15:06 TARYHYŇ GATLARYNDA GALAN SÖZ | |
TARYHYŇ GATLARYNDA GALAN SÖZ
Türkmen dili
ýa-da «Görogly» şadessanyndaky «toňkatar» sözüniň manysy hakynda «Görogly» şadessany dilimiziň söz baýlygynyň egsilmez çeşmesidir. Onda jemlenen sözleriň her biri halkymyzyň taryhyny, dünýägaraýşyny, milli ruhuny, däp-dessuryny, gündelik durmuş tejribesini, ýaşaýyş terzini (obrazyny) şöhlelendirýär. Eserden öňden hemmelere belli sözlerimizem, seýrek duşýan üýtgeşik sözlerimizem, häzirki durmuşymyzda ulanylmaýan sözlerimizem, ulanyp ýören sözlerimiziň manydaş taýlarynam tapyp bilýäris. Şadessandaky ünsi özüne çekýän şeýle üýtgeşik sözleriň biri-de, häzirki wagtda dilimizde ulanylmaýan, taryh gatlarynda galan «toňkatar» sözüdir. Bu söz «Görogluda» iki ýerde duş gelýär. Birinji, şadessanyň «Öwez getiren» şahasynda. Görogly galandar sypatynda Ýusup şanyň köşgüne aralaşyp, Öweziň ýanyna barýar. Ol Öweze özüni tanatman Göroglynyň namalaryny aýdyp berýär. Bu namalar Öweze hoş ýakýar. Şolaryň arasynda diňleýji Öweze atdaş bolan Göroglynyň Öwez diýen ýigidiniň hem bardygyny, ol hakynda Göroglynyň taryplap aýdan namasyny hem aýdyp goýberýär. Öwez bu tarypnamany eşidip, özünden göwni geçýär. Şonda Öwez «Pah, biziň ömrümiz haýp ötüp ýören eken. Şolar ýaly goç ýigidiň (Göroglynyň – N. S.) atyny eýerläp, çaýyny gaýnadyp... bir hyzmatynda ýörmedik-dä» diýip arman çekýär. Galandaryň (Göroglynyň) köşkde nama aýdyp, oturanyna gaharlansa-da, Öweziň göwni üçin zat diýip bilmän oturan Ýusup şa muny eşidip, Öwezden öýkeleýär. Tagtyndan düşüp, synyny silkip ötägidýär. Patyşanyň göwnüni görüp, Leň wezir, Mustapa serdar, kyrk sypaýy-da gidýär. Mundan soňky ýagdaý içinde «toňkatar» sözi gelýän şeýle sözlem bilen suratlandyrýar: «Han gidensoň, sypaýy gidensoň, işikde aşpez, jylawdar, toňkatar, dokuz-on dogma galdy». «Toňkatar» sözüniň ikinji duş gelýän ýeri «Kyrk müňler» şahasy. Bu şahada gelen goşundan habar tutup gaýtmagy ýüregine düwen Görogly ýolda Hüňkaryň Esenhan patyşa diýen sedaryna duşup, oňa özüni Göroglynyň dogmasy diýip tanadýar. Esenhan patyşa oňa şeýle diýip ýüzlenýär: «‒ Sen Göroglynyň dogmasy diýýäsiň, nähili dogmasy, aşbazymy, düýe ýöredenimi, jylawdarymy, toňkatarymy... emeliň näme?». Onda ol özüniň Göroglynyň jylawdarydygyny aýdýar. Ýeri gelende aýdyp geçsek, «toňkatar» sözüni yzarlap, «Görogly» şadessanynyň häzire çenli çap bolan ýedi neşiriniň gatlaryny birme-bir agtaryp çykdyk. Üç neşirde (1958-nji, 1990-njy we 2012-nji ýyllardaky neşirler) ýokarky sözlemlerdäki «toňkatar» sözi galdyrylypdyr. Ýene bir zady bellemeli, biziň şadessandan getiren «toňkatarly» sözlemlerimiz meşhur Pälwan bagşy Ata Hoja oglunyň (1890-1939) aýdan nusgalalary esasynda çap edilen neşirlerden alyndy. Şadessanyň ýokarda görkezilen sahnalarynda duş gelýän «toňkatar» sözüniň manysyny anyklamak aňsat düşmedi. Ilkibada bu sözi ýeke ok atýan tüpeňiň bir görnüşi bolan ýekeniliň beýleki bir ady hökmünde kabul etdik. Bir gezek atylandan soň, täzeden doldurylýan ýa-da oklanylýan ýekenil tüpeňe «toňkatar» hem diýlipdir. Ol öz adyny atylan wagtynda «toňk» edip çykarýan sesinden alypdyr (toňk+atar). Ýöne bu göwnümize hiç bir jähetden makul bolmady. Eýsem-de bolsa, «toňkatar» ýokarky mysallarda «aşpez», «jylawdar», «düýe ýöreden»... ýaly kär-wezipeleriň, şadessanyň öz sözi bilen aýtsak, emelleriň hatarynda sanalýar. Soňky mysalda sanalan emelleriň haýsysynyň eýesidigini anyklaşdyrmak üçin «...emeliň näme?» diýlibem goýberilýär. Şu ýerde ýokarda sanalan emelleriň manysyny hem aýdyp geçeliň. Aşbaz – aşpez, nahar bişirýän adam, umuman, köşkde ýa-da ýöriş mahalynda patyşanyň (hanyň) aşhanasyna ýolbaşçylyk edýän, naharyň bişirilişine, hiline jogap berýän wezipeli kişi. Jylawdar – patyşanyň (hanyň) hemişe ýanynda bolup, ata münüp-düşmeginiň howpsuzlygyny üpjün edýän adam, attutar, janpena. Düýe ýöreden – kerwenbaşy, patyşanyň ýörite kerwenbaşysy, köşge zerur zatlar üçin uzak ýurtlara söwda iberilýän kerweniň ýolbaşçysy. Diýmek, «toňkatar» sözi hem Göroglynyň köşgündäki ýokarda garalyp geçilen jogapkärli wezipe-emelleriň biri bolmaly. Ýöne nähili we haýsy wezipe-emel? Elimize taryhda Merkezi Aziýanyň çäklerinde bolup geçen hanlyklaryň köşklerindäki wezipeler, titullar, unwanlar barada maglumat berýän işleriň biri dişdi. Onda hanlaryň, patyşalaryň köşklerinde möhüm orun eýelän müňbaşy, kurbaşy, garawulbegi, guşbegi, diwanbegi, işikagasy, perwanaçy, şygawul, naýyp, atalyk, hidaýatçy, salamagasy, kitapdar, mäter, kazy kelan we beýleki birnäçe wezipeleriň hatarynda toňkatar hakynda hem maglumat berlipdir. Şoňa görä, toňkatar köşkdäki iň aýratyn wezipeleriň (emelleriň) biri bolup, ol patyşanyň ýa-da hanyň esasy garawuly, janpenasy, oňa iň ýakyn durýan kişileriň biri eken. «Toňkatar» sözi häzirki dilimizdäki «daňatar» sözüniiň gadymy, umumytürki görnüşidir (taň → toň(k) → daň + atar) Çünki toňkatar, esasan, gijelerine şanyň (hanyň) ýanynda bolup, ol uklan wagty bitin gijeläp çirim etmän, daň atýança oýa halda garawulçylyk çekipdir. Şonuň üçinem oňa uklaman daň atyrýan diýen manyny berýän «toňkatar» («daňatar) diýen at berlipdir. Toňkatarlaryň wezipesi, köplenç, patyşa (han) ýörişlere giden wagtlarynda, meýdanda gurlan çadyrlarda ýatan wagtlarynda gijelerine daň atýança bolup biläýjek howplardan, duşmanlardan goramakda möhüm bolupdyr. Görogly – Çardagly Çandybiliň, türkmen iliniň soltany. Onuň özüniň köşki-eýwany, diwany, goşuny, umuman, özbaşdak hanlyk, döwlet hökmünde zerur bolan zatlary bolupdyr. Şoňa görä, onuň köşgünde ýokarda ady geçen wezipe-emelleriň, titullaryň, unwanlaryň bolandygy bellidir. Şolaryň arasynda toňkatar wezipeli kişiniň hem bolandygyny şadessanyň wakalary açyk-aýdyň görkezýär. Şeýle gadymy hem üýtgeşik söz «Görogludan» dessan aýdan bagşylaryň dilinde saklanyp, biziň günlerimize ýetipdir. Ondan habarly bolmak, onuň manysyny bilmek biziň milli mirasysymyzyň genji-hazynasy bolan «Görogly» şadessanymyzyň many-mazmunyna has-da çuňňur düşünmegimize ýardam eder. Nury SEÝIDOW. «Esger» gazeti, 2016-njy ýyl, 28-nji aprel. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||