02:22 Tablisa döretmek | |
TABLISA DÖRETMEK
Ylym we tehnologiýa
Tablisalary Вставка menýudaky Таблицы panelden Таблица sanawy açyp, aşakdaky usullarda döretmek bolýar (2.7-nji surat): Suratdan görnüşi ýaly döredilen tablisa setiri, sütüni we öýjükleri goşmak bolar (2.8-nji surat). Şeýle hem öýjükleri birikdirip, setirleriň beýikligini, sütünleriň inini deňläp we beýleki işleri ýerine ýetirip bolýar. Tablisany tapawutlandyryp Конструктор menýu işjeňleşdirilende açylýan gurallar panelleriniň (tablisanyň stilleriniň parametrleri, tablisanyň stilleri, çarçuwalamak) mümkinçiliklerinden peýdalanyp bileris (2.9-njy surat). Tablisany tapawutlandyryp Maket menýu işjeňleşdirilse aşakdaky gurallar panelleri açylýar (2.10-njy surat): tablisa, surat çekmek, setirler we sütünler, birikdirmek, öýjügiň ölçegi, deňlemek, berlenler (sortlamak, sözbaşy setirleri gaýtalamak, tekste öwürmek, formula). Olardan gereklisini saýlap peýdalanmak bolar. Klawiaturadaky Tablisa (Tab) klawişi bir öýjükden beýleki öýjüge geçmäge mümkinçilik berýär. Eger öýjükde syçanyň sag gulagyna basyp, açylan gapdal menýudan Направление текста... saýlansa, onda teksti öýjükde dikligine ýerleşdirip bolýar. Resenzirleme (Рецензирование) menýusy. Resenzirleme menýusynyň panellerindäki köp ulanylýan gurallar (2.11-nji surat). Dürs ýazuw düzgüni (Правописание ) panelinde: Dürs ýazuw düzgüni (Правописание), Sinonimleri saýlamak ( Тезаурус), Statistika panelleri ýerleşýär. Dürs ýazuw düzgüninde ( ) nädogry ýazylan sözleriň aşagy gyzyl tolkun çyzyk bilen, şowsyz alnan ýa-da nädogry söz düzümleriniň (iňlis ýa-da rus sözleriniň) aşagy ýaşyl çyzyk bilen çyzylýar. Tekstiň hilini ondaky sözi manydaş (jüpüne düşýän) söz bilen çalşyryp gowulandyryp bolýar. Bu maksat üçin, adaty ýagdaýda sinonim sözlüginden peýdalanylýar.Word programmada bu funksiýany Рецензирование-Правописание-Тезаурус buýruklaryň yzygiderligi ýerine ýetirýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |