10:27 Taliban häkimiýetiniñ birinji ýylynda | |
TALIBAN HÄKIMIÝETINIÑ BIRINJI ÝYLYNDA
Publisistika
Häkimiýetde geçiren bir ýylynyñ görkezişi ýaly, gerilla söweş taktikasy bilen dünýäniñ iñ uly güýjüni hem-de iñ ösen harby bileleşigini mugyra getirip, halkara jemgyýetçiligiñ howatyrlanmadyr gorky gatyşykly berekellasyny we hormatyny gazanan Taliban döwlet dolandyryşynda oñaran işi-bitiren goşy bolmady. Çünki döwlet dolandyryşy diýlen zat bilim we ukyp-başarnyk bilen birlikde, tejribedir öñdengörüjiligi talap edýän çylşyrymly formuladyr. Munuñ üçin bir ýandan ýurtdaky ähli ýagdaýlary göz öñünde tutup, jemgyýetçilik sazlaşygyny we asudalygy üpjün etmek bilen bir hatarda hemmeleriñ bol-elin durmuşda ýaşamagyny we işli-güýçli bolmagyny gazanmak gerek. Dogrusy, Owganystan mundan öñem hemme zadyñ gülala-güllük bolan tertip-düzgünli ýeri däldi, emma ýurt edil häzirki ýagdaýda bir ýyl öñküsi bilen deñeşdirende, has erbet ýagdaýda. 40 milliona golaýlan ilatyñ ýarsy açlykda ýaşaýar, işsizlik ýetjek derejesine ýeten. Ene-atalar açlykdan ýaña ekläp bilmän, kiçijik çagalaryny satlyga çykarýar. Elbetde, çagasyny satlyga çykarmak hiç bir ene-ata üçinem añsat däldir. Bärde munuñ praktiki tarapyna seretmek gerek: has gurplyrak ýaşaýan maşgala perzentlik gidýändigi üçin hem-ä çaganyñ ömri halas edilýär, hemem satuwdan gelen pul ene-atanyñ açlyk problemasyny birküç aý yza serpikdirip bilýär. Owgan ykdysadyýeti köp derejede daşaryk garaşly bolansoñ we daşardan gelýän kömekleriñ, daşarky dünýä bilen aragatnaşygyñ kesilendigi üçin ykdysady hereketler togtama sepgidine geldi. Şol sebäpli ýurtdan her ýyl ýüz müñlerçe ýaş ýigit her dürli howp-hatarlara döz gelip, ýollara dökülýär. Daşary ýurda çykan her owgan yzda galan onlarça kişini ekleýär. Ýaş owgan ýigidi üçin ýurtda galmak maşgalasynyñ we özüniñ açlykdan ölmegi diýmekdir. Daşary ýurda gitmek bolsa özi üçinem, maşgalasy ücinem halas bolmagy añladýar. Günbatara gidýän ýoluñ üstündäki Türkiýeden bikanun owgan bosgunlarynyñ sil bolup akmagy-da şol sebäplidir. Ýogsam bolmasa, käbir köpbilmişsireýän türk spesialistsumaklarynyñ, žurnalistleriniñ we partiýa başlyklarynyñ aýdyşy ýaly, hiç kimem bul adamlary meýilnamalaşdyrylan we sistematiki görnüşde Türkiýä ugradanok. Bilim barada aýdanda bolsa, soñky bir ýylyñ dowamynda Owganystanda bilim ulgamy-da togtama sepgidine geldi. Birnäçe hususy we döwlet mekdepleri mugallym ýetmezçiliginden işlemegini bes etdi. Gyzlaryñ okamagy gadagan edilendigi sebäpli, bilim ulgamynyñ galan ýarsy-da çalajan ýagdaýda. Häzirki wagtda, daşardan gyzlaryñ okuwy hernäçe iñ uly mesele ýaly bolup görünse-de, iñ esasy mesele açlyk we ölmän galmakdyr. Döwletde işleýän işgärler wagtynda aýlyk alyp bilmeýändigi üçin öýlerine bir döwüm çörek äkidip bilenok. Kabuldaky we beýleki uly şäherlerdäki ýüz müñlerçe idegsiz ýaşlar diñe garnyny doýurmagyñ hasabyna-da iş tapyp bilenoklar. Howpsuzlyk bolsa Talibanyñ geleninden bäri ýaramazlaşan başga bir ugur bolup durýar. Taliban häkimiýetiniñ ilkinji bir-iki aýynda çaknyşyklaryñ kesilendigi üçin halk wagtlaýyn asudalyga gowşanam bolsa, soñky aýlarda uly şäherlerde, talañçylyk, jübikeserlik, adam ogurlama ýaly gorkunç hadysalar täzeden ýüze cykdy. Indi bolsa bulara onda-munda gabat gelip başlan YŞYD-niñ Horasan şahasynyñ amala aşyran bombaly teraktlary-da goşuldy. Şol bir wagtyñ özünde "El-Kaidäniñ" ikinji belgili adamy El-Zewahiriniñ Kabulda ABŞ tarapyndan öldürilmegi-de Owganystanyñ kese ýerli terrorçy guramalaryñ öýjügine öwrüljekdiginiñ endişesini täzeden janlandyrdy. 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabr hadysasynda Bin Ladini bermejek bolup, häkimiýetini howp astyna salmaga çekinmedik Taliban dünýä jemgyýetçiligine beren çapraz sözlerine garamazdan, ýene bir gezek "El-Kaidä" bolan ýakynlygyny we wepalylygyny orta goýdy. Dogrusy, Zewahiriniñ Talibanyñ düzümindäki Hakkani fraksiýasynyñ hyzmatdaşlyk etmegi netijesinde öldürilendigi öñe sürülýär. Şeýle-de bolsa, Zewahiriniñ Talibanyñ häkimiýete dolanyp gelmeginden soñ Kabula arkaýyn ýerleşendigi, toparyny şol ýerden dolandyrandygy gözden sypdyrylmaly däldir. Jemläp aýdanymyzda, Talibanyñ bir ýyllyk häkimiýeti şuny görkezdi: topar ýurdy dolandyryp bilenok. Ykdysady we syýasy çöküşligi başdan geçirýän Owganystan şumatky ýagdaýy buken sebit üçinem, dünýä üçinem uly howp bolup durýar. Aýratynam, Owganystan Taliban häkimiýeti astynda haýal ädimler bilenem bolsa, täzeden terrorizmiñ we narkotiki serişdeleriñ dolanşygynyñ öýjügine öwrülip barýar. Bulam dünýä üçin başga bir düýpli problema. Gynansak-da, owgan halky häzirki ýagdaýy bilen öz ýurduny dolandyrmakdan ejiz gelýär. Dünýä gitdigiçe terrorizmiñ we narkotiki serişdeleriñ batgalygyna öwrülip barýan Owganystan meselesine haýdan-has el garmasa, ikinji we has howply "11-nji sentýabryna" taýýar bolmalydyr. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. 15.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||