21:27 Trampyñ profilini kim çekýär? | |
TRAMPYÑ PROFILINI KIM ÇEKÝÄR?
Publisistika
Liberal mediýada Tramp hakdaky bu "seýrek" jogabyñ ne köki bar, ne şahasy... Diñe boş zalda ýañlanýan ýeke-ýalñyz hümürdi... Taryh meni nähili ýatlarka? Taryh seni nähili ýatlarka? Şu iki soragdan birinjisi adamyñ özüne ýüzlenýän, ikinjisi bolsa "başgasyndan" oña ýüzlenilen sorag. Ikisi-de taryhyñ derñewine, hormat-sylagyna nähili mynasyp boljagyñyza ünsi gönükdirýär. Köplenç ýagdaýda bu sorag syýasatçylara, köpçüligiñ öñüne düşýän täsirli adamlara, döredijilik we sungat işgärlerine, türgenlere, alymlara berilýär. Taryhyñ özlerini nähili ýatlajagy bilen gyzyklanmaýan adaty adamlara berlenok, çünki olar geldi-geçer wagtyñ akymynda özlerini ýitiren ýagdaýynda. Emma bu ýöne bir duzak ýa-da anyklykdan binesip sorag. Mysal üçin, şuny aýtmak ýeterlik: Haýsy taryhyñ gürrüñini edýäris? Haýsy penjireden seredýäris? Munuñ nasioalistik, etniki, mezhep, din, partiýa ýa-da haýsydyr bir akym bolsun, tapawudy ýok, birtaraply faktorlardan sap obýektiw kartina esaslanýan absolýut taryhyñ hökmüdigine kim karar bermeli? Şeýle absolýut taryh hökümi barmy ýa-da taryhy ýazýan käbirleriniñ we şu ýazylýanlary wagyz edýänleriñ bir hökümi barmy? Has hakykatçyl söz bilen aýdanda Ak Tamdan aýrylqn ABŞ-nyñ prezidenti Donald Trampyñ taryh kamerasyndaky obrazyna kim karar berýär? Bu obraz haýsy senede, haýsy wideokameraçy tarapyndan nähili kamera bilen, nädip we nirede hödürlenýär? Tomaşaçylary kim? Hemmesi-de anyk däl ilteşikli ölçegler. Tramp ikinji gezek prezidentligi gazanan, mediýa serişdesini we sosial mediýa platformalaryny gurmagy başaran, trampçy partiýanyñ düzümini giñelden, täze görnüşli koronawirus (Kovid-19) epidemiýasy ýüze çykmadyk we birtopar kelesañ ABŞ-nyñ Kongresiniñ binasyna dökülmedik bolsa, şol wagtky obrazy bilen häzirki obrazy bir bolarmydy? "BBC" käbir intellektuallara we syýasatşynas professorlara niýetlenen pikir soralşygyny geçirdi. Olaryñ köpüsi Trampyñ mirasy hakda gelen soraga dürli aýyplamalar bilen ýaramaz görnüşde jogap berdi. Käbir aýyplamalar ýerliksizem dälem bolsa, Trampyñ munda bir özi ýok. Käbirleri öte geçýärdi. Käbirlerinde Tramp bir özi günälenmäge mynasypdy. Käbirlerinde işiñ akymyna görä seredilýärdi. Käbirlerinde çep ganatyñ gazaply ar almalarynyñ gürrüñi gidýärdi. "BBC"-niñ pikir soralşygyndaky gyzykly jogaplaryñ birinde: "Ol ösen ykdysadyýeti guran we ABŞ-nyn Hytaýyñ garşysyndaky pozisiýasyny heniz kowid-19 ýokanjy ýüze çykmanka täzeden şekillendiren prezident. Söweş meýdanynda terrorçy galtamanbaşylaryñ külüni kakan, kosmos maksatnamasyny täzelän, ABŞ-nyñ Ýokary Sudunyñ içinde konserwatiw köpçüligi üpjün eden rekord görkezijä deñ wagtda kowid-19-a garşy waksina önümçiligini çaltlandyrma işine rugsat beren prezident" görnüşinde geldi. Emma liberal mediýada Tramp hakdaky bu "seýrek" jogabyñ ne köki bar, ne şahasy... Diñe boş zalda ýañlanýan ýeke-ýalñyz hümürdi. Ýokarda ýazylanlar Trampyñ tarapyny çalmak üçin däl. Şeýle sözleri başlanam bu däl... Bu jümleler basyş we mediýa siliniñ güýji bilen nähili obraz dörediljekdiginiñ üstünde oýlanmak üçin ýazyldy... Yragyñ aladaly pähimdary Maruf er-Rusafi şeýle diýipdir: "Bir nesil özünden soñky gelenleriñ ýeten menzilinden aşsa, öwgi doly ýalan-ýaşryklara bürener. Gürrüñ berilýänleriñ barsynda taryh ýazylandyr öýdýänsiñ. Aslynda ol okyjylary güýmemek üçin toslanyp tapylan sözden başga zat däldi. Häzirkileñ edýän işine seredip şübhelenýärkäk, öñkileñ işine seredip, nädip ynanalyñ?" Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Şenbe, 23.01.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |