19:22 Talibanyñ içindäki jaýryk | |
TALIBANYÑ IÇINDÄKI JAÝRYK
Publisistika
Talibanyñ içinde çat atmalaryñ bardygy onuñ häkimiýeti eýelän ilkinji günlerinden bäri hemmeleriñ bilýän syrydy. Emma edil häzirki gelinen sepgitde bu syr aç-açan paş boldy we toparyñ arasyndaky jaýrylmalar barha ulalýar. Talibanyñ ýolbaşçy düzüminde ýer alan şahslaryñ arasyndan toparyñ iñ ýokary derejeli lideri Hibbatullah Ahunzadäniñ emirlerini ýazgarýan dürli sesler çykmaga başlady. Talibanyñ Daşary işler ministriniñ kömekçisi Abbas Stanakzaý ýakynda beren beýanatynda Taliban hökümetiniñ bilim almak boýunça hak-hukuklary çäklendirýän kararyny aç-açan tankyt etdi, topara simpatiýa bilen garaýan öñki prezident Hamid Karzaý owgan zenanlaryny öñräk güýje giren burka geýmek hökmanylygy baradaky karara eýermezlige çagyrdy. Karzaý geçip giden ýyllarda Taliban Kabulyñ meýdanlarynda iñ ganly teraktlaryny amala aşyranda-da, toparyñ terrorçylaryndan "biraderan-i na-razi ma" ("nägile doganlarymyz") diýip söz açýardy. Öñki ýagdaý bolanda toparyñ içinde garşylyklaýyn pikirini aýdanlaryñ ýa-da ýokary derejeli dini lideriñ kararlaryny tankyt etmäge het edenleriñ agzy şobada ýumdurylardy, köplenç ölüm jezasyna höküm edilerdi. Emma edil häzirki wagt toparyñ içindäki jaýryklar we pikir bölünişigi ýetjek derejesine ýetdi. Taliban indi garşylyklaýyn sesleri ýumdurmakdan ejiz gelýän bolarly. ABŞ-na we NATO guramasyna garşy alnyp barylan soñky ýigrimi ýyllyk göreşiñ dowamynda bitewiligini we agzybirligini goramagy başaran Taliban aslynda turuwbaşdan iki esasy fraksiýadan ybaratdy. Birinji fraksiýanyñ başyny Molla Omaryñ çekýän Gandagar topary düzse, ikinji fraksiýany-da Hakkani topary düzýär. Taliban 15-nji awgustda Kabula girende birnäçe günden soñ wezipe dawasy sebäpli iki fraksiýanyñ arasynda kiçijik ýaragly çaknyşyk bolup geçipdir, emma Päkistanyñ Kabula gelen howpsuzlyk gullugynyñ başlygynyñ ara girmegi bilen mesele sessiz-üýnsüz çözülipdir. Edil häzirki wagtda toparyñ ýolbaşçy düzümi Günbatar bilen oñyn gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýän paýhasly we pragmatik liberallar bilen özlerini gödek alyp barýan konserwatiwlerden ybarat. Mesele şu: Günbatar bilen oñyn gatnaşyklary ýola goýup, daşarky dünýäden maddy kömek almagy umyt edýän Stanakzaý ýaly paýhasly liberallaryñ tabynlygynda ýaragly güýçler ýok. Gödek tutumly konserwatiwler bolsa agyr ýaraglara erk edýän ownukly-irili ýüzlerçe goşun bölümine serkerdelik edýär. Şeýle-de, meýdanda işläp ýören söweş tejribesi ýetik topar serkerdeleri-de olaryñ tarapynda. Bularyñ barsynyñ asly puştun. Puştunlaryñ arasynda añyrsy ýüzlerçe ýyla uzaýan tire-taýpa dawalary we oñuşmazlyklary häzirem ýeñ astyndan dowam edip dur. Birem demirgazykdan ýerleşdirilen täjik we özbek asylly Taliban güýçleri hem-de olara serkerdelik edýän serkerdeler bar. Olaryñ goldawy we hyzmaty bolmasa, Taliban demirgazyk etraplara bular ýaly añsat eýe bolmazdy. Geçen ýyllarda respublika režiminden, General Dostum we Atamuhammet Nur ýaly demirgazykly liderlerden nägile bolan ýüzlerçe täjik, özbek, türkmen serkerdesi Talibana goşuldy. Olar öz gezeginde toparyñ sebite çaltlyk bilen ýaýramagyny üpjün edipdi. Talibanyñ iki puştun fraksiýasy toparyñ arasyndaky demirgazykly toparlara hakyky manyda wezipe-ygtyýar berenok, berilen wezipeleriñ köpüsi simwolikidir. Munuñ özi toparyñ ýokary düzüminiñ arasynda demirgazyklylara bolan ynamsyzlygy añladýar. Elbetde, Talibanyñ içindäki özbek, täjik, türkmen serkerdeleri-de ýagdaýdan bihabar däl we olar herekete geçmek üçin amatly pursata garaşýarlar. Talibana garşy köpçülikleýin topalañ we azat-ediş hereketi başlanan ýagdaýynda, bu demirazykly taliban serkerdeleri şobada taraplaryny üýtgedip bilerler. Şol sanda goñşy ýurtlarda we Türkiýede ýerleşen oppozisiýa güýçleri-de ellerini gowşuryp oturanok. Geçen maý aýynyñ ortalarynda Ankarada General Dostumyñ ýolbaşçylygynda jemlenişen owgan liderleri Talibana garşy güýç birikdirip herekete geçmegiñ mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Kän wagt geçmänkä bu ýygnanşygyñ täsirleri Pençşir jülgesinde duýuldy. Pençşirdäki Taliban güýçleri birnäçe nokatdan hüjüme uçrady we köp zyýan çekdi. Owganystanda häzirki wagta çenli onda-munda seýrek ýagdaýda dowam eden oppozisiýa bilen Talibanyñ arasyndaky çaknyşyklarynyñ üstümizdäki tomusda artmagyna garaşylýar. Oppozisiýa güýçleri daşardan kömek alybilse, gaýtadan dünýäniñ üns merkezine girip we Ukrainadaky söweşi ikinji orna düşürip biler. 17.06.2022 ý. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |