14:45 Täze ýylda | |
TÄZE ÝYLDA
Goşgular
(ýarym degişme) Täze ýylda täze bolsun donuňyz, Täze ýylda sagat bolsun janyňyz. Bagt guşy depäňizde pel-pelläp, Elmydama pully bolsun ýanyňyz. Täzeden-täzeçe arzuw edilsin, Täze ýylda alyslara gidilsin. Adamlar täzeçe gatnaşyk açyp, Köne öýke-kinelerin unutsyn. Täzeçe okalsyn okalan goşgy, Täzeçe wasplansyn gyzlaryň yşgy. Ajap gözellikler ornaşyp dünýä, Owadanlansyn dünýäniň keşbi. Täze bolsun gelin-gyzlaryň näzi, Ýüreklerde goýsun öçmejek közi. Mähir-muhabbetden tutup ýüklerin, Täzeçe ýaňlansyn olaň owazy. Täze ýylda täzelensin köneler, Täzeçe bellensin täze seneler. Ýöne, “dostuň, meýiň könesi ýagşy”, – Aýdypdyrlar akyldarlar – danalar. Goý, Täze ýyl rysgal-döwlet getirsin, Ene perzendini rahat ýatyrsyn. Ýeneki ýyllarda täze ýyllary, Garşylamak hemmämize ýetirsin. Annamuhammet ALLAGULYÝEW. | |
|
√ Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Ýagyşly günüñ aýdymy / Goşgular - 20.11.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Daglar hakda geňräk goşgy / Goşgular - 06.11.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Pyragyny okasañ! / Goşgular - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |