00:46 Termidor yzagalaklygy | |
TERMIDOR YZAGALAKLYGY
Publisistika
Respublikan Halk partiýasynda (RHP) aýlandy dolandy, ýene barmak hasabyna-sanlara gelindi: Kimiñ näçeräk delegasiýasy bar? Ýene hiç kimse partiýadaky saga gyşarmalara üns berenok. Muny jedelleşjek tejribä eýe şolar ýaly az adamymyz galdy welin... Kongreslerde ýeke-täk aýryşma gürrüñi bar: mezhepçilik! Gelen ýeri örän gynançly, bu barypýatan çöküş. Atatürk ýurduny ösen siwilizasiýalaryñ deñesine çykarmak islände, RHP-niñem goşandy bilen barylan ýer Ýakyn Gündogar ýurdy boldy. Munuñ baş sebäpkäri Kylyçdarogly! Ýogsam bolmasa, ne uly umytlara besledipdi onuñ gelişi, ne uly şatlyk döredipdi. Tejribesizligini we geleñsizligini ençeme ýylyñ dowamynda göresimiz gelmedi. Şahsy dereje meselesi olar ýalam möhüm däl diýeliñ, has beteri onuñ partiýasyna ynançsyz biridigine göz ýetirmedik. Respublikan üstünlikleriñ içiniñ boşadylmagyny synlap durşuny "AKP häkimiýetden gitse bolýar" diýip sessizje oñladyk. Diñe kemalist rewolýusionerligi dargatmady, göreşjeñ uly gatlagyny "görkezme boýunça işleýän işgäre" öwürdi: RHP-niñ taryhy tejribesinden gelen başbermezek ruhuny öldürdi, partiýany sagçylyga boýun egdirdi. Serediñ: adam öñe ymtylanda ulalýar, yza tesende hökman ownaýar. Kylyçdarogly partiýany öz derejesine düşürdi. Ýöntemleşdirdi! Ýalñyşanam biz bolduk, çünji düşünmek diñe akyl taýýarlykly bolsa mümkin bolýar. Özümizi aldadyk we o ýoldan köre-körlük bilen ýöredik, şindizem ýöreýäris. Adamlary syýasy taýdan jahylyýet döwrüne dolap getirmek Atatürkden doly üzñeleşmekdir. "Kürsi söýgüsinden" geçip bilmän muña garşy ideologik göreş alyp barmaýanlar taryhymyza hyýanat edýärler... * * * Şeýle diýilýär: RHP öñümizdäki 9-njy sentýabrda ýüzünji ýylyny belleýär. Ortada RHP goýdularmy? Kylyçdarogly RHP-nyñ başlygy däl, Terakkiperwer Jumhuriýet fyrkasynyñ lideridir! Iki çapraz: RHP - öñdebaryjy, TJF - yzatesiji topardyr bular. Muña rewolýusiýa bilen könelşen düzgüniñ arasyndaky düşünişmezlik diýibem bileris. Parantez açaýyn: Adamzada uly öñegidişlik beren 1789-njy ýylyñ Beýik Fransuz rewolýusiýasy 1794-nji ýylda konserwatiw agdarlyşyk bilen ýykyldy: Termidor yzagalaklygy! Rewolýusiýanyñ öñbaşçysy Robespýer we onuñ 91 egindeşi gilýotinden geçirildi. Çepi nyşana alan ganly Ak terror döwri başlaýar. Netijede: Aristokratlar guduz açdy. Dünýewilik towsa göterildi. Adalat häkimiýetiñ emrine berildi. Halky goraýan bahalaryñ we tölegleriñ üstündäki gözegçilikler ýatyryldy. Hökümet inflýasiýaçy hereketi güýçlendirdi. (Robespýeriñ janköýeri taryhçy Albert Matýeziñ 1927-nji ýylda çap edilen "Terror döwründe gymmat durmuş we ykdysady hereket" kitaby kontrrazwedkanyñ synpy içki ýüzüni gürrüñ berýär). Termidor adalgasy häzir radikal režimiñ ýerini konserwatiw režimiñ alan tapgyryny añlatmak üçin ulanylýar. Mysal üçin, Lew Troskiý "Hyýanata uçran rewolýusiýa" kitabynda Staliniñ häkimiýet başyna gelşini Fransiýadaky termidor yzagalaklygyna meñzetdi. Şuny diýjek bolýaryn: * * * Ýüz ýaşyna gadam urýan RHP haýsy tarapa barýar, ugry hanjak? Partiýany kemalist rewolýusionerlikden goparyp çökerden termidor yzagalaklyga garşy atatürkçüler garşylyk görkezip biljekmi? Ýa bolmasa: Neoliberalizmiñ oppozision hereketleri bölmek üçin agitirleýän alawylyk, kürtçülik ýaly kimlikçi syýasatyna ýeñildiriljek bolunýarmy? Uly köplük bulary şindizem sessizje synlap geziberjekmikä? Mysal üçin: "Yrzalaşma" ýaly gepler bilen respublikan rewolýusiýalaryndan ýalñyşlyk gözleýän "dersimli" Kylyçdaroglyny makullamagyny dowam etdirermikä? Ýatdan çykarmañ: Ýalñyşlygy boýun alma prosesi rewolýusion ýa-da konserwatiw iki düzgünden biriniñ aradan aýrylmagyny añladýar. Hawa, RHP-liler belli karara gelmeli bolarlar. Geleñsiz ýolbaşçylary çalşyryp bilmeýän partiýaly syýasy ideologik esasdan binesip - häkimiýete golaý ekranlara zol-zol çykýan çemeçil kişidir. Onuñ diñe bir maksady bar: syýasaty pul gazanmagyñ guralyna öwürmek! Ine, RHP şular ýaly ýolaýyrtda: Termidor yzagalaklygyna "bolýar" diýmelimi, ýa "ýok" diýmeli? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 23.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |