotçik bolan kyrk ýylyñ dowamynda inžener gidrotehnik bolan Mämmet aga häzir pensiýa çykanam bolsa, ol goluny gowşuryp oturanokdy. Ol Baýramaly etrabynyñ ýaşulular sowetiniñ başlygy, etrapda uly hormat goýulýan adamlaryñ biri. Eger Orazmyrat Şamyradow diri bolan bolsa, ol Türkmenistanyñ dürli künjeklerinde ýaşaýan çagalaryna, köp sanly agtyklaryna, çowluklaryna guwanardy. Sebäbi asylly atalaryñ päk ruhlary çagalarynda, agtyklaryna ýaşamagyny dowam edýärdi. Diýmek, ol durmuşda öçmejek yz galdyrypdyr. ___________________________________ [1] Şol ýerde, t., 11, sah 72; [2] Wasiliý Wladimirowiç Bartold (1869-1930). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |