00:25 Taryhyñ iñ aristokrat hyýanaty: Brutyñ hanjary | |
TARYHYÑ IÑ ARISTOKRAT HYÝANATY: BRUTYÑ HANJARY
Taryhy makalalar
Imperator Awgust Milandaky Mark Ýuniý Brutyñ heýkelini görende elmydama tisginip gidýändigini gizlemän aýdýardy. Rimiñ iñ paýhasly imperatory Awgustyñ bu bolşuna düşünmez ýaly zat ýokdy: çünki Awgust teraktyñ gurbany Beýik Sezaryñ doganoglan inisi hem-de ogullygydy. Täsin ýeri, imperatoryñ ganyna galan Brutyñ heýkeli nämüçin dikilipdi? Hawa, Brut imperatory öldüripdi, ol muny uly dildüwşük gurnap başarypdy, emma bärde diñe Brut hökümdaryñ ganhory däldi. Şol bir wagtyñ özünde tiranlyga garşy tutuş syýasy ykbaly howp astyna salandygy we söz azatlygynyñ irmezek goragçysy bolandygy sebäpli rimli aristorkratlaryñ arasynda belli bir derejede Prometeý ýaly görülýärdi. Şu sebäpli belli gatlak tarapyndan haýyn hasaplansa-da, begzadalaryñ gözünde Brut hakyky gahrymandy. • Brutyñ atasy-da imperatory agdarypdy Sezaryñ diktaturasyny yglan edip, senaty dargatma pikiriniñ bardygyny hemmeler bilýärdi. Brutyñ ata-babasynyñ meşhurlygy-da täsin waka baryp direýärdi. Brutyñ garry atasy Lusiý Brut iñ soñky tirany imperator Tarkwiniý Tekepbiri (Тарквиний Гордый) tagtdan indiren agdarlyşygyñ ýolbaşçysydy we onuñ geçiren operasiýasy Rim taryhyndaky azatlyk eýýamynyñ başyny başlapdy. Üstesine onuñ agtygy Brut hak-hukugyñ we azatlygyñ kepilligi hökmünde kabul edilen Senat konsullygynyñ başlygydy. Ýagny, oña Mejlisiñ başlygy diýseñem bolýardy. Brutyñ şeýlekin ýigrenilmeginiñ iñ esasy sebäbi-de, Sezaryñ halkyñ nazaryndaky položitel obrazydy. Ýuniý Brut Azatlyk we respublika sözlerini şugünki manysy bilen garyşdyrmajak bolmaly. Netijede Senatdaky şahslar halk tarapyndan saýlanan adamlar däldi, azatlyklaram halkdan zyýada az sanly elitanyñ penjesindäki düzgünler üçin ýöreýärdi. Sezar bolsa şol az sanly adamyñ manysyz görnüşde häkimiýetine şärikdeş bolmagyna takat edip biljek däldi. Şol sanda ol goşunyñ serkerdebaşysy bolup, uruşlarda alynan oljalar bilen rimlileri mazaly baýatmagy başarypdy. Ýuliý neberesinden gelýän Sezar abraýly maşgaladan çykypdy we ata-babalarynyñ Weneradan gelendigine ynanylýardy. Brut bilen Sezaryñ arasyndaky ýakyn gatnaşyk Serwilýa atly aýaldan has ileridi. Serwiliýa Brutyñ ejesi we Sezaryñ oýnaşydy. Şol sanda Brut bilen Sezaryñ arasynda-da ýakyn gatnaşygyñ bardygy aýdylýardy. Sezaryñ şanly ýeñişleri bilen bir hatarda ýaşlyk ýyllarynda Rimiñ parahor häkimleriniñ kellesini kanunyñ öñünde ýalañaçlatmagy-da onuñ halk tarapyndan eý görülmegine sebäp bolupdy. Şeýle-de, öz hasabyna halky köpçülikleýin naharlamagy we gladiator tutluşyklary ony hakyky halk gahrymanyna öwren artykmaçlyklarydy. Plutarh onuñ at-owazasyny şeýle beýan edýär: "Ujy zäherli pyçak deýin howply Rimiñ ser-sepil we aç-ýalañaç jemendeleri belli bir wagtdan soñ hemme zady Sezardan tama edip, azatlyga bolan umytlaryny diñe şoña bil baglar ýaly ýagdaýa geldiler". Konsul agzalygyna saýlanandan soñ kanunlara eýerip, häkim wezipesinde Rimden ýaýdanman giden Sezaryñ iñ uly artykmaçlygy içki syrlaryny saklap bilmegidi. Galliýanyñ häkimi bolandan soñ güýçli goşuny bolan Sezaryñ at-abraýy hasam beýgelipdir. Ol Rime ýönekeý raýat kimin girenden goşun sürüp girenini makul bildi we taryha giren "nard daşlary atyldy" sözi bilen paýtagta sary ýöredi. Nard daşlary Sezaryñ peýdasyna togarlandy. Konsulyñam, Rimiñ iñ güýçli adamy Pompeýiñem oña garşy çykmaga bogny ysmady. Pompeý ýaly köp sanly aristokrat şäherden gaçyp gidenini gowy gördi. Şäherde galanlar bir gijäniñ içinde Sezaryñ tarapyna geçipdur, olaryñ hemmesi ýekän-ýekän gopbamsylygyñ sütüni ýaly bolup duran dik temekli senatorlaryñ öñünde sandyrap baş egdiler. Siseron bu ýagdaýy şeýle beýan edýär: "Rimliler ony garşylamak üçin ylgaşlaýardylar, dyzlaryna çökýärdiler, özlerini we ykballaryny onuñ öñüne serýärdiler". Pompeýiñ gaçandan soñ Rim imperiýasynyñ çäklerinde turzan gozgalañy şowlap gidibermedi, çünki Sezar özüni goldan ýerli halklara "Rimiñ raýatlygyny" berip, halkdan giñ goldaw tapdy. Şeýdip ol hem meşhurlygyny artdyrdy, hem duşmanlarynyñ öñünde abyrsyz uly güýç toplady. Şu we şuña meñzeş ýagdaýlar rimli aristokratlaryñ arasynda Sezara bolan gahar-gazabyñ hasam möwjemegine sebäp boldy. Sezaryñ Rimde eden birinji işi Senatdaky konsul sanyny 900-e çykarmak boldy. Ikinji tapgyrda özüni ömürlik diktator yglan edip, mejlisi doly ýatyrmaga taýýarlandy. Brut şeýle üýtgeşmeler bolup durka, konsullaryñ diktatura geçiş müddetinden öñ dildüwşük gurnajakdyklaryny bilýärdi, emma Sezar bilen ýakyn gatnaşygynyñ bolmagy ýaly käbir ýagdaýlar dildüwşükçileriñ hataryna goşulmak babatda Bruty ikirjiñlendirýärdi. Sezar özüni on ýyllyk ýeke-täk ygtyýarly konsul edip belländigini we möhleti dolanda ýene özüniñ belli karara geljekdigini aýtmagy Brutyñam dildüwşükçileriñ hataryna goşulmagyna sebäp boldy. Şol wagtyñ dowamynda ähli konsullaryñ ygtyýarlyklary elinden alnyp, Mejlis hereketsiz ýagdaýa getirildi. Brutyñ psihologiýasyny we dildüwşügi "Ýuliý Sezar" pýesasynda Uilýam Şekspir ussatlyk bilen suratlandyrýar. Şekspir Brutyñ nähileligini şeýle beýan edýär: - Nämüçin Rim bir adamyñ öñünde egilmeli! Rim egilmelimi, hä? Bir mahallar Tarkwiniý hem hökümdar diýip yglan edilende atalarym ol diýdimzory Rimden çykaryp zyñypdylar. Şekspir Sezara garşy üýşen oppozisiýa biri-birine hyýanat etmezlik üçin ant içmäge Brutyñ öýüne üýşende Brut muña garşy çykypdyr: - Ýok, ýok, ant içmek gerek däl. Eger her birimiziñ ýüzi, ruhumyzyñ çekýän ezýeti şeýle adalatsyzlygyñ we bitertipligiñ garşysynda bizi birleşdirmäge ýetmeýäm bolsa, onda hemmeler öýüne, gyzgyn duluna gaýtsyn. (U.Şekspir "Ýuliý Sezar"). Soñra Sezaryñ 23 gezek pyçaklanandygy hemmelere mälim hadysa bolup geçýär. "Senem Brutmy, onda öl, Sezar!" sözleri-de Şekspiriñ galamyndan çykyp, hemişelik ýatda galdy. Hernäçe hakydalarda iñ uly haýyn Brut ýaly bolup galanam bolsa, bu pikir nädogrudyr, çünki Sezaryñ absolýut wekili Publiý Korneliý Dolabellanyñ hem dildüwşükçiler bilen dili birdi. Şeýle-de halka Sezaryñ öldürilendigini mälim edýän habarnamany okan Lusiý Korneliý Sinna hem Sezaryñ jana-jan garyndaşydy. Dildüwşükden soñ kast edişlige gatnaşanlar halkyñ özlerini uly joşgun bilen garşylamagyna garaşdy. Hatda Brut köpçüligiñ öñünde okamak üçin uzyn nutuk hem taýýarlady. Gaýtam tersine boldy, halk köpçüligi birdenkä dolup-daşdy, kast edişlige gatnaşanlar janyny diñe gladiatorlaryñ goragy astynda Kapitoliý depesine çekilip halas edip bilipdi. Siseron dildüwşügi goldaýanlaryñ biridi, ýöne ol jenaýata gönüden-göni gatnaşyp bilmändi, çünki şol wagt ol sürgündedi. Ol bu habary eşden badyna Mark Antoniniñ öldürlip-öldürilmändigini sorapdyr, ölmändigini bilibem haly beter teñ bolupdyr. Rim uly graždanlyk urşuna iterildi, ahyrynda dildüwşükçiler ýeñlip, respublika ýatyryldy. Ýerine imperiýa guruldy. Sezaryñ arzuw-hyýallary onuñ ölümi bilen wysal tapdy. Mehmet MAZLUM ÇELIK. Ýekşenbe, 05.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |