17:26 Tomas Wulf: Döredýän adamy iñ az gyzyklandyrýan zat - başgalaryñ özi baradaky pikirleridir | |
TOMAS WULF: DÖREDÝÄN ADAMY IÑ AZ GYZYKLANDYRÝAN ZAT - BAŞGALARYÑ ÖZI BARADAKY PIKIRLERIDIR
Edebi makalalar
Tomas Wulf / Fotosurat: Pack Memorial Library "Eserlerine dünýäni ýerleşdirmäge synanyşyp, buýsançly ýagdaýda ýeñilen" ýazyjylaryñ sanawynda Uilýam Folkneriñ birinji orna goýan adamy Tomas Wolfyñ hut özüdi. Tomas Wulfuñ žurnalist Meý Kameronyñ sowallaryba beren jogaplary "News York Evening Post" gazetiniñ 1936-njy ýylyñ 14-nji martyndaky sanynda çap edildi. Wulfuñ pikir-düşünjeleriniñ Folkner, Hemingueý ýaly otuzynjy ýyllardan soñky amerikan edebiýatynyñ görnükli wekillerine nähili täsirini ýetirendigini şu gürrüñdeşlik ýene bir gezek aýdyñ görkezýär. Kemmän, goşman, goşmaça düşündiriş bermän Tomas Wulfuñ pikirlerini bolşy-bolşy ýaly okyjylarymyzyñ dykgatyna ýetirmegi makul bildik: Thomas Wulf / Fotosurat: Pack Memorial Library Döredýän adamy iñ köp gyzyklandyrýan zat - başgalaryñ özi baradaky pikirleridir. Haýsydyr bir ýazyjynyñ üstünligini eşidenimde özüme otlukly gyjyt bermekden başga hiç zat duýmadym. Hakykatdanam başga ýazyjylara imrinme duýgusyny ýa-da olaryñ ýeten üstünliklerine görübilmezçiligi ýa-ha dörediijilik ukyby bolmadyk ýa-da döredijiligi eroziýa uçran adamlar başdan geçirip biler. Ýa-da hemmesinden erbedi - bu işde diñe ýarym-ýarpy mümkinçilikde döretme ukybyna eýe, biçäre we betbagt mahluklar: ortagürp döredijiler - olar has kämil eserleri döretmek üçin ýanyp-tutaşsalaram, muny başarmaga güýçleri we zehinleri ýetmeýär. Hatda metbugat serişlerindr kimdir biriniñ seniñ bäsdeşiñdigini ýatlatmagam samsyklykdan başga zat däl. Men ikiýüzlilik edemok. Hakykatdanam şeýle pikir edýärin. Ýene bir zat bar: Ýazyp otyrkañ başga adamlary pikir edeñok. Işiñi pikir edýärsiñ, her gün işiñi. Meniñ özümkilere-de, başgalaryñ eserlerine-de tankydy göz bilen seredip oñarmaýandygymy aýdýarlar. Men Hemingueýiñ, Folkneriñ eserlerini okadym. Olaryñ biriniñem doly kämillige ýetmändigini we şindize çenli ýazanlaryndan has gowy kitaplary ýazyp biljekdigini arkaýyn aýdyp biljek. Men hemişe Hemingueýiñ juda ir çap edilen "Biziñ wagtlarda" tapgyryny ýadyma salýaryn. Ol onçakly meşhur däl. Hemingueýi okanymda men bu zehiniñ amerikan durmuşyndan syzylyp çykandygyny duýýardym we beýle ajaýyp eserler tapgyryny döreden adamyñ Amerikanyñ durmuşy barada uly kitap ýazmaga gorunyñ ýetikdigi görnüp dur. Men ol kitaby haçan ýazarka diýip pikir edýärin. Ernest Miller Hemingueý Hemingueýe asla meñzemeýän zehindigini pikir etmegimiñ kyndygyna garamazdan şeýle zady Folkner üçinem aýdyp bolar. Meniñ pikirimçe Folkner serişdelerini ähli giñişlihi bilen indi edinip başlady. Çünki ol zehinine durmuşyñ ähli ugurlarynyñ açyk adamy. Men "Ses we gazaby", "Düşegimde ölenimdäni", "Ybadathanany" okadym. Folkneriñ geljekde nähili kämilleşjekdigi barada pylan zat diýip biljek däl, ýöne tümlügi, elhençligi we telbeligi ýazyp kanagatlanmajak derejede zehini bar. Ýer ýüzündäki hemme zat barada onuñ ajaýyp düşünjesi bar. Bulam onuñ her kitabynda diýen ýaly duýulýar. "Düşegimde ölenimde" kitabynda okyjy diñe konkret ýagdaýyñ elhençiligini duýanok, şol bir wagtyñ özünde kitapda bu adamyñ missisipili daýhan maşgalalaryñ üstünden dykgatyñyza ýetirilen adam jynsyny nähili bilýändigini we düşünýändigini düýpden duýýar. Şuña meñzeş zady men "Ses we gazapda" duýdum. "Ses we gazap" birnäçe tarapdan ajaýyp eser. Men şeýle güýçli fantaziýa we döredijilikli zehine eýe adamyñ birileriniñ aýdyşy ýaly, belki-de, köne çarçuwasynyñ içinde galjakdygyndan we ýeke tipli hekaýalar bilen çäklener öýdüp çekinýärin. Onuñ obýekti öz-özünden çäksiz ulalma we giñeme aýratynlygyna eýe. Uilýam Folkner Hemingueýiñ tejribesi we döredijilik gory uruş bilen gutarar öýdemok. Meniñ pikirimçe Hemingueýiñ iñ esasy işi ýurdumyz hakdaky döretjek kyssasy bolar we ýazyjynyñ öz tejribesinden, zehininden, pikirlerinden çogup çykar. Men öz tejribäme esaslanyp munuñ şeýle boljakdygyna çynym bilen ynanýaryn. Edil häzir Amerikada beýik ýazyjylaryñ bardygyny-ýokdugyny bilemok. Belki, ýokduram. Emma öñümizdäki ýigrimi ýylyñ içinde bizde ajaýyp kitaplaryñ ýazyljakdygyna ynanýaryn. Isleseñiz, muña içi boş lap urma diýip düşüniñ. Şonsuzam men biziñ "keramaty" özünden güýçli tankytçylarymyza hiç zady subut edip bilmerin. Emma meniñ bu uran lapym juda güýcli. Näme sebäpden biziñ Amerikamuzda gazanyñ gapagyny galdyranoklar, gapagyñ galdyryljak güni ýakynlaşýar. Meniñ pikirimçe Amerikada barada entek ýeterlik derejede eserler ýazylmady. Men "Missisipide durmuş", Mark Tweniñ öz çagagyny we şägirt bolup işlän günlerini gürrüñ berýän 200 sahypalyk eserlerini okap, bularyñ kämilligine haýran galypdym. Munuñ özi ýazyjynyñ bu derýa baradaky beýan etmelerine-de degişli. Hamana adatdan daşary şahyrana romana öwrülen derýa her gezeginde onuñ öz ykbalynyñ we kyssanyñ gürrüñ berýän adamlarynyñ ykbaly bilen kesişende ajaýyp eser orta çykýar duruberýär. "Öz öýüni boýlan perişde" kitaby çykmanka men Uolt Uitmeni okamandym. Tankytçylar onuñ maña täsirini ýetirendigini aýtdylar. Men onuñ maña nähili täsir edendigini görmegi müwessa bildim. Hemmeleriñ ony tankyt etmäge hakynyñ bardygyna garamazdan, biz Uitmene buýsanyp bileris. Ol hemme zady bolşy-bolşy ýaly gürrüñ berdi. Sözlerden zyýat setirleriniñ arasynda Amerikada nähili pikir edilýändigi we obýektleri nähili şekillendirýändikleri ýaly hrmme zady gürrüñ berdi. Meniñ pikirimçe biz häzir belli bir derejede hem-ä şübheli pikirlerden, hemem fetişlerden hem-de geçmişiñ öñündäki gözboýagçylykly çokunmalardan azat. Men biziñ täze wagt üçin we obýektlerij her dürli täze ýagdaýy üçin ýörgünlo täze dil döretmegimiz üçin gerek. Adamlar öz ýörite gepleşik dillerini tapmaly bolarlar. Bu hökman bolar. Ganymdaky, beýnimdäki, kalbymdaky syzgyrlygymdan başga men munuñ subutnamasyny bilemok. Binýady Twendir Uitmen tutdy. Olar munuñ nämä eýerip biljekdigini görkezdiler. Emma bu olary gaýtalamalydygyny añlatmaýar. Men diñe öz ýurdumyzyñ we durmuşymyzyñ heniz şol terzde şekillendirilmändigini, ýurdumyzyñ ee durmuşymyzyñ soñuna çenli suratlandyrylmandygyny pikir edýärin. Tomas Wulf Men ýazyjylaryñ köpüsini tanamok. Mende şeýle pikir döredi: Adam bir zatlar döredende edebiýat dünýäsiniñ, tankytçylaryñ netijä gelýän, beýlekilerden has köp ýazyjylaryñ biri-birleri hakda bir zatlar diýýän, hatda okyjy we tankytçy pikirleriniñ öñe sürülýän böleginden daşda bolýar. Meniñ gelen netijäme görä, ýaşlaryñ köpüsi meniñ edenimi edýär we her biri özüne mahsus görnüşde öz şahsy dünýäsini, öz Amerikasyny, öz ownuklt-irili dünýäsini döredýär. Döredýän adamy iñ az gyzyklandyrýan zat - başgalaryñ özi baradaky pikirleridir. 10-12 ýyl öñ hemmeler ýazmak üçin Pariže gitmelidiginiñ pikirini edýärdi. Menem gitdim. Megerem meni hiç bir edebi topary tanamaýanlygym halas edipdi we men aldygyna ýazýardym. Indi ýazmak üçin hiç kim hiç ýere gidenok. Ýöne men gitmek bilen Amerikany doly başga görnüşde duýdum. Soñky ýyllarda kämahal menden "proletariat edebiýaty" barada näme pikir edýändigimi soraýarlar. Käbir adamlar hatlarynda ýa-da tankydy synlarynda meni howaýy "raýatlyk düşünjeden" binesiplikde aýyplaýardy. Muña jogap beresim gelenok. Meniñ ýerime ýazan eserlerim jogap bersin. Beýleki ýazyjylar ýaly menem ölmän galaryn ýa-da eserlerim bilen bile ölüp giderin. Ýöne meniñ şuny aýdasym gelýär. Men zähmetkeş, öz durmuşyny özi gazanan adamlaryñ arasyndan çykdym. Meniñ şahsy instinktinden dörän simpatiýalarym işçiler synpynyñ hatarynda. Size awtobigrafiýa esasynynda ýazýan ýazyhy diýip bilerler, gowşak taraplaryñyzy görkezip bilerler. Emma öz halkyñyzy soñuna çenli öwrenmeseñiz, oña soñuna çenli akyl ýetirmeseñiz işleriñiz hiç haçanam isleýşiñiz ýaly ugruna bolmaz. Bu adamlaryñ sakasy we köki siz bolmaly. Sebäp olary döreden özüñiz. Öz halkyñyzy ilik-düwme tanamadyk bolsañyz, dogrusy siz, haýsydyr bir alym jemgyýetiñ gurluşynda haýsydyr bir orna eýe adamlar, jemgyýetçilik şertler, ykdysady ýagdaýlar barada näme aýdyp bilersiñiz? Raýatyñ añynyñ astynda nämüçin konkret dogmatlar sistemasynyñ bolmalydygynyñ sebäbine düşünemok. Ýaş ýazyjy şan-şöhrat gözleýändirin öýdýär. Ol üstünlige gereginden artyk üns berýär. Öwgi, gonorar, aýal-gyz artyberse, hemme zatdan ötri başga zada teşnedigini duýýar: eserini kämilleşdirmek, durmuş synlarynyñ baýlygyny artdyrmak we goruny çuñlaşdyrmak. Otuz bäş ýaşadym we gürrüñi edilen üstünligi kabul etmeýändigimi aýdyp, ýüregimi ýaralap bilmerin. Emma häzir ol üstünligiñ meniñ üçin öñküsindenem ähmiýeti az. Ýigrimi ýaşymda men özümi juda akyllydyr öýdýärdim. Yzly-yzyna pelsepewi sistemalary we ykdysady teoriýalary özleşdirýärdim. Emma indi hemme zat menden gaçýar we täze pikirleriñ ähmiýetli bolan ýagdaýynda şol pikirler kem-kemden kämilleşme müddeti üçin sabyr edýär. Emma döredijilik barada gürrüñ açylanda bärde hasaba goşan zatlaryñ ara girýär. Ýaş ýazyjy öz durmuş synlaryny aç-açan beýan edip, olary Bill Jonsyñ ýa-da Tom Grantyñ başdan geçirenleri ýaly edýär. Diñe ýygy-ýygydan şol şahsyýetiñ özüni görendigini göz öñüne tutup, azajyk örtmek şerti bilen kyssasyny bu şahsyýetiñ gurşawynda gurýar. Ýeri gelende men bärde "awtobiografiýa" we "awtobiografiýa goldanyp ýazýan ýazyjylar" barada bir zatlar aýtsam gowy bolardy (emma her ýazyjy belli bir derejede "awtobiopgrafiýa goldanyp" ýazýar). Köplenç düşewündime seredip, meni iñ soñky kategoriýa degişli edýärdiler. Meniñ pikirimçe ýazyjylaryñ köplenç awtobiografiýa goldanyp ýazmagynyñ sebäbi adamyñ özüni subut etmegi ýa-da özünden gahryman döretmegi bolman, üznüksiz ýazma talabyny duýýan adamyñ ýasyjynyñ hut özüniñ bolmagydyr. Ýazmaly bolsa-da ýazman ýören we bu güýmenje barada hiç zat bilmeýän adam B.Jonsyñ ýa-da T.Grantyñ terzinde hötdesinden gelip biljek gahrymanyny döredýär. Ýaş awtor ýoluna dowam edende, Bill Jons ýazyjynyñ sözüni dogry çykarmak üçin döreden gahrymany bolmaga az eýerýär. Ýazyjy ony öz tejribeleri bilen şeýle bir baýlaşdyrma ukybyna eýe bolýar welin, B.Jonsyñ we T.Grantyñ tejribesi ähli adamzat bilen gatnaşyklary, özleriniñ hemmetaraplaýyn utgaşykly bolmalary arkaly täsin we möhüm ýagdaýa öwrülýärler. Muña raýatlyk düşünjesi diýilmeýän bolsa, bärde nähili başga söz tapmaly boljakdygyny men-ä bilmeýärin. Maýis ALIZADE. Ýekşenbe, 09.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |