13:59 Trampy ýazgaran ýepiskop kimleri ýadymyza saldy... | |
TRAMPY ÝAZGARAN ÝEPISKOP KIMLERI ÝADYMYZA SALDY...
Publisistika
Martin Lýuteriñ Tomas Mýunsere nähili topulanyny bilýärsiñizmi?.. Amerikanyñ käbir ruhanylary buthananyñ öñünde Injil bilen surata düşen Trampy tankyt edýärkäler, Saud Arabystanyñ dini ruhanylaryndan Şeýh Assim Al-Hakeem yslam dininde (zorluk-süteme) protest bildirmegiñ gadagandygyny (haramdygyny) aýtdy. Dinastiýa bilen dolandyrylýan ýurduñ ruhanysyndan garaşylmajak çykyşam däldi bu aslynda, demokratiýanyñ öz ýerini “dini režime” beren ýerinde häkimiýetem gürrüñsiz hudaýlaşdyrylýar. Şeýle bolan ýerde häkimiýetem ylahy hökümiñ "wekiline" öwrülýär. Birnäçe ýyl öñ Malaýziýadaky Fetwa geñeşi-de “Musulmanlaryñ hökümeti protest etmek üçin geçirilýän ýa-da ýurtda huzursyzlyga ýol açyp biljek islendik çykyşa gatnaşmagynyñ yslam dini tarapyndan gadagan edilendigini” mälim edipdi. Hawa-da, emewilerden (omeýatlar) bäri halyflaram Allanyñ ýerdäki kölegesi hasaplanmadymy näme? Ibn Teýmiýe başlyklaýyn käbir ulamalar “Soltan zalym bolsa-da oña ytagat etmelidir” diýmedimi näme? Hut şeýle-de boldy. Taryhdan bugüne çenli yslam dünýäsi köplenç ýagdaýda tolgunşyklary, halkyñ öz hak-hukugy üçin aýaga galmalaryny, zulma nägilelik bildirip köçä çykmalaryny kän bir goldap durmady. Käte fetwa bilen, käte hutbalar bilen açykdan-açyk “ytagat jaýyzdyr, gozgalañ turuzmak, köçä çykmak, baş galdyrmak haramdyr” diýildi. Elbetde, bu diñe yslam dünýäsi üçin şeýle bolmady, beýleki dinlerem praktikada şundan gowy hereket etmedi. ■ BIZEM ŞEÝLE SÖZLERIÑ AÝDYLYP BILINJEGINI PIKIR EDÝÄRISMI? Diniñ adyndan demonstrasiýany, nägileligi haram edenler muny şeýdenlerinde şol bir wagtyñ özünde häkimiýet bilen aralaryndaky ilteşiklerini, häkimiýete bolan baglylyklaryny hem ýüze çykarýandyklaryny özleri-de bilenoklar. Bu elbetde, meseläniñ bir tarapy. Edil şu tarapdan dowam etsek, Trampyñ dini arkasyna alyp eden çykyşyna Waşingtonyñ ýeparhial ýepiskopy Mariann Baddeniñ bildiren nägileligi juda many-mazmunlydyr. Şol nägileçilikli sözlere gaýtadan ser salalyñ: "Isa pygamberiñ taglymatyna ters gelýän seslenme bermek üçin jöhit-hristian däpleriniñ iñ mukaddes ýazgysyny we rugsat almazdan meniñ ygtyýarlygymdaky buthanalaryñ birini ulandy." Hawa, Badde hut şeýle diýdi we muña meñzeş geplän diñe o däldi. Trapma garşy: “Injil seniñ arkañy ýaplajak dekorasiýañ däldir, buthana-da seniñ surata düşýän sahnañ däl” diýen ýaly seslenmeler geldi. Bizem şeýle sözleriñ aýdyp biljekdigimizi pikir edýärismi, iñ bolmanda häzirki günlerde? Başga tüýsli ýurtda ýaşamaýan bolsak, azyndan bizler ýaly dini guramalaram syýasatyñ köplenç dini öz gündelik bähbitleri üçin isleýişleriçe ulanýandyklaryny görýändirler diýip pikir edýäris. Emma bar mesele-de şu ýerde, diniñ adyndan hereket edýänler diñe öz gözleriniñ ýetýän ýerlerini görýärler, gözleriniñ ýetmeýän ýeri olaryñ pikiriçe dinde ýok hasabynda. Ýok zadyñ fetwasy-da, hutbasy-da, haramy-da, halaly-da bolmaz. Hut şonuñ üçin ýurtdaky parahorluk, hukuk bozulmalary, korrupsiýa beýannama görnüşinde köpçülige mälim edilýänem bolsa, musulman guramalary muny görmeýän bolsa, ýüze çykýan kynçylyklary-da añsatlyk bilen ýok hasaplap bilerler. Başga bir tarapdan bu guramalar guramaçylyk gurluşynyñ talap edýändigi üçin özüni öñe çykaryp, şol ýerden ilerläp, häkimiýete-de gönüden-göni başagyry döredip biljek meseleleri bir demde ulaldyp, aşyp bolmajak beýik daga öwrüp bilerler. Şol wagt gazetlerde uzyn-uzyn bildirişler berler, birgiden makalalar çap ediler, dini jemagatlaryñ meseläni çetinleşdirme koalizasiýalary gurlar. Şeýle-de häkimiýetiñ gysawajyndaky dini guramalar bolsa meselä görä fetwa berer, hadysa görä haram başlygyny atar. Şeýle bir gün geler welin, jaý üçin berilýän uzak möhletleýin kreditler prosent depderini ýapar, şeýle bir gün geler welin, prosent lobileri diýip gygyrşarlar. Diniñ üýtgewsiz kadalary bar diýselerem, wagty gelende özleriçe üýtgeşmeler girizip, bu meseläni-de ýerinde depmehalal ederler. ■ BOLUP GEÇÝÄNLER ŞUDUR Ýeri, düwün munuñ niresinde? Taryhyñ dürli döwürlerinde adamyñ şahsy teswirlemesinden azat dini garaýyşyñ bolmandygyny görýäris. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda, dogrusyny aýtsak, eger Hudaý bir gezek gürlän bolsa, adamlar ony müñ gezek teswirläpdirler we müñ gezek täzeden toslapdyrlar. Hut şol sebäpli-de dinleriñ içinde mezhepler, tarykatlar we jemagatlar şaha ýaýradyp ösüpdir. Çünki ähli ol "ylahy" sözler belli bir wagtdan soñ hökümdar tagtlaryna, köşklere, kämahal ylmy jemgyýetçiligjñ lýuks otaglaryna, käte oba-şäherleriñ merkezindäki haý-haýly jemagat öýlerine myhman bolupdyr. Öý eýesi bolsa muña garaşly bolan, gatnaşyk saklaýan, söwda we syýasy taýdan goldaýan häkimiýetlerden özbaşdak baha berip bilmez, iñ bolmanda "mukaddes" nutuklary lapykeç ediji ýollaryñ üstünden agalyk edijileriñ garşysyna çykarmaz. Soñra şu-da bar: dini guramalary doly gurşap alan häkimiýet, syýasat we güýç nokatlary dini nutugyñ "gönügiş ugruny" kesgitleme ygtyýarlygyna eýe bolup biler. Galapyn bolup geçýänlerem köplenç şudur. Häzirki günlerde gönüden-göni Trampa garşy gönükdirlen tankydy dini çykyşlaryñ gymmaty-da şu ýerde ýatyr. Diniñ özüne syýasat hökmünde baha berip bolar, emma bu onuñ syýasatyñ guralyna öwrülmelidigini añlatmaýar. Iki aýry faktory biri-birine garyşdyrmazlyk gerek. Sözümize taryhdan möhüm bir sahypa bilen dowam edeliñmi? Bilnişi ýaly, XVI asyrda Germaniýada daýhanlaryñ uly gozgalañlary bolup geçýär, garyp daýhanlaryñ müñlerçesi hak-hukuklaryny gazanmak ugrundaky göreşde bu gozgalañlara işjeñ gatnaşýar, ses berýär, ruhuny-da, mizemezligini-de gaýgyrmaýar. Daýhan gozgalañlaryna gatnaşanlaryñ we goldaw berenleriñ biri-de, şol döwrüñ ruhanylaryndan Tomas Mýunserdir. Mýunser gozgalañda gönüden-göni patyşalary, agalyk ediji toparlary ýazgarýar, bolup geçýän adalatsyzlyklary dillenýär we bu asylly göreşde şirin janyny pida edýär. Edil şol günlerde başga bir ruhany, üstesine reformatorlygy bilenem tanalan Martin Lýuter Mýunseri şeýtanyñ oýnawajyna öwrülmekde aýyplaýar, patyşalary onuñ almytyny bermäge çagyrýar. Ynha, Lýuteriñ bar oppozision aýratynlygy-da şuña çenli!.. Eger bir oppozisioner dini syýasatdan, söwdadan, fotosuratlara şekil bermek üçin ulanylan añyýetden biri däl bolsa, şol añyýete garşy seslenmeýän bolsa, onda şobada özü-de şol fotosuratyñ içinde ýer alar. Bu kämahal köşk suprasynyñ başynda, kämahal fetwada, kämahalam özüne peşgeş berilen mülkde, käte bolsa aýratynlykda-da özüni görkezip biler. Aýdyn TONGA. 06.06.2020, ODATV. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |