08:59 Tehnodost | |
TEHNODOST ýa-da AWTOULAGLY PELSEPE
Jemgyýetçilik tankydy
Ukybyma görä hyzmat etmäge Hukuk bereniňe müňde bir şükür. Emma men hukugym hakynda däl-de, Borjum hakda has köp etmeli pikir. Ukybyna görä haýwanam işlär, Ukybyna görä maşynam ýörär. Men bolsa olardan parhly bolmaly, Haýwanam, maşynam däldigme görä. Öz belent borjuma düşündigimçe Hukugymy gurban etmeli borja. Borjy ölçesem-de ukyp boýunça, Ony bitirmeli borjum boýunça. (K.Gurbannepesowdan) I. SÖHBETE SYNANYŞYGYŇ SEBÄPLERI Biziň hemmämiz täsinlikleriň küýseginde. Iň gyzykly ýeri-de, biz şol täsinlikleri niredendir bir ýerden gözleýäris. Emma biz özümiziň esasy täsinlikdigimizi unudýarys. Adam üçin adamdan başga täsinlikler gyzyksyzdyr, irizgiçdir, wagtlaýyndyr. Adam gözüne täsinlik bolup görnen wakasyna, hadysasyna bolan gatnaşygyndan soň özüniň haýran galdyryjy häsiýetleriniň haýsydyr birini açmaýan bolsa, onda ol özüne çekiji täsinlikleriň islendigi adamy ýadatmak bilendir. Ynha iň esasy täsinlik şunda. Mysal üçin bialaç hem bolsa çölde galan teşne adamyň näçe wagtlap teşnelik derdine çydamaga ukyplydygyny, gabat gelşine görä, çöl haýwanlarynyň haýsysy bilen tutluşyp üstün çykyp boljakdygyny, haýsy janawarlaryň we ösümlikleriň iýmäge ýaramlydygyny, suwy nädip tapyp bolýandygyny, mahlasy öz başarnyklaryny, öz dünýälerindäki açylmadyk taraplaryny açýar. Biz özümizi we özgeleri haýran galdyrjak täsinlikleriň gözleglerine durkumyz-düýrmegimiz bilen berlen halatymyzda tötänleýin öňümizden çykan çynaberimsiz ýalanlara-da haýran galyp bilýäris. Ol hiç-le welin, köplenç biz öz durmuşymyzdaky hakyky täsinlikleri görmeýäris, ýeri muňa näme diýjek?! Özümize, öz durmuşymyza hökman bolaýmaly adatylyk hökmünde seretmäge halys endik edinipdiris. Biziň dünýämizde täsinlikler ýokmy?! Bar. Belki-de, şol täsinlikleriň beýan etmeleri gyzyklydyr. Diýmek, ýönekeýden gelen sadaja hakykata laýyklykda biz öz dünýämizi beýan etmeli. Ol biziň gaýragoýulmasyz borjumyzdyr. Çünki biziň dünýämiziň maglumatlary gyzyklydyr. Öz dünýämiz hakyndaky söhbetler derwaýysdyr we ähmiýetlidir. Geliň, öz dünýämize bilelikde ser salalyň. Ilkidurmuş ýönekeýliklerinden kosmos zamanasyna çenli kämilleşmegi başaran adamzadyň öz taryhy ýolundaky ajaýyp häsiýetleriniň biri — dost tutmak häsiýeti. Akyldarlaryň biriniň bir ajaýyp pikiri, bu gürrüňe içgin girişmänkäk, salgylanmaly pikirlerimiziň biri bolsa gerek. Adam ogluny islendik gorkunç hasap edilýän jandar bilen bir ýerde galdyrmagyň ýeterlikdigi beýan edilýän bu pikirde adamyň islendik zat bilen dost bolmak ukyby nygtalýar. Şu ýerde häzirkizaman kinofilmleriniň biriniň mazmuny hakydamda janlanýar. Ol film Pi lakamyny alan oglanjygyň ömrüniň bir bölegi gürrüň berilýän «Piniň ömri (Žizn Pi)» atly filmdir. Gysgaça mazmuny şeýle: haýwanat bagyny gämi bilen ýurtdan ýurda göçürilýär. Gämi deňiz heläkçiligine uçraýar we oglanjyk gaplaň bilen bir gaýykda galýar. Dünýä durşuna suw, uç-gyraksyz umman. Onuň goýnundaky ýalňyz gaýykda-da oglanjyk bilen gaplaň. Olar tebigatyň ýowuz synagyndan bileje geçmeli bolýar. Mahlasy, oglanjyk howply duşman saýylýan gaplaň bilen imrinişýär. Hatda kenara sag-aman aşanlaryndan soň, sesini çykarman, yzyna-da seretmän tokaýlyga sümüp giden gaplaňdan öýkeleýärem. Gaty gyzykly mazmun. Bu mazmun bize adamzadyň taryhy ýolunda durmuş zerurlyklarynyň hormatyna tutunan dostlarynyň sansyzdygy hakynda düýpli pikirlenmäge esas berýär. Biziň bu gürrüňimiz bolsa, adamzat kowmunyň häzirki nesilleriniň dostlary — tehnodostlarynyň biri bolan awtoulaglar hakynda bolar. Öz dünýämiziň derwaýys meselelerinden mesawy gürrüň gozgaýan bu söhbete girişmegimiň üç sany sebäbi bar: Birinji sebäp: Belläp geçişimiz ýaly, adam bu dünýäniň islendik zady bilen iş salyşanynda onuň bilen birlikde öz ukyplarynyň heniz açylmadyk taraplaryny açýar. Başgaça beýan edileninde, adam özüni açmaga kömek eden islendik zady dost tutunýar. Adam horazyň sesine oýanmaga endik edipdir. Howlusyndaky eldeki eden janawerleriniň hereketlerine, seslerine üns berip ýa-da melleklerinde ýetişdiren ösümlikleriniň ýagdaýlaryna seredip, howanyň ýagdaýyny we başga-da durmuş üçin derwaýys bolan birnäçe aýratynlyklary kesgitlemegiň hötdesinden gelipdirler. Hatda gökdäki ýyldyzlara seredip, ýylyň tebigy häsiýetleriniň aýratynlyklaryny özünde jemleýän wagtyň sepgitlerini, ýörelmeli ugruň hanjakdygyny kesgitlemegi başarypdyrlar. Şonuň üçin bu dünýäde adam üçin ähli zat özboluşly dostdur. «Her döwür — bir döwür» diýleni. Wagtyň üýtgemegi bilen dünýäniň ähli zady üýtgeýär. Zeminüsti ýaşaýşyň aglaba bölegi adamyň — ADAMZADYŇ isleglerine baglylykda üýtgeýär. Bir wagtlar ýer sürmek işini ýeňletmek üçin öküzi, ýük daşamak üçin eşegi, menziline çalt barmak üçin bedew aty eldeki etmegi başaran ata-babalarymyz öz islegleriniň yzyna düşüp, arzuwlaryny durmuşa geçirmegiň — maksatlaryna ýetmegiň mümkinçiliklerini kämilleşdiripdir. Şu nukdaýnazar bilen çemeleşseň, adam öz dostlaryny aňy bilen üpjün edýär diýsegem bolman durjak däl ýaly. Häzirki döwür hakynda, adamyň häzirki zaman dostlary dogrusynda söhbet açmaly bolsa, onda ol gürrüňsiz tehnodostlar (awtoulag, otly, dikuçar, uçar, telefon, kompýuter, internet, kosmos we ş. m) hakynda bolar. Ata-babalarymyzyň: «Adamy dostundan tana», Sen maňa dostlaryňy sanap berseň, men seniň kimdigiňi aýdaýyn diýlen ýaly düşünjeleriniň mazmunyna laýyklykda pikir ýöredip göreliň. Dogrudan hem umumadamzat nukdaýnazaryndan seredeniňde: «Häzir adamyň ýegre dosty kimkä ýa-da nämekä?!». Oýlanyşanyňa degýän sowal gerek?! Pikir sagdynlygyna (logiki yzygiderlige) esaslansaň-a durmuşynyň iň derwaýys meselesinde kim bilen ýa-da näme bilen köp arkalaşylýan bolsa şol hem adamyň dostudyr. Çünki «dostluk» düşünjesi hernäçe geňräk görülse-de, bähbit getiriş ukybyndan üzňe däldir. Ýöne dostlugy emele getirýän şol bähbit getiriş adamyň ýüregindäki islegine göz ýetirmek duýgusy bilen aýrylmaz derejede baglanyşyklydyr. Bähbit sözi ikitaraplaýyn gatnaşygy aňladýandyr. Towuklardan ýumurtga almak üçin olary iýmitlemek gerek. Olary durmuşynyň ýagylaryndan goramak gerek. Bolmasa towuk ýumurtgalarynyň tagamyndan lezzet alyp bilmersiň. Bu dünýägaraýyş durmuşydyr. Durmuşy bolmadyk islendik dünýägaraýyş kämil däldir. Bolubam bilmez. Dostluk düşünjesiniň bir tarapynyň düşünişmek duýgusy bilen hem berk baglydygyny nazara almak gerek. Bu babatda pederlerimiziň durmuşyna ser salyp görmek ýeterlik bolsa gerek?! Gündelik durmuşda ojaklaryň süýt-gatyk rysgalynyň çeşmesi bolsa-da ata-babalarymyzyň «Sygyr bilen dost bolduk» diýen aýtgysyny eşiden ýokdur. Hernäçe ýük basyp, peýdalanan hem bolsalar «Eşek — ynsan dostudyr» diýlen paýhasa gabat gelen dälsiňiz. Emma welin hüşgärligiň gerek pursatlarynda adama öz duýgurlygyny bagyş edip bilenligi üçin, wepadarlyk duýgusynyň güýçlüdigi üçin iti welin dost hasaplapdyrlar. Ýüwrük aýaklary bilen eýesiniň ýürek islegine düşünip, hyzmat etmegi başarandygy üçin aty dost hasaplapdyrlar. Göroglynyň on sekiz ýerinden ýara düşen pursatynda, eňki agan ýaraly hassany üstünden ýykman Çandybile getiren Gyratyň duýgurlygyna, wepadarlygyna şek bolmaz. Beýle hakykat dünýäniň dürli halklarynyň durmuşynda hem kändir. Sebäbi ol duýgy adamyň dost tutunan bedew atynyň adam bilen düşünişmek ukybyny açýar ahbetin. Emma döwürleriň özgermegi garaýyşlary we çemeleşmeleri hem özgerdipdir. Hakykaty boýun almak gerek. Adam häzirki döwürde islendik janly-janawardan tehnologiýany gowy görýär. Indi adam horazyň sesine turanyndan jaňly sagadyň, telefon jaňynyň, islendik pursatda özünden-özi görkezer ýaly edip düzüp bolýan telewizoryň hem-de biziň tanşyp ýetişmedik tehnodostlarymyzyň sesine turanyny kem görenok. Indi adamyň sakçysy it däl. Itler durmuşymyzdan doly üzňeleşmedik hem bolsa indi adamda itleriň taryhy wezipesini berjaý edip bilýän sansyz dost bar. Olar: adamzadyň hyzmatyndaky dürli görnüşli gulplar, wideokameralardyr. Ynsan ýaşaýşynyň — beden we ruhy saglygynyň iň esasy serişdesiniň hereket hasaplanýandygyna garamazdan adam häzirki döwürde hereket etmezlik islegine güýçli ýykgyn edýär. Sözümiziň şu ýerinde ýurdumyzda ynsan saglygynyň bedenterbiýesi we sport bilen kämilleşdirilmegi ugrundaky sagdyn syýasatyň düýp mazmunyna düşünmäge uly mümkinçiligiň döreýändigini hem belläp geçeliň. Hereket — beden berkligi. Hereket — kadaly gan aýlanyş. Hereket — ruhy ýeňillik. Mahlasy hereket — saglyk çeşmesi. Ata-babalarymyzyň dili bilen beýan etsek: «Herekete — bereket». Emma şeýle-de bolsa, elinden gelse ähli işini tehnologiýanyň üstüne atmaga taýyn adamzadyň täze tehnodostlary hem ynsan durmuşynyň örän kän we kyn wezipelerini öz gerdenlerine alýarlar. Tehnodostlar öýleri süpürip berýärler, çaý-naharyňy taýýarlap berýärler, okara-gap-çanagyňy ýuwup berýärler. Böwrüne barmagyňy degirdigiň bes, teşneligiňi gandyrmak üçin sowuk suw gerekmi ýa-da çaýdyr kofe içmek üçin gyzgyn suw, baş üstüne. Özi-de şu iki wezipäni içinde hem sowuk hem gyzgyn suwly, sag gulagyny dürtseň sowuk, sol gulagyny dürtseň gyzgyn suw berip bilýän bir enjam ýerine ýetirýär. Elini düwmesine degrip, ugrukdyryp bildigiň bes, gyşda jaýyňy go:r ýaly etmelimi ýa-da tomusda buz ýaly seleňletmelimi, müşgili ýok. Indi zenanlarymyzyň gap-çanak ýa kir ýuwmakdaky hyzmatlaryny tehnodostlaryň ýerine ýetirýändigini hakyndaky söhbet hiç birimiz üçin täzelik däl, hatda indi gazany bulap, göz-gulak bolup durmagyň hem derwaýyslygy aradan aýryldy. Häzirki nahar bişiriji tehnodostlar bişen dessine gyzgynlygyň akymyny özi kesýär. Gerek bolsa, bir gije-gündize çenli gyzgynlygyny ýitirmän saklamaga ukyply elektrogazanlaram bar. Kir babatynda-da käbir hereketleri ýerine ýetirmegi ýokuş görmeseň, özi ýuwýar, özi sykýar. Bu bize adamyň aň ukybynyň derejesiniň ýokarlanýandygyny kepillendirýän hakykatdyr. Indi häzirki zamanyň tehnodostlarynyň arasynda adam ýaly pikirlenmäge ukyplylary hem peýda bolup başlady. Dogrusy, adamlar öz isleglerine görä, tehnodastlaryny şeýle derejede kämilleşdirmek üçin tagalla baryny edýärler. Ýöne welin bu ösüşleriň böwrüňi diňledýän tarapy bar. Çünki adam üçin iň ýakyn dost adamyň özüdir, ýagny adamdyr. Adamyň pikirlenmek ukybynyň netijeleri oňyn bolan halatynda öň düýbünden nätanyş bolan iki adam ysnyşýar, dostlaşýar. Emma pikirlenmek ukybynyň netijeleri tersine depeninde bolsa, iki dostuň haýsydyr biri ýalňyşýar. Şeýdibem, öň bir-birine ýegre dost bolup ýören adamlar, käte hiç haçan barlyşdyryp bolmajak ýagdaýlara-da düşüp gidiberýärler. Adam tehnodostluk zamanasyna çenli dost tutan janawarlaryndan düşünmegi, wepadarlygy, hyzmaty tama edipdi. Guşlara ýurt arasyndaky derwaýys habarlar ýazylan hatlary gatnatmak ynanylypdy. Emma olaryň pikirlenmek ukyplaryny öz derejesine ýetirmek islemändi. Diýmek, häzirki zaman dünýäsinde adam tehnodostlar bilen arasyny köne dostlaryna görä has ýakyn tutanyny bähbit bilýär. Eger, hakykatdan hem şeýle bolsa, onda häzirki zaman dünýäsinde adama awtoulagdan ýakyn dost barmyka?! Sözümiziň şu ýerinde häzirki zaman durmuşynyň beýany bolan bir degişmäni peýdalanmak hem artykmaçlyk etmese gerek: Awtoulaglaryň hereketleriniň garynjalaryň gatnawy ýaly üznüksiz hereketlerine uýgunlaşylan durmuşda ýaşaýan bir oglanjygy uzak obalardaky garyndaşlaryna gezmäge, tebigatyň täsinliklerinden lezzet almaga ugradypdyrlar. Çagajyk oba dükanynyň öňünde durka at arabasy bilen gelen adam ylgap dükana girip gidipdir. Sähel salymdan bolsa, dükandan alan zatlaryny arabasyna atyp, ugramakçy bolupdyr. Haýran galmak bilen synlap duran şäherli çagajyk saklanyp bilmändir. Ol at eýesine ýüzlenip: «Daýy, daýy uzak ýola gidýän bolsaňyz kösenäýmäň, atyňyzyň edil şu wagtjyk ähli benzini döküldi» diýipdir. Hiç bir adamyň, hiç bir zadyň, hiç bir närsäniň hormatyny peseltmek islegim ýok. Peseldäýeýin diýenimde-de, ol başartmaz. Emma meniň nukdaýnazarymdan häzirki zamanda adama awtoulagdan ýakyn dost, megerem, ýok bolsa gerek. Diýmek, bu söhbete girişmegimiziň baş maksady adamyň iň ýakyn ýoldaşynyň, gündelik durmuşda iň ýakyn arkadaşynyň, ýagny awtoulagynyň töweregindäki ýüze çykýan ahwallaryny anyklaşdyrmak, aýdyňlaşdyrmak gerek. Gadymy paýhasa laýyklykda, adama onuň dostuny we dostuna bolan gatnaşygyny anyklap göz ýetirmek gerek. Getirilýän mysallar, ýüzlenilýän maglumatlar arkaly adamlara öz dünýäsine biperwaý bolmaly däldigine ünsi çekmäge mümkinçilik tapmak gerek. Çünki pelsepeçiligiň esasy wezipesi ähli zady akyl eleginde elemekdir. Sagdyn pikir ýöretmäge ukyply akyldaryň «Ähli çylşyrymly zatlaryň birnäçe ýönekeý zatlardan ybaratdygy» hakyndaky pikiri — ajaýyp pikir. Ýöne esasy mesele şol ýönekeýje zatlaryň her biriniň ornuny we wezipesini aýdyňlaşdyrmakda. Adamyň gözi-de, göwni-de ilki iri zatlarda eglengiç. «Türkmene gabarak» diýlişi ýaly. Emma adamzat dünýäsi ösüşleriň ýyldyrym çaltlygyndaky özgerişlikleriniň dünýäsine ymykly gadam basmagy ähli iri zatlaryň iň maýda bölegi bolan ýadrony açan pursatyndan başlanmadymy näme?! Bu kiçijek umyt söhbete girişmegimiziň birinji badalgasydyr. Ýadrosydyr. Ikinji sebäp: Adam özüni öwrenmek islegi arkaly dünýäniň gaty köp närsesine akyl ýetirdi. Dünýäniň gaty köp närselerine akyl ýetirmek isleginiň yzyna düşübem, özi bilmezden, özüniň çylşyrymly dünýäsiniň aňyrsyna çykyp bolmaýan syrly taraplarynyň ençemesini aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik tapdy. Gürrüňi sada häsiýetde amala aşyrmak meniň hemişe iň esasy maksatlarymyň biri bolupdy. Emma häzir ol birugsat çylşyrymlaşjak bolýar. Açyk-aýdyň maksatly söhbetlere sadalyk mahsusdyr. Sada pikirli bolmak ýazyjynyň, şahyryň, suhangöýüň hyrydarynyň köp bolmagynyň birinji şertidir. Çünki adamlaryň her biriniň düşünilmesi agyr sözlemlere gözüni tegeläp seredip oturmaga wagty ýok. Esasy gürrüňden sowulmalyň. Dogrudan hem, adamyň dünýäni öwrenmek häsiýeti gaty köp ylmy açyşlaryň üstünden alyp bardy. Şolaryň ählisiniň tebigatyna umumy nukdaýnazar bilen baha berseň — adamyň tebigatynda beýleki janly-jemendelere mahsus bolmadyk bir häsiýet bar. Ol häsiýet — öz mümkinçiliklerinden öňe geçmek häsiýeti. Iň bolmanynda-da şol islege berilmek. Türkmençeläp, sada dilde beýan etsek — gyssanmaçlyk. Howlukmaçlyk. Hemişe haýsydyr bir zada howlukmagy — mysal üçin — ilki bilen bagry bilen süýşmäge umtylýan çagajyk, elýeterden aňyrrakdaky oýunjagy almak üçin emedeklemäge atygsaýar. Durjan-durjan bolansoň ýöremäge, ýöräninden soň ylgama atygsaýar. Motorlar, awtoulaglar, otlular, dikuçarlar, uçarlar bularyň ählisi adamyň öz matlabyny mümkingadar çalt berjaý etmek isleginiň miwesidir. Öýjükli telefonlardyr kompýuterler, olaryň internet hyzmatlary adamlaryň isleglerini çaltlaşdyrmagyň hyzmatynda wagty gyssamak wezipesini ýerine ýetiriji iň ýegre tehnodostlarymyzyň biri bolan awtoulagly pelsepä girişmegimiziň ikinji sebäbidir. Üçünji sebäp: Üçünji sebäp birinji we ikinji sebäpden gelip çykýan esasy sebäpdir. Üçünji sebäbi adamyň öz tebigatyna göz ýetirmeklerine bolan garaýyşlarym bilen bagly şahsy islegimdir, maksadymdyr, arzuwymdyr. Muny öz durmuşymdaky ýekeje sada mysal bilen düşündireýin: Ýetginjeklik ýyllarym deň-duşlarymyň aglaba bölegi motoryň (motosikletiň) aşygydy. Ol döwürlerde ýaşlaryň tehnodosty motordy. Meniň motor sürmäge asla islegim ýokdy. Emma bu islegi esasy arzuwyna öwren hatardaş dostlarym bardy. Bir gün şol dostlarymyň biriniň motory depgiden otlanmady. O wagt açardan otlanýan motorlar ýokdy. Itişmeli boldum. Itişdim welin motor birden otlandy-da, dostumyň elinden çykyp gidiberdi. Özi baryp düňderilýänçä yzyndan ýetip bolmady. Emma «Hany bakaly!» multfilmi däl-dä, aýlanyp-dolanyp özi alyp gidiberer ýaly. Gitjek ýeri nire?! Üç-dört ädim geçdi-de agdaryldy bir gapdala. Şol gezek motoryny elinden sypdyran dostumyň ýüzi duw-w-ak bolupdy. Näme üçinkä?! Dostum ýykylmady ahyryn, bary-ýogy motor ýykyldy. Ony hem ýykylanyndan soňra galdyrdyk. Ruly bir tarapa çalarak gyşarypdyr. Bolany. Esasy ünsüň nämededigini aýdaýynmy?! Dostumyň ruhy şol wagt, şol pursat özüniň iň ýakyn tehnodostuna baglanypdy. Türkmençeläp aýtsak: «Jany motoryň içindedi». Gürrüň şonda. Onuň ruhy motor bilen bile gidip, motor bilen bile ýykylyp, bile-de dikelipdi. Bolany. Munuň başgaça düşündirişi ýok. Şuny diýmek bilen pelsepä ýugrulan sadaja maksadymyň beýany şudur — adam öz dünýäsinde «Wagty ýygjamlatmagyň» dürli tilsimatlaryny oýlap tapdy. Öz ruhuny oýlap tapyşlaryna sazlamaga-da mümkinçilik tapdy. Öňem belläp geçişimiz ýaly, ilki bilen ýöremegi öwrenmek üçin adagarabany, arabany, eşegarabany, atarabany, çagalygynda üç tigirli welosipedi, soňra iki tigirli welosipedi, soňra iki tigirli, soň üç tigirli motory, ondan soň dürli kysymly awtoulagy, otlyny, dikuçary (wertolýoty), uçary (samalýoty) hemra edinip gördi. Her niçik öz ruhuny hem şol tilsimatlyk ukybyny siňdiren tehnikalarynyň dünýäsine sazlamaga ýykgyn etdi. Bu häzire çenli başardyp gelýär. Häzirki zamanyň esasy maksady adamyň öz ruhy dünýäsini yhlasyny siňdiren tilsimatlarynyň dünýäsine sazlap bilmeginde. II. GÜRRÜŇE GIRIŞ Aý geçýär, ýyl geçýär. Üýtgeýär moda! Öň maşyn modady. Indi — pyýada! Köçä çykdym. Maşynlylar aňk boldy: — Hanha, pyýada bar! Hanha, pyýada! (K. Gurbannepesowdan) Häzirki zamanyň okyjylary (şolaryň arasynda özümem bar) gysgadan gelen anyk maglumat küýseýär. Çünki indi hiç kimiň uzak pikirlenmäge islegi ýok. Dogrusyny aýtsaň wagty ýok. Wagty bar bolsa-da, ýok bolsa-da, hernäçe gysga we anyk maglumat islese-de, turuwbaşdan «Adam — bu awtoulagdyr» ýa-da «Awtoulag — bu adamdyr» diýlen gömelteý pikiri patyladyp orta oklamak bolmaz. Bu nukdaýnazaryny halk köpçüligine niýetleýän pelsepeçiniň tebigatyna gabat gelmez. Emma her niçik hem bolsa, bu söhbete girişmek islegimiz «Başarnygymy barlamaga nobatdaky synanyşyk bolar-da» diýlen pikire bil baglady. Eseriň awtoulag bilen baglanyşykly ýordumlary bolsa, awtoulaglaryň döwrüň esasy serişdesidigine baglydyr. Bu ýazgylar bilen tanyşmaga isleg tapan —wagt tapar diýip umyt edýäris. Wagt tapan okyjylar bolsa, tagallamyz ýerine düşüp, borjumyzyň hötdesinden gelibilsek, adamlar bilen awtoulaglarynyň arasyndaky göz bilen däl-de durkuň bilen duýmaly pelsepe ýordumlaryna biziň bilen deň aralaşmaga mümkinçilik taparlar. Galyberse-de biziň islegimiz şeýle. Adamlar bilen awtoulaglaryň arasyndaky baglanyşygy öwrenmek döwrüň talaby, durmuşyň talaby. Bu talap biziň dünýäniň kämil tehnologiýalaryna erk edýän pursatymyzda-da öz ömürlerimize biparh garamaly däldigimizden gelip çykýar. Bu babatdaky garaýyşlarymyzyň beýanyny aýdyňlaşdyrmak bilen biziň her birimiz awtoulaglary dolandyrmagyň mysalynda özümize has içginräk göz ýetirmäge mümkinçilik taparys. Bu makalalar toplumynyň ýazylmagynyň sebäbi hem şunda. Biz özümize düşünsek, öz dolandyrýan awtoulaglarymyzyň ýagdaýyna we mümkinçiligine düşünmäge hem-de ony öz maksatlarymyza hiç hili zyýansyz ýol bilen ýetmelidigimize düşüneris. Awtoulag diýeniň bir gürrüň serişdesidir. Aslynda adamyň esasy söhbeti, öň hem belläp geçişimiz ýaly, adam. Adamlar tarapyndan gozgalýan ähli mesele adamyň nukdaýnazaryndandyr we adam üçindir. Bu ylmy açyşlar, nukdaýnazarlar we beýleki islendik mesele bilen bagly bolup biler. Başgaça aýdylanynda adamlaryň durmuş tejribesi — adamlaryň durmuş tejribesidir. Adam guşlary öwrenip, uçmaga mümkinçilik tapdy. Gürleňgüjügi öwrenip, ýeri burawlamaga mümkinçiligini açdy. Bu durmuş hakykaty. Edebiýat ylmy babatynda hem şu pikiri arkaýyn aýdyp bolar. Ýolbarsy, gaplaňy, möjegi, bürgüdi we ş. m. beýleki ýyrtyjylary öwrenip, özüniň tebigatyndaky çydamlylygyny, merdanalygyny, gaýduwsyzlygyny, mertligini, ýowuzlygyny, tutanýerligini, maksadaokgunlylygyny ýüze çykardy. Tilkini öwrenip mekirliklerine düşündi. Towşany, keýigi öwrenip, olaryň naşylygyna, eýjejikligine, häsiýetindäki gorkaklygyna, iň esasy zat bolsa, gözellikleriň we ejizlikleriň goraga mätäçligine düşündi. Gurbannazar Ezizowyň «şahyr» diýlen beýik derejesiniň süňňünde «pelsepeçi» diýlen mazmunyň saklanýandygy üçin ol maňa has hem derejeli görünýär. Gurbannazar — şahyr, oňa söz ýok. Aslynda şahyrlygyň diňe şahyrlyk bilen ölçelýändigini kalbymda ykrar edip, «Tebigaty söýýän şahyr», «Henekçi şahyr», «Watançy şahyr», «Aşyk şahyr» diýlen düşünjeleri kynlyk bilen kabul edýän hem bolsam, gürrüň Gurbannazar Ezizowa gezek gelende, muny öz-özüňe garşy gitmek ýaly duýýanam bolsam, meniň üçin örän gyzyklylygyna we syrlylygyna galýan şahsyýet barasynda «Pelsepeçi şahyr» diýlen düşünjäni ulanmagy gowy görýärin. Onuň çaga dünýäsini özboluşly duýgularyň kömegi bilen açmaga synanyşýan: «Oglanjyk Gün çekdi adama meňzeş, oglanjyk gül çekdi adama meňzeş» diýlen setirleri bilen ilkinji gezek tanyş bolanymda ondaky sada setirleriň goýnunda gizlenen çuňňur pelsepe şahyryň ähli döredijiligine şeýle çemeleşmegimiň zerurdygyny oýardy. Şahyr ähli eserlerinde diýen ýaly durmuşyň haýsy tarapyna ýüzlense-de, öz pelsepesini ýüze çykarmagy başaranlygy sebäpli meniň hemişelik hormatymyň eýesi boldy. Dogrusyny aýtmaly bolsa — alymlaram, şahyrlaram, suratkeşlerem, halyçylaram, heýkeltaraşlaram, mahlasy hemmelerem pelsepeçidirler. Olar dünýäni öwrendiler, öwrenýärler, öwrenerler. Emma durmuş tejribesi adamyň tebigatynyň dürli zatlaryň mysalyndaky içgin öwrenilmegi onuň ýaşaýyş şertlerini ýeňilleşdirdimi?! Bu sowalyň jogaby iki hilidir. Jogaplar antinomiýa tebigatlydyr, ýagny, biri-birine çapraz gelýän iki sany hakykatdyr. Ynha, ol jogaplaryň birinjisi — hawa, ýeňilleşdirdi. Ikinjisi — ýok, ýeňilleşdirmedi, gaýtam, has çylşyrymlaşdyrdy. Birinjisi babatda iki agyz. Ýeňilleşmeleri duýmak üçin taryha, durmuşa ser salaýmaly. Mundan ýüz ýyl öňem halkyň aglaba bölegi üçin Türkmenistanyň o çeti bilen bu çetine ine-gana aýlanyp çykmak üçin azyndan bir arka — 30 ýyl gerekdi. Emma häzir welin 30 gün hem ýeterlik. Ikinji bir tarapy babatynda hem edil şonuň ýaly, taryha, durmuşa ser salmak ýeterlik. Magtymguly şahyryň «Barar öýe kesek atyjy bolma» diýen setirlerine esaslanaýaly. Dogry, goşguda çeperçilik serişdeleri ussatlyk bilen ulanylypdyr. Bu setiriň süňňünde ertir barmaly bolaýjak öýleriňdäkileriň göwnüne degmekden saklanjak bol, biri geçirimlilik etse, beýleki biri içine salar, ýadyndan çykarmaz, onsoň ertir özüňe kyn bolar diýilýär. «At basman diýen ýerine müň gezek basar». Şonuň üçin hem bu setirlerde aslynda gedemlik etme, ýalňyşlyk baran öýüňdäkileriň biri tarapyndan goýberilen hem bolsa, gahar etmäge hernäçe esas bolsa-da, gaharyňy ýuwut, halkyň dili bilen aýtsaň «Uruşsaň, sögüşseň hem ýaraşmaga ýer goý», «Yzyňa öwrülmäge ýer goý», «Göwnüňe deglenem bolsa, ertir gelmeli ojagyňdyr» diýlen pikiriň bardygyny tekrarlajak bolmagyň zerurlygy ýok. Ony bilýän kän. Belki, bizden has içgin hem düşnükli sözler bilen düşündirjeklerem tapylar. «Akyl akyldan sowaşyk» diýleni, başgaça garaýyşlary beýan edip biljekler hem, delillendirip biljekler hem köpdür. Emma meniň üns bermek isleýän hakykatym welin başga bir zatda — şol mazmunyň kesek atmak düşünjesiniň üsti bilen berlendiginde. Ýumruk urardan, şapbat çalardan ýa depgi bererden uzaklykdakyny awundyrmagyň gadym-gadym zamanlardan gözbaş alyp gaýdýan ýeke-täk sada ýoly kesek atmak. Kesek atmak, keseklemek, daşlamak iň bolmanynda awundyrmak arzuwyňy 10 — 15 metr aralykdan hasyl etmäge kömek edýär. Keseklemek, daşlamak usuly ele, aýaga, taýaga, pyçaga, gylyja görä uzagrak ýerden awundyrmagyň serişdesidir. Şonuň üçin şahyryň goşgusynda ol setirlerdene «Aňyrda durup, awundyrma» manysyny duýmak kyn däl. Meniň esasy ünsi çekmek isleýän zadym durmuşy öwrenmegiň adam durmuşyny ýeňilleşdiren taraplary bilen bir hatarda, ony çylşyrymlaşdyrmagy bilen baglydygy baradady. Gürrüňi şoňa syrykdyraly. Häzir kosmos zamanasy. Indi uzakda durup awundyrmagyň menzilini we mümkinçiligini ölçemek kyn. Bu onuň uzak wagty sarp edýänligi üçin däl. Gaýtam, tersine gaty çalt amala aşýandygy üçin. Awunmaly adam nämäniň nämedigini görüp ýa hasaplap ýetişmänkä awundyrmak isleýäniň pikiriniň amal bolup biljekligindedir. Ýolbars bilen ýumruga girjek pälwanyň haýsydyr bir namardyň ýekeje barmagynyň gysylmagy sebäpli ýagty jahan bilen hoşlaşyp biljekdigine göz ýetireninde Görogly begem, indi mertligiň möwrüti ötdi diýipdir diýýärler. Döwür ýyndamlaşýar. Diýmek, pikirlenmek ukyby hem döwre laýyklaşmaly. Şonuň üçin hem öz ýyndamlygyny gaty ýokary tizlige besleýän heňňamyň goýnunda şu günki durmuşymyza mahsus serişdeleriň dünýäniň ähli ýerinde giňden ulanmak islegi bolan awtoulaglaryň mysalynda ynsan durmuşyny açmak pelsepämize ýyllaryň geçmegi bilen ertekilere seredişleri ýaly seredilmegi mümkin hem bolsa, biz bu işe girişdik. Ertekileri häzir hem öwrenmek zyýan däl ahyr. III. AWTOULAG WE ONUŇ MAKSADY Awtoulaglar adam durmuşyny ýeňilleşdirmek üçin adamlar tarapyndan döredilen serişde. Awtoulaglarda arzuwlarynyň yzyndan ýetmek isleýän adamyň hereketini tizleşdirmek üçin mümkin bolan esasy zerurlyklar ornaşdyrylan. Ornaşdyrma ýagdaýy häzirem dowam edýär. Ol yzygiderli hereketdäki hadysadyr. Şu ýerde ýetginjeklik ýyllarym eşiden degişmeleriň biri ýadyma düşýär: «Oglanjyk mekdepden hasylap gelşine kakasyna ýüzlenipdir: — Kaka, kaka, aý kaka! Men şu gün sowmaly teňňämiň bir bölegini tygşytladym. — Nädip?! — Münmeli awtobusyma münmän onuň gapdaly bilen ýanýodadan ylgap gaýtdym. Oglanjygyň garaşan tamasy çykmandyr. Ol berekellanyň ýerine lowlap duran şapbat paýyny alypdyr. Haýran galmak bile kakasyna ýüzlenipdir: — Kaka, näme üçin-ä?! — Samsyk bihepbe diýsäni, özüňi oňňarman geçjek. Ylganyňa görä taksiniň deňesinden ylgamaly ekeniň-dä. Sanaýmaly köpükleriň ýerine eýýäm pul tygşytlardyň». Muňa degişme diýseňem bolman duranok, süňňi adam häsiýeti hakyndaky pelsepe ýokundyly çyn diýseňem. Dogrusy, awtoulaglaryň görnüşiniň känligi we olaryň düzüm taýyndan bir-birege çalymdaş dälligi, gurluşlarynyň aýratynlyklary dürli-dürliligi, olaryň hemmesiniň süňňünde bar bolan enjamlary birin-birin sanamaga mümkinçilik bermeýär. Çünki bu söhbedimize başlaýan wagtymyzda ulanyşa berlen awtoulag bilen söhbedimizi jemlejek wagtymyzdaky ulanyşa beriljek awtoulaglaryň enjam taýdan tapawutly boljakdygyna anyk gözümiziň ýetýän wagtynda oňa synanyşmagyň zerurlygy hem ýok hasaplaýarys. Esasy maksat awtoulaglaryň adamy barmaly ýerine öňküsine görä çalt eltmäge niýetlenilendiginde. Galan mümkinçilikleri döwrüň talaplaryna görä ýylsaýyn, aýma-aý, hepdeme-hepde, günsaýyn, her sagatda, her minutda, her bir sekuntda, belki-de ondan hem çalt wagtyň dowamynda özgeriş tapýanlygy bilen delillendirip bolar. Olaryň ýük göterijilik ukyby, bir wagtda näçe adamy alyp gidip biljekdigi, ýollaryň niçiksi kötelliklerinden geçmäge ukyplydygy, içki rahatlyk mümkinçilikleri aýry-aýry. Hersinde bir mümkinçilik bar. Emma olaryň ählisini birleşdirýän zat olaryň hereket etmeli ýeri — ýol. Agzalan mümkinçilikleriň hemmesinden peýdalanmak isleýän adamlaryň her biriniň awtoulagy dolandyryp bilýändigi ýa-da bilmeýändigi baradaky pikirlerini bir gyrada goýup, olaryň hemmesiniň ýeňilliklerden peýdalanmak isleglerine «biragyzdan» berilmegi «Awtoulagly pelsepäniň» esasy özenidir. Oguz han döwründe Kynyk begiň araba oýlap tapmagy döwrüniň hereketine tizlik goşup bilýän dünýä derejeli täzelikdir. Açyş kemi ýok. Öň ýanlaryndaky zamanalarda bir ata bir adamyň, gaty gitse iki adamyň münüp bilýän wagtlarynda, bir atyň yzyna tirkelen arabadaky 5-10 adamy ýa-da üç-dört atyň göterjek ýüküni göz öňüne getirip görüň-ä. Oňa şo döwrüň adamlarynyň gözi bilen seredip görüň-ä. Düşünersiňiz. Onsoň iň ilkinji awtoulaglaryň peýda bolup ugramagynyň dünýäde hemmeleri haýran galdyryjy täzelik bolup ýaýrandygy öz-özünden düşnüklidir. Häzir welin olara haýpygelijilik bilen seredilýär. Emma taryhyň gözi bilen seretseň gaty kän wagtam geçmändir. Ýöne welin üns bermeli bir hakykat bar. Şol mümkinçilikleriň hözür-ä höziridir welin, getiren peýdasy-da ummasyzdyr. Ony hasaplap bolmaz. Ýöne welin gynandyryjy ýeri awtoulag diýip atlandyrýan tehnodostumyzyň getiren zyýany barada-da edil şu pikiri gaýtalap bolar. Ony-da hasaplap bolmaz. Gör, näçe awtoulag zaýa boldy. Gör, näçe ynsan saglygy şikes aldy. Gör, näçe ömür tanapy kesildi. Ony hasaplap bolmasa gerek. Eger hasaplap bolaýanlarynda-da meniň ol maglumat bilen tanyş bolasym gelmez. Ony size hödürläsim hem gelmez. Çünki şol maglumatlaryň her biri, ol nähili tebigatdaky ýalňyşlyk bolaýanynda-da ynsanyň hut öz ýalňyşydyr. Geliň, indi pelsepelerimize gezek bereli. Eýsem ol ýalňyşlyklara, goýberilen säwliklere awtoulaglar günäkärmi?! Awtoulaglar sebäpkärmi?! Bolup biler. Hut şeýledigini subut edip bilýän maglumatlar tapylar we hakykylygyny inkär etdirmez. Ýöne barybir ol adamyň — awtoulagy düzüjileriň, serenjam berijileriň, guratlygyna gözegçilik edijileriň, mahlasy, adamyň ýalňyşlygy. Emma peýda babatynda-da, zyýan babatynda-da galaba adamlaryň özi sebäpkär. Adamlaryň özi günäkär. Näme üçin?! Başarnyklaryny ýüze çykarmak isleglerine güýçli berlendikleri we başarnyklarynyň ýetmeýändigi üçin. Özlerine aşa göwünleriniň ýetýändikleri üçin! Adamlar özleriniň tehnodostlary, has takygy elektonprogrammalary kemala getirmäge ukyply eletrodostlary bilen bilelikde hereket etmegiň adalatly düzgün-kadalaryny hem oýlap tapdy. Ýol hereketiniň kadalarynyň adalatly kemi ýok. Hemmeler hemişe şol kadalaryň talaplaryna görä herekete sazlaşygyny emele getirmegi başarsady. . . Onda köçe-ýol heläkçilikleri asla bolmasa-da bolmazdy. Diýmek, ähli ýalňyşlyklar adamlaryň özleriniň döreden asylly we dogry kadalaryna hemişe eýerip bilmeýändikleriniň netijesinde emele gelýär. Çoganlynyň uly köçesiniň hereketine goşulmak üçin goşmaça ýolda, uly ýoldak awtoulaglaryň hereketiniň arasynyň üzülerine — herekete goşulmaga amatly pursata garaşyp durdym. Tehniki bejergisi doly tamamlanmandygy daşyndan bildirip duran bir maşyn duşumyzdan geçeninden soňra ýol boşaberdi. Menem uly ýoluň hereketine goşuldym-da ýaňky awtoulagyň yzyna düşüberdim. Ýanymdaky oturgyçda oturan Nurtagan aga gepiň gerdişine görä, ol ulagdan ätiýaçlyrak bolanymy, daşrakda saklananymyň ters bolmajakdygyny duýdurdy. Ondan bäri on ýyl töweregi wagt geçipdir. Emma şonda-da onuň häli-şindi awtoulag bidüzgünçiliklerine uçraýan we ýalňyşlyklary sebäpli köp jerime çykdajysyny çykardýan awtoulagyň dolandyryşyndaky ýalňyşlyk barada şo wagt aýdan pikiri häzirem gulagymdan gidenok. Nurtagan aga şeý diýdi: — «Olar maşyny üç bolup sürýärler (Olar ulagy üç bolup dolandyrýarlar)». Bilesigelijiligim bu sowaly has takyklamagyma sebäp boldy. — O nähili üç bolup sürýärler?! — Sürüjiniň ýanynda-ha, ejesi oturýar, yzyndaky oturgyçda-da kakasy. Ejesi haýsy tarapynda nähili ulagyň peýda bolandygyny we haýsy ugur bilen nirä tarap öwrülmelidigini yzygider ýatladyp oturýar. Kakasy bolsa, haýsy enjamy peýdalanmalygyny. Has anyklasaň, haçan gapdal çyrasyny ýakmagyň wagtynyň gelendigini, haçan öçürmelidigini ýatladýar. — Saklawyňy (tormozyňy) bas-da! — Gazy (badalgany) bas! Onsoň ulag janawar hemişe ussada. Bejergisi-hä bir çykdajy talap edýär. Jerimesi ýene. Garaz, şo ulagyň getiren peýdasyndan zyýany kän-ow. Soňundan hem «senden boldy-da», «ondan boldy». Bu söhbetiň süňňünde köplere degişli hakykat bar bolanlygy üçin ýatladym. Hemişe degişli hakykat bar. Ulagy diňe dolandyryjy dolandyrmalydyr. Nirä we haýsy ugur bilen barmalydygyny, mümkin bolsa, ulaga münülmänkä ýatlatmaly. Ýadyndan çykarsa, ulagy ýoluň gyrasyna çykaryp, saklasyn-da soraýsyn. Emma ulag ýol hereketine gatnaşýarka dolandyrmagyň erkini dolandyrýanyň özüne goýmaly. Maslahatçylaryň «Derhal maslahatynyň» hiç hili peýdasy ýok. Gaýtam, päsgel berýär. Köçe-ýol hereketine gatnaşýan ulagyň içinde maşgala-da ýa-da edarada kimiň ygtyýarynyň artykmaçdygy kesgitlenmeýär. Has takygy kesgitlenilmeli däl. Öýüň kethudasy kethudalygyny öýe baranynda etmelidir. Edaranyň kethudasy iş ýere baranda. Hereketdäki awtoulagyň kethudasy — sürüjidir. Sürüjiniň ünsüni sowmak, ony aşa güldürip biljek, gynandyryp ýa başga bir hala salyp biljek wakany gürrüň bermekden saklanylsa gowudyr. Şeýle edileninde sürüji ünsüni jemläp bilmeýär. Şeýdibem dolandyryş ukybyny ýitirýär. Şol maslahatçylar, söhbetdeşler, ygtyýarlyklarynyň artykmaçdygyny subut etmek islegine berlen «kähudalar» maslahatlarynyň tersin täsiriniň netijesinde çykýan çykdajylary, ýetip biljek şikestleri göz öňüne tutanoklar. Ol özüniň jan saglygynyň, hatda ömrüniň edil şol pursatda sürüjä baglydygyny unutmaly däl. Juda bolmaýanynda sürüjä göwnüň ýetmese ýa-da özüňe göwnüň ýetse dolandyrmagy öz ellerine almaly. Emma onuň üçin hukuk kepillendiriji resminamaň (prawaň) gerek. Şol kanuny kepilligiň bolmasa, kepilligi bar sürüjiniň dolandyryşyna päsgel bir bermeli däl. Hatda sen onuň ata-enesi hem bolsaň. Ol diňe sürüjä zyýan eder. Diýmek awtoulaga zyýan eder. Diýmek, maslahat bermäge göwünjeňleriň hut özlerine-de zyýan eder. Dowamy bar... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |