14:19 Teşnewi | |
Teşnewi
Goşgular
Arheologlar Änew etrabynda gazuw işlerini geçiren mahallary gadym harmanyñ üstünden barypdyrlar. Alymlar şol harmandaky bugdaý däneleriniñ baryp 7-8 müñ ozal orlandygyny kesgitlediler. Mismi, daş eýýamy? Parhy ýok, asyl - Bu ýerde hasap däl asyrlañ sany... Ine, şol mes toprak, Ine, şol pasyl. Ine-de gerdenlek Änew daýhany! Harpygyñ içinden çäjini saýlap, Soñra guma garyp balu-ýag deýin, "Bissimilla" diýip, egninden aýlap, Sepip ýör zemine tylla bugdaýyn... Hawa, bugdaý sepýär, Seçýän deý pişme, - Onuñ ak ýüregi gök maýsa teşne! Ýeñledende boýnundaky torbasyn, Torgaýjyk ýetirdi onuñ "armasyn". Gün hem öýle boldy. Teşne daýhana Içi omaçaly tabak garaşdy, Ak gelniñ elinde bäbek garaşdy. "Barýaryn, ezizlem, barýaryn ine, Şujagaz oýa-da sepeýin ýene!" - Daýhan hyýalynda çagasyn öpdi, Öpdi-de, zemine ak bugdaý sepdi... Mismi, daş eýýamy? Hawa, parhy ýok - Başda bu zemine seresap bilen Küýe posa salnyp bugdaý sepilen Şol pursat Şindizem çyrag deý ýanýa: Şindi Isgenderem inmändir dünýä, Dogulmandyr entek Teýmirleñklerem, Maýmynly, mamontly Wolgañ boýuna Duwlanmandyr entek munça süñklerem. Pelte-de ýok, däri-de ýok, okam ýok, Ýer ýüzünde gorhanadyr topam ýok Hatda tir-kemanam oýlap tapan ýok, - Şindi bir-birini atan-çapan ýok! Diñe ap-ak bugdaý Hem goñras meýdan, Diñe alyn deri Hem ilkinji Nan Diñe elwan zemin Hem mawy asman... Kuýaşyñ, şemalyñ, çeşmäñ eýesem Diñe torgaý bilen teşnewi daýhan!.. ...Asyrlañ astyndan maña bakyp dur Umyt bilen doly gözler-hanalar, Hem damja deý şadyýana ýanyp dur Şol ägirt aýada tylla däneler: "Dänäm gämik ýaryp şam-u-şarapda, Pendim bolup, Ygşyldap, çar tarapda Käneler!!!" 1978. Annaberdi AGABAÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |