00:17 Talant | |
TALANT
Edebi tankyt
"Işi şowuna düşmeýän bir şahyr Hazar deñzinden altyn balyk tutupdyr" diyip gürrüñ berýärler. - Eý, şahyr, şahyr -diyip altyn balyk õzelenipdir. Şahyr oña:- Azat etsem deregine näme berersiñ?- diyipdir. -ähli pynhan arzuwlaryñ hasyl bolar. Şahyr şatlanyp, altyn balygy suwa gõýberipdir. Şondan soñ şahyryñ edeni ugruna bolup başlapdyr. Goşgulary kitaplary yzly yzyna neşir edilipdir. Ol derrew şäheriñ içinde bir jaý salynypdyr dašyndanam oñat daça edinipdir. Şahyryñ dõşüni ordenler, "Zähmetde edermenligi üçin" diýen medal bezäpdir. Ol ile meşhur bolupdyr adyny eşidenler tanapdyr. Ol uly wezipäno eýeläpdir. Bütin dünýä, gõýä bişirilip üstüne sogan dogralyp limon sepilen çişlik ýaly onuñ õñünde taýyn bolupdyr. Eliñi uzadyp al-da hezil edip iýiber. Günleriñ bir güni ol hem akademik hem deputat hem laureat bolanda aýaly oña: - Wah bu zatlaryñ üstesine sen altyn balykdan ýene talantam dileseñ bolmayarmy? - diyipdir. Birdenkä şahyr añyna aýlanyp şu ýyllaryñ dowamunda õzüne ýetmedik zadyñ nämedigine düşünen ýaly bolupdyr. Ol ylgap deñziñ kenaryna baryp: - Eý balyjak, balyjak birazajyk talant hem bersene - diyip altyn balyga ýüzlenipdir. - Ähli zatlaryñy men saña berdim. Indiden beýlägem näme isleseñ berip bilerin. Talanty welin berip bilmerin. Çünki meniñ õzümde-de şahyrçylyk talanty ýok- diyip altyn balyk jogap beripdir. Diýmek talant ýa bar ýa ýok. Ony hiç kim beribem bilmeýär alybam.Talantly bolup dogulmak gerek. Tylla balygyñ merhemetine duçar bolan şahyrymyz tiz wagtdan õzüni tawus ýelegine beslenen garga ýaly duyup başlapdy Älemgoşar kimin emeli gõzellik sähel salymda ýere dõküldi. Onuñ ýelekleride ýuwaş ýuwaşdan düşüp şol bolşundanam beter bolup õñkiliginem ýitirdi. Köp gaýtalanyñ bilen aýat- doganyñ güýji gaçmaýar. Şoñ üçin ýene bir gezek gaýtalaýaryn: ýazmak üçin talant gerek. Eger-de ol tylla balykda-da ýok bolsa, eýsem ony nireden aljak?! Resul GAMZATOW, awar şahyry. Terjime eden Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |