09:13 Tehnodost / dowamy | |
IV. ÝOLUŇYZ AK, ÝOLDAŞYŇYZ HAK BOLSUN Ata-babalarymyzyň paýhasy — kämilliklerimiziň gözbaşy. Ýola ugran ýolagça ak ýol arzuw eder. Ak — ata-babalarymyzyň aňynda ähli ýagşylyklary aňladýan reňk. Diýmek, ýollaryňyz ýagşylyklardan doly bolsun! Ýollarda döräp biläýjek dürli kynçylyklarda ýoldaşyňyz Hak bolsun — Hudaý bolsun diýip arzuw etmek ynsanperwerligiň ýokary derejesi ahbetin. Bu alkyşyň emele gelen döwürlerinde ata-babalarymyzyň durmuşynda awtoulaglaryň bolmandygyny, siziň bilşiňiz ýaly, men hem bilýärin. Emma ýol — ýol bolýar. Atly, düýeli, eşekli, pyýada ýola düşen adamlara gabat gelip biljek päsgelçilikler az bolmandyr ahyryn?! Dürli görnüşli ýyrtyjy haýwanlar gabat gelipdir. Ýolda düşläp, çaý-suw edinmek islegine berlen ýolagça ýylan, içýan, möý pisint mör-möjegem uly zyýan ýetiren halatlary az bolmandyr. Delalat bolmajak ýerde gulagyňa garynja girse-de Asman-Zeminiň arasy ala-galmagal boluberýär. Bu bir gahrymanyň üstüne dünýäde bar bolan kynçylyklaryň ähli görnüşi ýüklenen kinopowest däl. Bu durmuşy gürrüň. Tebigatyň howa şertleri, garly, ýel-ýagmyrly howa şertlerinde barjak menziliňe sag-aman ýetmäge müşgillik döredip bilýän howplaryň bolmazlygy, bolaýanynda-da Hudaýyň ýar bolmagy bilen işleriň asanlaşmagy, iň esasan hem ýola ugran adamlaryň öz barmaly menziline sag-aman barmagy dilenipdir. Şonuň üçin-de Magtymguly şahyryň: «Nesip tartyp, biz hem düşsek ýollara, diýiň iller bolsun bizge rowana» diýen setirleri biziň her birimiziň haçan we niçiksi ulag serişdesi bilendigine garamazdan ýola düşen pursadymyzda gaýtalap-gaýtalap etmeli sargydymyzdyr. Iliň ýol rowanalygy hakyndaky arzuwlarynyň hasyl boljakdygyna ynanylypdyr. Diýmek, olar hasyl bolandyr. Bolmasa halk oňa ynanmazdy. Indi döwür-döwran özgerdi. Pederlerimiziň hyýallaryndaky uçýan halylaryň ýerini uçarlar eýeledi. Reaktiw uçarlar eýeledi. Awtoulag diýlen zat adaty durmuş serişdesi bolup galdy. Diýmek mundan 200-300 ýyl öň durmuşda ulanylan atdyr eşegiň ornuny tutdy. Kimde ganat baglaýan bedew kysmy ýelden ýüwrük awtoulaglar, kimde-de düýedir ýaby ýa-da eşekdir gatyr kysmy ýük çekmäge çydamly awtoulaglar. «Ýollaryňyz ak bolsun, ýoldaşyňyz Hak bolsun!» diýlen arzuw hem indi ýokary tizlige beslenen awtoulaglar bilen egin deňlemeli boldy. Birwagtlar güýçli ýel ýagmyr bolmasa atly üçin hem, eşeklidir düýeli üçin hem uly howp ýokdy. Indi çisňäp duran ýagyşyň hem asfalt ýere salan yzgary saklawy gurat bolmadyk awtoulaglar üçin özboluşly howp. Asfalt ýollardan ýagyşsyz wagtlary ýörän awtoulaglaryň her onusyndan birje damja ýag daman bolsa-da, şol damja ýagjagazlar ýagyşyň ýaňy ýagyp ugran wagtlary ýagyş suwuna galkyp, gara ýollaryň ýüzüni yzgarlaýar. Has dogrusy ol yzgarlama ýoly ýaglap çykmak düşünjesi bilen deň derejeli hasaplanylmalydyr. Onsoň ol juda seresaply bolmagy talap edýär. Hemişe hüşgär bolmagy talap edýär. Her ýyl güýz pasly guraksy tomsuň howurly howasyndan soňra üýtgäp durýan pessaý, aram, güýçli ýagyşlary bilen gelýär. Her ýyl awtoulaglaryny bir bulandyryp, toba eden sürüjiler indiki ýyl (her ýylda diýsemem ýalňyşaýaryn öýdemok) ýene-de bir gezek toba edýärler diýsem ýalňyşmasam gerek. Çagalyk döwrüniň wakalaryny hakydasynda saklap, süýjedip, süýji edip gürrüň berýän adamlaryň hakydasynda geçen ýyly bolup geçen waka saklanaýjak ýaly. Ýok, bu hakydalaryň ysgynsyzlygyndan däl, bu adamlaryň geleňsizliginden. — Maşynyňa nämbold-ow?! Satdyňmy ýa?! Görneňok-la soňky döwür?! — Ýok-laý, araky ýagyşda taýdyryp aldym. Ýoluň gyrasyndaky bardýura (demirbeton çarçuwa) degrip aldym-laý. Hälem, Hudaýa şükür, töwerekde başga ulag ýokdy. Yzymdan gelýänem, habardar eken, saklap ýetişdi herne. Gorkuz-daý. — Bä-ä, ol-a bolmandyr-aý. Uly zyýan ýetdimi?! — Sag çyrasy bilen, öňki sag ganaty zaýalandy. Ýöne how, bolmajak bolsa bolmaz eken. Niredendir bir ýerden ýol gözegçisi gullugynyňkylar görüp ýetişäýipdirler. Edil biri aýdan ýaly-da ho-ow! Olaryňam ep-eslije jerime ýelmändiklerini hasaba alsaň-a, zyýan az-küş däl. Hudaýa, şükür-laý, sag-aman ussadan çykarsam, aňyrsy bir aýda öwezini doldurdaryn oň özüne. Biziň her birimiz şeýleräk äheňli gürrüňleri, gör, näçe gezek eşitdikkäk. Gürrüň berdikkäk. Hiç kim ýokka öz ýanymyzdan boýun alaýanymyzyň zyýany ýoga. Her gezek şeýle mazmunly gürrüňi eşiden wagtymyzdaky ýagdaýymyza görä kabul eden bolmagymyz ahmal. Häzir welin men şu pikirimi magat aýdyp biljek: «Adamlar näme üçin öz janlaryna abanýan howpdan däl-de, çykarmaly çykdajylaryndan ätiýaç edýärlerkä?!». Ýolumyzyň ak bolmagy hakyndaky arzuwlary şeýle ýakymly duýgy bilen kabul edip bilýärkäk, şol arzuwyň hasyl bolmagyny çynymyz bilen isleýärkäk, oňa öz goşandymyzyň hem zerurlygy babatynda az oýlanýan bolaýmaly. Geliň, bu barada köpräk pikir edeliň hem-de ýolumyzyň ak, ýoldaşymyzyň Hak bolmagy üçin öz goşandymyzy hem gaýgyrmalyň. Hudaýam özüni gorany gorarmyş diýilýär ahbetin. Bu babatda awtoulagsyz döwrüň awtoulagly döwürler üçin hem derwaýys bolan tymsallarynyň biri: Pederleň paýhasy bilen berkitme: «Bir gezek Iblis (goý, Alla oňa lagnat etsin!) Isa alaýhyssalamyň ýanyna gelip: — Eý, Isa, Alla näme ýazgydyňa ýazan bolsa şol bolýar gerek — diýýär. Isa alaýhyssalam: — Elbetde — diýip jogap berýär. Onda Iblis oňa: — Şu dagdan bök, eger Alla ýazgydyňa ölüm ýazmadyk bolsa, ölmersiň — diýýär. Isa alaýhyssalam Iblise: — Eý, lagnat siňen şeýtan! Allatagala bendelerini synap bilýändir, emma bendesi Allatagalany synap bilýän däldir — diýýär». Hormatly awtoulag eýeleri, hiç bir pursatda-da Allatagalanyň sizi ölümden halas edip biljekdigini synajak bolmagyň ýalňyşlykdygynyň sürüjilere-de degişlidigi baradaky pikir bilen ylalaşsaňyz gerek. Onda ýoluňyz ak bolsun! Ýoldaşyňyz Hak bolsun! V. WAGTYŇ YZYNA DÜŞÜP Bisabyr gul tiz ýolugar belaga, Sabyrly gul dura-bara şat bolar. Magtymguly Pyragy. Magtymguly şahyryň bu pelsepesiniň gapdalyndan onuň bilen garşydaş manyny göterýän ýene bir pelsepäni ýatladasym gelýär: «Ömür uzak garaşardan gysgadyr». Iki sany sagdyn pikir. Iki sany sagdyn pelsepe. Iki sany gapma-garşy mazmun. Iki sany hakykat. Aljyramak gerek däldir okyjy. Türkmen halkynyň sagdyn pikirli aýtgylaryndan ýene birini hakydamyza getireris welin bar zat gülala-güllük bolar: Akylyň bolsa akyla (öz akylyňa) eýer, akylyň bolmasa — nakyla. Geliň, synanyşyp göreli, belki akyly abrlardan bolaýadyk-da. Bir paýhasa sabyr et, garaş diýýä. Beýlekisem garaşmaga wagt ýok diýýär. Emma seniň duran ýagdaýyňda şolaryň haýsysynyň seniň üçin ähmiýetlidigini kesgitlemek üçin sen bar ahyryn. Gürrüňimize kybap söhbet edeli. Ýolyşykda durkaň deňäňden bir kelpez dazlap geçeninden: «Ömür uzak garaşardan gysgadyr» diýip senem ulagyňy uçuryberseň göwnejaýmy ýa-da sabyr bilen ony geçirip asuda ýolda arkaýyn hereket edip, barmaly ýeriňe birki minut gijem bolsa, sag-aman baranyň gowumy?! Dogry «Ömür uzak garaşardan gysgadyr». Emma «Atygsap eliňden gaçyrardan has gymmatdyr». Aslynda wagt pelsepesi çylşyrymly pelsepe. Bir akyldar wagtyň geçýändigini tekrarlaýar, beýleki biri biziň wagtyň içinden geçýändigimizi tekrarlaýar. Wagt biziň ömrümiziň içinden geýärmi ýa biziň ömrümiz wagtyň içinden bu sowala kesgitli jogap gözläp, ýetginjek ýyllarymda: «Ömür bize myhman, biz ömre myhman» diýlen goşgy setirlerini döredenimi bilýän. Ol goşgy gowşak goşgy hökmünde goşgularymyň arhiwinden aýrylan hem bolsa, bir setiri hakydamda galypdyr. Herniçik bolanynda-da ömür diýlen gymmatlygymyz wagt diýlen düşünjeden üzňe kesgitlenenok. Aslynda Zeminüsti ýaşaýyşyň öz wagt ölçegi bar. Adam hem dünýäniň dürli janly-jemendeleri ýaly wagtyň yzynda. Ömür diýlen düşünje hem wagt bilen aýrylmaz baglanyşykly. Alymlar älem giňişligindäki beýleki ýyldyzlarda (planetalarda) wagtyň başgaça ölçeg bilen hereket edýändigini çaklaýarlar, aýdýarlar, tassyklaýarlar. Duýuş ukyby adaty adamlaryňkydan has ýokary bolandygy sebäpli adaty adamlara geňräk, «birhiliräk» görünýän hyýalbent adamlar hem bu pikiriň töwereginde kän aýlanýarlar. Emma gürrüň olaryň pikiriniň dogrulygyny ýa-da dogry däldigini ykrar etmekde ýa bolmasa inkär etmekde däl. Gürrüň biziň gözümiz bilen görüp, duýgularymyz bilen hakykaty kesgitläp bilýän dünýämize-de siňe seretseň muňa özümiziň hem açyk aýdyň göz ýetirip bilýändigimiz barasyndadyr. Wagtyň ölçeginiň dürli-dürliligini Älem giňişliginiň goýnunda aýlanyp ýören ýyldyzlarda (planetalarda) däl-de Zeminde dowam edýän ýaşaýjylaryň mysalynda hem aýdyňlaşdyryp bolýar. Dogrusy, dünýämiziň goýnundaky ýaşaýjylaryň iň uzak we iň gysga ýaşlylarynyň haýsylardygyny anyk aýdyp biljek däl. Emma welin, men başga bir zady arkaýyn aýdyp biljek ähli ýaşaýjylaryň ömür sürmek mümkinçiligi deň däl. Biz diňe wagt düşünjesine dahyllykdaky garaýşymyza laýyklykda gürrüň edýäris. Adama berlen iň uzak ömür (ýa-da adamyň ýaşamak mümkinçiligi) häzirki zaman dünýäsinde 200 ýyla ýetenok. 100, 120, 130 ýaşa ýetenleriň bardygy hakyndaky maglumatlar bilen tanyş. Belki ondan uzak ýaşlylar baradaky maglumatlar hem bardyr. Ähli maglumatlar bilen tanşyp ýetişer ýalymy häzir. Atyň ömri, itiň ömri, sygyryň, eşegiň, pişigiň we beýlekileriň ömri barada şulary aýdyp bolar. Mysal üçin baýguşyň ömrüniň bir ýyla barabardygy aýdylýar. Şeýle seretseň üýtgeşik zat ýogam ýaly. Emma has içgin üns berseň welin... oýlanara zat ýogam däl. Şol bir ýyl — dört pasyl, 12 aý, 52 hepde, 365 gün, 8760 sagat, 525 müň 600 minut, 31 million 536 müň sekunt. Ownujak bölekleriň — sekuntlaryň mukdar sanyna seretseň azam däl ýaly. Emma ol barybir bary-ýogy bir ýyl, bir-je ýyl ahbetin. Şol bir ýyl hem onuň tutuş ömür ýoly. Şol ömür menziliň dowamynda ol çagalyk döwrüni, ýetginjeklik, ýaşlyk, kämillik hem garrylyk döwrüni başdan geçirip ýetişmeli. Wagt pelsepesiniň örüsini giňeltmege mysal tapyp bolar. Tapylan delilleriň hem hemmesini bizi esasy söhbedimizden daşlaşdyrýanlygy sebäpli ulanyp bolanok. Onsuzam biz şu wagta çenli ylham gelerine garaşyp, derwaýyslyklar hakyndaky ençeme söhbeti soňa goýan gezegimiz az däl. Wagty aýamak gerek. Işi soňa goýmak diýmek — wagta bolan bisarpa garaýyş diýmekdir. Ata-babalarymyzyň dili bilen aýtsaňam näme: «Galan işe gar ýagmak bilendir». Bu babatda rus halkynyň bir ajaýyp nakyly bar: «Işdä nahar wagtynda açylyberer». Halk aýtsa galp aýtmaz diýleni-dä. Şu nukdaýnazar bilen çemeleşen halatymda ylhamyň gelerine goýan wagtymy, indi şu günüň gözi bilen seretseň, basa oturyp işlemezlik üçin tapylan bahana ýaly bolup görünýär. Bir gezek ýazyň ortaky aýy iş ýerimizde arakesme wagty edaranyň howlusyna çykyp, gümür-ýamyra tutup durkak, ýagyş ýagdy. Ýagyş bilen bile ýaganyny ýa ýagyşyň täsirine ýerden çykanyny doly kesgitläp bilmesem hem bir zady gözümiz bilen gördük. Aprel ýagyşyň suwy asfaltlanan meýdança-da bir sere (15 — 18 sm) töweregi boldy. Içi üzümiň murtuna çalymdaş goňurja gurçukdan doly. Gybyrdyklaşyp ýörler. Onsoň tutduryberdik «pelsepä»: birimiz «Bä-ä, bu janawerleriň ömrüni diýsene. Gitjek ýeri ýok. Görjek ýeri ýok diýsek», beýleki birimiz: «Oňa derek olaryň aladasy ýok-da biziňki ýaly. Iýjek-içjegini günde-günaşa täzeläp durmaly däl, her pasla görä eşik gerek däl» diýdi. Garaz, degişme bilen dowam eden pelsepäniň hersiniň aňyrsynda azajyk hem bolsa hakykat bardy. Emma welin biriniň aýdan degişmesi şu gürrüňimize has golaý bolansoň oňa aýratyn ähmiýet beresim gelýär: «Maşyn aljak aladasy ýok. Ulagyny bejertmek aladasy ýok». Başga bir pursatlarda boş gürrüň saýjakdygyma aklym ýetse-de, şu söhbete girişenimde ol meniň üçin juda bir boş hem däldigini subut etdi. Ýagşyň suwy öýlän-öýlän has ýukalan eken. Ertir irden welin suw gowy çekilipdir. Bugarypdyr. Gurçuklar bir kiçijek suwuň içinde gybyrdyklaşyp ýörler. Günortanyň tüp yssysynda welin hemmesi saň gaty bolupdyr. Garaz, şol gurçuklar süpürilip aýrylýança bize gepbaşy bolubildi. Ynsan durmuşynyň barabarlygy bilen hasaplanyňda ikije günlik wagt — bir ömür. Baýguşyň ömri dagy kän ganymat eken. Giden biserhetlik eken. Gaty geň hadysa. Emma welin pyşbaganyň, ala garganyň ömrüniň 300-500 ýyla barabardygy hem aýdylýar. Indi ýokarky aýdanlarymyz bilen baglanyşykly ýene-de bir pikiri berkidesimiz gelýär. Ähli zady kadaly bolanynda, 100 ýaşdan hem gowrak ýaşamaga mümkinçiligi bolan adam ogly bu dünýä geleninden soňra ep-esli wagtlap nämäniň näme ekenligine-de düşünmäge göz ýetirmäge mümkinçiligi ýok. Iň çalt aýaga galyp, ýöräp bilýäni 7-8 aý töweregi wagt talap edýär. Adatça adam çagasy 1-5 — 2 ýaşlarynda ýöräp başlaýar. Ömri ynsan ömrüniň wagty bilen kesgitlenmeýän, has takygy ynsan ömri bilen hasaplanyňda oňa görä ömri gysga janawerler bolsa, hä diýmän aýaga galar gidibiýr. Irden bolan guzujyk adam çagasynyň 6-7 aýda geçjek ýoluny bir salkynda arka atyp, öýlän enesiniň yzynda bökjekläp ýörendir. Bu biziň hemmämiziň tanyş hakykatlarymyz. Adam beýleki-janly jemendelerden aň artykmaçlygy bilen tapawutlanýandygy üçin öz ykbalynda wagty tygşytlamak babatynda örän uly mümkinçilikleriň eýesidigini subut etdi. Dünýäniň ýedi yklymynyň goýnunda mesgen tutan 300-e golaý döwletleriň islendiginde ýaşaýan adamyň beýleki yklymlardaky döwletlere baryp-gelmäge, görüp-gaýtmaga, syýahat etmäge we ýene-de sanlyja wagtyň dowamynda öz ýurduna, öýüne dolanmaga mümkinçiligi bar. Emma beýleki jandarlardan ganatly guşlary hasaba almasaň başga janawerlerde ol mümkinçilik ýok. Döwür ösdi. Döwür ösýär. Indi dünýäniň islendik künjeginde bolup geçýän ahwallar bilen tanyş bolmak mümkinçiligi hem juda ýokarlandy. Arada mawy ekranda Türkiýe Respublikasynyň teleýaýlymlarynyň birinde berilýän gepleşigiň bir sanyna seretmek miýesser etdi. Gepleşigiň ady gaty jaýdar alnypdyr. «90 BILEN 120-iň ARASY». Aşak ýanyndan baş sözbaşyny tekrarlaýjy sözbaşy ýerleşdirilipdir: «Ömür bilen ölmüň aralygydyr». Tutuşlygyna okanyňda: «90 BILEN 120-iň ARASY — ömür bilen ölmüň aralygydyr». Gepleşigiň ady eýýäm gürrüňiň näme hakyndalygyny, bu gepleşikde ulanyljak durmuş maglumatlarynyň nähili mazmunda boljakdygyny çaklamaga doly esas berýär. Hawa, menem edil siziňki ýaly pikirde. Tizligi sagatda 90 kilometrden ýokary bolmadyk awtoulagy dolandyrmak mümkinçiligi elýeterli. Ýagny dolandyrmak mümkin. Päsgelçiligi görüp ýetişseň, ulagyňy saklamaga ýa-da haýsydyr bir zyýansyz ugry saýlap, şol tarapa öwürmäge mümkinçiligiň bolýar. Sagatda 120 kilometrden ýokary tizlik bilen hereket edýän ulagyň dolandyrmasy kyn. Köçäniň ugruna haýsydyr bir säwlik bilen düşen ýumruk ýaly daşjagaz hem üstünden basyp geçen ýokary tizlikli awtoulagy bir gapdala agdaryp goýbermege sebäp bolup bilýär. Barjak menziliňe çalt ýetmäge şert döredip, müşgiliňi asan edýän ýokary tizligiň getirjek netijesi tersine-de bolup biler. Ýokary tizligiň seniň maksadyňa ýetmegiňe 10 gezek döreden mümkinçiligini, şol 10-dan soňky ýekeje gezegiň 11-nji gezegiň tersine bolmagyndan emele gelen ýaramaz netije bilen deňeşdirip boljakmy näme?! Gowusy şol ýekeje gezege — 10-dan soňky 11-nji gezege ýol goýmazlyk. Şu ýerde türkmeniň şirin dilli şahyry Kerim Gurbannepesowyň döredijiligine ýene-de bir gezek salgylanmak dogry bolsa gerek. Şahyryň goşgularynyň muşdaklarynyň köpüsiniň hakydasyna eýýäm «Žiguliň» içinden gözleme durmuş» diýen setirleriň janlanandygyna ynanýan. Sebäbi ol halk köpçüligi tarapyndan gaty gowy kabul edilen goşgy. Häzir biziň durmuşymyzda «Žigulileriň» özi ýat bolup barýar, emma welin «Žiguli» hakyndaky goşgy welin hemişekisi ýaly meşhur. Kerim aganyň döredijiligindäki «Žiguli» sözi şol döwrüň tapgyrma-tapgyr ulanyşa berilýän iň meşhur awtoulaglarynyň bir görnüşiniň ady. Emma häzir ony, ýagny «Žiguli» sözüni umumylykda alnanda maşyn (awtoulag) sözüniň ýerine goýup kabul edäýmek galýar. Ynha şahyryň döredijiliginiň arzuwlarynyň yzyna eýgermejek bolýan adam oglunyň wagty ýygjamlamak maksady bilen uçraýan wawwaly meselesi baradaky şahyrana beýany: «Žiguli» jüýje dek köpelip barýar – Kelpeziň ölümi, akyllyň bagty. Sowulyň, ýene-de bir kelpez gelýär, Işi gyssag borly, saklamaň ýigdi. Onýança maňlaýy betona degdi, Üç çagaly maral ýas tutdy ertir. . . Maşyn artdygyça – paýhas köpelsin, Maşyn artdygyça – artmasyn ýetim. Şahyr müň keren mamla. Ony biziň hemmämiz bilýäris. Inkär etmek isleýänimiz ýok. Eýsem, şol kelpezler nireden geldilerkä?! Geliň, hakykatyň ýüzüne seretmäge gaýrat tapalyň. Gürrüň awtoulag bilen bagly bolsa-da, biziň özümiz hakyndalygy üçin gaýrat tapalyň. Gürrüň biziň çagalarymyz hakynda. Eger biz bu hakykata gözümizi ýumsak onda sürüjiniň päsgelçilik gören pursatynda gözüni ýumuşy ýaly bolaýmazmy?!. Öz ykbalymyzy dolandyrmak bagtynyň ygtyýary özümize berlen wagty gözümizi ýumsak gelişmez. Ol kelpezler — biziň çagalarymyz, ýok, ýok, bagyşlaweriň, olar — biziň geleňsizligimiz. Olar biziň berip ýetişmedik edebimiziň, görkezip başarmadyk göreldämiziň miwesi. Diýmek olar — biz. Awtoulagy münenleriň göçgün hyýala düşmeginiň soňy gowulyga eltmeýär. Sabyrly-takatly bolubermeli. Şu ýerde bir degişmäni ulanmak ýerlikli bolsa gerek: Saçak başyndaky bir topar adam orta alnan nahary işdämenlik bilen iýip başlapdyr welin olaryň arasyndaky ýaş oglanjyk aglap ugrapdyr. Olar: — Nämä aglaýarsyň — diýip soranlarynda, ol: — Nahar gyzgyn — diýýär. Onda olar: — Heýem, naharyň gyzgynlygy üçin aglarlarmy?! Nahar gyzgyn bolsa sowaýança garaşaýarlar — diýýärler. Onda ol oglanjyk: — Wah, men garaşjak-la welin siz garaşaňzok ahyryn — diýipdir. Degişme tamamlandy. Indi degişmäniň süňňündäki çyndan başlanýan uşlyby yzarlap, gürrüňimizi dowam etdiribereliň. Çagajygyňky bir hasapdan dogry, eger ol dogry bolmasady, onda bu degişme halk arasynda ýaşamazdy. Ulularyň hars urup, iýşinden çen tutsaň, nahar sowamaga ýetişjek däl. Çagajygyň garaşmaga wagty ýok. Emma şonça ulynyň bar ýerinde çagajygyň aç galmajakdygyny, ulular bilýän bolsa-da, çagajyk bilenok. Çaga paýy hemişe durandyr. Sürüji, atygsaýan sürüji, şu degişmäniň goýnunda ululara-da sapak alarlyk mysal bar. Sen özüňi ýaş saçak başyndaky çagajyk ýaly alyp barma. Goý, seniň töweregiňdäkiler atygsabersin. Sen atygsama. Deňämden geçip gitdiler diýip, aglamajagyňy bilýäs. Ýöne ulagyňy wazlandyryberme, ulagyň gazyna basma. Beýtseň barybir aglamaly bolmagyň ahmal. Sabyr et. Sabyr düýbi sap altyndyr. Uzak ýoluň ýolagçysy bolup gelen tanyşlarymyň biriniň gürrüňi hiç hakydamdan çykanok. Ulaglaryň üýşüp duran ýerine geldik. Maksadymyz menzil aşmak. Sürüjileriňem maksady bizi menziline ýetirmek, şeýdibem rysgal paýyny gazanmak. Bu ýerde hiç çaprazlyk ýok. Bir adamyň derwaýysyny bitirip gazanmak halal gazanç ahyryn. Gözüň köküni gyryp, menzil aşmak aňsat däl. Öz örüň, özge ömrüň garamaty gerdeniňde. Emma adam bilen adamyň arasy Asman bilen Ýer ýaly diýleni çyn eken. Bir sürüji ýigit ot alan ýaly, hars urýar. Ähli ýolagçyny bir özi alaýsam diýýär. Töweregindäki beýleki sürüjileriň ýa ulagyndaky ýolagçylaryň raýyna dagy seredeýin diýenok. Menem ilki şol maşyna münüpdim. Bary-ýogy birje ýoldaş gelse ugrabermelidi. Emma iki sany ýaş ýigit sürüjiniň ýanyna geldi-de toýa gyssanýas, tizräk etip bilermisiň. Hakynyň gürrüňi ýok diýdiler. Bize bolsa bary-ýogy bir ýoldaş gerekdi. Sürüji şonda-da olara: «Eltmesine-hä elteris welin maşynymda bir adamlyk ýer bar-da» diýdi. Menem onsoň oturyp bilmedim. «Näme how inim, bu adamlaryň barjak ýerine sag-aman barmagynyň aladasyny etsene» diýip, sözümi soňlamankam, sürüji ýaňky iki gyssanmajy çagyrdy: — Geliň-ow, bäri! Bu ýaşuly başga maşyna münjek diýýä, özüm äkideýin sizi bahas-a, birneme bolar ýöne. . — Bahasynyň gürrüňi ýok-laý, eltip bilseň bolýa — diýdiler. Şeýtdim-de men hem-ä öz islegim hemem sürüjiniň islegi bilen ol ulagdan düşüp galdym. «Herne, Allanyň özi gowsuny edewersin-dä, bularyňam ata-enesiniň gözi ýoldadyr» diýdim-de, başga bir ulagyň gapysyny açdym. Bolany, maňa-da özüm ýalyrak howlukmazak bir sürüji sataşdy. Hezil edäýýädim. Dünýämiz deň geldi. Hatda diňleýän aýdym sazlarymam ýörite meň öz isleýänim. Ýolda welin keýpime sogan dograldy. Ýaňky gyssanmaçlar ýolda awtoulag heläkçiligine uçrapdyrlar. Tiz kömekmidir ýol gözegçilik gullugynyň wekilleri töwereginde aýlanşyp ýörler. Sürüjimiz näme kömek gerek diýip habar alyp geldi. «Hemme zat ýerbe-ýer, gidiberiň. Bolan uly zat ýok sürüji bilen öňdäki ýolagçynyň birazrak döwük-çykygy bar. Gorkuly zat ýok, lukmanlar gelip ýetişdiler» diýipdirler. Hudaýa şükür, herne beterinden saklapdyr. Häzirki döwürde ulag halk üçin elýeterli. Sähel tygşytlasaň edinmezçe däl. Aslynda biz gazanjymyzyň gorundan öýümize we ykballarymyza bagt getirmegi üçin awtoulag edinýäris-ä. Onda, geliň ony bagtly bolmagymyz üçin ýarawly halda dolandyralyň. Şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň şahyrana setirlerine ser salaýalyň: Gün dogar, Aý dogar öz wagty bilen, Öz wagty gelende süýjär almalar. Başagaý durmuşda darykma, kalbym, Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. Bir ömürde müň alada-gaýgy bar, Adamlaryň garasy bar, agy bar. Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar, Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. ýa-da Hiç bela kär edip bilenok görseň, Köneje motorym sen işläp dursaň. Gyssanma, dem-dynç al özüňi dürse — Biz entek kän ýere ýetmeli, Ýürek. Eýsem wagty çaltlaşdyrmak, has takygy wagtyň yzyna düşüp, öz hereketiňi çaltlaşdyrmak — az wagtyň dowamynda kän zady görmäge ýetişmek islegi ömrüň gysgalmagynyň alamatyna öwrülmelimi?! Hiç kim muňa «hawa» diýmez. «Ýok» diýer. Onda seniň hereketiňi çaltlandyryp bilýän ulagyň dolandyryş mümkinçiligi özüňde wagtynda wagty gyssama-da, adam! Ýalňyşma hem beýleki herekete gatnaşyjylary ýalňyşdyrma adam! VI. BEDEW MÜNEN DÜŞER GÖÇGÜN HYÝALA Bedew atlar adam ýaly syzgyrlygy bilen ýüreklere ýakyn saýyldy. Ol öz üstüne müneniň ruhy ahwalyny ölçäp bilerlik derejede syzgyr. Görogly köne-küşül geýeninde Gyrat aglap bilýär. Kempir Göroglynyň Gyratyny ogurlap, Nişapurda saklaýar. Şonda Gyrat Görogludan aýra düşenine sargaryp solýar. Yzysüre Görogly galandar eşiginde Nişapura aralaşýar we Gyratynyň ýanyna ýol tapýar. Özüniň kim ekenligini bildirmän Gyratyny bakyp-bejerýär. Ine, onsoň Göroglynyň rowaýata öwrülen bedewini münüp, Baly begden halat-serpaý aljaklaryň sany köpelýär. Emma hemmesiniň diýeni boluberenok. Göroglynyň başga eşikde durandygyny Baly beg hem, onuň töweregindäkiler hem duýanok. Emma Gyrat ony bilipjik dur. Onsoň üstüne müneni agdaryp dur. Münüp baýrak alyp, özüni subut edesi gelýäniň kändigi üçin ony hasaba alýan ýok. Şeýle badyhowanyň biri Baly begden halat-serpaý almak islegine aşa berlip: «Çandybiliň Göroglysy ölüpdir» diýip goýberýär. Gyratyň şol sözi agyr göräýşini duýmak kyn däl. Diýmek Gyrat Göroglynyň iň ýakyn dosty bolmak hukugyny öz duýgurlyk dünýäsi bilen gazandy. Göroglynyň ýeňilmezek ruhuny duýup duran bedew heýem duşmanyň sanyndan basylarmy diýsene. Şonuň üçin Mustapa begem «Özüňdenem atyň ýaman» diýmeýärmi näme Görogla. Kowlasa sypdyrmaz, gaçsa ýetdirmez hallaryň eýesi eden bedew ata atlananyň hyýaly göçüber-da onsoň. Magtymguly halypa bedew atlaryň eýeleri bilen göwündeş gopmaga taýýardygy barada: Teblede duran atlarmyz, Ýörgür aýaklar ýol istär. diýen setirleri miras goýupdyr. Biziň döwrümiziň tehnodostlary hem göwündeşlik babatynda pes durarly däl. Münülmedik ulag poslamak bilen. Diýmek, «Ýol ogly ýolda ýagşy» diýlişi ýaly bolýar. Ulaglara ýollar garaşýar. Häzirki döwrüň ýollaryna-da ulaglar ýaraşýar. Dazlaşyp ýörkäler howpurgadýan hem bolsalar, ulaglary ýok ýollary göz öňüne-de getirmek kyn indi. Zamanabaplyk. Köptaraply pikirlenmeleriň uşlybyny birujyndan çöşläber indi. Indi adamyň tehnodostlary babatynda nämeleri aýdyp bolar. Awtoulag münenleriň hem göçgün hyýala düşýäni az däl. Az däliň näme, köp. Özi-de olar edil atdan ýykylan ýaly bir silkinip, turup gidiberer derejeden has agyrrak ýagdaýlarda awunmaklary ahmal. Emma şeýle-de bolsa, ynsan köňli «göçmäge» ýakyn. Bir gezek awtoulagly gelýärdim. Ýolyşygyň gyzyl çyrasy ýandy. Durmaly. Men çepe öwrülmekçidigimi yzymdaka ýatlatmak üçin awtoulagyň öwrüm çyrasyny ýakypdym. Indi ýolyşygyň ýaşyl çyrasy ýananyndan soňra, garşydan gelýän ulaglaryň göni geçjegini geçirip, soň çepe öwrüläýmelidim. Bu köçe-ýol hereketiniň kadasy. Durkum bilen taýýarlanyp otyryn. Ynha edil şo pursat sag gapdalymdaky hatardan, ikinji hatardan sygyryp duran täzeje suw ýaly awtoulag, meniň ulagymyň öňünde keserildi. Ne-hä özi geçdi. Ne-de maňa ýol goýdy. Meniňem howlukmaçlykdan ýaňa wagtym özüme ýetenokdy. Ýolyşyk ýaşyl çyrasyny ýakyp ýol berdi. Gabat garşymyzdan gelýän ulaglary geçirip, çepe öwrülmelidik. Ters ýagdaýda herekete goşulan bu «Göçgün hyýallynyň» päsgelçiligi bilen öwrülip ýetişdik bolsa-da. Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň wekilleri duran bolsa, ol ýalňyşlygynyň jerimesini tölese-de tölemegi mümkindi. Emma olar ýokdy. Şeýle-de bolsa ony arduryja goýberesim geläýenokdy. «Dişinde et galmasyn» diýdim. Deňesine ýetip, birki agyz «paýyny» bererin welin, soňra ýaş bolsa-da ulalyşan ýaly bolar, hernäçe dyzmaç we «göçgün» bolsa-da gaýdyp gaýtalasy gelmez ýaly diýsem... Gözüme-de ynanmadym. Sakaly göbegine ýetip duran ýaşuly. Özi-de goýberen ýalňyşlygy kemsiz bilýän ýaly. Sebäbi öňem «paýyny» az almadyk bolmaga çemeli. Sagyna sereden boly:pjyk barýa, dünýä piňine däl. Näme diýersiň?! Hiç zat. Ýoluň gyrasyna sowulyp, ulagyny saklaýsa-da gaty-gaýrym söz diýer ýaly ýaşda däl ahyryn. Ýeri indi gadym aýdymyň bedew diýen sözüni «maşyn» diýen söze çalyşyp hiňleniberdim: «Maşyn münen düşer göçgün hyýala... ». Öz-özüme gyjalat berdim: «Ýeri, sen şondan düzüwli bolsaň, ak girse-de aň girmedik bilen deň boljakmy diýsene!» Bu söhbete başlamagymyz biziň awtoulagy dolandyrmak ukybymyza göwnümiziň ýetýänliginiň miwesi däldir. Bizem bolup bilsek ilbiri diýleni. Ýöne häzirki zaman dünýäsinde awtoulaglaryň gaty ýokary tizlige ukyply dünýäsinde tehnodostlaryň diline gaty ezber düşünýän bolaýmasaň köçä çykarly däl. «Awtoulaglaryň hereketine dikuçardan seredäýseň» diýýän käwagt. Megerem, garynjalaryň gatnawy hem olardan seýrek bolsa gerek. Awtoulagy dolandyrmak iň kyn we iň çylşyrymly kär. Meniň bu pikirim bilen, gör, eýýäm näçe sürüji tanyş bolandyr. Onuň kynlygynyň sebäbi bar. Ol sebäp birem däl, ikem däl, üçem däl. Sanamaga ýaltanmasaň sanabermeli. Sebäp tapylýar. Synanyşyp görelimi?! Başladykmy bir çetinden: 1) Awtoulaglary dolandyryjylar dürli ýaşly sürüjiler. Olaryň arasynda ýaňy öwrenip ýörenler-de bar. Onça-munça ýerlerden «Gözümi ýumamda geçmeýänmi?!» diýip bilýän tejribesi ýetiklerde bar. 2) Awtoulaglary dolandyrýan dürli keýpdäki, keýpiçaglykdaky sürüjiler. Olaryň arasynda şu gün agşam, arzuwymdaky gözel bilen duşuşyga çykmaly diýip, «uçarga ganat tapman» gelýän-de bar. Şu gün meniň halaýan gyzym menden ýüz dönderdi diýip, «ýörärge perman» tapman, gaharyndan ýaňa ýarylyp bilmän gelýän-de bar. 3) Toýuň şatlyk-şowhunynda ýaňa göwün guşy al-asmanda pel-pelläp ýörenler-de bar. Iň ýakyn adamlaryny hassahana ýerleşdirmegiň derdi-aladalaryndan seri sämäp ýa-da ýas gününiň gussasyndan gözi gubarlap gelýän-de bar. 4) Sürüjileriň biri lukman, biri mugallym, biri ussa, biri uçarman, biri polisiýa işgäri, biri... bu sanawy bar bolan hünärleriň arasyndan bilýänleriňi sanap gutarýançaň dowam etdiribermeli. Hernäçe ökde bolsaň hem biri ýarymy sypmagy mümkin. Çünki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe awtoulag halk üçin elýeterli. Islendik pudakda zähmet çekýän raýatlar üçin elýeterli. 5) Awtoulagynyň batbererine (gaz pedalyna) aýagyň degdigi bir sekundyň içinde öňki barýan tizliginiň üstüne ýene-de sagatda 30 — 50 km tizlik goşmaga mümkinçiligi bolan, uçaryň bäri ýanyndaky «tez» awtoulaglar bar. Öz göwresini zordan süýräp, ýolyşyk ýaşyl ýananynda-da «Geçip ýetişermikäm diýdirýän» awtoulaglar-da bar. Garaz, çaprazlyk tapylýar. Indi şolaryň hemmesi bir ýoldan barýar. Sizem şolaryň arasynda siziň näçe ýyllyk tejribäňiz bar bolsa-da, ýol hereketine bil baglap bilersiňizmi?! «Hawa» diýip jogap bermek kyndyr. Taýýar bolmak welin zerurdyr. Dürli häsiýetiň, dürli keýpiň, dürli ýagdaýly ulaglaryň garym-gatymlygynda hereketiň sazlaşygyny sazlamak aňsat iş däldir. Ýöne herhal, sürüjilere öň näçe gezek ýatladylan bolsa-da, «Özleri bizden gowy bilýän» bolsa-da howlukmaly, gyssanmaly däldigini ýene bir gezek egindeş hökmünde ýatladaýmasak. Başga diýip biljek zadymyz ýok. Emma sürüjiler ýol hereketiniň sazlaşyklylygy, özüňiziň we beýleki awtoulaglardaky kärdeşleriňiziň jan saglygy belli bir babatda saňa baglydyr. Ömürlere dahylly tarapyň jogapkärçiligini duý! Ömür diýmek arzuwlardan arzuwlara hereket etmek diýmekdir, eýeçilikden eýeçiligi däl. Dünýäni kowalap tutup bolmaz. «Çemçeläp ýygnanyňy çanaklap dökmeli» bolaýma. Hüşgär bol, eserdeň bol, geçirimli bol. Giň bol. Göwnüňi göçgün hyýala berme! Ýoluňyz ak bolsun! Ýoldaşyňyz Hak bolsun! Ýöne Hudaýam özüni gorany gorarmyşyn! Sen özüňi gora! Şeýtseň, özgeleri-de gorarsyň. Kalbyňy gaty howsala salmak niýetim ýok. Ätiýaçly bolmagy tekrarlasym gelýär. Galyberse-de, gaty howsala düşere zat ýok. Ýol kadalary bar ahyryny. Ol hemmelere degişli. Adalatly düzgünlere bil baglaň. (1-nji bölümiň soňy) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |