08:56 Türk esgeri hem kümsük tikinçi hakynda hekaýat | |
Türk esgeri hem kümsük tikinçi hakynda hekaýat
Goşgular
Tikinçilik diýlen şeýleräk bir kär, Olañ kümsükligi äleme äşgär. Olar hakda gülküli ýa gussaly Gürrüñler kän goşguly ýa kyssaly. Şol kümsüklik - olañ ikinji käri Galman gelýär dünýe döräli bäri. Bir gezek olara belet bir bende Köpüñ arasynda (ýeri gelende) Olañ päli düzüw dälleri hakda, Müşderilere gurýan allary hakda Gürrüñ berdi geñ-tañ zatlaryñ känin, Gulaklary galdy ony diñläniñ. Käbir kişi bolýar gürrüñe ökde, Aýtsa-da ugursyz, ownuk zat hakda, Eşdenni derekli, uly zat sanyp, Diñleýär adamlar haýranlar galyp. Bar bolsa meýlisde gadyr bilmezler, Sazandalar idili saz çalmazlar. Az bolsa adamlañ gulak gerýani Basmaz barmaklary gerek perdäni. Gürrüñ diñleýänleñ içinde biri - Türküstanly esger häliden bäri. Añk bolup gürrüñçiñ tapýan gepine, Oña sorag bilen ýüzlendi ine: "Bu ýerdäki tikinçileñ içinden Haýsyny has ýeser saýýarsyñ çyndan?" Ili aldamakda zorlañ zorunyñ - Adyny tutdular oña biriniñ. Esger şeýle diýdi: "Walla, ynanyñ Onuñkydan döwüm rüstemdir meniñ. Meñ elten matamdan tutsam bekime Hatda sapak almaga-da çekiner". Biri diýdi: "Entek özüni görmän, Ýesersirän bolup, öwünibermäñ. Kezzaplañ kezzabam ony görende, Bolaýýar towşantüý, mysapys bende". Esger diýdi: "Aldap bilse ol meni, Wada edýan şu atymy bermegi!" Kümsük tikinçiniñ pikirini edip, Esger uzak gije bilmedi ýatyp. Ertesi bir bölek atlazy bilen Ol esger tikinçiñ ýanyna gelen. Tikinçi ol ýigdi gören badyna, Hoş söz baryn aýdyp onuñ adyna- Alladan rysgal, bagt, rowaçlyk diläp, Başlapdyr esgeriñ ugun ýekeläp. Sözleriñ süýjüden-süýjüsin saýlap, Müşderiñ başyny-gözüni aýlap, Barha dili süýjäp, gepledigiçe, Göz ýetiren onuñ pekgedigine. Esger oñ sözlerniñ ýetirip häsin, Uzadypdyr ýanyndaky matasyn. Diýen: "Meni güýmäp durma-da gepe, Şundan bir donjagaz tikip ber, şepe. Amatly bor ýaly söweşmek üçin, Ýokarsy dar bolsun, aşagy-da giñ. Hopul-hopul bolsa, halamagmy Aýdýan kimem bolsañ, sylamajagmy!" Tikinçi aýdypdyr: "Arkaýyn bol sen, Iñ ynsaply kişä duşanñy bil sen", Soñam gol gowşuryp, iki bükülip, Barypdyr oñ alkymyna dykylyp. Atlazy bir eýläk, bir beýläk öwrüp, Käte halymsyrap, käte-de öwnüp, Ony ýalan-ýaşryk gepe güýmäpdir. Garaz, bendäñ başyn-gözün aýlapdyr. Gürrüñ tapyp gülküliden-gülküli, Onuñ halys agdyrypdyr eñkini. Esger gülüp, gözün ýuman mahalda, Tikinçi hem gypynç etmän sähel-de, Öz göwresi bilen ýapyp öñüni, Biçýän matasynyñ bir bölegini. Derrew hasyr-husur gizleýär eken. Esger bu ýagdaýy bilmeýär eken. Gülüp, gülüp gaçyp ysgyn mydardan, Müşderi ýykylman otyrdy zordan. Esger arkan, ýüzün gaýşyp gülýärdi, Tikinçem öz ederini bilýärdi. Gözüne güýdüşüp añkaw esgeriñ, Bor-bolgusyz gepden dolduryp serin. Ýalt-ýult edip, töweregne bakýardy, Matañ ýene bir bölegni bukýardy. "Ýene ýañkyñ ýaly bir zat tap" diýip, "Men şeýle gürrüñe höwesek" diýip, Zol-zol haýyş edip, ugruna goýman, Matañ eslisini aldyrdy eýýäm. Şeýle diýdi oña kümsük tikinçi: "Sen gardaş, bir zady etmeli ünji. Gowy bor öýdýarin bir zady bilseñ, Şu bolşuñ dek ýene birsalym gülseñ. Bu matañdan (oýun edip aýdamok), Don-a däl, balagam çykar öýdemok. Biler bolsañ, haýpym gelýär halyña, Bu gülküleñ diñe öz zyýanyña. Duýdurmady diýip, käýinme erte, Donuñ saña hem dar bolar, hem kelte". Gülmek aýyp zat däl, güleniñ gowy, Ýöne çenin-çakyn bileniñ gowy. Esger gülüp gereginden zyýada, Atyny utduryp, galdy pyýada. Kümsüge sataşyp, näme gördi ol? Tyrryk dony bilen galyberdi ol. Jelaleddin RUMY. | |
|
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Darkaşnama / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Bu jany gördüm / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |