08:14 Täze gelniň hyzmaty / satiriki hekaýa | |
TÄZE GELNIÑ HYZMATY
Satiriki hekaýalar
Gyşyň güni toý-märeke seýrekleýändirem-ä welin, şu gyş şoňa-da bereket berildi. Muňa obanyň çakylykçysy Çary çaparam üns beripdir. Onuň hasabyna görä-hä, diňe şu gyşda obanyň sallahlarynyň ýedisi dagy öýlenip, obadaş gyzlaryň şonçaragam durmuşa çykypdyr. «Bir obanyň hasabynda alsaň, bu juda uly görkeziji. Käte tomusda hem munça toý boluberenok» diýip, Çary çapar bu hasabatyny delillendirýärem. Soňky ýyllarda toýlary ýörite mekanlarda tutmak ýoň boldy. Tomusam hiç neneň däl welin, gyşyň güni toý mekanlary has hezil bolýar. Daşarda gar ýagsyn, ýagyş ýagsyn ýa allajy sowuk bolsun, parhy ýok, toý mekanynyň içi ýyljajykdyr. Gaýtam, birki tansdan soň derini syryp oturanlaram ýok däl. Toý köp bolsa gowam welin, onuň zyýanly ýerem bar eken. Ine, Ýolly mugallymyň körpesi Mykgy öýlenende toý tutara ýekeje toý mekanam tapylmad-a! Haýsyna barsaň, şol gün toý bar. Ýolly mugallym «Gyşyň güni kyrk tüýsli» diýip, baý, toý mekan gözländir-ä. Ýöne şol gün etrapdaky alty-ýedi toý mekanynyň birem boş bolmasa nätjek. Ahyry, töwekgelçilik edip, toýy gapyda tutmaly diýen karara geldiler. Obanyň ýaşaýjylar-a muňa begendem. Çary çaparyň hasabyna görä, tutulan ön dört toýuň birisem, asyl görlüp oturylsa, obada tutulmadyk bolsa nätjek. Ählisi toý mekanlarynda geçirilipdir. Ine, Mykgynyň toýunyň bahanasy bilen biziň obamyzda-da indi, gör, näçe wagtdan soň aýdym-sazyň sesi ýaňlanjak. Üýtgäp biljek howa, ýagyp biljek gar oba adamlarynyň piňine-de däldi. Olar sabyrsyzlyk bilen toýa garaşýardylar. Ýöne Mykgynyň, öz aýdyşlary ýaly, «jana-jan» dostlary hemmeden beter garaşýardy. Olar köpem däl, bary-ýogy dört sany. Ýöne olar toýda hakyky «jana-janlardygyny» aňryýany bilen subut etdiler. Mykgy dagynyň «kompaniýasyny» biziň obamyzda-ha tanamaýan ýok. Olary siz bilen hem tanyşdyraýyn. Mykgynyň özünem goşsaň, olar bäş bolýar. Üçüsi ýaşytdaş, galan ikisem bary-ýogy bir ýaş kiçi. Aralarynda ilkinji öýlenýänlerem Mykgy. Onsoň, dostlaryň bu toýa nähili sabyrsyzlyk bilen garaşanyny özüňiz pikir edip görüberiň! Dostlaryň iň ekabyry Berdi uzyny gepletseň-ä, heniz bu obada hiç kim «jana-janlaryň» Mykgynyň toýuna taýýarlyk görşi ýaly taýýarlanan däldir. Dört dost birmeňzeş geýinmek üçin ýöriteläp şähere ― bazara gitdiler. Ir ertirden bazar sowulýança-da eşik saýladylar. Hatda, özleri gidip etrapdaky iň gowy aýdymçylaryň birini ― Şöhrat Gylyjy tutup gaýtdylar. Goňşy obada ýaşaýan, heniz orta mekdebi tamamlamadyk hem bolsa bäsleşikleriň birki sanysyndan eli Hormat hatly dolanan Giçgeldä ýörite gutlag goşgusynam ýazdyrdylar. Olar dört bolup bir aýdym hem ýazdyrjakdylar welin, dostlaryň beýlekilere görä iň ýygrasy Arslanyň teklibi bilen, bu halys öte geçmek bolýar diýen karara geldiler. Toý güni edil Ýolly mugallymyň gorkuşy ýaly gar ýagmasa-da, howa gowuja sowady. Agşam sagat sekiz, dokuza çenli-hä ol ýetjek derejesine ýetdem. Eger Mykgynyň toýy bolmasady, bu wagt obada ygyp ýören itlerden başga jandara duşmazdyň. Ýöne, garaşylan toý-da! Birbada märeke ýygnanyp bildi. Hatda bu toý obadaşlarymyzy bir açyşyň üstünden hem eltdi. Mykgynyň hakyky adynyň Muhammetdigini tamada aýdansoň bilip galdyk. Ýöne bu täzelik hem, bagşylaryň (tüweleme, olar aýdylyşyça bar eken!) gowudan-gowy aýdymlary hem märekäni uzak saklap bilmedi. Sagat dokuza golaýlaberenden, toýda barmak büküp sanaýmalyja adam galdy. Oba ýaşululary maslahatlaşyp, dokuzdan soň Mykgy bilen gelnine hem rugsat berdiler. Olar öýe girdi, ýöne toý, aýdym-saz tamamlanandyr öýdýärsiňizmi?! Ýok, tamamlanmady. Heniz märeke dargamanka, söz alyp, Mykgy bilen gelinligi tä ýanlaryna gelýänçä gutlaglaryna başlaman, onsoňam Giçgeldiniň ýazyp beren goşgusyny okap, ilden üýtgeşik gutlajak bolubam gutlagyň we ýat tutulan goşgynyň käbir ýerini bulaşdyryp ýetişen dostlar üçin aýdymçylar sagat tä 11-e golaýlaýança aýtmaly boldular. Ýolly mugallym-a aýdymçylara nebsi agyryp, «Siz bir saz goýberiň-de, öýe girip oturyberiň! Oglanlaryň özleri oýnap, özleri ýadar» diýdem. Ýöne bu teklip başa barmady, dostlar hut özleri gürleşip gelen aýdymçylaryny görmese, tans edermi?! Olar toýuň wagty tamamlanyp, ýaşulular «Boldy, boldy» diýensoňam, obanyň däbine eýerip, ýene birki aýdym aýtdyrdylar. Garaz, Mykgynyň toýy obadaşlarymyz üçinem hiç neneň bolmady welin, onuň «jana-janlary» üçin-ä hasam gyzykly boldy. Hatda olaryň şol gün Mykgylardan gaýtmandygyny hem eşitdik. Daň atýança oturypdyrlar. Biziň obamyzda bir däp bar. Toýdan birki gün soň, il ýygnanyp, märeke dargaram welin, täze öýlenen ýigidiň öýüne dost-ýarlary ýygnanyp, täze gelniň hyzmatyny görerler. Nämemiş, täze öýlenen ýigit gelnine buýrup bilýändigini subut etmelimiş. Biziň oba gelin bolup düşýän gyzlar hem bu däbe kaýyl, olar her näçe kejir bolsalaram, şol gün sesini çykarman, ýanýoldaşynyň dostlaryna hödür-kerem baryny edýärler. Toýdan geçse üç gün geçendir, ine, Mykgynyň «jana-janlary» täze gelniň hyzmatyny görmäge gelipdirler. Ýene şol dördüsi ― Berdi uzyn, Aman sary, Hoşşy soldat we Arslan burun. Siz meni geňlemäň, biziň obamyzda biriniň adyny onuň familiýasy bilen tut, tanalmazlygy mümkin. Ýöne lakamy bilen tutsaň, tanamajak ýokdur. Özüm-ä obadaşlarym doglanda lakamy bilen bile dogulýarmyka diýýän. Ýogsa, lakama beýle bolçulyk döremezdi ahyryn! Ynanyň, obamyzdaky lakamlar adamlardan kän. Meniň ýaly birküç lakam göterip ýörenem bar. Nirde galypdyk? Wiý, hawa, Mykgynyň dostlarynyň gelin hyzmatyny görmäge gelýän ýerinde. Bilemok, bu däp kimden galypdyr, ýöne şu oturylşyga gelenleriň jyny çaýa düşäýýär. Orta gelen çaý käte käselere guýlubam ýetişenok. Göni penjireden eňterilýär. Soňam: «Bar, gelniňe täze çaý getirt. Eýýäm «içdik». Ýöne bir täsin ýeri ýeri, oglanlar çaý dökmekden başga «garagollyk» etmez. Gelniň hyzmaty diňe erinmän çaý getirýänligi bilen ölçener. Mykgynyň gelnem ýarym sagatda alty-ýedi çäýnek dagy çaý getirmeli boldy. Ýöne ol şeýle boljakdygyny heniz orta mekdebi tamamlamadyk baldyzy Aýşirinden eşidipdi we heniz Mykygynyň dostlary gelmänkä, 20 litrlik gazany gazyň üstünde goýupdy. Suw diýeniň gaýnap dur, oglanlar näçe çaý diýse-de, eltibermeli. Aýşiriniň bolsa gelnejesine nebsi agyrýany çyndy. Ýogsam näme, aňsatmy täze gelin halyna bir topar adama yzly-yzyna çaý daşap oturmak?! Ahyry, Aýşirin bir ýeserlik etmegi ýüregine düwdi. Ýöne kellesine gelen pikiri hiç kime aýtmady. Gelnejesine aýtsa, ol kes-kellem garşy çykjak, agasyna aýtsa-ha, käýinjem eşidäýmegi mümkin. Näme etseňem, ýeke özüň etmeli, ýöne bu «çaýkeşlere» bir gözjagaz-a görkezmeli. Oglanlar şondan soňam birki sagat dagy oturdylar. Penjireden özleri çaý eňterip, özleri ýadadylar. Ahyram, bu oýny goýbolsun etdiler-de, mesawy gürrüňe geçdiler. Sekunt sanalyp garaşylan toýdan soň gep gytmy? Gürrüňçilikde aýdymçynyň «Hany, tans et, Gülälegi» näçe gezek aýdanyndan başlap, meňzeş geýinmelerine käbir obadaşlarymyzyň garaýyşlaryna çenli ýatdan çykmady. Geldi uzynyň geljek ýazda tutuljak toýunyň meýilnamasy, obadaş gyzlaryň gürrüňi, toý barada obadaşlaryň arasynda ýaýran «waspnamalar» we käbir bellikler hem «ara alnyp maslahatlaşyldy». Mykgynyň gelni bolsa şondan soň käte bir habar alyp duraýmasa, çaý daşamaly bolmady. Ýöne şoňa çenli hem gyşyň sowuk gijesinde penjireden daşary dökülen çaýlar etjegini edipdi. Mykgynyň öýündäki oturylyşyk hem toýdan ir tamamlanmady. Täze gelniň hyzmatyna «ýokary baha» beren «jana-janlar» öýe gaýtmak üçin daş çykdylar. Baý-bu-uw, howanyň sowaýanyny! Gyş bar güýjüni edýär-ow! Bosaga çykylsa-da çykyldy welin, «jana-janlaryň» birisem geýip gelen köwşüni tapmady. Hawa, köwüşler ýok. Nirädir bir ýere uçupdyr. It-pişik dagy süýräp äkidäýdimikä? Dogry, Mykgylaryň iti bar, ýöne onuň beýle «gylygy-ha» ýokdy. Her niçigem bolsa, oglanlar aýagyna ilen köwşi geýip, jaýyň daş-töwereginden öz köwüşlerini gözlemäge çykdylar. Az salymdanam Arslan burunyň hüňürdisi gyşyň sowugynyň içinde ýitip gitdi: ― Päheý-de welin, asyl, biz çaýy... Oglanlaryň oturan penjiresiniň edil daş ýanynda «jan-janlaryň» köwüşleri çaýmydyr şemmeden püre-pür dolup durdy... Agageldi ITALMAZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||