01:55 Taliban: Jan çykar, hüý çykmaz | |
TALIBAN: JAN ÇYKAR, HÜÝ ÇYKMAZ
Publisistika
Geçen tomus Taliban Owganystanda häkimiýeti basyp alanda, köp sanly hünärmen Talibanyñ özgerendigini we garşymyzda düýbünden başgaça toparyñ bardygyny öñe sürüpdi. Men bolsa Talibanyñ üýtgemändigini, diñe 90-njy ýyllardaky dolandyryş formasynyñ täze, şu günki güne bap getirilen wersiýasyny güýje girizjekdigini aýdypdym. Hernä, Taliban sag bolsun, meni ýalñyşdyrmady we häkimiýeti mazaly perçinländen soñ "garnizon düzgünlerine" dolanyp bardy. Gürrüñini edýänim: Talibanyñ gyz okuwçylaryñ okuw gadagançylygy bilen bir hatarda sakgal ösdürme hökmanylygy, namaz wagty adamlaryñ köçede görünmezligi, aýal-gyzlaryñ ýanynda erkek mähremi bolmazdan ýolagçylyga çykmazlygy ýaly soñky döwür yzly-yzyna güýje girizen düzgünleri bar. Owganystanda mekdepler gyşyna üç aý arakesmä çykýar. Täze okuw ýyly martda, Nowruz baýramçylygynyñ yzysüre başlaýar. Şu ýylam gyzlar Kabul ýaly birnäçe şäherde uly höwes we joşgun bilen okuwa gitdiler, emma aglap yzlaryna dolandylar. Çünki Talibanyñ Bilim ministrliginden gelen görkezme esasynda mekdepleriñ gapysyna gulp urulgydy. Geçen ýyl gyzlaryñ okuwyna geljek ýyl rugsat berjegini mälim eden Taliban hökümeti duýdansyz çykaran karary bilen gyzlara orta bilimiñ soñky çykarylhak karara çenli ýatyrylandygyny habar berdi. Owganystandaky okuw gadagançylygyna gyz okuwçylar nägile: Taliban mekdepleri açmasa, garañky erte bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolarys. Arzuw-hyýallarymyz ýer bilen ýegsan boldy, elimizden gelýän zat ýok. Daşary ýurtda okamaga mümkinçilik tapsam, ýurduma lukman bolup barasym gelýär. — Independent Turkish (@TurkishIndy) March 28, 2022. Yzyndan Kabul munisipaliteti Talibanyñ Emri-bil Maruf we Nehiýen Münker (Ýagşylyklary ýaýmak we erbetlikleriñ öñüni almak) ministrligine hat ýazyp, aýal-gyzlaryñ seýilgählerde erkekler bilen hijapsyz ýa-da ýuka hijaply gezip ýörendiklerini we munuñ öñüniñ alynmagyny talap etdi. Şundan soñ ministrlik paýtagtda we beýleki şäherlerde hijapsyz aýal-gyz awyna çykdy, köp sanly aýal-gyza gamçy jezasy berildi. Talibanyñ girizen ýene bir gadagançylygy bolsa, aýal-gyzlaryñ ýanynda mährem erkegi (kakasy, dogany, äri, ogly) bolmasa daşary çykmazlygy we ýolagçy bolmazlygy. Muny berjaý etmek üçin taksiçilere ulaga aýal-gyzy ýeke mündürmezlik talap edildi. Şol sebäpli işleýän daşary ýurt haýyr-sahawat guramalarynyñ işlemegini bes edip, ýurtdan çykyp gidendigi üçin işsiz galan müñlerçe aýal-gyz öýlerinden çykmaz ýaly edildi. Ýogsam bolmasa, bul aýal-gyzlar hyzmatçylyk, kir ýuwmak ýaly zenanlara mahsus işleriñ daşyndan erkekleriñ edýän mal satmak, aýakgap kremlemek ýaly işleri-de etmäge başlapdylar. Şeýtmek bilen Taliban aýal-gyzlar üçin ýaşaýşy kynlaşdyryp, garaşylan açlygy we gytçylygy piñine almaýandygyny görkezdi. Talibanyñ öñki gadagançylyklary yzly-yzyna täzeden girizmegi toparyñ içindäki bölünişigi-de aýan etdi. Talibanyñ ýolbaşçylygyndaly pragmatik topbak gadagançylyklary gowşadyp, dünýäden has köp goldaw we maddy kömek almagy tama etse, toparyñ ruhany lideri Haýbatullah Ahunzadanyñ baştutanlygyndaky mollalar topary muña gazaply garşylyk bildirýär. Talibanyñ käbir serkerdeleri "Kabulda we beýleki şäherlerde öñküsi ýaly ýarym açyk ýagdaýda we erkekler bilen bile gezjek bolsa, onda biz ýigrimi ýyllap nämäniñ hatyrasyna jihat etdik?" diýip, belent ses bilen nägileliklerini bildirmäge başladylar. Toparyñ içinde bölünişik bolmagyny islemeýän pragmatik topar şobada yza ädim ätdi we gyzlaryñ okuwy boýunça geçen ýyl söz berendigine garamazdan kararyndan dänmäge mejbur boldular. Bärde topary dargatmak saklamagyñ gürrüñi gidýärkä, aýal-gyzlaryñ gözýaşlary kime derkar bar? Taliban ýolbaşçylygynyñ arasynda gaty köp meselede dowam edýän düşünişmezligiñ ýanynda toparyñ Gandagar topary bilen asly jelalabatly Hakkani fraksiýasynyñ arasynda-da erbet kesel ýaly ýaýraýan dartgynlylygyñ bardygy hemmelere mälim hakykat. DAIŞ-e ýakynlyk bildirýän we şonuñ üçinem has köp urdumşalygyñ tarapdary Hakkani topary ýolbaşçy wezipeleriñ paýlanyşyndanam nägile. Öñräk üns merkezinde bolan, edil häzir towsa göterdilen giñ gurşawlu täze hökümet gurmak meselesi-de Talibanyñ oñyn garaýan teklibi däl. Onsoñam, topar muny kabul edäýen ýagdaýynda-da, häkimiýeti kimiñ bilen paýlaşmaly? Onuñ garşysyna dikilip biljek hiç hili mynasyp garşydaş ýok. Demirgazyk ýaranlygynyñ dürli ýurtlara gaçyp giden ýolbaşçylary öz dert-aladalary bilen gümra. Ýetmişden agan general Dostum Ankarada özüne ýörite taýynlanyp goýlan kaşañ köşkde keýpi-sapa içre ýaşaýan bolsa, Balhyñ öñki häkimi Ussat Atamuhammet Nur hem Dubaýda ýurdundan sypyryp gaýdan million dollary sanamak bilen başagaý. Öñki prezident Aşraf Gani Katarda, iki orunbasaryndan täjik Emrullah Salih Täjigistanda, hazareý Serwer Tanyş bolsa Täze Zelandiýada täze durmuşlarynyñ keýpini görýärler. Bularyñ barsy geçen ýylyñ awgustynda million dollarlary bilen Owganystandan çykdy, Salihden başgasy ömürleriniñ soñky hezilini görýär. Bularyñ arasyndan ýeke Zelenskiý ýaly biri çykmajagy mundan birnäçe ýyl öñem bellidi. Hemmeler ýaly Talibanam muny gowy bilýär. Şeýle ýagdaýda Talibanyñ ak reñkli baýdagy "11-nji sentýabr teraktyna" meñzeş täze pajygaly waka bolup geçýänçä owgan asmanynda pasyrdap durjaga meñzeýär. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. Şenbe, 02.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |