15:51 Täze ýyl henekleri | |
TÄZE ÝYL HENEKLERI
Degişmeler
Oglanjyk Aýazbabanyň IMO-daky salgysyna habar ýollaýar: “Hormatly Aýazbaba! Size maňa beren Täze ýyl sowgadyňyz üçin minnetdarlyk bildiýräin!”. Aýazbabadan jogap gelýär: “Biderek zat-la, oglum! Sag bol aýtjak bolup azara-da galmaly däl ekeniň!”. Ýene-de oglanjykdan habar gelip gowuşýar: “Menem şeýle diýdim-le welin, onda-da ejem: “Edepli adamlar hatda bolgusyz sowgatlar üçinem minnetdarlyk bildirseler ýagşy bolýar!” diýäýdi-dä”... ***** Täze ýyl baýramynyň ertesi güni oglanjyk daýzasyna jaň edýär: -Daýza jan, Täz ýylda sowgat beren tüýdügiň üçin ägirt uly taňryýalkasyn aýdýaryn... Begenen daýzasy jogap berýär: -Wah ýegenjigim, ol tüýdük beýlebir gymmat zat däl-le. Bahasy bary-ýogy 10 manatjyk... -Ol diýýäniň-ä dogry-la welin, daýza, ýöne kakam bilen ejem indi her gün daň bilen oýanyp, tüýdügimi çalyp başlan badyma maňa bes etmegim üçin her haýsy 10 manat berýär... ***** Biri dostuna geňeşýär: -Dost jan, maslahat bersene! Aýalyma Täze ýyl sowgady diýip näme alyp bersemkäm? -Özünden sorasaň dogry gelmezmi-aý, dostum?! -Äý,-diýip geňeş salýan ýeňsesini gaşaýar:-O diýýäniň-ä rast-la welin, mende onça pul ýok-da... ***** Täze ýyl baýramçylygyndan bir aý soň biri dostuna aýdyp berýär: -Dost, men-ä aýalyma geçen Täze ýylda “Maşgalanyň puluny nädip tygşytlamaly” diýen kitaby sowgat berdim. -Ýeri onsoň, nätdi? Öýüňizde pul tygşytlanyp başladymy? -Hawa, başlady,-diýip ol gaýgyly dem alýar:-Bir aýda alty kilogram-a horlandym, ulagyma guýjak ýangyjymyň puluny ogrynça karz alýan, piwo-çilim-arak...hemme zady taşladym... ***** Yrymçyl gelinleriň biri jorasyna jaň edýär: -Jora jan, eşitdiňmi? Bu ýylyň Täze ýyl baýramçylygy hut bäşinji güne düşýärmiş-dä... -Hiý-wa,-diýip jorasy içini çekýär:-Hernä aýyň on üçüne düşmese bolýar-la... ***** Oglanjyk gazetden “Aýazbaba we Garpamyga jaň ediň-de, öýüňize çagyryň!” diýen şygaryň astyndaky mahabaty okaýar. Derrew jaň edýär. “Aýazbaba” diýip özüni tanadan erkek kişini öýlerine çagyrýandygyny aýdýar. “Aýazbaba” oglanjygyň öýüniň salgysyny soraýar. -Biziň öýümiz şäheriň merkezi bazarynyň günbatar tarapynda,-diýip oglanjyk düşündirmäge başlaýar:-dört gatly jaýyň ikinji girelgesinden üçünji gatyna galsaňyz, çepiňizdäki gapydyr. Burnuňyz bilen jaňyň düwmesine bassaňyz özüm gapyny açaryn... -O näme üçin jaňyň düwmesine burnum bilen basmaly?-diýip “Aýazbaba” geň galýar. -Sebäbi siziň iki eliňizem sowgatlardan doly bolar ahyry... ***** Täze ýyl güni iki pessimist baýramçylyk meýdançasynda sataşýar. Olaryň biri şady-horram bolşup ýören adamlara gamgyn nazar oklaýar-da, lapykeçlik bilen hüňürdeýär: -Men-ä şü adamlaryň Täze ýyl baýramynda näme üçin şeýle däliräp, begenişýändiklerine heýç düşünýän däldirin... -Belki, geçen ýyly ölmän sag-aman geçirenlerine bolaýmasyn?!-diýip beýlekisi tukatlyk bilen çaklaýar... ***** Biri dostuna zeýrenýär: -Meniň gaýynenem bilen Täze ýyl ikisi örän meňzeş. Edil bir almany iki bölen ýaly... Dosty geň galýar: -O nähili? Nädip adam bilen baýramçylyk çalymdaş bolup bilýär-aý?! -Äý, olaryň ikisinde-de bir esasy häsiýet bar. Sen olaryň gelmegini isle-isleme, barybir sümsünip bir ýerden çykýarlar... ***** Täze ýyl güni myhmançylyga barýan aýaly ärini igelemäge başlaýar: -Gyýw, bu gezek bir baran ýeriňde geçen ýyldakylaň ýaly ile gülki bolaýman, dogruja gepläwergin... -Näme-aý,-diýip, eýýäm öýünden çykmanka hatynynyň gözüne güýdüşip, ýagdaýyny mazalyja gowulamaga ýetişen äri myňňyldaýar:-Men olar-a: “Siziň hemmäňize jan saglygyny, işleriňizde rowaçlygy, ýurt abadançylygyny arzuw edýän!” diýip çäklenerin-dä-how! -A geçen ýyldaky ýaly: “Özüňe-de bir zatlar diläp gal-da!” diýseler näme?! -“Özüme-de Täze ýylda üstünliklerden-üstünliklere toýnak salyp, ýyldyz bolmagy dileýän!” diýerin-dä... -Düşnükli. Ulalyp oňalman geçen, ýene-de içip-içip myhman ýeriň arçasynyň çürbaşyna dyrmaşmakçy bolýaň-da, onda... Internet maglumatlaryndan terjime edilip taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||