03:45 Tora düşen guşjagazyñ awça maslahat berşi hakynda hekaýat | |
Tora düşen guşjagazyñ awça maslahat berşi hakynda hekaýat
Goşgular
Bir guşjagaz düşüp awçyñ toruna, Ýalbaryp başlady oña gör, ine: "Gulak goý, jenabym: saña arzym bar, Meni ele salmak nämäñe derkar? El çek meni lukma etmek netiñden, Doýýansyñ sen goýun, sygyr etinden. Meni iýmek bilen garnyñ doýarmy? Heý, guşdanam awça lukma bolarmy? Üç sany peýdaly maslahat bersem, Allañ haky üçin meni goýber sen. Ilki maslahaty berjek ýerdekäm, Seniñ eliñdekäm, ýagny, tordakam. Olañ ikinjisin - ejirden dynyp, Aýtmakçy hol beýik haýata gonup. Soñky maslahaty - açylyp ara, Aýdaýyn gonamsoñ äpet çynara. Olañ ilkinjisin aýdaýyn bada. "Ynanmagyn asla, bolmajak zada!" Şeý diýip, guşjagaz haýata geçen: "Bolan işe ökünmegin hiç haçan!" Awçydan ep-esli açansoñ ara, Guşjagaz şeý diýen gonup çynara: "Biler bolsañ, men bir ýöne guş däldim, Gepe gidip, aldandyñ sen, ät galdyñ. Ep-esli dür bady meniñ garnymda, Bilen bolsañ, baý bolardyñ bir günde. Nesibäñ ýokdur-da, eliñden gitdi". Muny eşdip, awçy kellesin tutdy. Aldananna jany ýanyp, ökündi, Dady-perýat etdi göýä kakynly. Guş diýdi: "Geñ galýan bolşuña seniñ, Bes-belli bolup dur çig süýt emeniñ. Bu bolşuña, kän entärsiñ durmuşda, Dür nireden bolsun men ýaly guşda? Müçäm näme, içimde dür bor ýaly? Çykar sen göwnüñden bu ham-hyýaly". Awçy hatasyna düşünen deýin, Diýen: "Soñky öwdüñem aýt, eşdeýin!" "Öñki ikisinden almadyñ many, Şoñ üçin bes edýän öwüt bermäni. Samsyga akylly maslahat bermek - Göýä şor topraga tohum atan dek. Sypdym men eliñden tapyp amatyn". diýdi-de guşjagaz gerdi ganatyn. | |
|
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ "Meňzeş däl sen çagasyna adamyň..." / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |