07:59 Toý güni ýazylan goşgy | |
TOÝ GÜNI ÝAZYLAN GOŞGY
Goşgular
![]() Şowhundan-şatlykdan püre-püre dünýä, Owaza gark bolup ýüregim ýanýar. Çyn höwesler her gün, her agşam höwrüm, A säherler kalpda söýgi oýanýar. Toýly gün gam bilen tirkeşip gelýär, Bagt bilen başa-baş garpyşyp bilýär, Bagtyň gam-gussany ýeňmegi üçin, Beýik söýgi mydam bagta ýar bolýar. Edepli, saýhally, syratly ýarlar, Söýgini säherden syryp alýarlar. Gül gyzlary mert enäniň, mert ataň, Soň bir mert ýigidiň ýary bolýarlar. Mertlikde päklik bar, päklikde bagt bar Yşgyň ak çeşmesi şolardan gaýdýar. Nar dänesi deýin bagtyň miwesin, Söýgä wepa beren aşyklar datýar. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |